Jogapsyz sorag.

Meň kellämde bir sorag peýda boldy oňada jogap tapmadym. Sorag şeýleräk "näme üçin ösüşdäki ýada alkyş alýan oglanlar soňky döwür büdreýä maksadyna ýetip bilenok maksada ýetmek üçin hökman zalym, bisowat, rehimsiz, husyt bolmalymyka munyň bir orta ýoly ýokmuka?". Soragyň peýda boluş sebäbi obamyzda iki sany ýaş oglan üç gün ara bilen ýogaldy, biri matordan awariýa boldy beýleki maşyndan. Obamyzyň ýaş oglanlaryny Aşgabatda iş bilen üpjün edýälerdi, azyndan elli oglan şolaryň elinde işläp käbir maşgalaň bir ýylda gazanýanyny iki aýda gazanýadylar, hem işe ugrugyp, köpi görip öýli işikli maşynly bolýadylar. Mallary ýere göge sygmaýan şonnada süýt satyp, et satyp gün görýän husyt baýlardan müň esse gowudylar.
7 лайков 281 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 11:57
Şu hadysa bir ýylyň dowamynda bäşinji waka oglanlaň hemmesi öz ugrundan halkyň alkyşyny alýady. Alkyş köp alsaň adamyň soňuny getirýä öýdýän. Janym ýanýa bolýan zatlara.
Nazar
11 апр 2022, 12:00
Yagsylyk etseñ shol yagsylygyñ yamanlyk bolup gorunya eden adamyña
Maksat
Автор 11 апр 2022, 12:00
Ýagşylyk edýän oglanlar ölüp gidip otyr özem ýaňy otuz ýaşan oglanlar. Maşgalasy, çagalary galdy ýetim bolup. Allaň özi gowusyny etsin.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 12:10
Şuwagt gyrkym möwsümi gutardy, agyr iş, ýaş gelinler gyzlar aýallar ertirden agşama çenli agyr şertde (gyzgyn, hapaçylyk ş.m) işleýäler elli altmyş goýun gyrkyp bilmek üçin, şolaryň ilki bilen böwregi soň ýuwaş ýuwaş bili, aýagy gutarýa kyrk ýaşda garry ýaly bolýalar güzeran üçin, emma hojalykdan ýekejesi Aşgabatda işlese özlerine zor salmak hökman däl. Zat gymmat, tölenýän hak az, geçen ýyldan bäri hasam kyn, ýüz müňläp goýun geçi sygyr gyryldy gurakçylyk bolup, şonnada baýlar toba gelip zekadyny berenoklar, hudaýoluna sadaka berenoklar.
Hiayress
11 апр 2022, 12:14
Üstünlikden başy aýlanan bolaýmasa. Her bir zadyň kada-kanuny bar. Edeni oňuna bolup dursa çynmyka diýip gaza batlyrak münüberilýän halatlaram bolýar. Birem awtoulag awariýasyndan ýa-da umuman ýaş ölýän adamlaryň hemmesine durmuşda üstünlik gazanan adamlar diýip bolanok. Her tüýsli adamlar her hili sebäplerä görä ýogalýar. Ýöne adamlaryň gözüne ile peýda getirýänleriň ölümi ilýär.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 12:16
Цитата: FanB
Yagsylyk etseñ shol yagsylygyñ yamanlyk bolup gorunya eden adamyña

Düýnki oglanyň patasyna ýygnanan märeke entek biziň obamyzda görülmedi. Onuň eden ýagşylyklaryny herkim görip otyr hiçkime ýamanlyk bolup gornenok. Gysgaça ahyrzaman, gabahatçylyk, azgynçylyk döwri.
Hiayress
11 апр 2022, 12:19
Цитата: Bayker
Şuwagt gyrkym möwsümi gutardy, agyr iş, ýaş gelinler gyzlar aýallar ertirden agşama çenli agyr şertde (gyzgyn, hapaçylyk ş.m) işleýäler elli altmyş goýun gyrkyp bilmek üçin, şolaryň ilki bilen böwregi soň ýuwaş ýuwaş bili, aýagy gutarýa kyrk ýaşda garry ýaly bolýalar güzeran üçin, emma hojalykdan ýekejesi Aşgabatda işlese özlerine zor salmak hökman däl. Zat gymmat, tölenýän hak az, geçen ýyldan bäri hasam kyn, ýüz müňläp goýun geçi sygyr gyryldy gurakçylyk bolup, şonnada baýlar toba gelip zekadyny berenoklar, hudaýoluna sadaka berenoklar.


