Her kim bilýän degişmelerini ýazsyn !

Bir oturyşykda iki sany ýuwan ýigit Wolteriñ üstünden gülmek maksady bilen oña şeýle sowal beripdir:
- Hormatly ýazyjy, "Bize suw beriñ" diýip gürleseñ dürsmi ýa-da "Bize suw getiriñ!" diýip gürleseñ dürs?
- Siziñ üçin bulañ hiç haýsysam gabat gelenok - diýip, Wolter olara jogap beripdir. - "Bizi suwa ýakmaga güzere äkidiñ!" diýseñiz siziñ häsiýetiñize has laýyk gelerdi...
7 лайков 231 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perishdejik
09 янв 2022, 00:37
Bir gün magazine Ependi gelip maňa 99 sany çörek beriň diýýär. Satyjy gel şuny tegelekläp 100edeli diýýär. Ependi bolsa "Kelläň bir işleýämi 100 çöregi haçan iýip gutarars" diýýär.
Ejegyz.
Автор 09 янв 2022, 00:38
Eý, sen näme üçin egin-eşikleriñ bilen suwa düşüp ýörsüñ?
- Şeýtmek bilen men olary ýuwýan.
- Näme, kir ýuwýan maşynyñ ýokmy?
- Bar welin, oña girsem başym aýlanýar
Ejegyz.
Автор 09 янв 2022, 00:41
Ýaş gelin jorasyna öwüt berýär:
- Çagañy ýokanç kesellerden goramak isleseñ, onuñ eşiklerini gaýnadyp durmaly, arlyjagynam, köýnejiginem şeýtmeli.
- Şeý diýsene!
- Düýn görsem oguljygym diş ýarypdyr.
- Sen ogluñ diş ýaranyny nädip bildiñ?
- Agyzjygyna barmagymy sokup barlap gördüm.
- Barmagyñy agzyna sokmakañ, ony suwa salyp gaýnatdyñmy onsoñ?

* * *

- Erkek kişi bilen düýäniñ arasynda näme tapawut bar?
- Düýe bir hepdeläp içmän işläp bilýä.
- Adam näme?
- Adam bir hepdeläp işlemän içip bilýä.
Perishdejik
09 янв 2022, 00:42
- Size seredip doýup bilemok. Ýañagyñyz nar, gözüñiz garaly, dodagyñyz pisse, alkymyñyz süýjän alma...
- Aý, ýigit, gök bazary indiki duralgada.
Perishdejik
09 янв 2022, 00:43
TÄZE NAKYLLAR

- Iş bitirseñ, direktor tanar.
- Az bolsun, uz bolsun.
- Aglasy gelen oglan atasynyñ "Žigulisini" oýnar.
- Akylly är meýi söýmez, taksiçiler şaýy.
- Garga bagyñ güli ýaramaz, magazinçä tereziñ dili.
Ejegyz.
Автор 09 янв 2022, 00:52
Salawmaleýkim başlyk, aga…
— Saglykmy? Oturyň!
— Başlyk aga…
— Näme başlyk aga at dakjakmy? Işe täze geldiňmi?! Dogrumy şol?
— Dogry… ýok.
— Dogry bolsa ýaz arzaňy!
— Başlyk, neme…
— Ýok, ýok. Beýdip sypjak bolma. Arada işde iki gün bolmadygam sensiň-le. Dogrumy?!
— Neme…
— Neme— däl, dogry. Dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Ba…
— Ýok, ýok. Utanaňogam, işe mydama gijä galyp gelýäň! Dogrumy?
— Dogry, başlyk neme…
— Nemäňi bilemok, dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk, düş…
— Düşnükli bolsa, bolýa. Düşnükli bolany gerek-dä!
— Başlyk…
— Ýoknasyzlygyňy edip ýanyňdakylara azar berýäň gerek. Berýäň! Dogrumy?!
— Başlyk dogrusy…
— Dogrudygyny bilemsoň diýýän-dä. Ýaz arzaňy!
— Başlyk, menem bir diň…
— Diňlemek nämä gerek!
— Aýdylýan zatlar dogry dälmi?!
— Däl diýjek bolamok, başlyk. Ýöne…
— Sen däl diýibem gör! Dogrumy, dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk dursana…
— Durjak däl. Aýdylýanlar dogry bolsa ýaz arzaňy.
— Başlyk men işlämok sizde…
— O nähili işläňok. O nähili işläňok. Işe geleňogammy asyl. Heý beýdämek bormy?!
— Başlyk. Sizde meň aýalym işleýär. Oguljygymyz boldy. Dekret otpuska çykmaly. Dokumentlerini getirdim.
— Ýaşy uzyn bolsun! Men seni biri bilen garjasdyrypdyrynow. Dogry bolsa ýaz arzaňy!
— Şeý diý-dä başlyk!
Ejegyz.
Автор 09 янв 2022, 00:57
Meşhur şahyr Haşmediň bir depderi bardy. Akmak diýip hasaplaýan adamlarynyň atlaryny şol depdere ýazýardy. Günlerde bir gün Goja Ragyp Paşa, Haşmedi ýanyna çagyryp:
— Seň şu akmaklar depderiňde meňem adym barmy?— diýip soraýar.
— Howwa paşam.
— Sebäbi?
— Düýnkide birine karz berdiň, şoň üçin seňem adyňy ýazdym.
— Ol bergisini berse näme?
— Onda, seň adyňy öçürip oň adyny ýazaryn
Liwerpul_fc
09 янв 2022, 01:05
Iki sany gelin gürleşýä:
- A gyz düýn tas masgara bolupdym.
-Näme boldy?
-Hajathana giremde gapysyny gurmak ýadyma düşmändir gaýyn atam girdi.
-Masgaraa,osaň...
-Hudaý diýen ýerim bar eken,zordan çekip ýetişdim ýaşmagmy.
Shohrat
09 янв 2022, 04:58
bahaber Liwerpul_fc,
Enesh
09 янв 2022, 06:29
like
Yurek lukmany
09 янв 2022, 14:21
haha e okap bir sagatlap guldimay
Döwlet Şöhradow
09 янв 2022, 23:14
Likee+