Pis pisi tapar ýa-da ösen dünýäniň hapa howasy...

Düýn Anil Kapur agza "iki sany türk toý etdi" diýip mowzuk açypdyr. Türk şou biznesi, aýdym-saz, media dünýäsi barada köp maglumata eýe däldigim üçin bir meşhur jübütler-ä toý edipdir öýdýän diýip mowzuga girdim. Görsem iki sany g.beren toý edipdir. Bu ýagdaý ýewropa üçin geň zat däl. Türkiýede Ýewropa wekili hasaplanýar. Ýöne barybir musulman döwletde bular ýaly azgynlyklaryň aç-açan edilmegi gynandyryjy waka.
Ýöne meni 1 teswir oýlandyrdy. @Mümkin agza: "Meñ şu mesele boýunça bir zady bilesim gelýär. Soramaga çalaja utanýanam welin soramasamam ýüregim ýarylyp barýar.
Şeýle "wkusy" bolanlar bir-birini nädip tapýar?Meselem Aman özi ýaly oglanlar bilen gatnaşyk etmegi halaýarmyş.Ýolda öñünden çykan Rejebi halapdyr. Rejebiñ şonuñ ýaly gatnaşyga nähili garaýandygyny nädip bilmeli? Soramaly diýseñ-ä adaty erkek kişä onuñ ýaly sorag beräýseñ ep-eslije taýak iýermikäñ diýýän.Ýa beýle dälmi?"
Ilk-ä bu teswiri okap güldüm biygtyýar. Ýöne dogrudanam olar biri-birini nähili tapýalarka?Bir-birine gözüni süzüp, gaş kakyşypmy? Toba, toba. Awtobusda otyrkaň özüň ýaly bir oglan saňa gaşyny kakyp dursa, ýok Mahym, men-ä oňa el galdyryp bilmen, awtobusdan düşüp gaçarmykam diýýän. Sebäbi ömrümde beýle adam bilen urşup görmändim, gabadam gelmändi (gelmäwersin!). Ýöne şeýle "janita" ýigitleriň biziň ýurdumyzda-da barlygy eşidilýär uzyn gulakdan.
Şoň üçinem gyzlar, görmegeý ýigit görseňiz aşyk bolmaga howlukmaň. Belki, oň Sapar, Mämmet ýa-da Goçmyrat diýen söýgülisi bardyr.
Hemme gyzlara natural ýigitleriň natural söýgüsi nesip etsin! Aman ýalylary bolsa Rejep ýalylardan aýyrmasyn...
10 лайков 377 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
11 авг 2022, 19:55
Şo soragym jogapsyz galdy-da men çagañ :(
Izma
11 авг 2022, 20:02
Türkmenleň mes we erkin waryýanty türklerem
Aýnur
11 авг 2022, 20:12
Şoň üçinem gyzlar, görmegeý ýigit görseňiz aşyk bolmaga howlukmaň. Belki, oň Sapar, Mämmet ýa-da Goçmyrat diýen söýgülisi bardyr.

???
Aýnur
11 авг 2022, 20:12
Öz söýgüliňi (äriňi) erkeklerden gabanmak -- Hudaý saklasyn, towa Estafurallah. Ölmeseň her zat görjegaý
Saksofonist
Автор 11 авг 2022, 20:22
Mona Songz,
Öz söýgüliňi (äriňi) erkeklerden gabanmak -- Hudaý saklasyn, towa Estafurallah. Ölmeseň her zat görjegaý

Söýgüliň seni taşlap, seň öňki söýgüliň söýüşse diýýäňmi :))
Aýnur
11 авг 2022, 20:37
Saksofonist
Mona Songz,
Öz söýgüliňi (äriňi) erkeklerden gabanmak -- Hudaý saklasyn, towa Estafurallah. Ölmeseň her zat görjegaý

Söýgüliň seni taşlap, seň öňki söýgüliň söýüşse diýýäňmi :))

Öňki soňky diýen zada Alla şükür mendä gabat gelenok, gelmesinem! Ýöne gaty gorkunç ýagdaý bu ýazýan ýazgylaryňyza. Aklyňa getirip boljak zat däl)
Yusup
11 авг 2022, 20:43
Ertir acmakcy Mumkini jogaplap. Bu gun limit yok
Saksofonist
Автор 11 авг 2022, 20:44
Mona Songz,
Öňki soňky diýen zada Alla şükür mendä gabat gelenok, gelmesinem! Ýöne gaty gorkunç ýagdaý bu ýazýan ýazgylaryňyza. Aklyňa getirip boljak zat däl)

Sizde şeýle diýmedim, umuman şu zatlara aklymyz doly ýetenok, ýetmesinem, eger dünýäň ösüşi şu bolsa onda bize yza galmak gerek.
noname
11 авг 2022, 21:04
Lezbiyankalaram bara şolar nadip tapya onson
Dowsypat
11 авг 2022, 21:25
Aman bilen Rejep ilki k.... gyzlary tapýarlar.Şol gyzlaryň üsti bilen biri-birini tapýarlar.
...
12 авг 2022, 14:42
Mükremen gezgin diýip hem biri çykypdy arada ona ýygnadylar
Gauzen
12 авг 2022, 15:52
Mbäh
My life
12 авг 2022, 17:41
Toba dash etsin, geñ tañ gormayinle.
Venus
12 авг 2022, 18:47
Saç bejerýän Isa-da şolar ýalymyş diýop gulaga degipdi)
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 19:54
Nide baray o mowzuk dusunman galdymada??