GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?! _tema:#1

GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?

Käbir oglanlar bar ''Men (gulak) gyz bilen söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özüňi ýitirýärin'' diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýän we şular dogrusynda maslahat soraýar oglanlara!!!
Şeýle oglanlaryň 100%-den 60-70%-i dünýäniň gaýgy-gamy we tukatlyk, ýekelik, gam-gussa ýaly ruhdan gaçyrýan häsiýetler bilen gurşalandyr.
Şeýle oglan ilki bilen gaýgy-gamly sazlary ýa-da aýdymlary, halk aýdymlary diňlemezliklerini maslahat berýärin.
Eger hindi kino ýa-da söýgi (serial) kinofilmler, söýgi baradaky kitap wakalary bilen söýüşmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz!
1. Kim bilen söýüşmeli (ýa-da söýýän gyzyňy nähili tapmaly?) Bir gyz bilen söýüşjek wagtyňyz öz häsiýetiňi hiç üýtgetme, köp ýaşlar gyzlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Gorkýarlar, gyz bilen bolup biljek duşuşyklary soňky güne galdyrýarlar. Siz üçin iň esasy zat tejribe, teoriýa gabat gelenokdyr. Pikirlenip yrylýan gyz ýok. Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.
2. Telefon arkaly söýgä başlamak: Näçe geň bolsa-da esasy usullaryň biri, iň möhüm zat gyzdan hökman telefony soraň! Gyz bilen tanyşanyňyzda, bahana gözlemän: ''Berermikä- ýa bermezmikä?'' diýip pikirlenmäň, entek giç bolmaka hökmän telefonyny soraň. Soramak üçin üýtgeşik jadyly hereket gerek, däl, ýöne ''Telefonuňyzy beräýiň'' diýip rahat ses bilen soramak. Soranyňyzda elbetde bolup biljek kiçiräk barlaglar soraglar bolup biler.
Gyz ''Näme etjek'', ''Nämä gerek!?'' we ş.m. Jogabyň ýene-de rahat ses bilen ''Içim gysanda habarlaşmak üçin'' ýa-da '''Sesiňi ýene bir sapar eşitmek üçin'', esasy özüňizdäki ynamly rahat tonda soramak gerek...
Käbir gyzlar garşysyndakyň beýle ''Irizen'' soraglar bilen bizar etmegi halamaýarlar, sebäbi näme üçin telefon soraýaň belli (söýüşmek üçin), şonuň üçin berjek bolsa telefonyny berýärler, bolmasa-da berenoklar. Telefon nomeriňi aýdanlarynda göni öz telefonyňyzdan jaň ediň we oňa jaň geleninden soň nomeriňi belläp goýuň...
Eger-de ýalňyş nomer beren bolsa, edil gabady öň üstünden gülersiňiz, a eger öçürlen nomer beren bolsa seň bilen gürleşesi gelenok şo gyzyň!?
''Telefonum ýok'', ''Sen ber, men jaň edeýin'' diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!!!
3. Telefony alan bolsaňyz: telefonyny alanyňyzdan soň, möhüm bir zat çykmadygyça 2 gün dagy garaşyň, jaň etmän, hat alman (sms). Bir gezek jaň edeniňde almasa, azyndan 2-3 sagatlap garaşyp soň jaň ediň, yzly-yzyna jaň etmäň (sms) ýazmaň, jaň edeniňde üýtgeşik hokga çykaryp haýran galdyrjak bolmaň ýönekeý hal-ýagdaýyny soraň, ol bular barada gülkünç zatlar barada gürrüň beriň (прикол), Näme barada gürlejegiňizi bilmeýän bolsaň; gyzyň maşgalasy, edýän işi, okuwy, ýakynda bolup geçen waka, toý, täze çykan kino... we ş.m... esasy zat soraglar bilen mowzuklary üýtgedip gyzy gürletmek, azyrak gürläp, köpräk diňlejek boluň (Свидания). Duşuşyklar barada hat arkaly sms-laşyp (hat) gürleşmäň, hökmany suratda telefonda gürleşiň.
