???

Biziň bi güneşli dyýarmyzda tüweleme hemme zat diňe ösüşde, çeniň däl. Şu ösüşler bilen aýakdaş gidip bilmeýän ýeke-täk zadymyz bu futbol. Dogursy, türkmen futboly gözgyny ýagdaýda. Ne milli kluplarymyz, ne-de bir ýygyndy toparymyz bizi begendirip bilenok. Begendirmekden geçen, gaýtam aglamazyň bäri ýanyna getirýärler, özleriniň oýunlary bilen. Kiçiräk mysal:
Bir gezek biziň zborny bilen Ýaponiýaň milli ýygyndysy duşuşdy. Şol oýny prýamoý translýasiýada görmek miýesser etdi maňa-da. Ýogsam, şol oýnuň geçiriljegindenem habarsyz. Kanaldan kanala geçirip otyrkam özbekleriň "Sport" kanalynda başlajak bolup duran eken. Garaz, şeýdip tötänden dogry geldi, oýun başlady. Hasabyň 3:1 (toçno ýatda däl) bolup, ýaponlaň utmagyna garamazdan oglanlardan minnetdar boldum. Arslan Amanow diýip bir belamyz bar eken, tüweleme, tüweleme. Ýaponlaň derwezesine uran goluny görüp çerez ekran arkasyna kakanymy özüm bilmän galdym. Tasdan şol sezonyň iň owadan goly bolupdy. Diňe ol däl, opşy komanda gowy oýnady. Oýny alypbaryjylar dagam haýran galdylar muňa. (Sebäbi sopernik ýaponlardy). Şondan soň özbekleň ýygyndysy bilen duşuşmalydylar. Biziňkiler şol oýny bilen özbekleň duhyny alypdy. Oýundan öňki futbol žurnalistleriňiň gepleşiklerinde futbol ekspertleri biziň ýygyndymyzdan ätiýaç etmelidigini açyk-aýdyň boýun alypdylar. Bu zatlary eşitmegiň nähili ýakymly duýgudygyny göz öňüne getiriberiň. Şol günki oýundan soň barmak büküp sanap başladym özbekler bilen boljak oýunyň bellenilen gününi. Tanyş-biliş, dost-ýarlaň hemmesine aýdyşdyrdym. Daže, dädem'em görermen boldy, meň reklamamdan soň. Oýnalmaly gün ýetip geldi. Hemişeki edýänjämi edip şol gün telefony öçürip, eýle-beýlelerden alyşdyryp ýeke özüm oýun görüp başladym (futboly ýeke görmäni halaýan). Oýun başlady, biziňkiler ilkinji sekuntda garşydaşyň jerime meýdanyna ýetip bardylar. Bu bolsa garşydaşlaň goragçylarynyň düzgüni bozup biziňkileri togtatmagyna getirdi. Birnäçe santimetrler ýetmedi penalti berilmegine. Oýunyň başyndan bu dereje aktiwlige garaşmadyk özbek kommentatorlary tasdan aglapdylar, ýürekleri ýaryldy. Meniň şol wagtky buýsanjymy göräýseňiz. Özbek kommentatorlarynda öwgüli sözleriň öz ýurduňa aýdylmagy nähili ajaýyp duýgy. Şol momentiň özünde biziňkileň nähili güýje eýedigini dilinden düşürmän aýdyp başladylar (sebäp, özlerniňki utulsa dagy "garşydaş güýçlidi, şoň üçin şeýle boldy. Ýogsam bizem gowy oýnapdyk" diýmäge otmazka). Şol birnäçe santimetr öňe süýşüp bilen bolanlygynda taýýarjak penalty bolaýmaly momendiň jerime urgysyna öwrülmegi meni känbir ökündirmedi. Sebäbi oýnuň başydy, bular ýaly pursatlary häli köööp boljagyny bilýädim, toist ynanýadym. Jerime topy depildi, gol däl. Soňra...ana, soňra başlady hemmesi. Biziň zborny 3:0my ýa 2:0my garaz şu hasap bilen utulyp arakesmä çykdylar. Arakesmeden gelenlerindenem hasap 4:0 boldy. Birinji taýymda wagtyň gutarmazlygyny, biziňkileň gol urmagny diläp otyran Гость ikinji taýymda tizräk oýnyň gutarmagyny we özbekleriň indi gol urmazlygyny diledi. Garaz, oglanlar, masgara boldyk. Ikinji taýymyň başynda telewizoryň sesini bez zwuga geçirip gördüm oýuny. Sebäbi oýuny alyp barýan kommentatorlar biziňkileň üstünden açyk-aýdyň gülüşýärdiler. Çydamadym, iň gowy usuly- bez zwugy ulandym. Şunça wagt garaşan oýnum bolany üçin telewizory öçürmäge dözmedim. "Gülýärler" diýip gaty görer ýaly hem däl. Biziňkileň oýnaýşy... Şeýdip, masgara bolup 4:0 a utuldyk. Oýun gutarandan soň ekspertleň gürrüňdeşligi geçirildi. Şonda olar diýdiler, " ýersiz-ýere gorkan ekenik. Bular bilen ikinji sostawymyzy oýnatsagam boljak eken"-diýip. Ölüp bilseň ölda!

