Biz nähili adam?

Salam saýtdaşlar we hormatly myhmanlar. Her bir adam özüniň düşünjesine, terbiýesine we dünýägaraýşyna görä özüni gowy adam hasaplaýar. Eger hemme adamlar gowy bolsa munça erbetlikler nirden döreýärkä? Gowy sorag. Geliň siziň bilen şeýleräk sorag-jogap alyşalyň. Özüňizi gowy adam edip görkezjek bolman, tankyt edilmekdenem gorkman, aşaky soraglara wyždanyňyz bilen jogap bermäge synanyşyň.
1. Awtobusda otyrsyňyz, içem adamdan doly, geldi ulurak ýaşly zenan ýa-da erkek adam. Ýer berseňiz özüňiz dykylyşyp, kösenip durmaly, (özem pylana ýer bermeli diýip ýazylan ýeri ýok) näme ederdiňiz?
2. Barýarkaňyz ýoluň ugrunda bir gapjyk ýatyr, Siz almasaňyz barybir ony ýene biri alar, (3 gezek "uraa" diýip gygyryp alybermeli diýýälerä) nähili hereket ederdiňiz?
3. Ýoluň aňyrsyna geçjek bolýaňyz. Pyýada geçelge 100 metr aňyrrakda. Seretdiňiz "gorkunç daýylar" ýok. (biderek ýöräp ýörjekmi) Näme ederdiňiz?
4. Belli bir haryt, aýdaly, telefon satjak bolýaňyz. Alyjy telefonyň kemçiligini görmedi, (garagy aksyn, aljak zadyny görmeli eken ýa-da bilýän adamy alyp gelmeli eken) siz aýtsaňyzam ony almazlygy mümkin. Kemçiligini aýdardyňyzmy?
5. Bazardan söwda etdiňiz. Satyjy size gaýtargysyny uzatdy, sanasaňyz ýalňyşyp ep-esli köp beripdir. (ýöne bu oň ýalňyşa, siz ogurlap almadyňyz puly) Näderdiňiz?
6. Işden gelýäňiz, bir garryja daýza elindäki sumkasyny zordan göterip gelýär. (Muňa siz däl, oň ogul-gyzy günäkär, garryny kösemeli däl eken) Siziň hereketiňiz?
7. Bir edarada işleýäňiz. Başlyk sizi ýanyna çagyrdy.
-Pylança manat berseň seni özüme orunbasar edip bellejek.
-Häzirki orunbasar işden gidýämi?
-Sen puluňy taýynla ony işden aýyrmak meň bilen.
(Işden aýrylýan bolsa kemçiligi bardyr, onsoňam oňa görä siz bu wezipä has mynasyp) Siz näme ederdiňiz?
8. Şu Massimus diýip bir agza bar, ýöne näderdiňiz?, näderdiňiz? diýip sorag baryny berýär. Eger ol näderdiňiz? diýip ýene bir mowzuk açsa näderdiňiz?
6 лайков 296 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
14 май 2022, 23:11
1. Eger garry adam bolsa hökman ýer bererdim.
2. Almazdym.
4. Aýdardym. (Bular gaty ýönekeý zatlar)
5. Yzyna bererdim.
6. Kömek ederdim, eger gaty daş bolmasa barjak ýeri.
7. Kabul ederdim. Muňa durmuşda köp ýerde gabat gelinýär, deň pul berip tanyşyň kömegi bilen ýene bir pul bereni okuwdan ýykmak, hem soň gelip we ş.m.
8. Begenerdim.)
Hiayress
14 май 2022, 23:16
1) "Öwrenilen endik örkleseňem durmaz", elbetde ýer bererdim.
2) Ene dili sapagyndan geçen "Meniň gapjyk tapyşym" goşguny okamadyk bolsam we şol goşgudan ruhlanmadyk bolsam, alardym we öz şahsy zerurlyklarym üçin ulanardym. A tak alaryn we daş-töwerege kimiňki bolsa menden alyp gitsin diýip habar ederin.
3) Geçerdim. Uzak ýoluň gysgasy ýagşy.
4) Uly kemçilik bolmasa (elementarnyý zat bolsa) aýdmazdym.
5) Elbetde gaýdyp bererin. Herkimiň haky özüni nesip etse gowy. Asylam iň ýigrenýän zadym kişiň hakyny iýýänler.
6) Kömekleşip bilşime kadar kömekleşerdim.
7) Olar ýaly işde işlämok.
8) Nätmekden Hudaý saklasyn. :)
Telwas
14 май 2022, 23:27
Salam!
1. Ýer bererdim. Barybir ýer bermeli bolaryn diýip oturamogam menä, köplenç aýakda gidýän okuwa. Ýogsa garrylar, göwreliler, maýyplar üçin aýratyn oturgyçlar niýetlenen bolýar. Kä ýaşlar şol ýerde-de gulaklaryna naguşnik dakyp, penjireden ýola tarap garap görmän-eşitmän öz duralgalaryna çenli gidip bilýärler.

