Geliň tanyşalyň?! Jadygöý Granger bilen...

Günüňiz haýyrly bolsun, saýtymyzyň mestnylary we haçan Massimus mowzuk açarka diýip jyklap gidýänleri. Siziň bilen kiçiräk arakesmeden öňki iň soňky mowzuklarymyzdan birinde görşüp duranymyza begenýän. Bu gün saýtymyzyň atarmanlykda, çaparmanlykda, dilewarlykda, hilägärlikde, jadygöýlikde öňüne adam geçirmeýän, saýtymyzyň psihology, belli suratkeşi, kyn güne düşenleriň ýakyn maslahatçysy, şahsyny doly aýan edesi gelmesede, barybir akylly, düşünjeli, akýürekli zenan diýip tanaýanym, Garri Potteriň iň ýakyn dosty, hanym Germiona bilen tanyşarys. Söhbetdeşligi Siziň söýgili "Massimus production" ýüzüne çalan kraskasyndan bir kiçiräk komnaty arkaýyn remont edip bolýan, ýüzüne şpaklýowka çaljak bolup, onam oňaryp bilmän, ýüzüniň ýarys-a siňmän galan gatyga, galan ýerem Wedma meňzeýän gyzlara diňe duýgudaşlykdan başga hiç zat edip bilmejek jemgyýeti gurnar. Düzgünlerimiz şol öňki. Siz Islemeýän soraglaryňyzy jogapsyz goýmak hukugyna eýe!
Hany maestro, ýör Granger...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin şu niki saýladyňyz? (Diňe jadygöýligiňiz üçinmi?)
3. Psihilogiýadan başga ýene haýsy ugurlar bilen gyzyklanýaňyz?
4. Şahsy durmuşyňyz barada iki agyz...
5. Durmuşa çykdyňyz, adamyňyz Siz ýaly düşünjeli, söze çeper däl, köne düşünjeli (aýdaly, çopan, men ýaly), onuň dünýägaraýşyny ösdürmek islärmidiňiz ýa-da şoň düşünjesi bilen ýaşabererdiňizmi?
6. Okan kitaplaryňyzdaky haýsy gahrymana meňzemek isleýäňiz?
7. Eger geljekde rejissor bolup, surata aljak triller filmime baş gahrymanyň roluna çagyrsam, razy bolarmydyňyz?
8. Moda garaýşyňyz nähili? (Moda görä geýinýäňizmi ýa kada görä).
9. Ýene 5 ýyldan soň özüňizi nirede we nähili göz öňüne getirýäňiz?
10. Eger-de Gawai adalarynda dynç almak üçin 2 adamlyk bilet berilse (saýtyň hasabyndan), ýanyňyza-da saýtdan bir oglany alyp gitmeli diýilse (dost hökmünde) kimi saýlardyňyz?
11. Şu soragy köp agzadan soraýaryn. Biwepalygy bagyşlap bolýarmy? (Özüm-ä bolanok diýip hasap edýän, ýöne her kimiň özboluşly pikiri bolýar, ylaýtada psihologlaň).
12. Siziň üçin ýaşaýşyň manysy näme? (bu gün çeper dilde ýazaýyň).
13. Siz çagalykda "ulalsam şeýle bolaryn" diýip görmegi arzuwlan Granger-iňizi görýäňizmi?
14. "Dünýä gowy adamlaryň egninde dur" diýen jümle bar. Siz özüňizi şol gowularyň hatarynda görýäňizmi? (bu öwünmek däl açyk aýdyberiň).
15. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
16. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň mähriban agzalarynyň biri bolup galyň.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
9 лайков 672 просмотров
63комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
22 июн 2022, 23:51
Granger
Pegas
Granger
Pegas
Granger, цеееееелый Pegas durka...?

Ikimizem köp gepleýäs diýdim.?
A tak ýazjakdym. :))

Ýüregim syzdam-laý. Jaň etjegem boldum şu gün saňa sorap. Paranoik bolupsyň diýersiň öýdüp etmedim onsoň ?

Özüň köp gepleýäň. Men ýaly agras oglan az-azdyr)))

Öz-özüňden şübhelenip başlapsyň-da onda ?
Paranoik kemiň ýok ?
Şeý diý, şeý diý))

O zatlar hiç-laý! Özüň goçok bolýaň dämi?)))
Harmony
23 июн 2022, 00:12
Pegas
Granger
Pegas
Granger
Pegas
Granger, цеееееелый Pegas durka...?

Ikimizem köp gepleýäs diýdim.?
A tak ýazjakdym. :))

Ýüregim syzdam-laý. Jaň etjegem boldum şu gün saňa sorap. Paranoik bolupsyň diýersiň öýdüp etmedim onsoň ?

Özüň köp gepleýäň. Men ýaly agras oglan az-azdyr)))

Öz-özüňden şübhelenip başlapsyň-da onda ?
Paranoik kemiň ýok ?
Şeý diý, şeý diý))

O zatlar hiç-laý! Özüň goçok bolýaň dämi?)))

Howwa :))
Nazar
23 июн 2022, 00:54
Tananyma shat