Ene dilim
Gözleglerim gözlerimi açanda,
Sen ýetişdiñ hyjuwlarym daşanda.
Megerem, sen adamzadyñ ýaşynda,
Her sözüñ añ eleginden eledigim,
Ene dilim.
Halkymyzyñ goşgy, gazal, dessany,
Seniñ bilen aşdym gaýgy-gussamy.
Göroglynyñ namasynda besläni,
Ýaragysyñ Pyragynyñ - ussadyñ,
Ene dilim.
Döwlet Senasy sen, Döwlet Kasamy,
Sen dilimiñ hoş sözlerden asaly,
Señ bilen geljege gadam basaly,
Geçmiş geljek, bakyýete deñedigim,
Ene dilim.
Sen öwreden dili eziz ejemiñ,
Her sözüñe tagzym edip geçeýin,
Hoş sözleri toýlaryñda seçeýin,
Ony senden gözleýärin ýene men,
Ene dilim.
Sen ýetişdiñ hyjuwlarym daşanda.
Megerem, sen adamzadyñ ýaşynda,
Her sözüñ añ eleginden eledigim,
Ene dilim.
Halkymyzyñ goşgy, gazal, dessany,
Seniñ bilen aşdym gaýgy-gussamy.
Göroglynyñ namasynda besläni,
Ýaragysyñ Pyragynyñ - ussadyñ,
Ene dilim.
Döwlet Senasy sen, Döwlet Kasamy,
Sen dilimiñ hoş sözlerden asaly,
Señ bilen geljege gadam basaly,
Geçmiş geljek, bakyýete deñedigim,
Ene dilim.
Sen öwreden dili eziz ejemiñ,
Her sözüñe tagzym edip geçeýin,
Hoş sözleri toýlaryñda seçeýin,
Ony senden gözleýärin ýene men,
Ene dilim.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.