Siziň pikiriňiz?

Mekdep programmasynda dessanlaryň bolmagy näderejede dogruka? Okuwçylaryň ýangynly söýgi gatnaşyklary, yzaly aýralyklar, derýada akyp gidip, Zöhrä biwepalyk edip, aňyrda-da Mahymy söýüp gelýän Tahyrly, gelninden geçip, düýşünde gören gyzynyň gözlegine gidýän Hemraly, Leýlisiniň ugrunda ysnatlygyny görkezip, berkje durup göreşip bilmedik Mežnunly wakalardan nähili netije çykarjagyna hiç kimem kepil geçip bilmezmikä diýýän. Bu wakalaryň ýaş beýnilerde ýalňyş düşünjeleri oýarmak, trawma galdyrmak howpy bar ýaly dälmi?!
8 лайков 483 просмотров
37комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
25 апр 2022, 02:15
Bu ýerde tutuş düýbünden täzelenmeli zatlar bar meniň pikirimçe. Meselem öwretsinler gowy edip, XVIII-XIX asyr taryhy. Ýöne şu söze üns berilmeli, "gowy edip". Okadyp bilýän heniz ibaly mugallym gören däldirin bu meselede. Hatda köpüsiniň özi zat bilenok ahyry. Ýazylyşy ýaly "Oka, aýt" ýaly düzgün bilen öwretjek bolsalar elbetde ýaşlarymyzyň köpüsi XVIII asyr taryhyny we doly taryhymyzy bilmez.
Maksat
25 апр 2022, 02:17
Hiayress,
Bar, Altynjan Hatyn kitaby bar. Dogry informasiýa az bolsada gyzykly we ýaşlary gözlemäne höweslendirip biljek şekilinde gowy ýazylypdyr. Edil kino görüp oturan ýaly.
Maksat
25 апр 2022, 02:22
Гость,
Ol dogry. Gaty uly internet barka, dessanlar kiçijek zat. Ýöne ýüregimdäkini aýtsam, Гость agzanyň ruslary goldaýşy ýaly (uruş meselesinde) zatlar bolmazdy, taryhymyzy söýüp, dogry öwrenip, dogry ders alsalar.
Pegas
Автор 25 апр 2022, 07:49
Keaip_begcon
Hiayress,
Bar, Altynjan Hatyn kitaby bar. Dogry informasiýa az bolsada gyzykly we ýaşlary gözlemäne höweslendirip biljek şekilinde gowy ýazylypdyr. Edil kino görüp oturan ýaly.

"Altynjan hatyn" has kyn okamak üçin. Çylşyrymly sýužet, filosofiýa.
Гость
25 апр 2022, 09:43
Keaip_begcon,
Taryhymyza görä birini goldamaly bolsa,ýa birini ýazgarmaly bolsa onda biziň şu wagt bitaraplyk statusly bolmagmyz tüýs jüpüne düşüpdir.
Maksat
25 апр 2022, 11:15
Гость,
Doly düşündirseňiz menem düşünsem.
Maksat
25 апр 2022, 11:17
Pegas
Keaip_begcon
Hiayress,
Bar, Altynjan Hatyn kitaby bar. Dogry informasiýa az bolsada gyzykly we ýaşlary gözlemäne höweslendirip biljek şekilinde gowy ýazylypdyr. Edil kino görüp oturan ýaly.

"Altynjan hatyn" has kyn okamak üçin. Çylşyrymly sýužet, filosofiýa.

Meniň pikirimçe beýle däl. Çylşyrymly bolup biler ýöne Görogly, Gorkut ata we söýgi dessanlaryndan has gowy, çaga ýaly "boldy-geçdi" däl.
Гость
25 апр 2022, 11:19
Keaip_begcon
Taryha görä bahalamaly bolsa bize dost bolan döwlet (halk) barmy özi?!"Öň bize zulum edildi" diýip orslary ýigrenmek nädereje dogry seň pikiriňçe?! Onda hiç bir döwlet bilen gatnaşman ýaşamalyda biz,şeýlemi?
Maksat
25 апр 2022, 11:28
Гость,
"Taryha görä bahalamaly bolsa bize dost bolan döwlet (halk) barmy özi?!"

