Peýdaly maslahatlar 3

Öýlenmänkäň hossarlaryňdan sowaşyp başlamaga türgenleş. Barybir öýleneňsoň, gaýynlaryňy olardan ileri görmeli bolarsyň!
***
Goňşyň - näme iýse iýjek, näme geýse geýjek bolup dalaşma! Bardy - geldi ol birden başlyk bolaýsa nädersiň? Hojalygyň dargar!
***
Pejiňe kömür ýakandan, sazak ýak. Bolmanda külüňi nas bejerýänlere satarsyň!
***
Öňüňden çykan çagajygyň kellesini sypap geç! Sen pensiýa ýaşyňa ýeteniňde, olaryň biriniň raýsobese başlyk bolup oturaýmagy mümkin.
***
Ilki öýňüzden birini awtomaşyn zaprawka edilýän stansiýa işe ýerleşdir-de, onsoň maşyn edin!
***
Bir zady bek belle: aç towuk düýşünde dary görýändir, aç derňewçi bolsa towuk.
***
Maşgalada aýalyň bilen galmagal-jenjel bolup biler. Ýöne munuň wagtlaýyn zatdygyny unutma. Darykma, giň bol. Kyrk-elli ýyljyk çydam etseň, hemmesi ýerbe-ýer bolar.
***
Söýýän gyzyňyň ilki enesine gowy görün, ýöne itlerini-de özüňe öwrenişdirmegi unutma!
***
"Özüňkiň belli gadyry ýok" diýilip, ýöne ýere aýdylýan däldir. Aýalyňa boýnuň burup ýalbarsaň, öz aýlygyňdan bäş-on manat beräýmegi mümkin.
***
Öýüňden islän wagtyň soragsyz gidip, islän wagtyň hem gelip bilýän bolsaň onda özüňi bagtly hasap et.
2 лайков 153 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
22 фев 2022, 14:46
CESME site GEREK GYZYKLY LIKE
Ayjahan
Автор 22 фев 2022, 15:02
doctor,
Hawa, sps
S❤
22 фев 2022, 15:07
Bu bolum has gyzykly eken. Yetirenine sag bol
Ayjahan
Автор 22 фев 2022, 19:50
Xyivenia_babayeva.,
Hawa senem sagbol
Ayjahan
Автор 04 июн 2022, 17:43
doctor,
Ýok Çeşmeden alamok öýdäki kitapdan ýazýan