Geliň tanyşalyň?! Ogulşirin Baýramowa bilen

Salam, hormatlylar! Xyiwenia agzamyzyň saýlawyna laýyklykda bu gün saýtymyzyň hakykatdanam iň meşhur ýazyjysy onuň alyhezretleri Ogulşirin Baýramowa bilen "Massimus production" bir goşgy sohranit edip bolmaýan beýnisine, tutuş kosmetika önümlerini, olaryň düzümlerini, hil aýratynlyklaryny sygdyryp bilýän öte sowremennyý oglanlara ruhy goldaw beriş guramasy geçirer, onuň alyhezretleri garşy bolmasa elbetde. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Saýta näme üçin öz adyňyz bilen girýäňiz? (gyzlar gowuja nikler tapýara, kapriznaýa, banditka, prinsesa, ýomutka, dälije, mossim, balajyk, şadyýanja).
3. Göz öňüne getiriň, hiç kimse ýok adada (neobitaýemyý ostrow) iki kişi bolup galdyňyz. Ýanyňyzdakyň kim bolmagyny islärdiňiz?
4. Saýtdaky haýsy agzalar bilen realda duşuşyp gördüňiz? Olar Siziň olar barada pikir edişiňiz ýaly ekenmi? (diýjek bolýanym bir gyz bilen telefonda tanyşýaň, sesi janyňy alyp gelýän ýakymly, ýürek damarlaryňy massaj edip, arterial gan damaryňda aýdym aýdýar. Duşuşyga barsaň eli uçýan sübseli babe-ýage dur).
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Adam bir bakyşda aşyk bolup bilýärmi?
7. Eger siziň söýen ýigidiňiz başga dinden bolsa, (meselem hristian ýa sygyra Hudaý diýip ýören bolsa) olam Sizi söýýän bolsa, durmuşa çykmagy teklip etse, razy bolarmydyňyz?
8. Her söhbetdeşlikden öň myhmanymyzyň açan bloglary, ýazan teswirleri bilen içginräk gyzyklanýan.
Men saýta 25.04.2022ý. registrasiýa boldum. Ýöne Siz 02.04.2022ý. şeýle mowzuk açypsyňyz:
-@ Massimus, nä sen meni sаmsyk gördüňmi hä? Nä onda munda plan diýip gep eden bolýaň? Adam bolmagy öwrensene gowsy. Aklyň meňki ýaly bolmagy üçin entek 40 tamdyr çörek iýmeli sen. Akmak çaga! Akylly bol düşdüň dämi?! Hazanurmuş...
diýip mugallym Myratjyga käýäpdir.
Meň saýta geljegimi 23 gün öňünde nädip bilipsiň :))
Diýjek bolýanym ömrüňde palça gidip gördüňmi? (pal diýilýän zada ynanýaňyzmy).
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Eger hemme häsiýetlerini jemläniňde, (çydamlylygyny, wepalylygyny, zähmetsöýerligini umuman şeýle gowy häsiýetlerini) Siziň pikiriňizçe, gyzlar güýçlimi, oglanlar?
11. Men şu Mümkin agzaň sesi (sesini eşidip görmedim) Owaz radioýaýlymyndaky goşgulary aýratyn labyz bilen okaýan Bägüliň sesine meňzeşmikä diýýän. Siz öz sesiňizi haýsy meşhur zenanyňka meňzedýäňiz?
12. Indiki sanymyzda söhbetdeşlik geçirilmeli agzany Siz saýlamaly. Indiki sanymyzyň myhmanynyň kim bolmagyny isleýäňiz?
13. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, galamyňyz mundanam ýiti bolsun !..
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
7 лайков 501 просмотров
46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
24 май 2022, 19:11
Ogulşirin Üstünlik jigim döredijilgiňe. Agzalar dogry aýtýar şu günler görneňogam şu islenende, döredijiligiňdenem paýlaşaňok bu günler :/ ))
Mümkin
24 май 2022, 19:20
senyorita.,
Haýran galmak üçinem "Bäh"diýen ümlügi ulanyp bilersiñ.
Senyorita.
24 май 2022, 19:23
Mümkin,
Toba, toba diýsem nä?!
Meň mowzugyma-da aýlanyp gaýdaýyň kyn görmän. Onçakly daş däl. Şu töwerekde :))
Senyorita.
24 май 2022, 19:49
Ogulşirin_Bayramowa,
Özüňde iň uly kemçilik diýip bilýän kemçiligiň?!
(Tas sorag bermek ýatdan çykan eken))
Alita
24 май 2022, 20:13
Ogulşirin_Bayramowa,
Salam sen name ucin kamahal oz pikirini tashlap bashgalaryn edenini dogry hasaplayan ikiyuzli yaly bolyan. Kop gavat gellim seyle yagdaylarna name ucin beyle?
Ogulşirin Bayramowa
24 май 2022, 20:13
Mona Songz,
Sag bol!
Ýazmaga zat tapamok. Bir topar bolup duran ýarym ýazgylar. Başy bar, dowamy ýok..
Ogulşirin Bayramowa
24 май 2022, 20:15
senyorita.,
Janygyp düşündirilen zada 1 gram düşünip başarmazlygym. Bul bolsa sаmsyklykdan)
Ogulşirin Bayramowa
24 май 2022, 20:20
Alita,
Salam sen name ucin kamahal oz pikirini tashlap bashgalaryn edenini dogry hasaplayan ikiyuzli yaly bolyan. Kop gavat gellim seyle yagdaylarna name ucin beyle

