JYN WE ŞEÝTAN


Jyn sözi – örtükli, ýapyk, gizlin manylaryny berýär. Jynlar barada Kurany Kerimiň ençeme aýatynda giňişleýin düşündirilýär. Meselem:

«Allatagala ynsany kerpiç ýaly bişen palçykdan ýaratdy. Jyny-da tüýs, ýagny, tüssesiz we gorsuz otdan ýaratdy», (Rahman, 14- 15).

«Kasam bolsun, biz ynsany palçykdan, jyny bolsa, (ynsandan) has öň zäherli, gowrujy otdan ýaratdyk», (Hijr, 27).

Ynsan protein garyndysyndan, jyn bolsa nary semumdan ýaradylandyr. Naru semum — bedene täsir edýän ot, ýa-da zäherleýän ot diýen manyny berýär. Ýene munuň nähilidigi biziň üçin näbelli. Belki, jynlar efirden ýaradylan barlyklardyr.

Jynlar hem edil ynsan ýaly dogulýar, iýýär, içýär, öýlenýär, köpelýär, ýaşaýar, garraýar, ölýär. Aýal-erkeklik hem olara mahsusdyr. Ymam Şibli olaryň müň ýyl töweregi ýaşaýandygyny belläpdir.

Jynlar ýaradylyş taýyndan ynsanyň elinden gelmejek agyr işleri etmäge ukyplydyr. Kuranda Süleýman aleýhis salamyň guşlardan we jynlardan goşunynyň bolandygy, jynlaryň galalar, howuzlar gurandygy, aralarynda jaý ussalarynyň bolandygy we deňziň düýbünden merjen çykarandyklary, şeýle hem, müňlerçe kilometr uzaklykdan Belkysyň tagtyny sähel salymda getirip biljekdikleri habar berilýär, (Enbiýa, 82; Neml, 39; Sebe, 12; Sad, 37).

Jyn hem edil ynsan ýaly gulluk üçin ýaradylandyr. Bu babatda Kurany Kerimde Allatagala:

«Men jyny we ynsany «Maňa gulluk etsin» diýip ýaratdym», (Zariat, 56) diýýär. Jyn hem ynsan ýaly, erk iradeli barlykdyr. Ynsan ýaly namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek, haja gitmek bilen mükellefdir. Olar hem mömin ýa-da kapyr bolup biler.

Ynsana pygamber iberilişi ýaly, jynlara hem pygamber iberilendir.

«Eý, jyn we ynsan topary! Içiňizden size aýatlarymy düşündirýän we bu gün (kyýamat, ahyret) bilen duşuşjakdygyňyzy aýdyp, sizi oýarýan ilçiler gelmedimi?!», (Engam, 130).

Ynsan ýaradylmazyndan öň ýer ýüzüniň halifesi jynlardy. Olara öz biri-birinden pygamber iberilendir. Hezreti Adam Ata ýaradylandan soň, jynlar ynsana tabyn edildi. Ynsana iberilen resullar, ýagny, özlerine sahypa we kitap berlen pygamberler, şol bir wagtda jynlaryň hem pygamberidir. Pygamberimiz muňa anyk mysaldyr. Jynlaryň bir topary Nahle diýlen ýerde Pygamberimizden Kuran diňläp musulman bolupdyrlar. Bu waka barada Jyn suresiniň ilkinji aýatlarynda habar berilýär. Pygamberimiz hem: «Maňa jynlardan bir çakylykçy geldi. Onuň bilen gidip, olara Kuran okadym», diýip, gürrüň berýär, (Kurtubi). Şonuň üçin Pygamberimize: «Rasulüs-Sakaleýin», ýagny ynsyň-jynyň Pygamberi diýilýär.

Jynlaryň temessüli (meňzeşi)

Jynlar madda älemine degişli nar we märiçden ýaradylan barlyk bolmak bilen birlikde, edil ynsanyňky ýaly ruha eýedir we olaryň aňy bardyr. Olar melekler ýaly temessül edip bilýär. Ynsanyň düýşüne girip, hatda bile ýaşap hem bilýärler. Jynlar hemişe temessül eden ynsana görnüp bilseler-de, bu olaryň asyl görnüşleri däldir. Olar her bir adama dürli keşpde görnüp bilýärler. Pygamberimiz, sahabeýi kiramdan hezreti Omar, Ebu Hureýre, Ibni Mesud, Ebu Zerr, Muaz ibn Jebel we käbir weliler jynlaryň temesülleri bilen görşüpdir.

