Gyzlar has zehinlimi ýa-da oglanlar?

Salam jankeýtalar! Azajyk warsakyjyk otaraýalyñ.Bu günki gozgajak temam mowzugyñ adynda aýdýandyr.
Mekdep döwrümde bir mugallymym alymlaryñ köpüsiniñ erkek kişilerdigini göz öñünde tutup,"Oglanlar has zehinli" diýerdi.
Menem oña jogap hökmünde synplardaky "otliçnikleriñ" esasy böleginiñ gyzlardan durýandygyny ýatladypdym.
Eýse siziñçe gyzlar has zehinlimi oglanlar? Ýa belli bir netijä gelmek dogry dälmi?
Hany onda gitdik.
7 лайков 1 291 просмотров
166комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
17 июл 2022, 11:16
BES EDIÑ!!!
Apples
17 июл 2022, 12:09
Akyldarlaryn alymlaryn filosoflaryn sahyrlaryn yazyjylaryn kopsi erkek. Son un erkek bolaymasa
Asiye Eren
17 июл 2022, 12:11
Elbetde gyzlar has zehinli!
Serdar
17 июл 2022, 12:11
Цитата: AsDoR_08
Elbetde gyzlar has zehinli!

Näme üçin?
Belki
17 июл 2022, 12:21
Seri,bir synp göz öñüñe getir.Otliçniklerini kelläñde aýyl-saýyl et.Näçesi gyz,näçesi oglan?
Hiayress
17 июл 2022, 12:21
Seri,
Özüniň gyz bolany üçin. ))
Hiayress
17 июл 2022, 12:22
Belki,
Olar ýaly baha berjek bolsaň taryhy göz öňüňe getir, otliçnikleriň näçesi gyz, näçesi oglan?!
Hiayress
17 июл 2022, 12:23
Ýa-da tersine häzirki günümizi göz öňüňe getir, dünýäni dolandyrýan atly-abraýly adamlaryň näçesi gyz, näçesi oglan?!
Hiayress
17 июл 2022, 12:24
Bolmasa ýurdumyzy göz öňüňe getir, ministrleriň näçesi oglan, näçesi gyz?! Iň bolman Gültäç mugallymyň daýysyda oglan, özem ministr. :)
Belki
17 июл 2022, 12:26
Senem onda Gültäç mollumy göz öñüñe getir.Özi ýüz ministre taý dälmi? :)
#B.S
17 июл 2022, 12:30
Otliçnikleri sanamaly bolsa, tääk oglanlar köpdi Lellim Atamyrat, Šatlyk köne, Serdar gara gyzlardan birjejigi bady iņ yzda oturýan ady ýadyma düşenokda... ;)))
Hiayress
17 июл 2022, 12:31
Belki,
Ýüz ministre taý bolsa-da özä häkim boljak diýýä. Onam ilki durmuşa çykyp soňra. Ýene adamsyndan (oglan) hantamadyr, häkim bolmana goltgy berer diýip. :D
Hiayress
17 июл 2022, 12:35
Men klassymyzyň otliçnigidim, ýöne hiç kime aýtman, bildirmän gezdim. Göz öňüňe getir onsoň klassda men ýaly hiç kime aýtman, bildirmän gezen näçe otliçnigi bolanyny. Ýöne oglanlar, Magtymguly atamyzyň: "Içgi syryň aýtma her bir namarda" diýişi ýaly, adamy gowy tanaman, mekdepde bolsa-da pylan diýemzokdykda. ))
Seýit
17 июл 2022, 12:37
Prezidentlerin 85%i erkek. Filosoflaryn pacti hemmesi erkek. Sokrat - Aristotel - Diogen - Epikur - Jon Loke. Taryhdaky in guycli liderlerinem pacti hemmesi erkek. Hannibal Barca - Aleksandr Makedonski - Gitler - Mao dzedun - Can kaysi - Sezar - Fatyh sultan Mehmet we s.m. In guycli alymlar erkek we solaryn oylap tapan zatlary bilen bilim osdi. Albert Eynsteyn - Nikola tesla - Graham bell - Isak Nyuton - Galileo Galiley - Nische yene birtopar alym. Suwagtky dunya derzawalary liderleri hem -Putin - Si Szinping - Bayden - Ardogan we s.m
Hiayress
17 июл 2022, 12:39
Gyzlar özlerini öwüp, lap uraýjak boldylar weli, o-da başa barmady öýdýän. :D
Hiayress
17 июл 2022, 12:41
Hany içiňizde, gyzlaryň oglanlara görä has zehinlidigini subut edip biläýjek, Harmandäli ýaly dogumly gyzlar ýokmy indi?! ))
Apples
17 июл 2022, 12:43
Her bir beyik erkegin arkasynda ayal bardyr diyen bolayyn gyzlar psih3
#B.S
17 июл 2022, 12:44
Hypatia astrolyobiyany oylap tapyp kopernik dadenizden on yerin gunin dashyndan aylanyandygny suvut edipdir ;)
#B.S
17 июл 2022, 12:45
Mariya Kyuride birzatlar edipdipir ;)
Hiayress
17 июл 2022, 12:46
Khanture,
Kapyröldürmeli gaýrat et, tanyş-bilişleriňi obadaşlaryňy sanama. ))
Apples
17 июл 2022, 12:47
Radio tolkun oylap tapypdyr. Onam adamsy bilen
#B.S
17 июл 2022, 12:47
Mashynyň aýnasyny ýuwýan enjamam bir zenan oýlap tapypdyr diýip okapdym. Ady yadymda däl. Şu ýatkeşligim gursyn ;)
#B.S
17 июл 2022, 12:49
Цитата: Hiayress
Khanture,
Kapyröldürmeli gaýrat et, tanyş-bilişleriňi obadaşlaryňy sanama. ))