4. Duşuşyga çagyrmak. Gyz bilen duşuşmak, duşuşyga çagyranyňyzda bahana tapmak kyn bolup biler, aslynda bahana geregem däl, bahana gyz bilen duşuşmak, ýöne dogryny dogry aýtmak hemişe aňsat bolanok. Şoň üçin ''teatra ýeke özüm gitmejek bolýan'', ''Egin-eşik saýlamak üçin'', ''täze açylan parka baryp görmek üçin'' diýip çagyryp bilersiňiz...
Möhüm: duşuşyga çagyranyňyzda üýtgeşik hiç zat aýtmak gerek däl, islendik tanyşyňyzy çagyrşyňyz ýaly çagyryň, hemme zat (predelno) sada we ýönekeý bolsun. Ikinjidenem jogap ýok bolsa, başga bir güni aýdyp görüň, onda-da ýok bolsa... ''Sag bol!'' ýa ''Bagtly bol'' diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň!
5. Duşuşyk. Duşuşyga sowgat bilen barman, sebäbi (sowgat sebäpsiz) duşuşyga üýtgeşik zat gerek däl ýöne, edip bilşiňizden odur, budur gürleşiň, esasy zat gyza bildirmän kopmliment aýtmak.
Daşyndan aýlanyp geçmeli mowzuklar: (Ýagny şu temalar hakda gürlemäň, başarsaňyz!)
Din, ölüm, o dünýä, politika (syýasy temalar), filosofiýa. Birinji duşuşyk takmynan 1, 2 sagat bolany gowy we sizden garaşylýan ýekeje zat hiç zady bulaşdyrmazlyk. Eger gyz entägem siz bilen gürleşip bilýän bolsa BRAWO, ösüş bar.
Soň ýene 1-2 gün garaşyň, täzeden jaň ediň we prosesi täzeden gaýtalaň.
6. Egin-eşik. Üstüňizdäki eşikleriň arassa bolsun!!! Şondan möhüm zat ýok. Ondan başga, eşigiň daş töweregiňe, ýagdaýa görä bolsun. Asylly türkmen gyz bilen (свидания) duşuşukda üýtgeşik görkezýän moda egin-eşik gerek däl, gara balak, ak köýnek, ýa-da gök köýnek.
7. Gyz bilen nähili özüňi alyp barmaly: munuň hem özboluşly usuly bar. Duşuşykda edip bildigiňizden gyza köpräk degjek boluň, üstünden (ýaprak) pýatnojyk aýyryň (ýaşasyn hapajyk), öwrüleniňizde hökman elinden ýa-da arkasyndan tutup öwrülýän tarapyňda ýumşak öwrüm ediň... asly degmäge maý kän, onuň daşynda, hapa sögünmäň, kän öwünmäň, gyzyň göwnüne degip biljek zat aýtmaň, özüňiz barada erbet zat aýtmaň, hiç zat barada zeýrenmäň...
Ýadyňdan çykarma! Seniň durmuşynda hemme zat gül ýaly boljakdyr. Gyzlar bagtsyzlary, zeýrenýänleri halanoklar.
Ýene bir zady belläp goýuň!
Gyzyň ýanynda oglan jigsi gyz jigsi we jorasy bar wagty lak atmaň, duşuşjak bolmaň.
8. Gyzyň başyny aýlamak: Ilki bilen ýaş ýigitlerimiz düşünjesini üýtgetmeli. Meselem; ''A gyz salam! E-e bujagaz zady!'', ''Agyz tanyş bolaýalla, telefonuňy beräýdä ýa-da 86* ** ** ** nomera aýlaýda'' diýip şu sözler bilen barsaňyz 100-de 90-y siz daş ýerlere ýollap bilerler, ýa-da gowy söze garaşmaň!
(Соблазные) Hiç haçan gyzy yrmaga çynlakaý (serýozna) çemeleşme! Sebäbi bu seniň utulyşyňy aňladýar.





