Geliň tanyşalyň?! Jentelmen Dark Wolf bilen...

Salam hormatlylar. Meşhur saýtymyzyň has aktiw, gyzykly agzalary bilen yzygider tanyşdyrýan "Geliň tanyşalyň" wirtual gepleşigi ýene Siziň agzybir ojagyňyzyň myhmany. Bu gün saýtymyzyň hormatly, medeniýetli agzalarynyň biri Dark Wolf bilen täsirli söhbetdeşlik gurnamaga synanyşarys. Bu wirtual tanyşlygy "Massimus production" "gyz bolsaňam kyn, her güni söýgüliňden öýkelär ýaly bir bahana tapmaly" diýýän näzik gyzlara maslahat beriş merkezi geçirer. Düzgünlerimiz öňki-öňkülik. Siz Islemeýän soraglaryňyzy jogaplaman bilýäňiz. Taýynmy? Başladyk onda...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz...
3. Saýtdaky iň ýakyn dostuňyz?
4. Gyzlardaky haýsy häsiýetleri has halaýarsyňyz?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Durmuşdaky şygaryňyz näme?
7. Söýgi beýikmi ýa-da dostluk, Näme üçin?
8. Siz "döwrebaplyk" diýende nämä düşünýärsiňiz?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Durmuşyňyzda bolan ýatda galyjy wakalardan birini gürrüň beräýiň.
11. Bir gyzy söýýärsiňiz, oňa öýlenmekçi bolduňyz. Ejeňize bu gyz ýaramady. Siz bolsa ol gyzsyz ýaşap bilmeýäňiz. Saýta girip blog açdyňyz, kömek ediň şeýle-şeýle problemalarym bar diýip, gördüňiz, bularyňam Sizden gowulygy ýok. Garaz, netijeli maslahat alyp bilmediňiz. Geljegiňiz barada ymykly oýlanyp bir netije çykarmaly. Bir tarapda käbäň, beýleki tarapda-da ömürlük söýgiň, nähili hereket ederdiňiz?
12. Saýty ösdürmek, hasam kämilleşdirmek barada Dark Wolfuň nähili teklipleri bar?
13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
8 лайков 703 просмотров
53комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
08 июл 2022, 13:30
jogabyny aydyancha her gezek gatnashyan agza shu sorag mendena : indiki yyl gawun garpyz bolanok, nadip?
Suleyman
08 июл 2022, 14:25
11. Bir gyzy söýýärsiňiz, oňa öýlenmekçi bolduňyz. Ejeňize bu gyz ýaramady. Siz bolsa ol gyzsyz ýaşap bilmeýäňiz. Saýta girip blog açdyňyz, kömek ediň şeýle-şeýle problemalarym bar diýip, gördüňiz, bularyňam Sizden gowulygy ýok. Garaz, netijeli maslahat alyp bilmediňiz. Geljegiňiz barada ymykly oýlanyp bir netije çykarmaly. Bir tarapda käbäň, beýleki tarapda-da ömürlük söýgiň, nähili hereket ederdiňiz?

Şu saýtda ýekeje gezek bir mowzugyň içinde teswir ýazyp WPN sorap gördüm. Başga ýerde kömek soranym ýadyma düşenok. Beýle meselelerde aslada soramaryn.
Ejemiň şol gyzy näme üçin "islemeýänliginiň" sebäplerini öwrenerin. Gyz, ejeme däl-de maňa ýaramaly. Ejeme ýarajak gyzy meň özüm gowy bilýän. Ejeme onuň gelip çykyşy, maşgala ýagdaýlary birahat edýän bolsa, aňryujy düşündirmäne çalyşarys. Gerek bolsa ikisini duýdansyz bir ýerde duşuşdyraryn. Ýüzbe-ýüz goýup, aralarynda oturyp, näme meseläňiz bae bolsa şu ýerde çözeliň diýerin.
Ana, ondan soňam bolsa, Allaň takdyrydyr. Gyza "bagtly bol" diýäýmek galýa.
Suleyman
08 июл 2022, 14:25
Soho
jogabyny aydyancha her gezek gatnashyan agza shu sorag mendena : indiki yyl gawun garpyz bolanok, nadip?

