Kitap okamakda sesiň täsiri...)

«Kitap okap bilemok», «Sapaklary özleşdirip bilemok», «Ünsümi jemläp bilemok» ýa-da «Ünsümi jemläp, kitap okap, sapaklary özleşdiräýenimde-de, hiç zady ýadymda saklap bilemok» diýýärsiňizmi?!

Onda size bir maslahatym bar:

«Öten agşam ir ýatan Ol adam irem oýandy. Özüni duýşy gaty geňdi. Ilki sereden ýeri penjiresi boldy. Dünýe bir ýerindemi? Penjireden dünýäniň diňe bir çetjagazy akjaryp görünýärdi» (Ylýas Amangeldiýew, «Jan ýylysy»).

Elbetde, size bermek isleýän maslahatym bu däl. Bu eserem örän gyzykly, ýöne meniň diýjek bolýanym – täze bir ukyp gazanmaly: göz öňüne getirmek ukybymyzy ösdürmek. Munuň üçin bolsa «sesli okamaly».

Ýönekeýje maslahat, emma peýdasy hem onuň sadalygynda. Köp kişi tarapyndan bilinse-de, belki-de okamagyň depginini haýalladýanlygy sebäpli, emma muňa kän bir üns berilmeýär. Näme üçindir her kim çalt okamagyň arzuwynda… Ilki haýal okamagy bir öwreneliň, soňra çalt okamaga-da gezek ýeter. Ýöne, ters düşünmäň, men çalt okamaga garşy däl, emma hemme zada birden ýetip bolmaýar ahyryn. Hemme wagt däl, günde 10-15 minut hem okasaňyz, «sesli okamak» bilen kän netije gazanarsyňyz, esasanam kitaba bolan höwesiňiz artar.

Barlap göreliňmi?!

«Elini owkalaşdyrdy. Maňlaýyndaky burçak-burçak derini syldy. Göwresindäki boşluk, aşgazanyň boşlugyndan başgarakdy. Durky boş. Eli döşüne bardy».

Sesli okap, öz okan zadymyzy eşitmek has-da gowy düşünmegimize kömek edýär. Maksadymyz eseriň içine girmek, hekaýany göz öňümizde janlandyrmak.

«Ýüreginiň urgusynyňam ýokdugyny syzanda, süňňi gowşap gitdi. «Bu näme, dirikäň ölmekmikä?» diýip dikeldi».

Dirikäň ölmek?! Bu näme diýildigi bolýar?! Ine, okap duran mahalyňyz, esere şular ýaly soraglar beriň, has dogrusy arasynda duruň-da, onuň bilen gürleşiň.

«Waterloo» uniwersitetiniň professory Kolin Makleod bu temanyň üstünde barlag geçiripdir. Ol öz barlagynda okuwçylary dört sany aýratyn topara bölüp, hersine okar ýaly kitap berýär. Birinji topar sessiz-üýnsüz, diňe gözleri bilen okapdyr. Ikinji topar eseri başga biriniň okamagynda diňläpdir. Üçünji topar ilki kitaby okanda, öz sesini telefona ýazdyryp, täzeden diňläpdirler. Dördünji toparyň okuwçylary bolsa kitaby daşyndan, gaty ses bilen okapdyr. Geçirilen barlaglara görä, öz okanyna iň gowy düşünen topar dördünji topar bolupdyr.

Professor Makleodyň aýdyşy ýaly, öwrenmek we ýadyňa salmak diňe işjeň gatnaşyk arkaly mümkindir, ýagny diňe gözümiziň, sesimiziň we gulagymyzyň gatnaşmagynda biz her bir zady ýadymyzdan aňsat çykmaz ýaly gowy öwrenip bileris.

Bu maslahat siziň üçin peýdaly bolar diýip umyt edýärin.
3 лайков 106 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Daýanç
22 ноя 2021, 18:33
Gerekli tema
Daýanç
22 ноя 2021, 18:34
Kabir wagt unsimi jemlap bilmeyan. Aydymjyklara yuz tutyan. Aydyn esdip okasam gowy yatda galya. Okan wagtym aydym esidilmese diymek so tema men polny girdim diymekdur
Aýnur
Автор 22 ноя 2021, 18:39
Цитата: VarTolu
Kabir wagt unsimi jemlap bilmeyan. Aydymjyklara yuz tutyan. Aydyn esdip okasam gowy yatda galya. Okan wagtym aydym esidilmese diymek so tema men polny girdim diymekdur

Beyle yagdaya hayran galyan kate. Ozumden uly dwayurny gyz doganymam biologiyadan olimpisi sol gyzam aydymsyz kitap okap bilmeyan diyse hayran galardym. Ozume dymyşlyk goh galmagal bolmadyk yerde okasam kellame girya
Daýanç
22 ноя 2021, 18:40
Mona Songz,
Menki tersine aydymsyz gun gecmeya. Uprawlyat etya kate notalar ??
Daýanç
22 ноя 2021, 18:43
Lalaallaalalaaaallaaa mectal teper mayo remix severskie..
Daýanç
22 ноя 2021, 18:44
AŞAP FERG Plain jane
Daýanç
22 ноя 2021, 18:45
Iz cernogo merina babkami poyawela
Daýanç
22 ноя 2021, 18:47
Muti bu neyin kafasi...
Daýanç
22 ноя 2021, 18:48
Masked wolf astronout
Daýanç
22 ноя 2021, 18:49
J.son karawann.
Daýanç
22 ноя 2021, 18:49
Zawanbeats dolya
Daýanç
22 ноя 2021, 18:49
Hopppp afr