Muhammet Aly bilen aç-açan gürrüňdeşlik.
Amerikanyň iň jedelli şahsyýetleriniň biri boksçy Muhammet Aly 11-nji sentýabryň ertirinde musulman adamsy hökmünde ynançlary, şöhratly sport ýoly, Wýetnam urşuna garşylygy, Parkinson keseline garşy göreşi hem-de özi barada düşürilen Wil Smitiň baş rolda oýnan çeper filmi barada habarça gürrüň berýär.
Gürrüňdeşligiň geçiriljek güni eýýäm bellenilipdi. Muhammet Aly «Riders Daýjest» žurnalynyň habarçysy bilen 11-nji sentýabr güni ertir bilen öz öýünde, ýagny Miçigan ştatynyň Berrien Springz obasynda ýerleşen 35.6 gektarlyk fermasynda duşuşmalydy. Emma şol gün irden bütin dünýä başaşak öwrüldi. Aly gürrüňdeşligi geçirmekden boýun gaçyrmady, emma elhenç wakalar ýaýbaňlandygyça, otagda ümsümlik agalyk edýärdi. Ol uly telewizorda Bütindünýä söwda merkeziniň weýran bolşuny ümsümlik bilen synlaýardy. Soňra Aly gürläp başlady.
Muhammet Aly 17-nji ýanwarda 60 ýaşaýar. Parkinson keseli we gartaşan ýaşy sebäpli, ol indi örän haýal hereket edýär. Ýöne maňa ters düşünmäň: ol şol öňki Muhammet Alylygyna galýar. Hemme tarapdan hem. Ol häzir hem baptist aýala öýlenen belgi taýýarlaýan suratçynyň ogly, uly agramly boksçylaryň arasynda çempion, şahyr we gepe çeper, garaýagyzlaryň hukuklaryny goraýar, harby gulluga garşylyk görkezýär, haýyr nogsançy, kaka hem-de alty agtygyň atasy. Alynyň kabul eden borçlary we ynançlary häzir hem onuň aýrylmaz bölegi bolup galýar we onuň ýakynyndan olaryň ählisini has aydyň görüp we eşidip bolýar. Şeýle-de onuň mylaýymlygyny duýup bolýar.
Gürrüňimiziň arasynda onuň dokuz çagasynyň iň kiçisi, on ýaşly Asaad Aly gapydan bize jyklap seretdi. Tegelek ýüzli ýylgyryp duran oglanjyk ozüne üns çekjek bolup garaşyp durdy. Aly ýüzüni oňa tarap öwürdi, onuň ýüzüniň görnüşi üýtgemedi. Haýallyk bilen, hiç zat diýmän, ol ellerini iki tarapa uzatdy. Asaad kakasyna tarap ylgap, gujagyna girip, ony gujaklady, kakasy hem ogluny gujaklady.
Telewizorda Osama ben Ladeniň suratyny görkezip başlanlarynda, Aly üçin her dürli üýteşiklikler ýüze çykyp başlady. Durmuşynyň başynda Kassius Kleý ady göterip, 1964-nji ýylda yslam dinine geçýändigini yglan eden adam, birden-de dünýäde ähli musulmanlaryň arasynda ikinji tanalýan adama öwrüldi.
«Riders Daýjest» žurnalynyň işgäri Alynyň durmuşyna esaslanan täze çeper filmi ara alyp maslahatlaşmak üçin onuň öýüne gelipdi. 25-nji dekabrda kinoteatrlarda görkezilip başlanjak «Aly» atly filmde esasy roly Will Smit oýnaýar. Ol agramyny köpeldip, saçyny 60-njy ýyllardaky ýaly edip syrdyransoň, çempionyň çempion bolan ýyllaryndaky şekiline juda meňzedi. Gürrüň bu film hakynda, 11-nji sentýabryň wakalary hakynda, yslam dini hakynda we birtopar beýleki zatlar hakynda gitdi. Bu gürrüňdeşligiň beýle açyklygynyň sebäpleriniň biri ony geçirenleriň arasynda Goward Binghamyň bolmagydyr. Bu 62 ýaşly Los Anjelesli suratçy meşhur boksçy bilen 1962-nji ýylda tanyşdy. Eýýäm köp wagtyň dowamynda Bingham Alynyň ynamyna giren, onuň iň ýakyn adamlarynyň biri hasaplanylýar. Köp adamlardan tapawutlylykda, Bingham Alynyň ynamyndan ýekeje gezek hem hyýanatçylykly peýdalanmady, ol dostlukdan maddy ýa-da başga bir peýda görjek bolmady. Aly oňa pul tölemeýär, ol yslama hem eýermeýär. Bularyň ikisi dogan ýaly degişip, geçmişde galan wakalaryny bilelikde ýatlaýardylar. Bingham ýanynda bolany sebäpli, Aly özüni erkin alyp barýardy.