Aý, bilmedimaý druk
senagul
08 июл 2022, 14:34
Soho,
Bar garpyz gawun cigitleri ayazbaba alyp gidyamish ?
Suleyman
08 июл 2022, 14:36
I12. Saýty ösdürmek, hasam kämilleşdirmek barada Dark Wolfuň nähili teklipleri bar?

Hiç döwürde-de hemmä deň göz b.n bakýan, adalatly admin ýa-da moderator bolmandy. Sebäbi ol kyn iş.
Saýtyň meşhurlygy agzalara bagly, agzalaryň özüni alyp barşy adminstratora bagly.

13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun.

Sagbol halypa. Alla ýaryňyz.
Suleyman
08 июл 2022, 14:52
Gulinur
1. Yylynyz?
2. Saytdaky lere aytjak zadynyz?
3. @Ahmedik_97-a garaysynyz?
4. TOHU name?
5. Elinde mikrifon ataistlar seni dinleyar. Name dierdiniz?


Aý, bu soraglaň gaty ýöntemlaý.
TOHU - bu

Türkmen
Oba
Hojalyk
Uniwersiteti
Ladybug
08 июл 2022, 15:07
Yatlamanyzy okap menem gozonume okan dowrum,bir adam gozonume geldi. Gorup otyrsam gurruni gidyan okuw jayam men pikirimdaki eken
Nurmuhammet
08 июл 2022, 15:45
Soho,
jogabyny aydyancha her gezek gatnashyan agza shu sorag mendena : indiki yyl gawun garpyz bolanok, nadip?



Sebäbi gawun nädip garpyza öwrülsin..
Garpyzam gawuna öwrülip bilenok.
Şonuň üçin gawun garpyzyň ýerinde bolup bilmeýär.
ajy
08 июл 2022, 16:56
Dark_Wolf,
Men hakymda garaýyşyñyz nähili agam, elmydama şony bilmek islãrdim... cilimkesh
Suleyman
08 июл 2022, 17:03
garaburc
Dark_Wolf,
Men hakymda garaýyşyñyz nähili agam, elmydama şony bilmek islãrdim... cilimkesh


Başda men saňa oglandyr öýdýärdim. Profiliňe surat goýup başlansoň bildim gyzlygyňy.
Başga üýtgeşik garaýşym ýok. Hemmeler ýaly şu ýeriň adaty bir akyllyja agzasy.
Soho
08 июл 2022, 17:11
nurmuhammet,
dogry :)
ajy
08 июл 2022, 17:48
Dark_Wolf,
Men dostluk.ru-daky @ýyldyz agza
Ogulşirin Bayramowa
08 июл 2022, 17:57
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.
Gowumy ýagdaýlaryňyz? )
Suleyman
08 июл 2022, 18:11
garaburc
Dark_Wolf,
Men dostluk.ru-daky @ýyldyz agza


Ana, indi tanadym.
Suleyman
08 июл 2022, 18:12
Ogulşirin_Bayramowa
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.
Gowumy ýagdaýlaryňyz? )


Gowy şükür.
Aksary
08 июл 2022, 18:15
Dark_Wolf,
Ünsüñizi pikirleriñize taladyp gördüñizmi ? :)
Suleyman
08 июл 2022, 18:36
Aksary
Dark_Wolf,
Ünsüñizi pikirleriñize taladyp gördüñizmi ? :)


Hawa, günälem talaýar.
ajy
08 июл 2022, 18:47
Dark_Wolf,
Haçan öýlenjek?)
Suleyman
08 июл 2022, 20:38
garaburc
Dark_Wolf,
Haçan öýlenjek?)


Nesip bolsa, ugrunda
Yusup
08 июл 2022, 21:44
Sen choganlydaky multik dalmi?
Suleyman
08 июл 2022, 21:50
Anil Kapur
Sen choganlydaky multik dalmi?


Ýok
ajy
08 июл 2022, 23:44
Dark_Wolf,
Ozal senden kitap sorapdym.
Şuwagt iñ gowy kitao şu diyp maslahat berip biljek kitabyñ barmy?
Suleyman
09 июл 2022, 08:24
@garaburç,
Kurany Kerim