Jynlar ynsan keşbinde temessül edişleri ýaly, dürli janly-jandarlaryň (ýylan, it, içýan, sygyr, eşek, guş) şekilinde hem temessül etmek ukybyna eýedir. Hatda hapysa jynlar ynsanyň we haýwanyň içine girip, ganynda aýlanyp, olary azaşdyryp, öz islegine tabyn edip bilýärler. Pygamberimiz käbir hadyslarynda öýde görlen ýylan we şuňa meňzeşlere ilki üç gezek: «Jyn bolsaň, Allatagalanyň razylygy üçin çyk» diýmegi maslahat berip, eger çykman zyýan berjek bolsa, onuň öldürilmegini emr edipdir, (Müslim, Ymam Mälik «Muwatta»).

Käbir hadyslarda jynlar Pygamberimize ýüzlenip: «Ymmatyň her gezek besmele aýdyp, her zadyň üstüni örtüp saklasa, biz olaryň iýjek-içjeklerinden iýip-içmeris» diýip söz beripdirler. Ýöne olaryň biziň iýmitimizden nähili şekilde peýdalanýandygyny bilmeýäris. Belki, howasyndan, ysyndan peýdalaňýandyrlar. Başga bir hadysda-da: «Tezek we süňkleri ulanyp istinja kylmaň. Çünki, olar jyn doganlaryňyzyň iýmitleridir» diýilýär.

Jynyň kowumyndan bolan şeýtan hem ynsan keşbine girip biler. Meselem: Bedir söweşinden öň, şeýtan Nejitli garry görnüşinde kureýşleriň ýanyna gelip, olara maslahat beripdir. Şeýle hem, bir gezek Ebu Hureýre olja goraýarka, oljadan aljak bolan şeýtany tutup, soňra ýalbarany üçin dözmän goýberendigi barada aýdylýar. Bu hadysa üç gezek gaýtalananda, şeýtan özüni Resulullahyň ýanyna äkitjek bolan sahaba «Meni goýber, saňa şeýtandan goranmagyň ýoluny öwredeýin» diýýär. Ebu Hureýre: «Nähili ýol, aýt» diýende, ol: «Aýatel Kürsi» diýip jogap berýär. Bu waka Pygamberimize gürrüň berlende ol: «Habis ýalançydyr, emma bu gezek dogrusyny aýdypdyr» diýýär, (Buhary, Müslim).

Hapysa ruhuň we jynyň şerinden goranmagyň ýoly

Rentgen şöhlesi ynsanyň bedeninden arkaýyn geçýär, käbir şöhle bolsa, maddany eredip, onuň durkuny üýtgedip bilýär. Bu şöhleden has latif bolan şeýtan we jyn ynsanyň gan damarynda arkaýyn aýlanyp, onuň fiziologik gurluşyna göni täsir edýär. Şeýlelikde, olar ynsan bedeninde dürli keseliň döremegine hem sebäpkär bolup bilýär. Meselem: garaguş, şizofreniýa ýaly kesellere bu hapysa ruhlar täsir edýär. Şunuň ýaly kesele uçranlar doga bilen bejerilenleri sanardan köpdür. Hapysa ruhuň we jynyň şerinden goranmak üçin şu zatlara üns berilmeli.

Yslamyň kada-kanunlaryny doly berjaý etmek.
Hemişe agzy dogaly gezip, şeýle kesellere uçradyp biljek ýagdaýdan daş durmak.
Arassa, salyh kişileriň doga-dilegini almak.
Dine ynanýan psihiatr wraçyň gözegçiliginde bolmak.
Allatagala sygynylmalydyr. Kurany Kerimde:
«Saňa şeýtandan bir was-was geljek bolsa, derrew Allatagala sygyn», (Fussilet, 36) diýilýär. Ýagny, «Euzü billähi mineş şeýtanir rajim» diýmelidir. Şeýle hem, şu dogalary okamak maslahat berilýär:

a) Müminun suresiniň 97-98-nji aýatlaryny, Aýatel Kürsüni, Muawwizeteýn – Falak we Nas sürelerini okamak. Hezreti Äşäniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz ertir-agşam üç gezek Felak we Nas sürelerini okap, owujynyň içine üfläp, her gezeginde bedenine sürter eken.
وَقُل رَّبِّ أَعُوذُ بِكَ مِنْ هَمَزَاتِ الشَّيَاطِينِ٩٧ وَأَعُوذُ بِكَ رَبِّ أَن يَحْضُرُونِ ٩٨ سورة المؤمنون

b) Pygamberimiz ertir-agşam üç gezek:
«Bismillähillezi lä ýazurru mea-ismihi şeýün fil-arzy welä fissemä-i wehuwes-Semiul-Aliým» (Ebu Dawud, Tirmizi) diýer eken.

ç) «Euzü bi-kelimätillähit-ta:mmeti min kulli şeýtanin we ha:mmetin we min kulli aýnin we la:mmetin» (Buhary) diýmek maslahat berilýän we tejribeden geçen dogalardyr.

Ymamy Gazaly bu meselede: Bir gezek «Bismillähir rahmanir rahim», on gezek «Allahu Ekber», on dokuz gezek «Lä ýuflihus-sahiru haýsu eta» (Taha, 69); we «Min şerrin-neffäsäti fil ukad» (Felak, 4) okamagy maslahat berýär.

