Bankomat nobatynda

Ejemiñ her ýyl zähmet rugsadyna çykanymda meni bankomada äkidip aýlygymy özüme çekdirmek gylygy bar.Durmuşy öwrensin diýýändir-dä. :)
Bu gezegem tüp yssyda bardyk goñşy obanyñ geñeşligine.Bizden soñ özünem,aýalynam gowy tanaýan ýyllykdaşym Öwez geldi.Onuñ Tikgi,Potdyş ýaly şowmenlere mahsus keşbi bardy.Ol ýüzüme tiñkesini dikdi:
-Meni tanansyñ-la.
-Howwa tanadym.Aýjemalyñ kursdaşy dälmidiñ?
Öweziñ elini döşünde goýup aýdan sözlerimi ýa mimikasymy juda gülkünç çykdy.
-Aýjemalyñ partadaşy-da men.
Men özüme zor salyp çydanam bolsam ejem gülmän durup bilmedi.
Entek bankomada pul goýulmanlygy üçin ejem bilen ýyllykdaşym daşary çykdylar.Menem az salymdan ýanlaryna bardym.
Ýyllykdaşym edähedi boýunça ejeme edebiýat barada gürrüñ berip oturan eken.(Öweziñ gürrüñlerini öñem diñläp ýören ejem oña "Goşgy"diýip lakam dakypdy)
-Tagandurdy Hojatow Gurbannazaryñ sadalyk baradaky goşgusyna "Ýalñyşýañ!"diýipdir.Gurbannazaram oña "Ussatlar hiç haçan ýalñyşmaýar"diýip bir bent goşgy bilen jogap beripdir.
Ýalan-ýaşryk hasap eden pikirlerimi inkär etmän durup bilmedim.
-Ony Gurbannazar diýenok.Başga biri diýýär.
Şondan soñ Öweziñ mazasy bolmady.Ýeri gelende aýtsam,ejemem öýe gelenimden soñ "Sen "Goşgyñ" badyny aldyñ.Ýogsam "Goşgy"maña kän zat gürrüñ berýärdi" diýip igendi.
Bankomada pul salynandan soñ mähelle-de köpeldi.Sanawa ilki bilen adyny ýazdyran mugallymlar iki-üç sany kartdan pul çekeni bilenem kanagatlanman,ýanyndaky tanyşlarynyñam pullaryny binobat çekip berdiler.Hatda biri utanman puly çekeninden soñ:
-Meñki 33-nji nobatdyr.Ýerime biriñiz giräýersiñiz-dä - diýip gitdi.
Halys sada boldukmy ýa owarramçylyk etdikmi hiç haýsymyz oña ses çykarmadyk.
Gezek maña ýeteninde elimde iki kart bardy.Ejesi ýanlarynda bolmadyk iki sany gyzjagaza dözmän kartlaryna çekip bermegi boýun alypdym.Onýança-da ejem ýene bir garry aýala ýagşylyk hödür etdi:
-Señkinem çekip bersin.
Aýal ýuwaşlyk bilen kartyny uzadyp,koduny aýtdy.
Bankomatdan çykyp ejeme garşylyk bildirdim:
-Binobat pul çekdirip adamlañ hakyny iýmäni halamok.Indi hiç kimiñ pulyny çekip ber diýme.Nobatyna dursun.O gyzjagazlaryñam ejesi bolmansoñ "Çekip bereýin" diýdim.
-Hana,mollumlaram çekip dur-a.
-Men şolar ýaly boljak däl.Halamok adamlañ hakyny iýmäni.
Elgaraz,bankomat nobatlarynda ýa-ha adalatsyzlyk edýäñ,ýa-da saña adalatsyzlyk edýärler.

Siziñ bankomat nobatlarynda neneñsi başdan geçirmeleriñiz bar?
9 лайков 446 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ajy
08 июн 2022, 21:43
men şu gün unyñ oçürdyna gitdim. yssy depämi deşip barýa?
Şol ýerdede herkim tanyş bilişlerine knişkasyny berýäler. men pikirimçä gutormanka alanyñ gowy. birinin haky diyip barybir. sen etmeseñem ýene biri eder.yene biriniñ haky gider
ajy
08 июн 2022, 21:47
aýagyndan ysgyny aljaga by oçurtlar. Uruşýany haýsy, girjek bolp rol oýnap ýykylany haýsy.
Biohimik
08 июн 2022, 21:48
Agzy acyga dowur yok diyyaler @belkajyk;))
Ötegçi
08 июн 2022, 21:55
Gowsy men gürlemäýin, bankomatly ýatlamalarmy )) adyma name dakarsyñyz Hudaý bilsin :))
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 22:00
Ötegçi,
Hak iýýänmi ýa haky iýilýän?
biohimik.,
Aýtmasana.
garaburc,
Oçurlarda adam özüniñ dogumynyñ derejesini ölçeýär.
Kerbaba
08 июн 2022, 22:02
ОФФ.....Менинем ярамы басдыныз.Говусы менем гурлемайин......
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 22:03
kwadrat kelle,
Gürläñ diýip açdym şu mowzugy.Gürlenmeli mowzuk şu. :)
Soho
08 июн 2022, 22:04
bankamat ochurynda hemishe senden ondaki alyan - tupoy (sen pikirinche)
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 22:05
Ýyllykdaşym Öweziñ gürrüñ beren wakasy hakda bilýäniñiz barmy?
Şol Kerim Hallyñ adyna berilýän bir bent goşguny Gurbannazaryñ özi ýazandygy jypdyrma gerek?
Hiayress
08 июн 2022, 22:08
Bankomat hakynda ýylyň ahyryna ýüzläp-ikiýüzläp dohot alýan daýhanlardan soraýsaň. Ana şolar gyzykly wakalary gürrüň berer. :D
Harmony
08 июн 2022, 22:08
Hudaýa şükür şu aladam-a ýok, häzirlikçe. Azda-kände alan gezegim bardy ýöne. Her nämede bolsa, meň alan ýerimdäki adamlar öz oçerlerine kaýyldylar, uspakoýnydylar. 2nji karty bardy biriniň, gidip täzeden oçere durupdy, brawo. Ýöne bir gezek bir daýza otyr haşlap, zordan. Oçury yzrakda. Meňem oçurym bir beter öňde-de däldile. Jyzaklygam bolsa, şuňkyn-a almasam bolmyýa diýdim-de aldym. Hiç kim hiç zat diýmändi hernä.
Hiayress
08 июн 2022, 22:09
"Oçurlarda adam özüniñ dogumynyñ derejesini ölçeýär."

