Geliň tanşalyň!? Nirwana bilen...

Agzalar otyrmysyňyz? Ýatmankaňyz saýtymyzyň iň duýguçyl agzasy hanym Nirwana bilen "Massimus production" ýatlamalarda ýaşaýanlara goldaw beriş jemgyýeti söhbetdeşlik gurnasa neneň görýäňiz, özi garşy bolmasa elbetde. Öňki-öňkilik, islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz, üstünlik!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Saýtdaky iň ýigrenýän agzaňyz?.
3. Siziň aşa duýguçyllygyňyzyň syry nämede? (bu häsiýetiňizi halaýan elbetde)
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň (kimkä ol bagtly ýigit)
5. Özüňizdäki iň halaýan we iň halamaýan häsiýetiňiz?
6. Siziň idealyňyzdaky oglanda hökman bolaýmaly häsiýetler?
7. Ýene 5 ýyldan soň Nirwanany nähili göz öňüne getirýäňiz?
8. 3 adam gark bolup barýar. Olaň biri Azat Dönmez, biri Söhbet Juma, üçinjisi Harasat. Siz diňe birini halas edip bilýäňiz, haýsyny saýlardyňyz?
9. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, duýgularyňyz, zehiniňiz mundanam ýiti bolsun! Şu Massimusyňam ömri uzak bolsun!..
10. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!

12 лайков 633 просмотров
76комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
12 май 2022, 11:09
1. Men 1997-nji ýylyň bahar paslynyň soňky günlerinde eneden doguldym. Adym Eneş. Ýaşaýyşym- Mary welaýat. Häzirki wagtda daşary ýurtda bilim alýan, 4-nji kurs. Başarnyklarym- ýazyp bilýän, sesime o diýen göwnüm ýetmese-de aýdym aýdyp bilýän, goşgy okap bilýän. El işlerinden azda-kände başym çykýar. Naharlaryň dürli görnüşini bişirip bilýän. Şol sanda süýjilik tagamlary hem bişirýän. Hobim: kitap okamak we aýdym diňlemek. Käte surat çekmek, ýazmak…
wordless
12 май 2022, 11:09
Akylmy ýa gözellik?
Telwas
12 май 2022, 11:10
2. “Saýtdaky iň gowy görýän agzaňyz kim?”-diýip soran bolsaňyz, pikirlenmän adyny tutardym. Emma bu soraga jogap bermek kyn. Maňa näçe ýamanlyk etselerem, men adamy ýigrenip bilemok. Bu wirtualy reallyk bilen garyşdyrmazlyga çalyşýan başardygymdan. Şoň üçin ýigrenýän agzam ýok.
Telwas
12 май 2022, 11:11
3. Köplenç agyryly bolsa-da, şeýle bolanyma begenýän diýdirýän ýagdaý. Bilmedim, içinde duýgusy bolmadyk bir zady etmek ýa-da ýaşamak meniň üçin gowy däl. Duýguçyllygymyň sebäbi, duýgudaşlyk (empatiýa) ukybymyň güýçlidigi diýip bilerin. Ýazýan zatlarymda-da şol ukybymdan peýdalanýan. Öz duýgularymyza gowy düşünenimizden soň, başgalaryň duýgularyna düşünip bilmegimiz zerurdyr.
Telwas
12 май 2022, 11:13
4. Medeni ýagdaýym: entek durmuşa çykmadyk. Ol ýigit häzirlikçe näbelli. Gözleg doly tamamlanmady. Degişýän, näme üçindir şu mesele meň ünsümi çekenok. Ýa nesip, wagt görkezer-dä galanynam.
Telwas
12 май 2022, 11:14
5. Iň halaýan häsiýetim bagyşlap bilijiligim, a halamaýan häsiýetim bolsa, ýok diýip bilmezligim. Käte özümden kän, garşymdakyny pikir edýän…

Ikisem bir zat diýen ýaly boldumy? :)
Telwas
12 май 2022, 11:14
6. Jomart, özüne erk edip bilme, akýüreklilik, göwniaçyklyk, dogruçyllyk, sylag-sarpa, ýardamsöýerlik, kitapsöýerlik, tertiplilik, medeniýetlilik- medeni gürläp, medeni ýazyp bilmek… Gysgaça şeýle.
Telwas
12 май 2022, 11:15
7. Türkmenistanda :) Eger ömrümde ýene 5 ýyl bar bolsa, özümi bir mekdebiň abraýly, işinde ökde mugallymy…garaz durmuşyň kämil adamy hökmünde görýän. Nirvana ýetmek isleýän. Nesip bolsa…
Telwas
12 май 2022, 11:16
8. Üçüsem has köp diňleýän aýdymçylarym-a däl. Harasady diňläp görmedim. Söhbet Jumaýewi saýlamagym ahmal. Sesi ýakymly.. men olary halas ederin welin, meni kim halas ederkä? Men ýüzüp bilemok. :) Özümem suwdan gorkýan. Bu gorka suwa gaçanlygym sebäp bolaýdy öýdýän we ýene bir zat…
Telwas
12 май 2022, 11:17
9. Minnetdar, sizede armansyz, ahmyrsyz, manyly ömür arzuw edýän. Janyňyz sag bolsun, maşgalaňyzyň, 2 sany baýlygyňyzyň bagtyna guwanyp ýaşamak miýesser etsin!
Telwas
12 май 2022, 11:18
10. Söhbetdeşlik üçin aýratyn minnetdar! Gyzyklanan agzalar, siziňem gyzyklanmalaryňyza sag boluň!
Telwas
12 май 2022, 11:18
Ahmedik_97
8. Üç sany adam gark bolup barýar, siz diňe birini halas edip bilýäňiz:
1. Panturkist;
2. Ahmedik_97;
3. Khanture.



