???

Zdrasti lyudi.
Karoci sorag berjek pikiriñizi aýdyñ.
Gyzlary näletläp aýdym, goşgy ýazýan passanlar köpeldi. Diňe türkmenler däl beýleki milletlerem. Düýnkide bir aýdym eşidip galdym "Suka bolshe ne zwoni..." diyip, garaz sögüp ýatyr. Öňkiler öwýădi hăzirkiler döwüp ýatyr. Indi hakykatdan gyzlar şo derejelere ýetdimikä ýa gaşlaryny ütüp yuzlerini boyap gulagyna syrga dakyp yoren erkeklerdenmikä bar problema? Gaharym gelip baslady indi özlerini hil bir zat yaly gorkezjek bolyalarmy namemi?!
8 лайков 622 просмотров
52комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
12 май 2022, 19:22
Keaip_begcon,
Saçki kim? Bilyanm hakda aýdanyña düşünmedim.Rep diñlämokdym ýöne şoñ aýdymlaryny halamsoñ soradym.
Remezan
12 май 2022, 19:26
Nairobi
Kyýas,
Nireli sen?

Lebap Garabekewül
Biohimik
12 май 2022, 19:27
Su aydayozin bilyanim eyle beyle hic halamok sesini esitsem nerwim oynap baslaya yone kimi gorsen sonyn aydymlaryny dinleyaler
Ozem sogunip aytya aydymlaryny edep ekram yok ol cagada
Biohimik
12 май 2022, 19:29
Herkim ozuni duzetse dunya duzeljekle welin hemme oña dusunenokda((
Maksat
12 май 2022, 19:31
Mümkin,
Saçki gara sakal diýip imo girýän, hemme kişileri, esasy gyzlary masgaralap, däplerimize sögüp duran bir kişi. Bilyanm sözlerinde eje, namys ýaly zatlary gaty çeýneýär. Ne many bar, ne mazmun. Aýtsam gaty erbet sözleri bar, bärde düşündirip bolanokda.
Maksat
12 май 2022, 19:32
biohimik.,
Edep dälde utanç ýok, utanç bolmasa hiç zadam bolmaýar ol kişide.
Bahara
12 май 2022, 19:33
Keaip_begcon,
Gosulyan. Gowy dusundiripsiniz. Her kimin genetikasyndan gelyar ol zatlar. Her kimin oz haky hukugy bar
Suleyman
12 май 2022, 19:43
Bir zat aýdylýan bolsa, diňlenýän bolsa, tanalýan bolsa diňleýjisi bardyr. Biz-ä sen aýtmadyk bolsaň şeýle aýdymlaň bardygynam bilemizok.
Diýjek bolýanym, şeýle aýdymlaň esasy diňleýjisi gyzlar bolýar. Özüne meňzeş sypatly, häsiýetli gyzlar hakynda "repçi" diýip tanalýan oglanlar tarapyndan aýdylan aýdymlary gyzlar köp diňleýär.

Meselem, bizde 'Harasat' diýip bir bela döredi. Her kim başda üstünden güldi, masgaralady. Şeýdip syrap, lygy b.n meşhur bolup gitdi. Dünýäň hemme adamlarynyň derdini çekýän ýaly aýdýan aýdymlary   'ýandym, köýdüm, gowruldym'. Häzirki beýnisi uklan ýa entäk gatamadyk juwan gyzlaryň aglabasynyň playlistinde  Harasadyň aýdymlary bar. Diňlenmese, paýlaşylmasa beýdip dillere düşmezdi.

Elkyssa, habary ýokarda aýdyşym ýaly ýeňil gopýan gyzlardan alaly. Bu biçäreler öz deňlerinden galmajak bolup, bir sähne b.n söýüşdim-köýüşdim oýnaýalar, yşga düşýäler, aldanýalar, oýnalýalar, ýatdan çykýalar. Dadyna nausnik b.n saz ýetişýär. Geroý Harasadyň ýaraly, duýguly, ýürek ýyrtyjy aýdymlaryndan duýgulanyp, özüni taşlan oglan hakynda hyýala çümýäler. Tipo, wägirýän, bagyrýan Harasat däl-de, şol oglan bolup janlanýar. Häzir şol oglan Harasat ýaly aa:h çekýändir, ökünýändir, özüni örteýändir diýip pikir edýär. Özüniň islenilýänini, arkasyndan ökünç duýulýanyny hyýalyna getirip özüni köşeşdirýär, özüne teselli berýär.

