bu it meniňki däl

Oglanjyk seýligähdäki uzyn oturgyçlaryň birinde buzgaýmak iýýär. Onuň aýaklaryna dolashyp,äpet köpek meýmiräp ýatyr. Ýashy durugshan biri ýaňkynyň ýanynda säginip sheýle diýär:
-Itiň ýarak däl gerek?
-Meň itimmi? Aý,ýok,meň itim ýarak däl!
Otegçi oglanjygyň ýanynda oturjak bolan badyna it hyňranyp,onun jalbaryndan hatladyp alýar.
-Ah-ow,sen ýap-ýany:"Meň itim ýarak däl !"diýmediňmi näme ?
-Meň itim,hakykatdanam, ýarak däl!
-O nähili ýarak däl? Jalbarymdan aslyshyp durany goreňokmy?
-Bu it bilen ishim ýok. Men öz itimiň gürrüňini edýän. Itim öýde. Ol, dogurdanam,ýaranok!
0 лайков 115 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.