Bingham: Şu gün irden bolan çozuşlar barada seniň pikiriň nähili?
Aly: Onuň ýaly ganhorlugy hiç wagt aklap bolmaz. Oňa ynanar ýaly hem däl. Men hiç haçan bigünä adamlara, aýallara, çagalara şikes ýetirmegi goldamaryn. Yslam parahatçylyk dinidir. Ol terrorçylyga ýa-da adam öldürmeklige çagyrmaýar.
Bingham: Bu waka musulmanlary jogapkär hasaplaýarlar. Bu saňa nähili täsir edýär?
Aly: Adamlar bu weýrançylygy musulman adamsy etdi diýýärler. Bütin dünýä bu weýrançylygy yslam dinine eýerýän bir topar etdi diýýär, emma meniň muňa gaharym gelýär. Olar hakyky musulman däl ahyryn. Olar beýleki jynslary inkär edýän, özlerini musulman diýip atlandyrýan, emma müňlerçe adamlary öldürilmegine ýol berýän fanatikler ahyryn.
Bingham: Sen musulmançylygy kabul eden döwrüň bu din akýagyzlara garşy diýlip hasaplanylýardy. Indi bu düşünje üýtgedimi?
Aly: Hakyky yslam Mekkeden gelip çykýar. Ähli adamlar Hudaýyň adamlarydyr. Iblis akýagyz hem, garaýagyz hem bolup bilýär.
Bingham: Sen garaýagyz iblisleri tanaýarmyň?
Aly: Birtoparyny tanaýaryn.
Bingham: Amerikada musulman bolmak indi ýeňilräk boldumy?
Aly: Hawa. Men bu dini ilki kabul edenimde, adamlara musulmandygymy aydanymda, olar muny geň görerdiler. Indi ýagdaý beýle däl.
Bingham: Sen dürli dinler barada näme pikir edýärsiň?
Aly: Derýalar, köller, deňizler, akymlar. Bularyň atlary üýtgeşik, emma hemmesinde suw bar. Dinleriň hem atlary üýtgeşik, emma hemmesinde hakykat bar.
Bingham: Seniň üçin seniň ynanjyň näme aňladýar?
Aly: Meniň üçin ol jennede düşmek üçin bilet. Bir gün biziň hemmämiz öleris. Hudaý bize höküm eder, biziň ýagşy we ýaman işlerimize baha berer. Ýaman işleriň ýagşydan köpräk bolsa, sen dowzaha gidýärsiň, ýagşy işleriň köpräk bolsa, jennede düşersiň. Men hemişe höküm güni barada, dürli adamlara garaýşym barada pikir edip gezýärin. Adamlara rehimlik bilen kömek et, sebäbi şeýtseň, bu ýazylyp galýar.
Men oturylyşyklara gidenimde, owadan gyzlary görýärin. Men ýanym bilen kükürt çöpli gutyny alyp gidýärin. Gyzlary görüp. olara lak atasym gelýär, emma bu günädir. Şonda men kükürt çöpi ýakýaryn. Onuň ody barmagyma degip, erbet agyrdýar. Dowzahyň agyrysy mundan hem beter. Sen hem kükürt çöpli gutyny şeýdip, ýanyň bilen göter. Ýanyp duran çöpi barmaklaryň bilen näçe wagtlap saklaýanyňy gör. Dowzah şondan hem gyzgyn we ebedi dowam edýär.
Bingham: Sen hakda kino düşürdiler. Bu seni geň galdyrýarmy?
Aly: Ýok. Bu eýýäm men barada düşürilen üçünji kino bolmaly.
Bingham: Sen ýeňildim diýip ýören tutluşygyňy ýeňip görüpmidiň?
Aly: Ýok.
Bingham: Sen ine ýeňerin diýip ýören tutluşygyňda ýeňilip görüpmidiň?
Aly: Ýok.
Bingham: Birtopar adamlaryň aýdyşy ýaly, boksy gadagan etmelimi?
