#Gyzlaryñ göwnüne nädip ýaramaly we gyzy nädip özüňe çekmeli we yrmaly #oka, bil, barlap gör

Salam dostlar bugünki temam gyzlary özüňize çekmek ýagny yrmak barada mowzuk göwnüňize ýarasa ? basyň we pikiriňizi galdyryň.
Hany başladyk onda mowzugy doly okaň we size kömegi deger diýip umyt edýän.
Gyz diýilýän adam näzik bolyar we biz oglanlar olara üns bermeli bolýas, ýagny olaryň yzlarynda ylgamaly olara sowgatlar, sözler diýmeli we ş.m bir giden zatlary etmeli bolýas.
Bu diýildigi sylag höküminde kabul edäýiň, çünki sizem dünýä indiren aýal maşgala, şonuň üçin ähli aýallary sylamak her erkegiň borjymyka diýýän!
Üns bermek manysy ylgamak diýilsede bolar. Bu ýöne bir güller we baýramçylykdaky sowgatlar däl. Bu tutuş bir siziň wajyp rol oýnaýan bölümiňiz. Munuň esasy maksady bolsa –gyzlaryň ünsüni özüňize çekmeklikden ybarat bolup durýar.
Kiçiräk üns çekijilik. Islendik gyzam üns berer, olar siziň ulagyň gapysyny açyp eliňizi bereriňize garaşarlar. Gyzlar elbetde özleriniň özbaşdaklygyny görkezmekligi gowy görýärler, ýöne olar hakyky erkegiň öz boýnuna aljak borçlaryna garaşýarlar. Eger-de gyzdan agyr goşuny göterişmek barada soraňyzda olar ”ýok” diýýärler, şu bolýan wakalaryň 10-dan 9 sanysynda gyzlar elinden agyr goşunyň alynanyny isleýärler, ýöne bu hakda aýtmaýarlar.
Gyza paltosyny geýmeklige kömek ediň, bu asla siz üçin hiç zada duranok ynanaýyň. Şony edeniňiz bilen kiçelesiňiz ýok, men bu sözleri diýýän, sebäbi oglanlaryň köpüsi şolar ýaly zatlary özlerine kiçilik bilýärler.
Bular ýaly üns çekmekligiň usullary kän ýöne bir wajyp zat bar olam kompliment. Kompliment- iň aňsat üns çekmek usullarynyň biri. Ýöne munuňam öz wajyp üns bermeli ýerleri bar.
Çynlakaýlyk. Haçanda sözler ýürekden çykanda, ol adamyň ýüzünden aýdyşyndan duýulýar.
Mergenlilik. Iň gowusy gyzyň nämä wagt ýitirendiklerini biljek boluň. Ýagny makiýaž (makiýažsyz gyzlar hasam owadan) bolup biler, ýa-da saçlary. Öwmekligiň iň gowy usuly, olaryň wagt ýitiren zatlaryna baha bermeklik.
Hakykylyk. Gyzlar elmydama oglanlardan kompliment eşidýärler we şonuň üçinem olar kompliment hakykylygy ýa-da däldigi barada bilip bilýärler. Meselem: “Sen owadan”, “Seniň owadan gözleriň bar” we ş.m. Bular ýaly sözleri aýdyp bilersiňiz, ýöne çyn ýürekden. Ýogsada döredijilikli (kreatwnyý) boluň!
Gül sowgat etsenäňiz ýogsada. Gyzlarada elmydama gül sowgat edilip duranok, olary ony 8-nji mart we doglan gününde alýarlar, şonuň üçin gyzyň nähili gül gowy görýändigi barada biljek boluň, ýöne göni soraýmaň nähili gülleri gowy görýäň diýip, gürrüňden gürrüň çykarýaňyz we gyzyň özem nähili gülleri gowy görýändigini aýdýar.
Sowgatlaryňyz original häsiýetde bolsun. Sowgat – bu ilkinji nobatdaky üns berilýän zatlaryň biri bolup durýar, ýagny siz sowgadyň üsti bilen özüňizi beýlekilerden tapawutlandyryp bilýäňiz, ýagny beýlekiler ýaly däldigiňizi görkezýäňiz. Işsiz gyzlarada sowgat ýakymly bolýar, ýöne olar ol barada basym unudýarlar. Idelanyý sowgat bolsa – gyzlaryň wagtly-wagtyna sizi ýatlap ulanjak zady bolsa gowy bolar. Birnäçe gezek duşuşsaňyz näme gowy görýändigi we näme gerekdigi barada bilersiňiz.
Belläp goýuň sowgadyň nyrhy, gyza näçeräk derejede şol sowgat gerek we nä derejede oňa ýakymly bolar, sowan puluňyz onyň bahasy däl.
Duşumaklyk üçin ýerler. Gyza üns bermek bu sowgatyr güllerdir, sözler däl. Eýsem duşuşjak ýeriňizem bolup durýar. Düzgüne görä gyzy seýilgähe, kafe, kino çagyrylýar.
Gyza dynç beriň. Haçanda siz bile däl wagtyňyz siz aktiw bolup duran internetdaky aragatnaşygyňyzy kesesiňiz gelenok. Muny etmek gerek däl. Köp oglanlar şolar ýaly wagtlarda yrjak bolup kowalaşyp birgiden hatlary ýazýarlar. Gyzlara dynç almana wagt beriň, soň eger ýüreginde galan bolsaňyz gyzyň özem size ilkinji bolup hat ýazar.

