? DEGMÄŇ GYZYŇ GÖWNÜNE!! ?

Saýrasa taý guşlara,
Ynjany-da aýandyr.
Enä meňzeş gussada.
Gamlananda uýaňdyr.

Iliň-günüň toýunda,
Çyzgalandyr bilegi.
Ak gündizler küýünde,
Mähribanlyk dilegi.

Ýazlara telwas etse,
Edepsizdir çaklama.
Güldür ol, şemal össe,
Enesine ýaplanar.

Gyz bolsa öz ýoluna,
Enä ýakyn diýiler.
Ýöne ataň halyna
Oguldan öň gyýylar.

Daşarda gaý gopsa-da,
Närahatdyr deňiz deý.
Bijaý sözüň oklama,
Yzy galar meňizde.

Gar güllere öwrülip,
Ak guşlar geler, gider.
Degmäň gyzyň göwnüne,
Ýüregne salar gider.

✏Mämmetnazar Babanazarow
14 лайков 341 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
Автор 27 дек 2021, 16:02
Gözel,
senden näme sorady grammatikadan?
Kalp doctory
27 дек 2021, 16:04
Nairoby bilyana.hehehe
Leyli Amanowa
Автор 27 дек 2021, 16:04
Gözel,
bir gyzdan "Durnukly söz duzumler nähili yuze çykypdyr?" diyip sorapdyrlar
Gözel
27 дек 2021, 16:05
Nairobi,
Mana dernew berdiler
Leyli Amanowa
Автор 27 дек 2021, 16:33
Gözel,
mekdep kitaplarynyň daşyny gözläp çykdym yok hiç kitapda uniwersitetiň öz kitaplaryndan tapmadym. Abdylhekim Gulmuhammedow bolaymasa basga wariyant yok
Gözel
27 дек 2021, 16:35
Nairobi,
Bilmedim mene
the_end
27 дек 2021, 19:12
Лермонтовын гошгысыны тержиме эдайипдир ойдян.
Zyýada
27 дек 2021, 19:23
Tuweleme..... brawo
Jelil
27 дек 2021, 19:29
Degmejek bolyas bizema