Pygamberimiz Muhammed alaýhis salamyň “Magraj” wakasyndan habar tapan jynlar toparyndan Ifrit atly jyn gaty howsala düşüp: “Indi Muhammed (alaýhis salam) asman syrlaryny biler, gelenden soň onuň öňüne düşjek bolmaz” diýip bar güýjüni işledip garşylyk görkezjek boldy. Emma Jebraýyl alaýhis salam jynlary şerinden goranmagy üçin Pygamberimiz Muhammed alaýhis salama bu dogany öwretdi. Muny okandan soň garşydaş jynlar kül boldy:

يَا حَىٌّ يَا قَيُّومٌ يَا ذَا الجَلالِ وَ الإكْرَام* أسْألكَ أنْ تَحْىَ قَلْبِى بِنُورِ مَعْرِفَتِكَ أبَداً * يَا أللهُ يَا أللهُ يَا أللهُ* يَا بَدِيعَ السَّمَوَاتِ وَ الأرْضِ*

Bu dogany ertir namazynyň sünnetini okandan soň 40 gezek okap, ony 40 gün dowam eden mömin bende peýdasyny özüne duýup başlar.

NETIJE

Hapysa ruhuň we jynyň şerinden goranmak üçin şu

aýat we dogalary okaň

Eu:zü billä:hi mineş şeýta:nir raji:m. Bismillä:hir rahmä:nir rahy:m.

Elhamdu lilla:hi rabbil a:lemi:n. Errahma:nir rahy:m. Ma:liki ýewmiddi:n. Iýýa:ke na’büdü we iýýa:ke nestay:n. Ihdines syra:tal müstaky:m. Syra:talleźi:ne en’amte aleýhim, gaýril ma’du:bi aleýhim welezza:lli:n.

Bismilla:hir rahma:nir rahy:m. We kur rabbi eu:zü bike min hemezatiş şeýatiyn (97) We eu:zü bike rabbi eý ýahdurun (98)

Aýatül Kürsi

Bismilla:hir rahma:nir rahy:m. Alla:hu lä ilähe illä hüwel haýýul-kaýýu:m. Lä te’huźühu: sinetüw welä new:m. Lehu: ma: fissema:wa:ti wema: fil-arz. Men źelleźi: ýeşfe’u indedu: illä biiźnih. Ýa’lemu ma: beýne eýdi:him wema: halfehüm. Welä ýuhi:tu:ne bişeýim min ylmihi: illä bima: şa:e. Wesia kürsiýýühüs-sema:wa:ti wel-arz. Welä ýe’u:duhu: hyfzuhuma: we hüwel-aliýýul-azy:m.

Felak süresi

Bismilla:hir rahma:nir rahy:m.

Kul äu:źü birabbil felak. Min şerri ma: halak. We min şerri ga:sykyn iźä wekab. We min şerrin-neffäśäti fil ukad. We min şerri ha:sidin iźä hased.

Nas süresi

Bismilla:hir rahma:nir rahy:m.

Kul äu:źü birabbinnäsi, melikinnäsi, ilähinnäs. Min şerril weswäsil hannäs. Elleźi: ýüweswisü fi: sudu:rinnäs. Minel jinneti wennäs.

«Bismillähillezi lä ýazurru mea-ismihi şeýün fil-arzy welä fissemä-i wehuwes-Semiul-Aliým».

«Euzü bi-kelimätillähit-ta:mmeti min kulli şeýtanin we ha:mmetin we min kulli aýnin we la:mmetin».

Bismillä:hir rahmä:nir rahy:m – 1 gezek;

«Allahu Ekber» – 10 gezek;

«Lä ýuflihus-sahiru haýsu eta» – 19 gezek;

«Min şerrin-neffäsäti fil ukad» –19 gezek gaýtalaň.

JYNLAR BARADA MAGLUMAT

Jynlar barmy?

Bardyr.

Göze görünmeýän we duýgularymyz bilen anyklap bolmaýan jynlar, Adam aleýs salamdan öň ýaradylandyr. Bu barada Hasan Basry şeýle aýdýar: Jyn bilen Iblis ikisi bir zatdyr. Otdan ýaradylandygy barada Kurany Kerimde:

وَالْجَآنَّ خَلَقْنَاهُ مِن قَبْلُ مِن نَّارِ السَّمُومِ ٢٧ سورة الحجر

Jyny (ýagny Iblisi) Adamdan öň ot-ýalyndan ýaratdyk.

