Hakerlar durmuşyňyzy zaýalap biler

Hakerlar, ýada kiber çozuşlar internet äleminiň aýrylmaz bir bölegi halyna gelendir.
Internet dillerini gowy bilen programistleriň haker çykma derejesi uludyr. Sebäbi haker bolmagyň esasy ýoly internet dillerini bilmekdir.
Internet äleminde näçe gülüşsegem, näçe peýdaly maslahatlar alsagam, elmydama beýle bolup duranok.
Facebook sosial mediýasynda bir çaganyň hasabyny ele geçiren hakerlar, onuň mugallymy ýaly bolup oňa bir adres berdiler we şo ýere gelmelidigini aýtdylar. Ýazanlaryň mugallymydygyna ynanan çaga ertesi gün şo ýere gidenden soň tapylmady.
Umuman ýene ýüzlerçe şular ýaly wakalar bolup dur ýöne biz bilemzok.
Internediň garaňky tarapy diýip tanalan Deep Web bölüminde agras bolmak wajyp zatdyr, sähel ýalňyş we ýeňil hereketler siziň janyňyz bilen baglanşykly meselä öwrülip biler.
DeepFake şekilli suratlary gören eýesi, bu zatlara çydaman öz janyna kast etmege çenli gidip bilýär.
Amerikanyň Koliforniýa ştatynda ýaşaýan bir gyz internetde paýlaşan suratlary ýeterli like we teswir almadygy üçin özüni öldürdi.
Diýmek daşdan bir basgy dälde kişi kiçijek zat üçinem öz janyndan geçip bilýär. Şo sebäpli internet oýunjak zat däldir.
Ýakynda dörän, internetde çaga satlyk wakalary hem ýöne "myşdan" ybarat däl bolup biler. Muny öň hem görüpdik, ýörite açylan dükänlaryň ýazgylarynda gizlin harplar gizlenen, ol harplar bilen bir link tapylanda çagalaryň satylýan sistemasyna ýetilýändigi görüldi.
Kişi diňe ol zatlar üçin dälde, bir surat ýada ses üçin hem özüni ýitirip biler. Internetde ýörite gara niýetli adamlar tarapyndan döredilen wideolar, 6-njy bölege degişli suratlar we sesler köp adamyň dälliremegine, özüni öldürmegine sebäp bolandyr. Şo sebäpli internet äleminde gezilende, agraslygy, hakyky wakany, dogry informasiýany bilmek gaty zerurdyr.
7 лайков 291 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
07 ноя 2021, 22:06
136 prosmotr yeke teswirem yok
My life
07 ноя 2021, 23:13
Durmushda herhili zatlar bolup dur. Alla gorasyn,pâli yamana dush etmesin diyaymesek, temadaky wakalar gorkuly eken.
Döwlet Şöhradow
08 ноя 2021, 01:49
Hekerlerin onady bar yamany bar...
Aýnur
08 ноя 2021, 08:05
Garasylyan teswire we like almanlygy sebapli diyyami?
Shahrukh khan
08 ноя 2021, 12:21
1 yyllyk hatda omurlik glawny stranissada durmaga layyk tema
Darknesss
08 ноя 2021, 16:38
Dark webin basgancaklary bar nace asak dusdugince erbet zatlar cykyp ugrayar ol yerde illegal zatlar gaty kop adam oldurtmek ucin adam tutmak eyle beyle zatlar bar red room diyen bir yeri bar ol yerde erbet niyetli adamlar pul toleyar puly alan adam bolsa adam tutup getirip ona jebir cekdiryar karoci erbet fantaziyalaryny edyalerda otayda :)
Darknesss
08 ноя 2021, 16:38
Onsonam ona ansatjak yerden girip bolanok bir zatlan usti bilen girilya