Şu türkmen futbolyny ösdürmek üçin nämeler etseler gowy bolar? Milli ýygyndy barada däl-de içki çempionatymyz barada aýdýan. Nädende, kluplarymyz Aziýada öňdäki orunlarda durar?
Men öz pikirimi aýdaýyn.
Birinji bilenä futboly hususy eýeçilige geçirmeli. Hökümet birinji liga üçin azyndan 1mln dollar, ikinji liga üçin 500 müň dollar pul baýragyny goýmaly(iň azyndan). Bu pullary utan komanda nagt görnüşinde bermeli. Azyndan 3-5 sezon kluplara-da, oýunçylarada salgydy ýatyrmaly, özlerini tutyp gidýänçäler. Kluplara daşary ýurt legionerlerini getirmäge bökdençlik döredäýjek zatlary aradan aýyrmaly (wiza diýdi, ýene diýdi, garaz, şoňa meňzeş zatlary). Kluplara islendik brendiň reklamasyny etmäge, islän firmasy bilen şertnama baglaşmaga ýol açmaly. Umuman, şulara hiç hili zapret ulanmaly däl. Şu zatlar edilse hemä futbol öser, hem hökümede, ýurda girdeji bolar.

Sizem pikiriňizi aýdyň! Nämeler edilse bizde-de futbol futbola meňzär?
7 лайков 288 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
20 мар 2023, 21:47
Futbolçylara futbol oýnamagy gadagan etmeli, stadionlary bozup taşlamaly, ornuna bir peýdalyrak halka hyzmat edäjek zatlar gurmaly, mekdeplerden öňki ýaly bedenterbiýäni aýyrmaly, ýa-da bedenterbiyede oglanlara top bermeldal. Top ondurmeli dal dashary yurtdan satyn almaly dal. Sport kanaly yapmaly yada futbol alyp gorkezmeldal. Obshi futboly gadagan etmeli...
Diýýädi özbekleň Şordänek diýen bir peredaçasynda
#B.S
20 мар 2023, 21:50
Dädem Sapargylyç Amanow, meniň bilen futbol görse onuň aýdan komandasy utýady hemişe... (Oýunyň ilkinji onbäş minudyny görüp soň saýlaýar) ol bary ýogy üç gezek ýalňyşdy. Birinji Türkmenistan Ýaponiýa oýnydy. Ilkinji onbäş minudyny görüp "Türkmenistan utýa, özem familýadaşym gol urýa" diýipdi. Familýadaşy gol urdy, ýöne Türkmenistan utuldy.... :(
#B.S
20 мар 2023, 21:52
Şol oýun 2019njy ýyldaky aziýa çempionatynda toparçadaky ilkinji oýundy. Türkmenistan 3:2 hasabynda ýeňildi. Ikinji golymyzy Ahmet Ataýew penaltiden salmagy başardy...
#B.S
20 мар 2023, 21:59
Rigel,
Meň dädemem gowy görüp barýanlardan däl...
Гость
Автор 20 мар 2023, 22:00
Khanture
Şol oýun 2019njy ýyldaky aziýa çempionatynda toparçadaky ilkinji oýundy. Türkmenistan 3:2 hasabynda ýeňildi. Ikinji golymyzy Ahmet Ataýew penaltiden salmagy başardy...