Salam.
Öz pikrimi taşlap? Başgalaryň edeni (pikri) dogry bolsa dogry hasaplarynda. Munda nähili iki ýüzlilik bar?
Mümkin
24 май 2022, 20:28
senyorita.,
Toba,toba diýseñem bolar.Diýjek bolýanym türkleñ haýran galyş stilini ulanma.
Senyorita.
24 май 2022, 21:09
Mümkin,
603.
Alita
24 май 2022, 21:22
Ogulşirin_Bayramowa
Alita,
Salam sen name ucin kamahal oz pikirini tashlap bashgalaryn edenini dogry hasaplayan ikiyuzli yaly bolyan. Kop gavat gellim seyle yagdaylarna name ucin beyle

Salam.
Öz pikrimi taşlap? Başgalaryň edeni (pikri) dogry bolsa dogry hasaplarynda. Munda nähili iki ýüzlilik bar?

Mysal ucin biri nalap blogynyn pozulyanyna nalaya senem ona gynanc bildiryan sonundanam pozan gelip men pozdum diyse ha onda hicle diyyan daze shol movzugy manysyz gorip pozanyn ozem vagtal vagtal shol pozulan movzuk yaly movzuklary goyyar onda name ucin sen shona aydanok beyle manysyz movzuk acma diyip???? Sen onsan nahili adam bolyan dushindirsene mana!
Ogulşirin Bayramowa
24 май 2022, 21:35
Alita,
Düşünşüň ýaly adam bolýan. Ýöne haçan we nä wagt beýle zat edenimi (teswiriňe düşünmedimem) biriniň mowzugynyň pozulanyny we oňa gynananymy, pozan kişä "ondahabolýarol" diýenimi bilemok. Birem, saýtdaky hemme mowzuklara jogap ýazyp ol eýle bul beýle diýip durmagy işsizlik hasaplaýan. Soragyňa doly we dogry jogap berip başardymmy, ýa, başarmadymmy onam bilip biljekdäl. )
Mümkin
24 май 2022, 21:46
senyorita.,
Ol näme?
Senyorita.
24 май 2022, 22:45
Mümkin,
Kabul etdim- diýmek eken.
Alita
24 май 2022, 23:48
Ogulşirin_Bayramowa
Alita,
Düşünşüň ýaly adam bolýan. Ýöne haçan we nä wagt beýle zat edenimi (teswiriňe düşünmedimem) biriniň mowzugynyň pozulanyny we oňa gynananymy, pozan kişä "ondahabolýarol" diýenimi bilemok. Birem, saýtdaky hemme mowzuklara jogap ýazyp ol eýle bul beýle diýip durmagy işsizlik hasaplaýan. Soragyňa doly we dogry jogap berip başardymmy, ýa, başarmadymmy onam bilip biljekdäl. )

Sen ishsizlik hasaplayan bolsan onda oz ozine men ishsiz adam diyyanda onda ? Men seni ynjytjak bolamok dogry dushin ve hemmelere adalatly boljak bol diyjek bolyan! Galanam elbetde oz ishin sag bol janyn sag bolsun!. Ruhunam tug deyin belentde bolsun!??
Mümkin
25 май 2022, 05:18
senyorita.,
Haýsy dil ?