ILKINJI DUŞUŞYKDA NÄHILI HEREKET ETMELI?
Ilkinji duşuşykda garşyňdaky tarapa nähili hereketler oňaýly täsir edýär? Ilkinji duşuşykda etmeli ýa-da etmeli däl hereketleriňiz baradaky öz garaýyşlarymyzy biz bu mowzukda jemledik!
Zenanlar (gyz-gelinler) söhbetdeşlikde garşydaky tarapyň söze başlamagyna garaşýar.
Gyz-gelinler, esasanam, söhbetdeşlik birdenkä tamamlananda başga täze temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny isleýärler. Şonuň üçin garşydaky tarapa gyzykly we özüne çekiji temalardan gürrüň etmegi maslahat berýäris.
Gözüňizi uzak wagtlap şol bir seredýän ýeriňizde saklamaň, size ýalňyş düşünmegi mümkin.
Alymlaryň pikirine görä, bir ýerde gözüňizi uzak wagtlap saklasaňyz, garşy tarap bir kemçilik barmyka diýen ters pikire girýär we siz bilen uzak wagtlap söhbetdeşlik etmekden çekinip, ol ýerden uzaklaşýar.
Ilkinji bakyş pikir edişiňizden has möhümdir!
Möhüm iş söhbetdeşliginde ýa-da ilkinji duşuşykda bolsaňyz hem, beýleki tarapda eden ilkinji bakyşyňyz has möhümdir. Bakyşyňyz ýürege ýakymly, näzik, özüňe ynamly we şadyýan bolmaly.
Ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda fiziki taýdan gatnaşyk ediň!
Gözlege görä, zenanlar hoşlaşanda fiziki aragatnaşyga (gujaklamak, öpmek) esaslanyp, ýoldaşynyň ýene duşuşmak isleýändigini ýa-da isleginiň ýokdugyny bilýärler. Şonuň üçin ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, fiziki taýdan gatnaşyk saklaň!
Garşy tarapy halaýan bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda el gysyşmaň ýa-da eliňizi galgadyp sagbollaşmaň!
El gysylyp ýa-da el galgadyp sagbollaşylanda, esasan, yza gaýdyp gelmezlik ýa-da ýene duşuşmak islemeýändigi ýaly pikir döreýär. Elbetde, bu iş görüşmesinde bolup biler.
Ilkinji duşuşykda zenanlar gürrüňiň temasyny geljekki günlere, erkekler bolsa jynsy gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.
Geçirilen gözleglere görä, iki tarap (jyns) bir-biregi halasa, turuwbaşdan haýsy temalar barada gürleşiljekdigi aýan edilýär. Bu gözlegde zenanlar geljekki günler, boljak wakalar bilen gyzyklansa, beýleki tarap (erkekler) bolsa, mowzugy jynsy gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.
(Daşary ýurt makalasyndan terjime)

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.