Wot imenno
Yusup
20 мар 2023, 22:21
Jankoyer diyip wideorolik doredildi turkmen jankoyerleri ucin. Birinji gepleshige Wahyt Orazsahedow chagyryldy. Aprel ayyndan shol proyekte menem goshulmagym mumkin.
Ahmet
20 мар 2023, 22:29
Gost, sen nä şon ýaly akyllymy? — diýipdi öňem biri )))
#B.S
20 мар 2023, 22:33
Seksopotolog..........,
Siziň imo istoriýaňyzda bir wideo gördüm. Doly açmady. Özem @Toyly Arcynov dan alyp goýupsyňyz. Şo sport kanaldaky Toýly Arcynowmy, kommentator? Gowy teswirleýärdi. Soň birhili yitdi. Ýunus Annaýew çykyp ugrady...
Yusup
20 мар 2023, 22:44
Khanture,

shol gepleshigi alyp baryan shol. Arada bir oyunlyk ucin geldi Turkmensporta Mancester Siti Nyukasl oyna teswirlemage
Yusup
20 мар 2023, 22:46
Hazir Yunus Annayew bn Dowlet Orazgeldiyew esasy komentator
Gerceknazar
20 мар 2023, 23:16
Şol ýaponlar bilen oýnan oýnyny menem gördüp. Özem stadionda gördüm. Çäre diýip futbol görkezmäne äkitdiler. Menem geň galdym şonda türkmenleriň utanyny. Ýa ýaponlar myhmançylykda bir gezek utulyp göräýeli diýdilermikä?
Yusup
20 мар 2023, 23:20
Gerceknazar,

Yaponiyany Ozbekler utup gorenokla taryhynda Turkmen nireden utsun
#B.S
20 мар 2023, 23:29
Seksopotolog..........,
Demirgazyk koreyany utanny aydya oydyan.
Гость
Автор 21 мар 2023, 06:40
Vekil_City
Gost, sen nä şon ýaly akyllymy? — diýipdi öňem biri )))

"Şon ýaly" - diýip kim ýaly diýjek bolduka şol öňki biri? Sorap gör şol şon ýalyň kimdigini. Osaň men aýdaýyn men şon ýaly akyllymy ýa şondanam akyllymy
Babababababaý
21 мар 2023, 09:18
"Türkmenistanda näme üçin futboly ösdürmelimiş?" diýen sorag peýda bolýar. Türkmenistanyň ligasy Angilýanyňky ýaly telaýaýlymdan we reklamalardan milliardlap pul gazanmajaga belli, futbol meýdançalary Germaniýanyňky ýaly adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerine öwrülmejegi belli, Türkmenistanda dynç alara eli boş, eli boşa köplaý weli, maddy ýagdaýy, iş şertleri oňa rugsat berýän köp adamam ýok. Onda näme üçin Türkmenistanda futbol ösmelimiş?!
Babababababaý
21 мар 2023, 09:30
Futboly nädip ösdürse bolar?!

1) Motiwasiýa. Pul. Ummasyz pul. Nireden almaly ol başga gürrüň.
2) Şertler. Kanuny şertler. Futbol toparlarynyň, futbolçylaryň, tomaşyçylaryň ähli hukuklary kanun esasynda goralmaly. Sen (mysal üçin, biznesmen) futbola pul ýatyryp, bir futbol toparynyň ýurt içindäki at-abraýyny galdyryp oňatja pul gazanmana başlasaň, kim garantiýa berýär ýa şol futbol toparyňy eliňden almajaklaryna ýada dürli bahanalar bilen basyş edip, şol futbol topary özüň taşlap gaçyp gitmäne mejbur bolmajagyňa. Ýa-da finalda pylan topardan utulmaly diýilmejegine.
3) Janköýerler we mahabatlandyrma serişdeleri (teleýaýlymlar, reklamalar).
4) Futbol toparynyň eýeleri üçin peýda. Iň bolman çykaran jykdajylaryny ödäp bilmek. Olam ýene janköýerler bilen mahabatlandyrma serişdelerine bagly bolýar.
Kerbaba
21 мар 2023, 09:37
Хайсы горнушден чорба чыкарлык иш элилди,ола футбол экени?Бир шо,сонкы олимпиадада штангада кумуш медал гелди дийаймесен.Эсасы,Олимпия медаллары зерур,хотя бы бронза болсада боляр. Футболдан мена тамамы тала дандым. Йоне бизде атчылык осен ахвры. Олимпия оюнларырда атчылык уграм бар. Наме учин шо угурдан медал газанып билемизок?Егсам ,шерт,серишде угрындан налар ялы дал?