Aly: Olar boks gaty rehimsiz sport diýip, ony gadagan etjek bolýarlar. Amerikan futboly hem rehimsiz, göreş hem, motosport hem. Olaryň boks barada erbet pikir etmegi garaýagyzlaryň onda agalyk edyändigi sebäplidir.
Bingham: Sen indi öňküden hem has köp zat bilýärsiň. Yza gaýdyp, käbir zatlary üýtgederdiňmi?
Aly: Boksda men ähli zady edil öňküsi ýaly ederdim, hiç zady üýtgetmezdim.
Bingham: Harby gulluga garşylyk görkezermidiň?
Aly: Men munda hem şol öňküsi ýaly hereket etjegimi bilýärin.
Bingham: Sen çagalyk döwrüňden başlap, özüňe doly ynanyp, hemme kişä geljekde dünýäniň çempiony boljakdyňy aýdýardyň. Seniň bu ynamyň nireden gelip çykdy?
Aly: Ol meniň ýüregimdedi. Men özüme ynanýardym, şonuň üçin hem mende ynam bardy. Men muny nädip etmelidigini bilýärdim, mende tebigy zehin bardy we men ony ulanyp maksadyma eýerdim.
Bingham: Sen uly adam bolaňsoň, seniň durmuşyňa we häzirki ynançlaryňa kim täsir etdi?
Aly: Men boksa başlanymdan soň, Șuger Reý Robinson. Şeýle hem men Elaýja Muhammet atly adama buta çokunan ýaly çokunýardym. Onuň yslam baradaky taglymaty meni şeýle ynamly etdi.
Bingham: Seni haýsy adamlar ruhlandyrýardy? Seniň durmuşyňda tanşan adamlaryňdan iň ýatdan çykmajagy kim?
Aly: Malkolm Eks. Ol gaýratly zatlary aýdýardy, hiç zatdan gorkmaýardy. Ol garaýagyz adamlar barada, olaryň ýagdaýy barada we akýagyzlaryň olara garaýşy barada gowy çykyş edyärdi.
Bingham: Seniň aýalyň Lonni, Asaadyň ejesi... sen onuň bilen eyýäm uzak wagtlap ýaşaýarsyň. Hatda birinji üç aýalyň hiçisi bilen sen şeyle uzak ýaşaşmandyň. Ol seniň üçin näme aňladýar?
Aly: Hemme zat.
Bingham: Sen käbir adamlaryň habary ýaýratmak üçin saýlanýandygy barada aýdýardyň. Özüň hem Allanyň habaryny ýaýratmak üçin saýlandyň diýip aýdýardyň. Sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?
Aly: Mysal üçin, garaýagyz adamlar ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda özlerini «negr» diýip atlandyrýardy, häzir bolsa olar özlerine «afroamerikan» diýýärler. Emma bu Elaýja Muhammediň çykyşlaryndan soň başlandy. Garaýagyzlar Elaýjanyň ähli aýdan zatlaryny kabul etmedi, emma atroamerikanlar barada aýdanyny kabul etdiler. Hytaýlylaryň hytaý atlary bar, nemeslerde nemes atlar bar, Kubadan gelenlere kubalylar diýýärler, Hindistanlylara hindiler diýärler – hemmeleri öz ýurtlarynyň ady boýunça atlandyrýarlar. «Negr» atly ýurt bolsa ýok.
Men muny eşidenimde, bu meni haýran galdyrdy. Bizde hytaýlaryň öz atlary bar. Kastro diýseň, Kubaly ýada düşýär. Emma Waşingtonly Jouns, görseň, özüniň kimdigini bilýän hem däldir. Sebäbi oňa gullara dakylýan at berlipdir. Negrler Jorj Waşington diýen ady dakypdyrlar. Şeýlelikde, biz gullaryň atlaryny göterýäris. Muhammet Aly – bu musulman at.
Bingham: Muhammet Aly diýmek näme aňladýar?
Aly: «Muhammet» öwgä mynasyp diýmegi aňladýar, «Aly» bolsa iň beýik diýmekdir. «Kleý» palçyk ýa-da hapalyk diýmekdir. Men muny eşidenimde, bar zat düşnükli boldy. Bize agy gowy görüp, garany ýigrenmegi öwredýärler. Gara reňk garamaňlaýlygyňy aňladýar, sizi hiç ýere goşmaýardylar. Gara erbet diýmegi aňladýardy. Onsoňam garalamak diýen düşünje bar. Ýa-da perişdeler bilen bagly zatlary ak edip, iblise degişli zatlary gara edýärler. Bu zatlar barada pikir edip görüň. Ördek jüyjäň garasy owadan däl hasaplanylýar. Gara magiýa...