Menin tanysh bilishlerim dal olar dosovlan menin tanysh bilishlerim yer tekiz diyyan tentek konspirologlar ;) Eric Dubay, David Icke, Dogukan Ozkan, Deniz Kaya ;))) ine shular men tanyshlarym ;)
Belki
17 июл 2022, 12:50
Hiayress,paşyrdan bolmañ näme-aý? :))
1.Men saña aýtdym.Adaty okuwçylardan gideliñ diýdim.Siz adatdan daşary zehinlilere geçip ugradyñyz.Syýasylara,şahyrlara geçip ugradyñyz.Syýasata ukuplylyk we döredijilik bilen meşgullanmak çendanaşa zehiniñ görkezijisi dälmikä diýýän.
2.Taryhyñ islendik döwründe öý hojalyk,çaga seretmek ýaly işler zenanyñ ûstüne ýykyldy.Äre hyzmat diýdi,gaýna hyzmat diýdi,ýene gör diýdi,biş-düş,içeriñ arassalygy oñ gapdalyndanam çaga seretmeli.Onsoñ zenan görgüli şo zatlaryñ arasynda nädip alym çykmaga wagt tapsyn?!
Hiayress
17 июл 2022, 12:50
Daže saýtyň niknamelerine seretseňem oglanlaryň akyllydygy göz görtele görnüp durandyr. Oglanlar: Pegas, Hantöre, Hiayress... gyzlar bolsa: eýjejik, balajyk, ýeketäk, owadanja, näzenin, barbie we şuňa meňzeş pylan-pysmydanlardyr. :)
#B.S
17 июл 2022, 12:50
Цитата: Kind_boy
Radio tolkun oylap tapypdyr. Onam adamsy bilen

Goysanay dosovlan ovlanlaryn zehinsizdigni suvut edyan hazir. Radiýoaktiw elementleri owrenipdirler diy ;)
#B.S
17 июл 2022, 12:52
Цитата: Hiayress
Daže saýtyň niknamelerine seretseňem oglanlaryň akyllydygy göz görtele görnüp durandyr. Oglanlar: Pegas, Hantöre, Hiayress... gyzlar bolsa: eýjejik, balajyk, ýeketäk, owadanja, näzenin, barbie we şuňa meňzeş pylan-pysmydanlardyr. :)

Nirvana, Mümkin, Rigel bara gyzlardada ine ;)
Apples
17 июл 2022, 12:53
Цитата: Khanture
Цитата: Kind_boy
Radio tolkun oylap tapypdyr. Onam adamsy bilen

Goysanay dosovlan ovlanlaryn zehinsizdigni suvut edyan hazir. Radiýoaktiw elementleri owrenipdirler diy ;)

Toshno
#B.S
17 июл 2022, 12:54
Kind_boy,
Tochno
Hiayress
17 июл 2022, 12:56
Eý diýsem, ertir baryňyz nikleriňizi täzeläp geläýmäň. :D