P.S
Öz söýgüli ýaryňyza, söýgi gatnaşygyňyza ünsli boluň. Olaryň durmuşyny dürli zatlar bilen geň galdyryň. Hemme zadam çyn ýürekden ediň, eger şeýle etseňiz üstünlik siziň tarapyňyzda bolar. Söýgi gowy zat, çünki şu edýän hereketiňize boş ýeredir öýtmäň. Ilki bilen gyz barada, türkmençilikde onuň geçmişi barada hem gyzyklanylýar, diňe şondan soň çynyňyz bilen bir gyzyň yzynda ylgap başlaň.

VK maglumatlary esasynda taýýarlan - Perhat Sabirovv
13.04.2023ý
4 лайков 21 491 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
13 апр 2023, 13:57
Mbäh
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 16:21
Hemedany,
Göz öňüne tutaryn
Kerbaba
13 апр 2023, 16:22
Яны якынлар гыз- гелинлер банкоматларда озлерине ениллик берилмегини ислелилер. Ениллик куже,сылаг куже,хормат куже ? Екарда языланлар бош гуррун. Гызлар ясама яллаклыга матач дал.
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 17:20
Mowzugym esasan öýlenmedik ýigitlere degişli, söýýän gyzynyň birazyjagam bolsa göwnünden turar ýaly.
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 17:21
Bolar bolgusyz warsakylap ýaşy 50-den geçenler üçin däl
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 17:22
kwadrat kelle,
Mowzukda gelin diýip ýazylgy ýer barmy
Yusup
13 апр 2023, 18:48
gyz yrar yashdan gecdik
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 19:19
Rigel,
Şony bilýäňiz dämi
Yusup
13 апр 2023, 19:21
Bir gyz yrmak meselesi boyuncha urushmajak bolsanyz sowushman. Gowne degeniniz galya dine.
Perhat Sabirovv
Автор 13 апр 2023, 23:15
Seksopotolog..........,
2 ýyl mundan öň Talyplar.com-da kän gördükläý beýle dawalary
RelaX
13 апр 2023, 23:30
Biderek zatlar eger pulyça döwletlije oglan bolsa gyzlan ozi edyale bu zatlary bu wagt
RelaX
13 апр 2023, 23:31
Beýdip gyz yrsañ keleñä minüp aýagy salar
Edepli Gödek
14 апр 2023, 00:07
Iň gowy ýol sarymsak?‍?
Edepli Gödek
14 апр 2023, 00:08
??? garaz. Biri goýýa biri başlaýa?
Serdar
14 апр 2023, 00:34
Kada kanun üytgedi indi
планы
14 апр 2023, 19:38
♡♡♡♡♡♡♡♡♡♥
Alpengold
14 апр 2023, 20:24
Wöäh.....