Jynlar barada hadysy şerifde şeýle habar berilýär: Pygamberimiz Muhammed alaýhis salam Taýip şäherinden gaýdyp gelýärke uzýn gün ýöräp, agşamara “Batnu Nehle” diýen ýerde düşledi. Gijesi turup tehejjüt namazyny okady. Soň Kurany Kerimi tilawat edip başlan wagtda bir jemaga jynlar gelip diňlediler hem-de özlerini Muhammed alaýhis salama görsetdiler. Allatagala bu barada Kurany Kerimde şeýle habar berýär:

وَإِذْ صَرَفْنَا إِلَيْكَ نَفَراً مِّنَ الْجِنِّ يَسْتَمِعُونَ الْقُرْآنَ فَلَمَّا حَضَرُوهُ قَالُوا أَنصِتُوا فَلَمَّا قُضِيَ وَلَّوْا إِلَى قَوْمِهِم مُّنذِرِينَ ٢٩ سورة الأحقاف

(Eý Muhammet) ýadyňa sal, Biz Siziň ýanyňyza bir jemaga jynlary Kuran diňlesinler diýip iberipdik. Haçan-da olar (Kuran tilawatyna) ýetip gelenlerinde, biri-birlerine “ümsüm duruň diňläliň” diýdiler. Tilawat tamam bolandan soň öz kowumlaryna tarap, olary öňünden duýduryp habardar etmek üçin gaýdyp gitdiler.

قُلْ أُوحِيَ إِلَيَّ أَنَّهُ اسْتَمَعَ نَفَرٌ مِّنَ الْجِنِّ فَقَالُوا إِنَّا سَمِعْنَا قُرْآناً عَجَباً *يَهْدِي إِلَى الرُّشْدِ فَآمَنَّا بِهِ وَلَن نُّشْرِكَ بِرَبِّنَا أَحَداً *سورة الْجِن

Diýip jynlaryň köpüsi iman getirdiler.

وَأَنَّا لَمَّا سَمِعْنَا الْهُدَى آمَنَّا بِهِ فَمَن يُؤْمِن بِرَبِّهِ فَلا يَخَافُ بَخْساً وَلا رَهَقاً ۱۳ وَأَنَّا مِنَّا الْمُسْلِمُونَ وَمِنَّا الْقَاسِطُونَ فَمَنْ أَسْلَمَ فَأُوْلَئِكَ تَحَرَّوْا رَشَداً ۱٤ وَأَمَّا الْقَاسِطُونَ فَكَانُوا لِجَهَنَّمَ حَطَباً ۱۵

Elbetde biziň aramyzda musulmanlar hem bardyr we şonuň ýaly-da aramyzda azaşanlar hem bardyr. Kimde-kim musulman bolsa, diýmek olar dogry ýoly maksat edinipdir. Emma azaşanlar bolsa, jähennem üçin odun bolan kimselerdir.

Pygamberimiziň ýanyna Kurany Kerimiň tilawatyny diňlemek üçin 9 sany jynlar gelipdi. Olaryň atlary: Şamyr, Nasyr, Dus, Mus, Azad, Ibýan, Ahkah, Zubegra we Iýdi.

Kurany Kerimde bu habaryň getirilmeginden maksat, şol döwürde Megke müşriklerini öňünden duýduryp habardar etmekdir. Ýagny: “Ynsan taýypasyndan bolmadyk jynlar Kurany Kerimi bir gezek eşitmegi bilen oňa iman getirip musulman boldular. Başga jynlary hem imana çagyrmak üçin ylgap gitseler, sizler öz diliňizdäki Kurany Kerime we öz taýypaňyzdan bolan pygambere iman getirmezden kapyr bolup galsaňyzlar!” diýilýär.

Pygamberimiz Muhammed aleýhis salamyň hadyslaryndan jynlar barada şu zatlar belli bolýar:

Ynsandan başga-da jyn atly mükellef bolan mahluklaryň bardygy.
Jynlaryň taýpasyndan musulman bolanlary hem bardyr.
Jynlar ynsanyň dili bilen geplemegi başarýar.
Jynlaryň hem ölýändigi belli boldy.
Jynlar her dürli şekillere öwrülip bilýär. Olar ynsan keşbinde temessül edişleri ýaly, dürli janly-jandarlaryň (ýylan, içýan, sygyr, eşek, guş, it) şekilinde hem temessül etmek ukybyna eýedir. Hatda hapysa jynlar ynsanyň we haýwanyň içine girip, ganynda aýlanyp, olary azaşdyryp, öz islegine tabyn edip bilýärler.
Weliler Jynlary her bir şekilde görseler-de tanaýandyr. Çünki Umar ibn Abdulazyz Sarak atly jynyň ölüsini ýylan şeklinde görse-de, ony tanap, kepenlep depin etdi.
Yslam ähliniň ölüleri, eger ol jynlardan bolsa-da hormat edilip kepenläp depin edilýändigi belli boldy.
Hezreti Isa aleýhis salam enesinden dogulan zamanynda jynlar üç asmana çykmaklaryndan gaýtaryldy. Emma hezreti Muhammed aleýhis salam dünýe gelen zamanynda, olar barça asmanlardan kowuldy. Jynlardan bolan biri, perişdelerden gep ogurlamagy maksat edinip asmana çykanda, olara otdan bolan ýalyň atylar. Atylan ýalyň olaryň birine degmän galmaz. Birnäçesini öldürýär we birnäçeleriniň ýüzüni ýakýar we birnäçelerini derledýär. Ol düzlere, çöllere düşüp adamlary azaşdyrýan Gul we perilere öwürülýär.