Gara reňkiň gowy hasaplanylýan ýerleri hem az däl. Işewürler gara eşik geýýärler. Çernika suwuny alalyň – miwesi näçe gara bolsa, suwy hem süýji bolýar. Minerallara baý toprak gara bolýar. Gara erbet reňk däl ahyryn. Iň beýik sportçylar garaýagyz bolupdyr. Amerikan futbolyň iň beýik oýunçylary garaýagyzdyr.
Bingham: Boksçylardan galany-da onda, hä?
Aly: Iň beýik boksçylar hem garaýagyzdyr.
Bingham: Sen Atlantada olimpiýa oduny ýakanyňda, näme pikir edýärdiň?
Aly: Geçmişde Wýetnam urşuny inkär edenim üçin, yslam dinine geçenim üçin, adamlar menden öýke-kine saklamandyrlar. Tugy galdyrmak üçin, ähli adamlaryň içinden olar meni saýladylar. Olimpiýa oduny ýakmagy olar maňa ynandylar. Bu gowy zat.
Bingham: Sportçylar adamlar üçin durmuşyň nusgasy bolmak üçin jogapkärmi?
Aly: Olaryň nusga bolmagy hökman däl, emma olar nusga bolup bilse gowy, sebäbi şonda çagalar olara seredip, olar ýaly bolmak isleýär. Durmuşyň bilen olara mysal görkezmek gowudyr.
Bingham: Adamlar seniň durmuşyňa nusga hökmünde seredýärlermi?
Aly: Adamlar maňa şeýle-hä diýýärdiler.
Bingham: Näme üçin?
Aly: Sebäbi men adamlara ýakymly, batyrgaý, ynamly, gaýratly!
Bingham: Bu dünýäde bir islendik zady amala aşyryp bolýan bolsa, sen näme ederdiň?
Aly: Rak kesele garşy bejergi tapardym.
Bingham: Seniň nähili keseliň bar?
Aly: Parkinson.
Bingham: Seniň Parkinson keseliň boks sebäpli emele geldi diýip pikir edýärmiň?
Aly: Parkinson keseli bolan adamlaryň ählisi boks bilen meşhullanmandyr. Janet Reno, Maýkl Foks dagylar hem tutluşýar, şeýle dälmi?
Bingham: Sen öz Parkinson keseliň barada «Bu näme üçin meniň bilen şeýle bolupdyr?» diýip oýlanýardyňmy?
Aly: Men hiç haçan hiç ýagdaýda «Bu näme üçin meniň bilen şeýle bolýar?» diyip soramaýaryn. Mende gowy zatlar örän kän, men şeýle bir ýalkandym. Hudaý bizi synap görýär. Käbir zatlar gowy. Kä zatlar erbet. Olaryň ählisi synagdyr.
Bingham: Sen barada nähili ýatlamalary galmagyny isleýärsiň?
Aly: Ol birnäçe käse söýgini, bir çaý çemçe sabyrlylyk, bir uly çemçe sahylyk, bir şakäse mähribanlyk alyp, olary garyp, her bir mynasyp adama paýlap çykdy.
1) Suratda: Muhammet Aly Soft-Laýk-Sitide geçirilen 2002-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Olimpiada Oduny ýakýar.
2) Suratda: Agyr agramdaky çempion Muhammet Aly gygyryp hem eli bilen yşarat edip, yeňilen garşydaşy Sonni Listonyň üstüne abanyp dur. Muhammet Aly bu ýeňişi 1965-nji ýylyň 25-nji maýynda çalasynlyk bilen Listony eňegine gönüläp urup ýykandan soň gazandy.
3) Suratda: Ozalky agyr agramdaky boksçy çempion Muhammet Aly San Pedro şäherinde (Kot-d'Iwuar Respublikasy) ýerleşýän Liberiýaly bosgunlar üçin niýetlenen ýetimler öýünde ýaşajyk gyzy ogşap dur. Aly we onuň ýoldaşlary bu ýere Sestra M. Sponsa Beltranyň kömek sorap ýazan hatyndan soň, hoşniýetli sapar bilen gelip, 400-den gowrak ýetimler üçin azyk, maýyplar üçin kolýaskalar we derman peşgeş berdi.
Ýazan: @state

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.