Geliň tanşalyň?! Senýorita bilen.....

Salam agzalar. Durmuşyň aladalary, gündelik hysyrdylar, maşgala bolçulygyny gazanmak üçin arman, ýadaman halal zähmet çekýän we onuň hözirini görýän mähribanlar. Bu gün saýtymyzyň (meň bilişim boýunça) ýeketäk futbol fanatkasy Senýorita bilen (Ýurgen Klop we onuň şadyýan "Liwerpulemýot" ansamblynyň haýyşy boýunça) "Massimus production" bütindünýä millionerleri goramak halkara guramasy söhbetdeşlik alyp barar, özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz, başlaly!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Siziň üçin saýtdaky iň ýürege düşgünç agza kim? (menden başga, elbetde)
3. Futbola fanatka bolşuňyz barada gürrüň beräýiň. (futbola nähili tomaşa edýäňiz? emosionalmy ýa-da ýuwaşja görýäňizmi?)
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Eger Siziň halan oglanyňyz futboly ýigrenýän bolsa (ýa-da Mançester Sitä balet edýän bolsa) näme ederdiňiz?
6. Özüňiz bilen baglanyşykly (ýa-da söýgiliňiz bilen baglanyşykly) gyzykly bir wakany gürrüň beräýiň.
7. Geljekde, aýdaly, 10 ýyldan soň Senýoritany nähili göz öňüne getirýäňiz?
8. Tutuş adamzat üçin 1 ýagşylyk etmäge ygtyýaryňyz bolanda näme ederdiňiz?
9. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, ähli arzuw niýetleriňiz hasyl bolsun. Finalda-da size we toparyňyza uly üstünlik arzuw edýärin. (Liwerpulyň hakyky fanatlaryna Realfandan ýalkymly salam).
10. Şu ýerden islän adamyňyza salam ýollap bilýäňiz.
11. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!
9 лайков 486 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
13 май 2022, 10:36
Senyoritaň gyzdygyna shubhelenyan diňe menmikam?!
Senyorita.
13 май 2022, 11:21
Bendtner,
Toba,toba.Neçüýn,sebäp?!
Bentner
13 май 2022, 12:17
Gyz bolup futboly o dereje bilmeklik mumkin dal, sen oglan bolmaly,ay bor, hany gorubereli aýan bolar olam ;)senyorita.,
Massimus
Автор 13 май 2022, 12:36
Rigel
şu Гость kaka menem gyzyklandyrýar, nesip bolsa
Massimus
Автор 13 май 2022, 12:37
Bendtner
Şu gyzyň futbola düşünişine menem telpek goýýan
Senyorita.
13 май 2022, 13:06
Meni haýran galdyrýan-a Siz!
Özüm üçin-ä futbol görmek adaty ýagdaý.Üýtgeşik bilýän zadymam ýok-la.Проста komandamy gowy görýän diýäýmesem...
Massimus,hany telpek?! :)))
Mümkin
13 май 2022, 14:14
Gost daýyny menem tanasym gelýär.
Senyorita.
13 май 2022, 14:33
"Massimus production" bütindünýä millionerleri goramak halkara guramasy söhbetdeşlige çagyrany üçin tüýs ýürekden minnetdar!
Massimus
Автор 13 май 2022, 16:31
Senýorita
Sizede sag bol, söhbetdeşlige aktiw gatnaşanyňyz üçin
Merdan
13 май 2022, 18:25
Aý tanyşyp bolan bolsaňyz, Real siziň gözüňize görkezer gowuja)) Şu esasy gynanýan zadym, her gezek Realyň garşyşyna finala çykyp, eli boş gaýdýan komandalar)) Aý näme, finala çykmagam başarnyga ýöne, şeýle dälmi? obaly
Senyorita.
13 май 2022, 19:29
MerdanGeldiyevv,
Ony entek görübiris.Utulsak gynanaryn,utsak begenerin.Ýöne Liverpool-dan geçmejegim-ä çyn.
Aýnur
13 май 2022, 23:09
Halaýan oglanyň futboly ýirgenýän bolsa näme ederdiňiz?
?? näme etjek eýsem)
Senýorita agzany tanamokda welin ýöne ziom ekenik) alçak, düşbüje, göwniaçyk gyza meňzeýär teswirlerinden. Ýene 10 ýylan bagtly,rysgally , etegi doly çagaly gelin hökmünde göz öňüme gelýär) (başga bilmedim, känbir kiçi gyzam däl ekeniňiz, gödegräk bolan bolsa bagyşlaweriň))
@Senýorita agzanyň aýdyşy ýaly rak keselini aýyryp bilsedim. Hazirki wagtda şu keselden ejir çekýänem, ýogalýan gaty kopelip barýar.
Venus
04 сен 2023, 17:04
senyorita.,
Daşoguz, Gurbansoltan eje etrabynyň bir obasynda ýaşaýan.


Salam. Haýsy obadan siz?
Senyorita.
05 сен 2023, 23:21
Venus23, size-de salam! Ýekeagaç obasyndan men. Siz?