Tefsir es-Sawyý. III tom, 334-nji sahypa.

BILGIÇLER, PALMINLER, EKSTRASENSLER HEM

KÄBIR GIZLIN ZATLARY BILÝÄR

Allatagala özüniň söýýän dostlaryna, ýagny pygamberlere, öwlüýälara mugjyza ýoly ýa-da keramat ýoly bilen gizlin zatlary bidireni ýaly, özüniň duşmany bolan kapyrlary we pasyklary ýigrenip, olara hem gizlin işleri istidraj ýoly bilen bildirýändir.

Istidrajyň sözlük manysy – ýuwaş-ýuwaşdan ýokary çekilme, kem-kemden ýokary galma.

Hanafy alymlaryndan El-Hasanul Hüseýni el-Jurjany istidrajyň manysyny “et-Tagrypat” atly kitabynyň 14-nji sahypasynda şeýle beýan edipdir:

ألإستدراج – أنْ يَجْعَلَ اللهُ تَعالىَ الْعَبْدَ مَقْبُولَ الْحَاجَةِ وَقْتاً فَوَقْتاً إلى أقْصَى عُمْرِهِ لِلإبْتِدَالِ بِالْبَلاءِ وَ الْعَذَابِ.

Allatagala, bu dünýäde günä gazanyp azaşýan bendesine kyýamat güni uly belalary, güýçli azaplary bermek üçin, onuň haý-höwesini, islegini tä ömrüniň ahyryna çenli bu dünýäde ýuwaş-ýuwaşdan, kem-kemden ýerine ýetirilmegine Istidraj diýilýär.

Allatagala jadygöýlere, porhanlara, bilgiçlere istidraj üçin gaýyp habarlary berendigi sebäpli, käwagtlar olaryň gaýypdan berýän habarlary dogry gelýändir. Olaryň gaýyp zatlary bilmegi we aýdanynyň dogry bolmagy bilen, olary hak ýoldadyr diýip güman etmeli däl. Olar aňrybaş gümralardyr, olaryň geplerini tassyk etmek haramdyr.

Muhammed Ebu Bekr ibn Jafar el-Haraiti özüniň “Hawatiful Jinnan we ajybu ma ýuhka anyl-Kühhan” atly kitabynda şeýle aýdýar (gysgaldylan şekli): Beni Abdu Mannaf taýpasyndan bolan Ataba ibn Rabyganyň gyzy Hind, beni mahzum taýpasyndan bolan Fakih ibn Mugyranyň aýalydy. Bir gün Hinde pahyşalykda töhmet atylýar. Ataba bu töhmetlere çydap bilmezden gyzy bilen ikiçäk gürleşdi. Gyzy kasam edip özüniň arassadygyny we töhmet edilýändigini kakasyna düşündirdi.

Hindiň kakasy Ataba, gyzyny we öz taýpasyndan hemde gyzynyň äri Fakih ibn Mugyrany we olaryň taýpasyndan bir näçe adamlary we aýallary alyp şol wagtda iň meşhur bolan Ýemen ýurdundaky porhanyň ýanyna bardylar. Ataba ilki bilen porhany synagdan geçirmek üçin bugdaý dänesini münüp gelýän atynda gizledi.

Ertiri porhanyň ýanyna gelip ony synap görmek üçin gizlän zadynyň nämedigini we niredigini aýdyp bermegini talap etdi we synaýandygyny hem oňa aýtdy. Porhan gizlenen bugdaý dänesini tapyp berdi. Soňra ol porhana:

Şu aýallaryň ýagdaýlaryna seret. Olaryň içinde töhmede galan bir aýal bardyr. Ol kim? Oňa ýüklenen myjabat çynmy? Ýa-da ýalanmy?
Porhan aýallaryň ýanyna gelip her biriniň gerdenine kakyp, ýeriňden gal diýýärdi. Şeýdip barýan ýagdaýynda Hindiň gerdenine kakdy we şeýle diýdi: Sen arassa bolan halyňda, pahyşa işi etmedik ýagdaýyňda ýeriňden tur. Sen bir patyşa dogarsyň, onuň adyna-da Muawyýa diýilýär, diýdi.