Boldy. Ine şeýle aýdymlaň näme üçin döreýäni we "Harasat" ýalylaryň gerek ýeri...
Maksat
12 май 2022, 19:52
Dark_Wolf,
Dogry. Harasat barada aýdyljak zat köple welin, Kerim Hallynyň tankytlary diňlemeýär diýişi ýaly, bulam ýekeje tankyda-da üns berenok. Aýdylýan zatlar erbet däl. Biz üçinä herekedi gaty gülkünç. Kerim Hally bilen deňeşdirip, Kerim Halla haksyzlyk etdim öýtýän :))
Mümkin
12 май 2022, 20:15
Keaip_begcon,
Bilyanm hakda soranyma jogap bermediñiz.
Maksat
12 май 2022, 20:20
Mümkin,
Aýtdyma nähilidigini. Başga näme aýdaýyn?! Jogap berdim.
Mümkin
12 май 2022, 20:28
Keaip_begcon,
Bilyanm diýilýän repr hakda uzyn sözlem düzenligiñiz üçin düşûnmedim diýeniñize.Şony täzeden gysga sözlemler bilen düşündirip beräýiñ diýdim...
Maksat
12 май 2022, 20:35
Mümkin,
Gysgaça aýdamda, gyzlar gaty süýkenýär. Muny diýmek islemezdim gynansagam çyndanam şeýle. Bularam şolar ýaly sözlerden bat alýarlar. Awtoryň diýýän "näletleýänleri" şular.
Mümkin
12 май 2022, 21:34
Keaip_begcon,
Bilyanm atly repiriñ "Kim bar" "Gideli" "Päsgel"aýdymlaryny hezil edip diñleýän.Hem sazynyñ hem sözleriniñ hili ýokary.Edepsizlik göremok.
"Kim bar?" aýdymynda gyzy tankytlaýar,ýöne ýerlikli,edepli,serhetden geçmedik tankyt.Aýdymlarda gowy gyzlaryñ wasp edilişi neneñsi adaty bolsa ýaramaz (liriki gahrymanyñ pikriçe ýaramaz) gyzlaryñ edep,medeniýet çarçuwasyndan çykman tankytlanmagam adaty.Esasy zat serhediñi bilmek.
Maksat
12 май 2022, 21:45
Mümkin,
Aý umuman, her reparyňam hemme aýdymy beýle däldä. Bir ýalňyş bilen ençeme dogrularyňy ýitirişiň ýaly, bu ýerde ol has çenden çykan sözleri ulanypdy. Köp aýdymynda, "Naili", "Oyun edemok" we ş.m. Gyzlaram kiçi görkezýär, ençeme kişinem kiçi görkezýär, masgaralaýar.
Kim bar aýdymy diňlemändim, (hiç aýdymyny diňlämok). Nähili edip tankytlaýar? Sebäbi gyzy tankytlaýanlaryň köpüsi gaty ýalňyş zatlar bilen tankytlaýar.
Mümkin
12 май 2022, 22:00
Kim bar saña aýlanmaga
Oglan tapmasañ aýlan maña
Kim bar saña öýlenmäge
Wagt boldy saña oýlanmaga

Ýa maña ýazdyñ gerek täzeden?
Indi giç bolan bolma näz eden
Sen ýokdan bar eden
Çyn söýgä zar eden
Men dälmi gülüm seni adam eden

Kim bar?Indi kim ýanyñda bar-eý?
Kim ol seni saýlan
Her geçen oglan indi saña ýar-eý,
Ýöne hemmesi oýnar.

...Indi sen meñ üçin gijeki "My love"
Ýöne gündiz däl.

...Oturda gudogy diñle
Bloga-da salamok.

...
Mümkin
12 май 2022, 22:01
Ol diýýän aýdymlaryñam şu repryñkymy?
Maksat
12 май 2022, 22:03
Mümkin,
Adaty sözler eken, erbet däl. Öz şahsy durmuşyndan tankyt ekenä.
Maksat
12 май 2022, 22:03
Mümkin,
Hawwa. Häzir ony beýdip sözli ýazaýsak, ömürlik ban alaryn.
Mümkin
12 май 2022, 22:09
Keaip_begcon,
Wiý...Men şokda.Şol adyny agzan üç aýdymym meñ soñky döwür iñ köp diñleýän üç aýdymym.Sözi sazy añrybaşy.Hökman diñläp görüñ.
Şonuñ üçin haýran galdym.Ondan edepsiz aýdyma garaşamokdym...
Maksat
12 май 2022, 22:13
Mümkin,
Bolýar, gowy bolsa diňläris. Sizem diýen aýdymlarymy (çydasaňyz) biraz diňläp görüň.
Mümkin
12 май 2022, 22:26
Keaip_begcon,
Ok.Sizde bar bolsa oklap bilermisiñiz?
Birem şu "süýkenmek"meselesini bir gün jedelleşesim gelýär...
Qwerty
13 май 2022, 13:33
Hayran galaymaly
Ayjahan
23 май 2022, 12:13
Aýtýana adamlar interesna! Näme aýdym aýtjaklarynam bilmän hapa-hapa sögünip aýdym aýtýarlar! Hapa aýdymdana bir aýdym bolarmy diýsene... Biz olar ýaly däl. Biz asuda, parahat durmuşda ýaşaýan Türkmen Biz şu asuda, parahat durmuşda ýaşaýan Türkmen Biz iň gowsy şuňa şükür edeliň Biz olara özümizi deňemäliň