Ertir.com arhiwinden göçüren @Jeksparro
9 лайков 3 343 просмотров
62комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
06 июн 2022, 23:42
Hiayress,
Yoo kabir temalara yylgyryp ,,munyalambir zat bormy"diyip tersine gurleme hasyetim barda.
My life
06 июн 2022, 23:42
Dowsypat.,
Guldurdiñiz))
Hiayress
06 июн 2022, 23:42
Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Dowsypat
06 июн 2022, 23:43
@XYIVENIA,Mashyn ozunkimi?
XYIVENIA
06 июн 2022, 23:44
Hiayress
Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

brawo
Ahally
Автор 06 июн 2022, 23:44
Hiayress,
Aý sagja bol-a!
XYIVENIA
06 июн 2022, 23:45
Dowsypat.
@XYIVENIA,Mashyn ozunkimi?

Klasdaş oglanymyñ maşyny :) näme boldy?
Ahally
Автор 06 июн 2022, 23:46
Hemedany,
Dogry aydyañ. Hasapsyz zat ýokdyr diýýäler.
Dowsypat
06 июн 2022, 23:47
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.

Pishigime gerek sozler.
XYIVENIA
06 июн 2022, 23:48
Dowsypat.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.

Pishigime gerek sozler.

Süýkenip otyrýarmy pişigiñiz?
Dowsypat
06 июн 2022, 23:49
XYIVENIA,Mashynlara gyzygyan.Onat mashyn eken.
Dowsypat
06 июн 2022, 23:53
XYIVENIA,onune nahar alan wagty suykenyar.2 dogramca et tashlayan.Pishik adamdan akylly bolyar.Biz bolanda kellamiz ishleman sycan kowalap gezerdik.
Dowsypat
06 июн 2022, 23:53
My life,degiship-gulushmani halayanyz oydyan?!
XYIVENIA
06 июн 2022, 23:55
Dowsypat.
XYIVENIA,onune nahar alan wagty suykenyar.2 dogramca et tashlayan.Pishik adamdan akylly bolyar.Biz bolanda kellamiz ishleman sycan kowalap gezerdik.

Meñ pişigim otyrsam bolany derrew üstüme çykýar ;D
Dowsypat
06 июн 2022, 23:57
Pishik jynymy atlandyrya.Oydakiler gowy diyip saklayarlar.
My life
06 июн 2022, 23:59
Dowsypat.,
Bolup biler, kate gaygyny gulki bilen basmaly wagtyñ kop bolya.
Mümkin
07 июн 2022, 00:06
"Gyz bilen konferensiýada nädip gepleşmeli?" diýibem mowzuk açaýyñ. :))
Mümkin
07 июн 2022, 00:12
Hemedany,
Şu saýtdakylara gerek şol mowzuk :))
s.n
07 июн 2022, 00:14
Hiayress,
hehehe
Öwreniji
07 июн 2022, 00:24
Bä öwrenäýmeli ekeni, menem nomerimi goýaýyn jaň ediň, men örän ýygra gyz bilen gürleşip bilemok, häzirem, gelnimiň özi söz gatýa, men bolsa çekinip ýörşüm ?
XYIVENIA
07 июн 2022, 00:28
Remezan
Bä öwrenäýmeli ekeni, menem nomerimi goýaýyn jaň ediň, men örän ýygra gyz bilen gürleşip bilemok, häzirem, gelnimiň özi söz gatýa, men bolsa çekinip ýörşüm ?

?????
Massimus
07 июн 2022, 00:39
Gowy maslahatlar, wah 18 ýaşyňa täzeden gaýdyp bolsa, bir günlügem bolsa, bir sagatlygam bolsa, bir minutlygam bolsa, wiý zeýrenmeli däl diýipdow gyzlaň ýanynda...
Massimus
07 июн 2022, 00:50
Özüňe her näçe diýseňde jahyl,
Garrapsyň, garrapsyň, garrapsyň şahyr. goja
K.Gurbannepesow.
Massimus
07 июн 2022, 00:59
Hemedany,
Kerim agaň hemme goşgulary ajaýyp, sadadan düşnükli, şuň ýaly ýazasym gelýär, ýöne galamymam, ýüregimem, beýnimem, durmuşymam, duýgulamam has ejiz gelýär.
Massimus
07 июн 2022, 01:06
Hemedany,
Güýjümiň ýeteninden ýazjak bolýan, ýöne ýazanlamdan göwnüm suw içenok
Mümkin
07 июн 2022, 08:02
Hemedany Hemedany off № 61 Şu gün, 00:40
Massimus,
Menä özimi 20 ýaşly oglanjyk duýýan :)

Siziñ ýaşyñyzdakylar üçin bu uly başarnyk :))
Merdan
07 июн 2022, 08:51
Tüweleme! Geljekki ýaşlarymyza iň gowy maslahat bolaýypdyr bu ýazgylar :)
Ogulşirin Bayramowa
07 июн 2022, 09:10
(ýaşasyn hapajyk),

???
gum
07 июн 2022, 16:56
Bolsuñ yaly samsygrak bolmaly,akylly gorinjek bolmaly dal gyz ucin,
I 1nji swidanyada gyzy hokman ogshajak bolmaly (eger ogşatmasa gyz ya ha govy gyz yada cenden aşa kop bilya,ozine govy gyz diydirjek bolya.)
Perizat_25
10 июн 2022, 23:40
aý maňada etýän baa öňňňň okuwdakam 7, klas bir parallel oglan yzyma düşdi innem meň jorama jaň etip goyanok dogry şon ýaly oglanlar gyzlaryň agzynda gep bolmakdan başg zada ýaranoklar