Bu gepleri eşiden Fakih ibn Mugyra Hinde meni bagyşla, öňkiligimiz ýaly ýaşarys, diýip köp ýalbardy. Emma Hind oňa aňry tur diýdi we aýtdy: “Men Allatagalanyň ady bilen kasam içýärin, şol patyşa senden başga kişiniň çagasy bolmagyna höwes edýärin” diýdi.

Ondan soňra Hind Ebu Sufýana durmuşa çykdy. Pygamberimize pygamberlik gelmezden bäş ýyl öň hezreti Muawyýa doguldy.

Inha şu wakadan Allatagala özüniň duşmany bolan bilgiçe hem, köp gizlin zatlary bildirýändigi belli boldy. Şu ýerde bilgiçe alty sany gizlin zat bildirildi:

Atyň endamynda gizlenen bugdaý dänesini bildi.
Köp aýallaryň arasyndan töhmede galan aýaly tapdy.
Zyna etdiň diýip, töhmet edilenini bildi.
Onuň zynadan päkligini bildi.
Hindiň bir patyşa dogurjakdygyny bildi.
Ol patyşanyň adyna Muawyýa goýuljakdygyny bildi.
Eger bilgiçe gaýyp habar berilmedik bolsa, bilgiç bu ýagdaýlary nähili bilmeli, özüniň duşmanlaryna gizlin habarlary beren Beýik Biribar özüniň dostlary bolan welilere gizlin habarlary bermegi geň zat däldir.

ŞEÝTAN

Göz bilen görülmeýän, ýöne bardygy anyk bolan, azgynlyk we erbetlikde çenden aşa giden, tekepbir, asy, ynsany azaşdyrmaga çalyşýan jyna şeýtan ady berilýär.

Kurany Kerimde ilkinji şeýtanyn Iblisdigi aýdylýar. Iblis Rabbine garşy gidip, Onuň buýrugyna boýun egmedik azaşan jyndyr.

«Hany, Biz: «Adama sežde (tagzym) ediň» diýip meleklere-perişdelere emr edipdik. Iblisden başga hemmesi sežde etdi. Ol ýüz öwrüp, gedemlik etdi-de kapyrlardan boldy, (Bakara, 34). Bu aýat Iblisiň melek-perişde däldigini görkezýär.

«…Iblis jynlardandy. Ol Rabbiniň emrine garşy gitdi», (Kehf, 50), aýaty bolsa, onuň aslynyň jyndygyny anyk görkezýär. Iblis Allatagala ybadat edip, derejesini beýgeldip, melekleriň (perişdeleriň) derejesine göterilýär. Soňra bolsa isýan edip, bu mertebesini ýitiripdir.

Melek-perişde we jynlar ynsanyň duýgy organlary bilen duýulmaýan, ýöne bardygy Kurany Kerimde we sahyh hadyslarda anyk habar berilýän şeýtan, hezreti Adamyň palçykdan, özüniň bolsa otdan ýaradylandygyny öňe sürüp, ondan has ýokary derejededigini aýdypdyr. Şonuň üçin, ol adama sežde etmän, Allatagalanyň lagnatyna uçraýar we Onuň huzuryndan kowulýar. Şeýdip, Adama we onuň nesline duşman bolýar. Ynsana ýigrençden ýüregi doly şeýtan ilki Rabbinden kyýamata çenli ýaşamaklyga rugsat soraýar. Allatagala Iblise we onuň zürýatlaryna ynsany dogry ýoldan azaşdyrmaga, olary erbetlige ugrukdyrmaga kyýamata çenli rugsat berýär. Rugsat berlenden soň, ol küfrüni aç-açan yglan edýär. Kurany Kerimde onuň bu haly şeýle suratlandyrylýar: «Iblis şeýle aýtdy: «Sen meni (Adamy ýaratmak bilen) azgynlyga uçratdyň, men hem olary azaşdyrmak üçin Seniň dogry ýoluň üstünde duzak gurup oturaryn. Soňra arkasyndan, öňünden, sagyndan, çepinden ýakynlaşyp, olary azdyraryn. Sen olaryň köpüsini şükür edenleriň hatarynda görmersiň», (Araf, 16-17). Has soňra şeýtan hezreti Adam we ýanýoldaşy Hawwany ýalňyşdyryp, olaryň jennetden çykarylmagyna sebäp bolupdyr.