Panturkist agzany saýlardym. Soň ol sizi halas eder. :)
Telwas
12 май 2022, 11:19
Ahmedik_97
Massimus, şu soraglara özüňem jogap beräý (eger mümkin bolsa). Men seni hem tanasym gelýär.

Menem goşulýan şu Ahmedigiň aýdanyna. :)
Telwas
12 май 2022, 11:21
Pegas
1. Kä günler saýtda aktiw bolup, birdenem woobşe ýitip gitmegiň sebäbi nämede, Nirvana hanym? :)
2. Gijemi ýa gündiz?
3. Aýdymmy ýa saz?
4. Düşünmekmi ýa düşünilmek?
5. Maýmynmy ýa towuk? :)


1. Saýda öňkiler ýaly ähmiýet bermeýänim üçin bolaýmasa. :)
2. Gije ýerinde gije, gündiz ýerinde gündiz. Gijäň sessizligini gowy görýän. Gündiziň hereketliligini.
3. Aýdymy sazsyz, sazam aýdymsyz gözöňüne getirip bilemok. Diňe birini saýlamaly bolsa aýdymy saýlardym. Aýdym-meniň durmuşym.
4. Düşünmek.
5. Bulary näme üçin saýladyň? :) Ikisem. Duş gelýänim towuk bolany üçin, maýmyny saýlardym.
Telwas
12 май 2022, 11:22
Massimus
Howwa Pegas aga kä wagta örän aktiw, kä wagtam kän bir görünmeýär, ýöne jogaplaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýas


Men saýda bir gün girsem arakesmesiz azyndan 1 sagat oturyp teswir ýazýan. Köp ýazyp özümden ýadatmak islämok. :)
Telwas
12 май 2022, 11:23
Soho
Harasady halas etmesen, ozi halas bolaysa, yurtdan gachyp gidaymesen gun bermez (gargap, diss chykaryp...)


Soho agam Harasadyň beýle ýagdaýy bar bolsa mejbur şony halas etmeli bolaryn. :)
Telwas
12 май 2022, 11:25
Jeksparro
Soragym ýok!

Ömrüň bolsun!
Telwas
12 май 2022, 11:26
wordless
Akylmy ýa gözellik?

Elbetde akyl. Gözellik nämäň gözelligi?
Telwas
12 май 2022, 11:28
Ahmedik_97,
Voyvoda,

Temaň ady, geliň Ahmedik_97 bilen Voyvoda-ny tanyşdyralyň bolsa, ýerlikli bolardy. :)
ajy
12 май 2022, 11:28
Salam, Nirvana! Şu saýtda syrdaşyñ, iñ halaýan agzañ kim?!
Telwas
12 май 2022, 11:28
Hiayress
Ahmedik_97,
@Voyvoda-da wekildenmi?!

Özüňize goňşy gözleýäňizmi? :)
Telwas
12 май 2022, 11:31
garaburc
Salam, Nirvana! Şu saýtda syrdaşyñ, iñ halaýan agzañ kim?!

Salam Garaburç! Gowumy ýagdaýyň?
Ýörite maňa şu soragy bermek üçin agza bolduň gerek?! ;)

Jogap: şu saýtda iň halaýan syrdaş agzam, talyplardan ýadygärlik @Гость agza.
Pegas
12 май 2022, 11:32
Nirvana, bilmän jogaplasaňam, maýmyny saýlanyňa monça bolduk)))
ajy
12 май 2022, 11:34
Nirvana,
Mennä :(
sen yatdan çykdyñ diysenegyz, girmänsoñ
Hiayress
12 май 2022, 11:34
Nirvana
Hiayress
Ahmedik_97,
@Voyvoda-da wekildenmi?!

Özüňize goňşy gözleýäňizmi? :)


O-da Wekilden bolsa, Chelsea agzada Wekil diýen ýaly etdiler öýdýän, indem Wekilden göçäýsemikäm diýip ýörin. :D
ajy
12 май 2022, 11:35
Nirvana,
beyleki niklerimden gelsem hemme tanayagy, inni diñe sen tana boldydey,
Salam gowy gowmyñ ozuñem joram? armada gezip yormiñ sagaman?
Telwas
12 май 2022, 11:35
Pegas,
Dogrudanam, näme üçin maýmyn bilen towuk?
Telwas
12 май 2022, 11:36
garaburc
Nirvana,
Mennä :(
sen yatdan çykdyñ diysenegyz, girmänsoñ


Senem bar :)
Ýyldyz senmi?
Telwas
12 май 2022, 11:37
Hiayress,
Begen gül ýaly goňşularyň bar. Toý etseň, alyp çykarlar. :)
Pegas
12 май 2022, 11:37
Hiayress
Nirvana
Hiayress
Ahmedik_97,
@Voyvoda-da wekildenmi?!

Özüňize goňşy gözleýäňizmi? :)


O-da Wekilden bolsa, Chelsea agzada Wekil diýen ýaly etdiler öýdýän, indem Wekilden göçäýsemikäm diýip ýörin. :D

:D :D :D
Chelsea Peşanaly tarapdan bolmaly.