Erkekde ýürek barmyka?

Erkeklerde ýürek ýok. Olar duýgy bilen oýun edip, özlerine ynandyryp, soňra-da baryny püçege çykarýarlar. Bu zatlary durmuşda göre-göre gelýäris. Häzire çenli ynam edere ýekeje erkege-de gabat gelmedim. Diňe mende däl, daş-töwerekdäkilerde hem şeýle. Olaryň bary bolgusyz… Erkek ÝOK!..

Şeýleräk pikirdäki garagöz zenanlarymyza az duşan dälsiňiz.

Adam aňynyň işleýşiniň şeýle bir aýratynlygy bar, oňa sinhronirleme (gabat getirmek, deňleşdirmek) diýilýär.

Meselem, arada maňa üsgülewik degdi. Nirä barsam, nirä seretsem üsgürýän adam bolup dur. Ýa-da ine, 1-2 ýyllykda bir dostum Pajero maşyn alyndy. Ondan biraz wagt geçensoň onuň maňa "Niýaz, soňky döwür şäherde jip maşyn gaty köpelipdir-aý, hasam Pajero maşyn köp" diýeni ýadymda.

Ýöne (!) bu ýerde bir üns bermeli zat bar. Ýagny, biz ol gabat getirmeleri öz aňymyzda, bolup geçen wakalaryň esasynda düzýäris. Günde müňlerçe gabat gelme bolup geçýär, ýöne biziň olara üns bermeýändigimiz üçin, olar göze ilmeýär. Üsgürýänler hemişe-de bardy. Şäherimizde bolsa jip maşynlaryň hem, beýleki gowy maşynlaryň hem sany eýýäm esli wagt bäri KÖP.

Bu zenanlarymyzyň hem durmuşy bilen biraz içgin gyzyklansak, onda olaryň:
- maşgalasynda kakasynyň erbet adam bolandygyny, ejesine ezýet berendigini;
- ejesiniň kakasyny hiç hili sylamandygyny, ýer çeken, meýdi ýanan we ş.m. sözleri ulanandygyny;
- kakasynyň olary taşlap gidendigini ýa ata-enäniň çagalaryň kiçi wagty goşlaryny paýlaşandygyny..

we/ýa

- halaşan oglanynyň ondan ýüz öwürendigini;
- birine durmuşa çykyp, oňuşman, aýrylyşyp gaýdandygyny - görüp bilýäris.

Bu zenanlaryň başyndan nähili wakalar geçýändir öýdýärsiňiz?

Olar durmuşa çykyp baran oglanynynyň erbet taraplaryny görmeli, ony sylamaly däl ýa-da onuň bilen aýrylyşmaga psihiki taýýar bolmaly ýaly pikirde ýaşaýarlar.

Aýrylyşyp gaýtsalar hem, daş-töwerekde olaryň gözüne diňe aýrylyşan ýa aldanan zenanlar görünýär. Erkekleriň hemmesi-hä ALDAÝANdan, zenanlaryň hemmesi hem ALDANANdan.

Diýjek bolýanym, zenanlarymyzyň aldawçy, erbet erkekler bilen bir hatarda gowy erkekleriň hem BARdygyna, hemme maşgalalarda erkekleriň özlerini erbet alyp barmaýandyklaryna – ýagny, hemme erkegi bir aýakdan sürmeli däldigine göz ýetirmekleriniň özlerini hakykatdan GOWY GÖRÜP bilmekleri we BAGTLY bolmaklary üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.

Niýaz ORAZDURDYÝEW
2016y.
9 лайков 582 просмотров
82комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
22 дек 2021, 14:41
Nairobi,
Ýene ýük saňa syrygaýýamy))
Teswirlerňiz şahsylaşýa, giňräk boluň ýaşlar. Siziň ýokarda agzan gyzlarňyz ýa oglanlarňyz hemme ýurtdada bar. Janyňy ýakyp sögüneňde düzelenok döwre görä ösýäler, eger tehnologiýadan mahrum etseň olam çagaň gözüni oýan ýaly bolýa edep, terbiýe, akyl, dogry ýol görkezmek zandyna guýmak ene-ata bagly. Şükür biziň ýurdumyz gowurakdyr diýip pikir etýän.
Ýury
22 дек 2021, 14:45
Meni gyzyklandyrýada şol imenna....
Eziz,
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 14:51
Bayker,
şony ayt şular bilen eňekleşip yadayan gunde men erbet mugallym
Ezizz
22 дек 2021, 14:51
Цитата: geçip barýaka sowlan
Meni gyzyklandyrýada şol imenna....
Eziz,

Duynki gurjaklardanmy sen
Mountain
22 дек 2021, 14:52
Ulolman geçdiñizaý
Nury
22 дек 2021, 17:07
Wehhh bulaň geplerinaý. Baryňyzy üýşürip bir jaýa salyp çaýlaşaýsak keks iýip ?