Şeýtan ilkinji ynsandan başlap, tutuş ynsana erbetligi, küfür we günaleri bezegler bilen bezäp olary hak ýoldan daşlaşdyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Her ynsanyň bir şeýtany bardyr. Pygamberimize-de musallat bolan bir şeýtan bar eken. Ýöne Allatagalanyň kömegi bilen onuň şeýtany musulman bolupdyr. Allatagalanyň görkezen dogry ýolundan daşlaşmak, gadagan eden zatlaryny amal etmek, şeýtana pursat bermek diýmekdir. Allatagala şeýtana garşy möminleri oýaryp, oňa tabyn bolmazlygy isleýär. Kurany Kerimde şeýtanyň ynsana aç-açan duşmandygy aýdylýar:

«Şeýtan şübhesiz, siziň duşmanyňyzdyr. Siz hem oňa duşman boluň. Ol özüne tabyn bolanlary diňe ataş ählinden bolmaga çagyrar», (Fatyr, 6). Ýöne şeýtanyň yhlasly möminlere täsir edip bilmejekdigi hem aýdylýar:

« Eý, mömin bendäm, her haçan Kurany kyrat kylsaň (okasaň), elbetde, kowlan melgun-şeýtan (was-wasyn)dan Allatagaladan pena bermegini soraň! Elbetde, iman getiren we ýalňyz Allatagala töwekgel edýän ynsanlaryň üstünde (şeýtan) üçin hiç hili soltanat-hökmürowanlyk ýokdur. Perwerdigärine sygnanlara täsirini ýetirip bilmez. Onuň (şeýtanyň) hökmürowanlygy diňe (ony) dost tutup, Allatagala şärik goşýan kimselere täsirini ýetirer», (Nahl, 98-100).

Dünýäde ynsany hak we hakykatdan daşlaşdyran şeýtan ahyretde hem ony etmişleri bilen ýalňyz goýjakdyr. Şeýtanyň olara berjek jogaby Kurany Kerimde şeýle suratlandyrylýar:

«Iş bitirilenden, ýagny, kyýamat gopup, höküm edilenden soň, şeýtan olara şeýle ýüzlener: «Allatagala size hakykaty wada berdi. Men hem size wada berdim, emma sözümden dändim. Aslynda mende size zor edere güýjüm ýokdy. Men diňe sizi küfür we isýana çagyrdym. Siz hem meniň çakylygyma ylgap geldiňiz. Onda meni günäkärlemäň. Özüňizi ýazgaryň. Ne men sizi, ne-de siz meni halas edip bilersiňiz. Men öňem meni Allatagala şärik goşmagyňyzy ret edipdim. Elbetde, zalymlar üçin elemli azap bardyr», (Ibrahim. 22).

Er ýüzünde ýagşy bilen erbet, haýyr bilen şer, iman bilen küfür arasyndaky göreş kyýamata çenli dowam eder. Ýagşylygyň ýanynda melek-perişde, erbetligiň yzynda bolsa hemişe şeýtan bardyr. Ynsan Allatagalanyň özüne bagyş eden erk-irade güýjüni ýagşy ýolda ulanmagy ýüregine düwüp yhlas etse, bu barada Allatagalanyň ýardamy tejelli eder. Ol amaly işlemek üçin özünde güýç we kuwwat tapar. Şer we erbetlik ýoluna düşse, şeýtan derhal onuň ýanynda häzir bolar.

KYÝAMATA ÇENLI DÖREJEK PITNELER

Ebu Dawud hezreti Huzeýfeden rowaýat edip şeýle diýdi: “Men Allatagalanyň ady bilen kasam edip aýdýaryn! Ýa meniň ýoldaşlarym unutdymy? Ýa-da olar unudyksyrýarlarmy? Men ony anyk bilmeýärin. Allatagalanyň ady bilen ant bolsun, hezreti resul ekrem sallallahu aleýhi wesellem dünýe ahyr bolýança pitnelere ýolbaşçy boljaklaryň sany üç ýüz we ondan-da köprak boljakdygyny aýtdy. Köpüsiniň adyny, atasynyň atlaryny we taýpalarynyň atlaryny aýdyp berdi. Köpüsiniň atlaryny tutmazdan gizlin saklady”.

WELILERIŇ KERAMATY

Welileriň keramaty hakdyr. Weliler mätäç bolan ýa-da çykalgasyz ýagdaýa düşen wagtynda, olara Allatagalanyň beren ýardamydyr. Keramatyň manysy, akyla sygmajak, heniz görlüp-eşidilmedik adatdan daşary işleri görkezmek diýmekdir. Emma akyla sygmajak wakalar, täsin işler bir näçe adamlardan döräp biler:

Eger, adam güýjünden daşary, ýagny barmaklaryndan suw akdyrmak, howada uçmak, agaçlar we daşlar bilen gürleşmek ýaly geň we täsin işleri ýa-da hadysalary pygamberler görkezseler, oňa mugjyza diýilýär. Mugjyza – Akyl ony düşünip ýetmändiginden ejiz bolýar, adam aklyny ejiz galdyrýan diýmekdir.

Irhas – Pygamberlere pygamberlik gelmezden öň, olar täsin zatlary görkezse oňa Irhas diýilýär. Pygamberimiz Muhammed aleýhis salam heniz ýaşka, çagalar bilen oýnap ýörän wagtynda bir gury üzüm agajy ýapraklap iýmiş berdi, çagalar ondan iýip doýdular. Irhasyň manysy pygamber bolmagyna delalat ediji diýmekdir.