2. Men almaryn. Ola gapjyk eken, teňňe görsemem almaga gorkýan. Sebäbini bilemok.

3. Geçerdim. Gyssagly bolsam, ýol düzgünlerini berjaý edemok käte.

4. Aýdardym.

5. Artykmaç puly yzyna getirip bererdim. Arada baýramçylykda şol ýagdaýa duşdym. Bir harytdan 2 ştuk aldym. Satyjy 1 ştugy geçiripdir. Hasap az çykdy. Kassaň başynda kartdan tölämsoň pulyna kän üns bermedim. Emma harydyň asyl bahasyny kassa görüp getiripdim. Daşyna çykyp elimdäki kwitansiýa (fişe) seretsem az tölenipdir. Yzyma girip ýagdaýy duýdurdym. Olam baýramçylykda müşderi kän bolýar, ýadadym, aýyplaşmaň diýdi we minnetdarlyk bildirdi. Şeýdibem özüm ýaly deň-duş gyzyň alkyşyny alyp çykyp gaýtdym. Adamçylyk, her kimem ýalňyşyp biler. Belki, synap edýänem bolup bilerler.

6. Daýza öýüne çenli kömek edip, sumkasyny göterşerdim. Şu herekedi etjek bolýaň welin, bu ýer uly ýer bolansoň, adamlar biri-birinden çekinýär. Ynanaslary gelenok nätanyşlara.

7. Öz işime kaýyl bolardym. Derejä gyzýanlardan bolmaly etmesin Allam.