Ýokarda adam ýigrenmekde % goýlupdyr men gyzlary 96% halamokhow ))
Nury
22 дек 2021, 17:11
Şul tesbir ýazylýanyň aşagynda ,,Teswirlerine ýazyl" diýen ýazgy nämekänaý şol?
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 17:33
Tiko,
SEBÄP ?!
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 17:35
Eziz,
Nirden nirä geleniňi bir bilýäňmi ?! şu ýerde seň aýtýan zadyňa meňzeş mowzuk açyldymy ?!
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 17:35
Tiko,
gyzlar bolsa seň üstüňde ölüp barýa :>
Ezizz
22 дек 2021, 17:42
Цитата: Ejegyz
Eziz,
Nirden nirä geleniňi bir bilýäňmi ?! şu ýerde seň aýtýan zadyňa meňzeş mowzuk açyldymy ?!

Bilyan sen movzuguna geldim ha gelmayinmi
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 17:51
Eziz,
desant ol manyda aýdamok ! haýsy gürrüňden haýsy gürrüňe ýeteniňi bilýäňmi diýýän ?!
Ezizz
22 дек 2021, 17:53
Цитата: Ejegyz
Eziz,
desant ol manyda aýdamok ! haýsy gürrüňden haýsy gürrüňe ýeteniňi bilýäňmi diýýän ?!

Houva tôre gechip gitdim ôza izvinii ?
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 17:59
Eziz,
urya
Ezizz
22 дек 2021, 18:04
Цитата: Ejegyz
Eziz,
urya

suratcy
Ejegyz.
Автор 22 дек 2021, 18:41
Eziz,
shlyapa
DonMaxx
23 дек 2021, 01:58
oziniz norm bolan bolsanyz hemme erkege belet bolmazdynyz

©DONMAXX shahyr ))
Leyli Amanowa
23 дек 2021, 02:29
DonMaxx,
senden bir zat çykjak özä)
Ejegyz.
Автор 23 дек 2021, 06:44
DonMaxx,
Dogry ,

özümiz ?! hemmämizmi ?!
Wi-Fi_Yok,Mobilny
23 дек 2021, 07:51
Sizden
(Oglanlardan ya gyzlardan)
Ýaradan eýämiz, bir bendäniñ eden ýalñyşlygynyñ
(günaleriniñ ýa sogaplarynyñ)
sanowy soranok ÝARADAN EÝÄMIZ! Haýsyñyzda özüñizde terbie bardygyny bilseñiz, şol terbiýäni görkezjek bolup
(düşündirmeklik maksatda)
gahar üstünde ýene özüñiz hemä agzalara ýirgenji bolmagyñyz, hem-de biraz paýyş söz bilen ýene günäñiziñ artmagyna sewäp boljagyny iki tarabam oýlasa , pikirimçe ervet bolmazdy. Diýmekçi bolýan zadym biriniñ günäsini başga biri diýip şony jezalamagy biz adalatly çözüp bilmejegimizi suwt edildimikän diýýän
(şundan ýokaryny okap bilip bilersiñiz!)

Iki tarapam oñarmady, we muny indi ýekeje gudurat we Ýeketäk Alla çözjegini we günäni ýa sogaby bize bellemeklik berilmedigini bilen bolsak onda şu ýerde şu temany başarýan gudurat eýesine tabšyryp nokat goýaýaly?
Biz alaçsyz, biz gul we Allahyñ diýenlerinden çykmalyñ esasy herkim özüni oñaryp, erkedip başarsa belkide hazir, ýa-da geljekgi nesiller bizi (hemmämizi) gowulykda ýatlarlar !
Ejegyz.
Автор 23 дек 2021, 10:11
Wi-Fi_syz,
Aý bolýa-da
Ejegyz.
Автор 23 дек 2021, 10:12
Tema name hakda teswirler name hakda
Ejegyz.
Автор 23 дек 2021, 13:39
Açmaz bolayyn mowzugy
Alina
23 дек 2021, 23:22
Slam