Keramat – eger täsin zatlar, takwa, sap ýürekli arassa dini adamlardan ýüze çyksa, oňa keramat diýilýär. Allatagala bu adamyň kämil yhlaslylydygy üçin, ony hormatlap bermegidir. Keramatyň manysy hormatlap bermek diýmekdir.

Eger keramata meňzeş ýagdaýlar, özi musulmandyr, emma takwadarlygy ýok, kämil bolmadyk mömin-musulmanlardan gury ýerde suwlary akdyrmak ýa-da suwuň üstünde ýöremek ýaly täsin zatlary ýüze çykarsa, oňa maunat diýilýär, keramat diýilmeýär. Ýagny Allatagala oňa ýardam üçin berdi, emma berlen ýardam onuň takwalygydanmy ýa öte giden pyssy-pujurlygydanmy ýa-da ökde epçil hünärmenligiden boldumy şolaryň hiç biri anyk bilinmändigi sebäpli maunet diýildi.

Eger munuň ýaly täsinlikler kapyrlardan, gaýry dinlerden görünse, oňa istidraj diýilýär. Çünki şeýtanyň akyla sygmajak, heniz görlüp-eşidilmedik adatdan daşary berjaý edýän işleri köpdir. Onuň az salymda gündogardan günbatara ýöräp barmagy, bir şekilden başga şekile geçmegi ýaly täsin ýagdaýlara eýedir.

Istidrajyň manysy – dünýäde ýaşan wagty dilän zadyny, myradyny berip, kyýamat güni dowzah azabynyň artdyrylmagydyr.

Şerygatsyz kişi uçsa howaga

Köňül berme anyňdek hudnamaga (ýalancy)

Ony keramat diýip oýlama, pikir hem etme. Tekepbiriň eden işine haýranam galma. Ol şeýtan jemagatyndan bolan kimsedir.

Şerygatsyz kişi gär ýutsa otny

Howa ortasyda münse bulutny

Ýagny yslam dininden bihabar adam ody ýuwutsa, zäher içse hem, eger howada guş ýaly uçsa-da ony keramat diýip bilmeň.

Kaçan tapgan bolur kurbet iýdini

Weli bilmeň taky andag kädini

Bolupdur mundag işler kapyrdyn

Neçuk kim boldy sehir Samuraýdyn

Musa aleýhis salamyň kowumundan Samuraý atly daşky görnüşinde iman getiren, emma içinden kapyr bolan adamdy. Musa aleýhis salam Tur dagyna gidende pursatdan peýdalanyp palçykdan göle ýasady we onuň içine tilsymyny goýdy. Ol göläni gepledip, ony Hudaý diýip adamlary ynandyrdy.

Pyrawun aleýhil lagna Nil derýasynyň suwuna emr edip, ony aşakdan ýokaryk akdyryp men Hudaýdyryn diýip dawa edýärdi. Muňa meňzeş işleri edýänleri weli diýip hiç wagt ygtykat etmäň!

Onuň zamanynda Nil derýasy gurap üç ýyla çenli suw akmady. Ýurtda açarçylyk başlandy. Adamlar onuň ýanyna gelip eger suw gelmese biz seniň hudaýdygyňa ynanmarys, Musanyň dinine gireris diýip arz etdiler. Ol şol gije adamlardan gizlinip, özüni bir daşdan asyp: “Eý Rabbim! Sen şu güne çenli meni dürli nygmatlar bilen nygmatlandyrdyň. Meni ýokdan bar eýlediň. Dünýäde dilän zadymy berdiň. Indi bu gün meni kowumum içinde ryswa etme! Ähli maksatlarymy şu dünýede bergil! Ahyretde boljak mertebeler maňa gerek däl! – diýip zar-zar aglady. Gökden ses geldi: “Eý melgun! Dilegiňi berdim. Kabul kyldym”. Şol wagt Nilden suw geldi. Onuň bir bölek ýabyndaky suw Pyrawunuň öňüne gelip togtady. Pyrawun ýörese, suw yzyndan akdy, dursa suw hem durdy. Şeýdip ol ýene-de hudaýlyk dawasyny güýçlendirdi. Emma üç ýyldan soň suwa gark bolup öldi.

Muny bilgilki Hindistanda hala,

Uçar gah kapyrnyň sinasy bala.

Hindistanda käbir adamlaryň uçýandyklary mälimdir. Onuň sebäbi butparazlaryň käbirleri dag-daşlaryň arasynda adamlardan gizlenip, hiç kim bilen gürleşmän bir näçe ýyllar aç gezenden soň, ol adamda kuty-ruhany peýda bolar, endam kuwwatyny ýok eder. Ondan soň howada uçup başlarlar. Bu täsin zat däldir. Allatagala oňa istidraj üçin berendir.
4 лайков 918 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.