"Wando Metropolitandaky güller" ýa-da beýik söýgiň taryhy...
-"Men Size täze, zehinli ýyldyz tapdym. Özem Ispaniýada oýnaýar. Nesip bolsa indiki möwsümden ýene ýokary netijeler üçin göreşeris" diýdi klubyň prezidenti Hesus Hilýu.
-Ýok Ser, men eýýam öz ýyldyzymy tapdym, ol ine şu ýerde oýnaýar.
Tälimçi Radomir Antiç şeý diýdide ýanyndaky globusdan Gresiýany görkezdi.
Ol ýyldyz 29 ýaşly Milinko Pantiçdi. Ol indiki möwsümden Atletiko Madridiň düzümine gelip goşuldy. Howwa ol zehinlidi, klubyň täze taryhyny ýazýardy. Ýarym goragçy toparyň esasy jerime urgularyny ýerine ýetirýän futbolçysyna öwrülipdi. Derwezebanlar onuň burçdan depýän toplaryndan edil penaltiden gorkan ýaly gorkýardylar. Realam, Barselonada indi öňkileri ýaly arkaýyn däldi, çünki Atletikoň Pantiçi bardy. Janköýerler bolsa bu ýyldyzy başyna täç edýärdiler. Şol ýyl Atletiko Ispaniýanyň çempiony bolýar. Ispaniýanyň kubogynyň finalynda bolsa ol Barselonaň derwesine oýnuň ýeke-täk goluny ýollaýar.
1996-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda bolsa romantikleriň ýüregini titreden taryhy waka boldy. Atletikoň ýönekeý fanatkasy Margarita Luýengo söýgili toparynyň oýnuna janköýerlik etmek üçin çaýhanadan çykyp gelýärkä ol ýerde wazada duran güllere gözi düşýär. Ol çaýhanaň eýesine şeýle diýýär:
-Maňa şu gülleriňizden 4 sanysyny beriň nesip bolsa biz bu gün 4 gol urarys.
Çaýhanaň eýesi bu sözlere begenip ýaş gyza 4 sany gül berýär. Gyz ýüregi duýan eken. Şol gün Atletiko 4 gol urýar we gollaryň 2-sini Pantiç öz adyna ýazdyrýar. Margarita meýdanyň burçuna ýakyn ýerde oturýar we her gol urlanda gülleriň birini meýdançaň gyrasyndaky baýdagyň ýanyna zyňýar. Nobatdaky burç urgusyna taýýarlanýarka Pantiç baýdagyň ýanyndaky gülleri alyp zyňyp goýberýär. Şonda gyz bir hat ýazyp stadion işçisinden Pantiçe bermegini haýyş edýär. Onda şeýle sözler bardy:
-Ol gülleri harlamaň. Olar Siziň üçin ahyry...
Milinko Pantiç haty okap tolgunýar we stadion işçisinden şol gyzyň nomerini tapyp bermegini haýyş edýär. Ol 2 günden Margarita jaň edip ötünç soraýar. Indiki oýundan soň bolsa oňa futbolkasyny sowgat berýär. Şeýdibem beýik söýgiň taryhy başlanýar. Olar tanyşýarlar, duşuşýarlar we durmuş gurýarlar.
Hanym Luýengo bolsa indi 27 ýyl bäri stadiona gül goýmagy dowam edýär. Ol her oýuna 24 sany gül eltýär, 12 sany gyzyl, 12 sany ak gül, Atletikoň eşigine meňzeş. Oňa indi gülleri uzakdan zyňmak gerek däl. Ol Atletikoň öňki stadiony Wisente Kalderondada, täze stadiony Wando Metropolitandada hormatly myhman hökmünde oýunlary görmäge hemişelik bilet bilen üpjün edilen we şol ilkinji gezek stadiona gül zyňan oturgyjyndan oýunlary tomaşa edýär. Atletikoň oýunlaryny tomaşa edýärkiňiz burçda gülleri görseňiz geň görmäň, bu klubyň hormatly däbine öwrüldi. Hatda bir gezek Atletiko-Real oýunynda topy burçdan depmek üçin baran Roberto Karlos sowukganlylygyny ýitirip, gülleri depýär we janköýerleriň gaharly basymyna duş gelýär. Olar Karlosyň üstüne her hili zatlary zyňyp gülleri ýerinde goýmagyny talap edýärler. Roberto ötünç sorap gülleri ýerine goýansoň janköýerler köşeşýär. Eger söýgili komandaň bir däbi bolsa, ol däbiňi garşydaşlaryňam sylamaga mejbur bolsa, nähili tolgundyryjy.
Goý hanym Luýengoň ömri uzak bolsun we stadionyň burçundaky owadan güller, ýyllary ýeňen beýik söýgiň taryhy bolup, stadiona bezeg bolmagyny ýene uzak ýyllar dowam etsin...

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.