Geliň tanyşalyň?! Stilnyý Mono Songz bilen...

Salam, hormatlylar! Bu gün saýtymyzyň hakykatdanam iň meşhur stilnije agzasy, Senýoritaň dugoşy (bu sözüň nämedigine düşünemok, dogrusy), şadyýan, pozitiwnyja hanym Mono Songz bilen "Massimus production" söýgüden ýananlara aglamak üçin ýörite gynançly aýdymlary tapyp berýän gözleg internet saýty gürrüňdeşlik gurnar.
Ýuwaşjadan ýöräliň, sesiňiz gowy eşidiler ýaly...
Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Saýta näme üçin şu nik bilen girdiňiz?
3. Göz öňüne getiriň, irden gözüňizi açsaňyz, Siz Amerikadaky bir myhmanhanada ýeke özüňiz ýatyrsyňyz, bu ýere nädip geleniňizi bileňizok, iňlisçede düşüneňizok, nähili hereket ederdiňiz?
4. Saýtdaky haýsy agzalar bilen realda duşuşmak isleýärsiňiz?
5. Dogryňyzy aýdyň, näçe nikiňiz bar?
6. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
7. Bir bakyşdaky söýgi ömürlik bolup bilermi?
8. Eger siziň söýen ýigidiňizde Siziň ýigrenýän häsiýetleriňiz bolsa näme ederdiňiz?
9. Şu wagta çenli alan iň ýatda galyjy sowgadyňyz?
10. 14-nji fewraly nähili geçirýärsiňiz?
11. Irden ukudan oýanyp aýna seredeniňizde, näme barada pikir edýärsiňiz? (Men-ä gorkup, ukymdan açylýan).
12. Her kimem boş wagtlary aýdyma hiňlenen bolýar. Eýsem Mono Songz haýsy aýdymlara hiňlenýärkä?
13. Iň uly arzuwyňyz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, durmuş ýoluňyzam rowan, aýdyň, şowlulyklardan doly bolsun!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
4 лайков 747 просмотров
121комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
29 июн 2022, 21:31
sᴛᴀᴛᴇ,
1. Men haýwanlara başgaça mährim bar. käwagt öýdede sygyrlarym, towuklarym, bilen gürleşip otyrýan gylygym bar)
3-4 klaskam gözümiň alnynda alabaý itimi atypdylar, gaty gynanypdym. Şondan soň öýde it saklap görmedik. Şol waka ýadymdan çykmaz :/