8. Açyberiň. Jogap bermäge mümkinçiligim bolsa jogaplardym.

(Hiayress seň özüňi özüň öwme, ýüki agyr bolar diýip aýdyşyň ýaly etjek boldum welin, ýene öwünýän ýaly bolup görünäýdim öýdýän). Dogrusy, özümi käbir daş-töweregimdäki adamlara görä ynsaply hasaplaýan.
Hiayress
14 май 2022, 23:35
Nirvana,
Öwnübersene jora, illerdenä bizi öwen bolmaz, olar özlerini öwme bilen meşgul. :)
Pegas
14 май 2022, 23:50
1. Ýer berýän hemişe-de.
2. Men-ä "gapjyk tapdym" diýip gygyryp ýören göremok şu wagta çenli. Bizem ilden çykmazdyk))
3. Göni ýoly keserdim.
4. Aýtmazdym.
5. Sesimi çykarmanjyk alardym gaýtargyny)
6. Kömek edýän, ederinem hemişe.
7. Boş duran ýer bolsa, başga gürrüň. Kimdir biriniň aýrylmagyna sebäp boljak bolsam, etmezdim.
8. Jogaplarys)
Nazar
15 май 2022, 00:06
1. Yer bererdim. Ozumi gowy gorkezjek bolmak dalde ulylara hormatym uchin.
2. Gapjygy alardym. Icinde eyesine degisli maglumatlar bolsa idardim. Wapse eyesine degisli maglumat yok bolsa oñkije yerinde goyardym.
3. Shu meselede welin ozumi terbiyelap bilemokda :) bir guna dayaw shtrafa dusemsoña duzelerin.
4. Oñ iki sansyny satamda ikisindede aytdym. Ynsabym catmady.
5. Kassadan daslasmadyk bolsama bererdim. Yok oye yetip baryakam bilsemem "Borda yene bir aylawda bererinda " diyerdim :)
6. Gotersherdim. Yone isden soñ gyssagly barmaly yerim bar bolsa gecip giderdim :)
7. Oñkije yerim bolya baslyk. Shol yerimden uytgetmesenem bolar. Diyerdim.
8. Jogap bererdik :)
Massimus
Автор 15 май 2022, 03:31
Pegas,
şo gapjyga menem alardym, içinde eýesine degişli maglumatlar bolsa bererdim, bolmasada ümsüm gezerdim. Wyždanyňyza görä jogap beriň diýsem jogap ýazýan azla.
Soho
15 май 2022, 05:34
1. yer bererdim (shu wagta chenli:ha sheyle)
2. alyp gorupdim, sowupdym, yone maña añsat gazanch dushenok...
3. arkayyn gechyadim, 2-3 gezek dayylar bn saglyk-amanlyk sorashanymdan soñ, indi gaty unslije
4. satjak bolupdym, yone wyjdanym chatmady...
5. gaytararyn yzyna (shu wagta chenli gaytaran wagtym kop), 2nji soragdaky yaly, yeñil pul dushenok...
6. Komek edilya (yerine oz ejeñ goz onune gelya)
7. pul bermezden, sheyle hodurlenipdi, "gerek dal" diyipdim (okunemok)
8. sayta gelemde howes bilen okayan agzalarymyñ birine owruldiñ, sho sebapli bashardygymdan jogaplaryn :)
Massimus
Автор 15 май 2022, 06:49
Soho,
pul bermezden, sheyle hodurlenipdi, "gerek dal" diyipdim (okunemok),
şu jogabyňyza aýratyn minnetdar.
Dowsypat
15 май 2022, 08:11
Jogaby üýşüp bir ýazsalaram boljak eken.Barybir hemmesiniňki meňzeş.Prosta adamlardanan "bir işi oňararmyň"diýseň, "daş ederin"diýip jogap berýärler.Daş etjekmi ýa parod etjekmi,garaz işde ulanyp synamaly.Awtobusda garra ýer bermek,her bir adamyň edip biljek prostoy hereketi,awtobusyn däbi diýsenem boljak.Ýone sol ýer bermeýän adamlaram "hokman ýer berýän" diyip jogap bermesi barda.
Massimus
Автор 15 май 2022, 08:45
Dowsypat.,
Goşulýan, şoň üçin her kim özüçe ýazsyn diýäýdim
- Dani
15 май 2022, 14:17
1) ýer bererdim we berýänem, ýöne käwagt SYLAP berýän, a käwagtlar bolsa şeýle bir ýadow bolup otyrkam alaçsyz ýüzi nedawolnyý edip şondada ýer berýän, ýöne käwagt turasym gelmän uklasyraýan, şondada ÝER BERER diýip dürtgüläp durýadylar, sukalar robingud
2) ýok ol gapjygy almazdym, sebäbi awtobbusa münemdede şafýor ARTYKMAÇ zdaçi beren wagty YZYNA BERÝÄN,DAÝY LIŞNIÝ hem eripsiň diýip, ýöne gapjyk tapyp göremok häli, diňe PASPORT TAPYP 009 jaň edip PASPORDYŇ EÝESINI TAPYP BERÝÄDIM yegipt
3) bu soragyňa düşünmedim obaly
4) menä aýtýan, şu şu sebäpli satýan,kemçiligem şu diýip, we hemişe şol hereketim zerarly HIÇ KIM SATYN ALMAÝADY cilimkesh
5) 2-nji soragdaky ýaly,yzyna gaýtaryp berýän
6) kömek edýän, soň oň elindäki agyr zady göterip her gezek bilimi agyrdýan, no bir tarapdan gahrymam gelýä şo garry daýzaň daş töwereginndäkii ERKEK JYNSLY SUKALAŇ KÖMEK ETMÄN DURUŞLARYNA!!! tureshek
7) bermezdim,öz kelläm bilen öz zähmetim bilen PULSYZ şo wezipä geçerdim shlyapa
8)ol agzany tanamok ufff
Pynhan
17 май 2022, 09:43
Massimus
Pegas,
şo gapjyga menem alardym, içinde eýesine degişli maglumatlar bolsa bererdim, bolmasada ümsüm gezerdim. Wyždanyňyza görä jogap beriň diýsem jogap ýazýan azla.

munça erbetlikler nireden bolyar diyip yazypsyň jogaplaň 95%-y gowylyk hökmünde berlipdir , diýmek agzalaň köpüsi etmeýän zatlaryny edýän diýip görkezýäler
Ograda ogurladyňmy diyseň yok diymez
Pynhan
17 май 2022, 09:44
howwa diymez diyjekdim*
Pynhan
17 май 2022, 09:44
hawa* aynekli
Pynhan
17 май 2022, 09:45
Dowsypat.
Jogaby üýşüp bir ýazsalaram boljak eken.Barybir hemmesiniňki meňzeş.Prosta adamlardanan "bir işi oňararmyň"diýseň, "daş ederin"diýip jogap berýärler.Daş etjekmi ýa parod etjekmi,garaz işde ulanyp synamaly.Awtobusda garra ýer bermek,her bir adamyň edip biljek prostoy hereketi,awtobusyn däbi diýsenem boljak.Ýone sol ýer bermeýän adamlaram "hokman ýer berýän" diyip jogap bermesi barda.

+++++++++++++