Hut (Balyk)

Balyk (Hut 16.02 — 20.03) döredijilikli, duýgur ýyldyzdyr. Halaýan reňki аçyk mawydyr, şeýle-de balyklar deňiz tolkunynyň reňkine çalymdaş öwüşginleri hem halaýarlar. Söýgüli güli — Liliýa. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar akyllydyrlar, has takygy paýhaslydyrlar. Islendik sözi, islendik maglumaty tiz kabul edýärler, ýalňyş düşünýän halatlary hem gabat gelýär. Islendik jemgyýetde orun tapyp bilýän balyklar durmuşda ýüze çykýan kynçylyklardan hem baş alyp çykmagy başarýarlar. Balyklarda öňdengörüjilik ukyplary hem ösen, adamlar bilen dil tapyşýar, girişgen. Kynçylykly ýagdaýlardan aňsatlyk bilen baş alyp çykyp, özüniň haýryna işewür gatnaşyklary ýola goýýarlar.

Döredijilikli Balyklar köplenç suratkeşlik ýa-da sazandalyk bilen meşgullanýarlar. Ökde we tanymal sazandalaryň arasynda Balyk ýyldyzynyň astynda doglanlar köp gabat gelýär. Sebäbi olaryň inçe duýgulary bardyr.

Ýöne kähalatlarda ýaltaçylyk edýän wagtlary hem gabat gelýär. Balyklaryň arasynda mätäçlere ýardam, hemaýat berýänleri köp gabat gelýär. Gysgaça olar «garyplaryň we mätäçleriň goragçysy». Balyklaryň arasynda sport bilen meşgullanýanlary hem köp gabat gelýär. Sebäbi sportda möhüm bolan häsiýetleriň biri bolan tutanýerlilik balyklara mahsusdyr. Batyrgaýlyk bilen islendik täze işe aňsatlyk bilen girişýärler. Olaryň batyrgaýlygy awtomobil sporty bilen meşgullanmagy halaýan balyklara bu sportda diňe üstünlik getirýär.

Balyklar — psihologlar. Daş-töweregine täsiri hem güýçli. Müneçjimleriň aýtmagyna görä Balyklar örän «güýçli ýyldyz». Balyklaryň köplenç maddy ýagdaýy gowy bolýar, olaryň arasynda millionerler hem gabat gelýär, emma käbir balyklaryň deňligiň hatyrasyna köp barlygyndan el çekýän ýagdaýlary hem gabat gelýär.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Maksadyna okgunly we oýlanyşykly hereket edýän Balyklar, kähalatlarda düýbünden tersine hereketleri hem edýärler. Wagtynda öz kemçiliklerine düşünse, Balykdan üstünlikli adam ýokdur. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar islendik işi söýgi bilen ýerine ýetirýärler, şonuň üçin hem onuň eli degen islendik iş ajaýypdyr.

Söýgüde

Balyklar söýgä açykdyr. Olar ömründe iň bolmanda bir gezek söýginiň ajysyny çekerler we ol galan ömrüne ýara salar. Söýse, ýürekden söýýärler, emma bu ýyldyzyň astynda doglanlara söýgi gatnaşyklarynda aýratyn çemeleşme gerek, ýagny gatnaşyklary we onuň gidişini tizleşdirmeli däl, duýgulara, wagta orun bermeli. Wepalylykda olaryň ýyldyzlaryň arasynda iň wepalydygy barada öwünip bolmaz, emma çyndan söýen iki gumrynyň bütin ömrüne wepalylykda ýaşan durmuşlara gabat gelmek bolýar.

Diňe Balyk ilkinji söýgüsini bütin ömür söýüp biler. Şeýle-de Balyklar söýgi gatnaşyklaryny dowam etmek islemeseler, olardan umydy kesäýmeli. Eger-de balyklar akraplar we guzylar bilen durmuş gursalar bütin ömrüne bagtly durmuşda ýaşarlar. Balyklaryň Ekizekler we Seretanlar bilen gatnaşyklarynda «hem söýýärin hem köýýärin» diýen pikir biygtyýar ýadyňa düşýär.

Duýgur we mylaýym Balyklar ýarynyň derdini diňläp, oňa derman bolup, düşünip hem bagyşlap bilýändir.

Saglygy

Balyklarda dürli iýmitlere ýa-da howa dürli allergiýa alamatlary köp gabat gelýär. Şeýle-de olarda ýürek bulanma ýaly aşgazan keselleri hem duş gelýär. Bu alamatlaryň ählisiniň gözbaşy nerw ulgamyndan gaýdýar. Onuň dermany owadan ýakymly saz, şeýle-de Balygyň eden haýyrly bir işidir. Olar birine ýardam berse ýa-da peýdaly iş etse, ajaýyp duýgulary başdan geçirýärler.

Balyklara köp suw içmek maslahat berilýär.

Halaýan ýurtlary

Malta, ABŞ, Portugaliýa, Indoneziýa, Singapur.

Meşhur Balyklar

Rianna, Elizabet Teýlor, Tatýana Bulanowa, Şeron Stoun, Laýza Minnelli, Kurt Kobeýn, Jorj Waşington, Oleg Ýankowskiý, Stiw Jobs, Wiktor Gýugo, Jastin Biber, Jon Turturro, Mihail Gorbaçýow, Deniel Kreýg, Antonio Wiwaldi, Albert Eýnşteýin, Lýuk Besson, Pawel Wolýa.
5 лайков 165 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Omman
23 ноя 2021, 21:36
Sag bolun sylanynyz ucin minnetdar
Daluwam goyup berayinda hayyst sizden
#B.S
Автор 23 ноя 2021, 21:37
Цитата: Yeketak
Sag bolun sylanynyz ucin minnetdar
Daluwam goyup berayinda hayyst sizden

Daluw goyuldy ozalky bloglarymy barlap gorun! nikin ustune basyn!
XYIVENIA
23 ноя 2021, 21:39
Ohooo men balyk
Şamuhammet
23 ноя 2021, 21:42
Цитата: XYIVENIA
Ohooo men balyk



Balyk iýesim gelýä şu wagt ???
nm işiň bar
23 ноя 2021, 21:46
XYIVENIA,
sen balykmy balyk internede girýänini birinji gezek gördüm ???
Serdar
23 ноя 2021, 22:37
Sps menna sho
Daýanç
24 ноя 2021, 02:11
Menem goyarn ertir. Hemmesini kitaby biryandan gocurup