Adamlaryň gazançlary (eger bar bolsa) iýjegine-geýjegine ýetenok, halary harap, her kim aç-ýalaňaç galmajak bolup perişan urýa, ertiriň gaýgyka zekat, hudaýoly, sadaka nämäniň hasabyna bermeli?!
Maksat
Автор 11 апр 2022, 12:47
Hiayress,
Sen düşünmedim menem garyp gasar hökman zekat bersin diýemok. Zekadyň düşýän mukdary bar kyrk goýundan bir goýun ýüz goýundan iki goýun soňam her ýüze bir köpelýä. Meň zekat beräýmelä Alla garşy gitmän diýýän adamlamda azyndan bäş ýüz goýun otuz sygyr on on bäş düýe bar. Köpünde müň bäş ýüz goýun ýüz gowrak sygyr bar görünýäni pullarynyň hasaby kim bilýä näçe. Halal gazanandyrlar diýýänsiň ýok käbiri haram gazandy. Menem janym ýanýany garamaýagyň gününiň kynlygy we şolaryň sähel golundan galdyrýanlaň özleriniň ýykylyp gitýänligi.
Ladybug
11 апр 2022, 12:50
Hiayress,
Sadakany gunini zordan aylayan bermeli diymandir,baylar berenok xiyip yazypdyr Bayker agza.
Ladybug
11 апр 2022, 12:52
Men yazyncam Ladybug,
Dusundirisini yazypdyr ekena:)
Maksat
Автор 11 апр 2022, 12:55
Hemme zat barýaka gowy bolarda näme diýeýin. Şu gidişine gitse ýaşlarmyz ýene göçüp gelen ýerimize Ahala gidip gutarjak. 1948- nji ýylda Tejende gurakçylyk bolanlygy sebäpli çarwalar bärik göçürilen, innem yzyna gitýäler ýuwaş ýuwaş.
Ladybug
11 апр 2022, 12:56
Bayker,
Sizin bu yazanlannyzy okap cykap, "baylar kellesin isledya son ucinem bay bolya,garyplar bos kelle bolany ucin hemise garyplygyna galar" diyjeklerem tapylar.
Hiayress
11 апр 2022, 13:05
Цитата: Bayker
Hemme zat barýaka gowy bolarda näme diýeýin. Şu gidişine gitse ýaşlarmyz ýene göçüp gelen ýerimize Ahala gidip gutarjak. 1948- nji ýylda Tejende gurakçylyk bolanlygy sebäpli çarwalar bärik göçürilen, innem yzyna gitýäler ýuwaş ýuwaş.


Zyýany ýok agam, şu on ýyllygy gaýrat etsek yzy gowlanar.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 13:12
Цитата: Ladybug
Bayker,
Sizin bu yazanlannyzy okap cykap, "baylar kellesin isledya son ucinem bay bolya,garyplar bos kelle bolany ucin hemise garyplygyna galar" diyjeklerem tapylar.

Diýsinlerle jigim, men kemsitmedim, bir aýakdan sürmedim, öz kiçijik obamdaky ýagdaýlary göz öňüne tutup ýazdym. Şu ýerde şunýaly, başga ýerler belki gowudyr.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 13:14
Цитата: Hiayress
Цитата: Bayker
Hemme zat barýaka gowy bolarda näme diýeýin. Şu gidişine gitse ýaşlarmyz ýene göçüp gelen ýerimize Ahala gidip gutarjak. 1948- nji ýylda Tejende gurakçylyk bolanlygy sebäpli çarwalar bärik göçürilen, innem yzyna gitýäler ýuwaş ýuwaş.


Zyýany ýok agam, şu on ýyllygy gaýrat etsek yzy gowlanar.

Buda geçer diýýäňdä. Muňada şükür Allajan köp görmesin.
Ladybug
11 апр 2022, 13:19
Basga yerlerde-de uytgesiklik yokdyrla kan bir. Yone "Dokun acdan hawary yok" diyilisi yaly her kim oz guni gowy bolsa uly il seyledir oydyada. Mena ozum obadan sahere gelenime 2 yyl bolup gelya welin,yerli halka hayran galyan. Yogsa bizinkem so bir hokumet is,aylygy olankydan artyk bolmasa kem dal,barybir bu saherliler bilen ayakdas gidip bilemzok. Arasynda "bulan pul zawody barmyka" diyen pikir kellame gelyar.
Dawut
11 апр 2022, 14:21
Ay natjek dowur sheyleda dowur
Mahriban
11 апр 2022, 14:36
Bayam baya berya Hudayam baya berya.
kone natanysh
11 апр 2022, 14:42
Hudaýada gowy adam gerek diýäýmesek...
Nazar
11 апр 2022, 15:15
Ajy hakykat halkyn yagdayy yyl-yyldan peselip barya. Hindistandan gowlyk yok. Baylar ucin 1000- 5000 pulam dal olaryñ yanynda. Aslynda welin hokumediñ yasan bir manadynada bir corek dusmeli. Yone pulun hummeti peselya. Dowur azajyk kynlasdy
My life
11 апр 2022, 16:05
Meñ aytjagymy kone natanysh,
agza eyyam aydypdyr. Gysgaca aytsam, Hudayada gowysy gerek.
My life
11 апр 2022, 16:09
FanB,
Ilki-ilkiler sho 1 manada 1 corek alyadyk, shuwagt welin puluñ guyji yelek yaly, dogrusy shuwagt dalde kopden bari sheyle.
Maksat
Автор 11 апр 2022, 18:26
Buda geçer.