Bize sazlaşykly we bagtly ýaşamaga päsgel berýän endikler

Bize sazlaşykly we bagtly ýaşamaga päsgel berýän 30 endik:

1. Özüňe ýaramaýan zatlara çydamak;
2. Öz-özüň däl-de kimdir başga birine meňzäp, şol boljak bolmak;
3. Özüňe baha bermek ukybyňy ýok edýän adamlar bilen gatnaşyk saklamak;
4. Başgalaryň aýdýan zatlary barada oýlanmak;
5. Hemme zady öz gözegçiligiňde saklamaga çalyşmak;
6. Akymyň ugruna görä ýüzmek we özüňe iň pes garşylyk emele geljek ýoly saýlamak;
7. Öz pikirleriňi we nukdaýnazaryňy içiňden çykarman saklamak;
8. Bagty satyn almaga çytraşmak;
9. Ýalňyşmakdan gorkmak;
10. Özüň hakda pikir etmän, diňe başgalar hakda oýlanmak;
11. Hemmelere ýaranjak bolmak;
12. Ýakynlaryňy we ataň-eneňi ýatdan çykarmak;
13. Öz boş wagtyň hemmesini dört diwaryň arasynda geçirmek;
14. Elmydama howlugmak;
15. Öz-özüňi ýazgarmak;
16. “Men başaramok” diýmek we özüňi diňe şowsuzlyga taýýarlamak;
17. Özüňi başgalar bilen deňeşdirmek;
18. Diňe geçmişiňi seljerip, ökünip ýörmek;
19. Diňe geljegiň barada pikirlenip ýörmek;
20. Durmuşyňdan zeýrenmek we öz-özüňe nebsiň agyrmak;
21. Öýke-kinäňi özüňde saklap ýörmek;
22. Gerek däl zatlary satyn almak we saklap ýörmek;
23. Hemme zady özbaşdak etmäge çalyşmak;
24. Kämil bolmaga dyrjaşmak;
25. Jogapkärçiligi başgalaryň üstüne atmak;
26. Göriplik etmek;
27. Mydama gaşyňy çytyp ýörmek;
28. Hemmeler bilen basdaşlyk edip ýörmek;
29. Hemmeler üçin hemme zat bolmaga dyrjaşmak;
30. Gadyrbilmez bolmak.

Ine, şu endiklerden dynmasa, adamlaryň bagtly ýaşap we şahsyýet hökmünde ösüp bilmejekdigini käbir hünärmenler nygtaýarlar.

Çeşmesi: http://fit4brain.com/3795
3 лайков 117 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
07 ноя 2021, 19:52
10-21 aralyk mende 100%bolya
Ýury
07 ноя 2021, 22:29
Kimiñ okuwçysydygy bellidä....

Halypadan şägirde berekella...
My life
07 ноя 2021, 23:50
Gowy maglumat eken!