Türkmen hemme zady ýagşa ýoragan bolýar. :)
Resul
08 июн 2022, 22:21
Magazinda oçura durýanymyzam bize ýetik :) hihi
Ötegçi
08 июн 2022, 22:32
 Mümkin  off № 5Şu gün, 22:00

Ötegçi,
Hak iýýänmi ýa haky iýilýän?


Hakymy eýdip-beýdip gidermejek bolup, her hili ada galyp, hakymy gañrybam bolsa alýanćy boldum köplenç :)
Garabufer
08 июн 2022, 22:34
Menä bzzin guýýan wara , öz aýlygym şodyma geçýä , (90/10% ) 90 % i nägt alyp bolonok , söwda etmeli , nirde kartda söwda bolsa , men şotaýda ,
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 22:38
şoşo,
Gyzyñyzyñ Maşaly ýagdaýy näme boldy?
Garabufer
08 июн 2022, 22:39
Hana,mollumlaram çekip dur-a.

?‍♂️mollum diýdi , hehe 5 lik saňa getir gündeligňi
Ötegçi
08 июн 2022, 22:40
Mümkin,
Onsañam dek düýnjik işledip hakymy bermejek boldy bir pohgaryn. Oglanlar:
-Şundan hakyñy alyp bilmersiñ!-diýdiler. Öñem gaty köp kişiñ içini tütedipdir.
-Alaryn!
-Almarsyñ!
-Gel jedel!
-Gel! :)))
Garaz şeýle ýarym sagada çeken gykylykdan soñ hakymy aldym :) aslynda soñky sözümden soñ bermedik bolsa, başgarak.. mojugrak zatlar bardy kellämde wln..
ajy
08 июн 2022, 22:41
men dogumlylyk derejäm pes eken onda.
Ötegçi
08 июн 2022, 22:41
Jedel edenimem-ä gysygrak wln oña-da bererin-ä diýdirdim garaz :)
Garabufer
08 июн 2022, 22:44
Mümkin,
Tigir alyp berdim , iki halta çäge getirdim (şu yssyda garader bolup) sratly depder alyp berdim , bizdäki tw den maşany udalit etdim , olam enesiniň ýanynda ýatýa , (maşaň aýydan öýkeleşi ýaly , menden öýkeli, men şuwagt medwed ?)
Garabufer
08 июн 2022, 22:46
Öň ☝️ ýeke barmak bn käýýeýädi , indi şeýle ✌️şeýle ? barmaklar bn käýýeýä . ?
Kerbaba
08 июн 2022, 22:49
Mümkin
kwadrat kelle,
Gürläñ diýip açdym şu mowzugy.Gürlenmeli mowzuk şu. :)

Гурланимиз бн ягдай дузелседи.... Хер хили довур болуп гечди....Эмма гоз гортеле етимин хакыны иймек, бабежиге довлетин берйан пулыны рова гормезлик,майыплары,гаррылары онсузам чыкгынсыз ягдайа итеклемек энтек горлен эшдилен зат дал. Бейлеки адамларам садака сорап бараноклар ахырын. Хер ким чекен захметинин азап хакыны алмана баряр..Орс доврундаки ялы... эклейжисини йитиренин,бабежиклерин ,майыпдыр гарташан адамларын хакыны ойлерине элтип,эллерине говшурылса согабы улы боларды дийип пикир эдйарин
Suleyman
08 июн 2022, 22:54
Duryp görmedim diýjek däl. Ýöne soňky 1 ýyl bäri bizde-hä mesele bolonok. Banklaryň özüne barsaň, garaz alyp bolýar.
Nobata durmak kyn däl, bankomatda pul bolmasa şol kyn, ýa-da ýetmän gutarsa.
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 22:58
şoşo,
Birden kesme diýdim-ä men.Ýagşam bir diñleýän ekeniñ.
Birem bile çek,bile wagt geçir diýdim.
Haý,señ kaka bolaýşyñy!
Hiayress
08 июн 2022, 22:58
Dogrudanam indi işlän ujupsyzja hakyňy hem ýalbaryp almaly boldy. Iller ösüş, sanly ulgam diýip adamlaryň gününi ýeňletseler biziň ters okanlar kynlaşdyrýar.
Mümkin
Автор 08 июн 2022, 23:01
şoşo,
Mollum diýmeli dälmi?
Garabufer
08 июн 2022, 23:15
Mugallym , diýmeli bolaýmasa.
Garabufer
08 июн 2022, 23:19
Düýn Balkandadym, şuwagt Maryda, ertirem Aşşuwatda bolmaly , birgünem duşakda bolmaly , ýanyma alaýmasam o gyzy, ol çäge bn tigiri hem birine getirtdimä . 3 gün bäri öýede baramoga ,
Garabufer
08 июн 2022, 23:20
Jimjan diňleýänle, gynanma elimden geleninden etjek , bile çägede oýnajak