Bu barada anyk gürlemezden bize berilýän çeşmeleriň aglabasynyň deňeşdirilen ýazgylaryna mätäçligimiz bar. Goldawsyz ýurt bolmaz. Siziň pikiriňizçe bu ýerde "dost bolan döwlet" nähili manyda ýazylan? Syýasat bähbit çekeleşigidir we hökman goldan-goldamaýan bolýandyr. Meselem Osmanly imperiýasy Gökdepe söweşinde türkmenler ýeňileni üçin gaty gynandylar we birinji gezek 1879-da ýeňenlerinde-de gutlapdy. Owgan hem öz bähbitleri üçin, Daşköpri söweşinden soň ýomut türkmenlerine yzygiderli ýarag, ok-däri enjamlary we pulemýotlar berip başlady, rus howpundan goranmak üçin. Bu ýerde "dost bolmady" diýmek biraz pikirlendiriji.

""Öň bize zulum edildi" diýip orslary ýigrenmek nädereje dogry seň pikiriňçe?!"

Biz ruslary ýigreniň diýip nirede nygtadykkak?! Biz ruslary ýigreniň diýemzokda, liberalizme garşy urgy uran Russiýanyň atylgan syýasaty daş töwerege howp diýýäris. Meselem siz Putiniň SSSR barada diýenje sözlerini bir bilyärsiňizmi? Hasabatlar geçirildi ençeme ýerde öňki döwletleri "täzeden almak" isleýändigine degişli. Siz köp zatdan habarsyz ýaly görünýäňiz. Bu iş ýönekeý bir iş däl ahyry.
Maksat
25 апр 2022, 11:31
"Onda hiç bir döwlet bilen gatnaşman ýaşamalyda biz,şeýlemi?"

Meniň diýenlerim bir zat siziň diýenleriňiz başga zat aňladýar. Gatnaşyk diňe garaşsyz syýasatda alynyp barylýar. Russiýanyň beýdip ýurtlara zyýan bermegi biziň garaşsyzlygymyz, tutuş (Merkezi Aziýa) türki döwletler üçin bir howp.
Гость
25 апр 2022, 11:34
Keaip_begcon,
Poçdaňy goýaý,agşam arkaýynçylykda (işden soň) arkaýyn gürrüňleşeli bu temada. Bu ýerde beýle gürrüňleri ikiçäk gürleşmäge mümkinçilik ýok. Häzir gelerler antiruslar "haý ejeň..." diýen bolşup ( tolkowlar gaty köp bärde). A men bolsa "eje" diýilýän keramata dil ýetirmekden gaty uzakdaky adam we öz ejemem şeýle bir halaýan :)
Maksat
25 апр 2022, 11:36
Intek siz XVIII-XIX asyr taryhyna içgin düşünmänsiňiz. Berilýän çeşmeleri internetdäki rus mediýalary we tw propaganda kanallaryndan dälde, şol döwürde ýazylan kitaplardan okap görmegiňiz gerek. Rus mediýalary 30 müň adamy, onuňam ýarsy günäsiz bolmagyna garamazdan öldüren esgerleriniň başarjaňlyklary barada-da ýazyp bilýärler.
Maksat
25 апр 2022, 11:40
Гость,
"Anti-rus" düşünjesi näme siziň pikiriňizçe? Içgin aýtmagyňyzy haýyş edýärin. Olar "anti-ruslar" dälde, watanynyň geljegi üçin içinden gaty gamgynlyk duýan ýaş ýetginjekler bolaýmasyn?!
Ýola, men ruslary goldamaýanlaryň "haý plan" diýip ýörenlerine köp duş gelmedim. Muny etýänler esasy diňe bir dogry barmyka öýtýän rus we ş.m zatlary goldaýanlardyr. Muny şu saýtda-da gördük ahyry.
Maksat
25 апр 2022, 11:41
"Häzir gelerler antiruslar "haý ejeň..." diýen bolşup"
Aslynda antirus diýen düşünje-de logila taýdan seredilende ikä bölüji söz ýaly bolup görünýär. Antirus we rusy goldaýan ýokda, diňe pikirler barmyka diýýärin.
Maksat
25 апр 2022, 11:42
*logika