Teklip

"Şahyr" öndürýän zawodyñ işini bir-iki ýyllygyna togtatmagyny teklip edýärin.

Goldaýanlar:
4 лайков 401 просмотров
38комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 25 фев 2023, 23:31
Retro, seniñ adam masgaralap, paýyş sögünýän mowzuklaryñ ýaly awtoritet galdyryjy mowzuklar açyp bilemok gynansamam ))
Retro
Retro
26 фев 2023, 00:40
Belki,
Mende awtoritet ýoga janawer
Yusup
26 фев 2023, 06:26
Belki,

Edebiyata girip bilmeseler onda shahyr diyme olara. Ozleri ozune men shahyr diyenoklar
Belki
Автор 26 фев 2023, 11:20
Hiç kimem edebiýat kitaplaryna dirikä girenok. Dagam,özleri özüne şahyr diýmez-ä. Okyjy baha berer-dä.
Yusup
26 фев 2023, 12:13
Belki,

Sho sananlaryn olayendede girip bilmez. Dirika goshgularyny okamadyk halk olensonam okar oydemok
Pegas
26 фев 2023, 15:31
Seksopotolog..........
Belki,

Sho sananlaryn olayendede girip bilmez. Dirika goshgularyny okamadyk halk olensonam okar oydemok

Halk diýeniň "толпа". Poeziýa tolpa üçin däl. Goşgy — şahyryň ruhy terjimehaly. Bolmanam, her kimiň bir tagam duýşy bar. Her okyjy öz urowenindäki şahyry söýýär, şonuň goşgularyny okaýar. Sen Kerim Gurbannepesi okaýaňmy, diýmek, aňyň şoňa düşünýär, şony kabul edýär. Mysal üçin men Nobatguly Rejebow diýilýän şahyry Magtymgulydan soňky dörän iň güýçli türkmen şahyry hasaplaýan. Meniň bilen pikirdeşlerem juda kä-ä-än. Häzir sorasaň, köp adam, özem juda köp adam Nobatgulyň adyny hem eşidip gören däldir. Hemem döwrüň, okyjynyň sowatlylyk derejesiniň täsiri hem 99% rol oýnaýar. Seniň söýýän diýýän Kerim Gurbannepesiň döredijiliginden maňa Seýitmyradyň, Kakamyradyň, Laçyn Pürjäň döredijiligi has agramly. Bu-da, ýene bir gezek nygtaýan, tagam duýşumdan. Iwan daýylaň aýdyşy ýaly: "О вкусах не спорят"
Belki
Автор 26 фев 2023, 17:01
Şahruh, "Halk" diýip, diñe öz wkusyñyzy göz öñünde tutup aýdýañyz. Ol şahyrlary siziñ okamaýanlygyñyz beýlekileriñem okamaýanlygyny añlatmaýar. Galyberse-de intellektual sowada bagly bu.
Öwreniji
26 фев 2023, 17:17
Menem bir zat aýtjak boldum. Bu ýerde Edebiýata siñen şahyrlarymyzy ýatlasak gaty kän, ýöne halka tanalan şahyrlardan agzaýañyz sebäbi, siz eşidip tanaýañyz okap däl. Okasañ has ýiti şahyrlar, ýazyjylar kän. Öñem bir iki gezek aýdypdym. Obada tamadalardan biri öz goşgym diýip okaýady. Haçanda men Nobatguly Rejebowyñ kitaplaryny okap başlanymda şol tamada aýtsam, boýnuna aldy. Ýagny halk tv radiolarda diñläp tanaýar. Okamany üçin Tamadanyñ goşgusyny şoñky dp kabul edip ýörler. Halk köpçüligine reklama edip bilseñ halk seni şahyr diýip kabul eder. Emma poeziýadaky ornuñ ýöne bir Şahyr(jyk) bolup galarsyñ.