Hoşamaý sözler size!
Size yekelik duygusundan cykan sozleri paylasayyn diydim !!! *** söýgi, gülü dikeni bilen ellemäge meňzär! elleriň gana bulanar emma dikenleriň etmişini gülden soramarsyň ***i̇ň gowy deňiz gidilmedigidir, iň päk çaga heniz ulalmady, iň şadyýan günlerim seň bilendir we saňa diýmek islän iň mylaýym sözüm heniz aýdylan däldir: seni̇ söýýän... ***düşegiňi gül ýapraklary bilen, düýşleriňi gülälekler bilen bezedim üstüňi söýgüm bilen örtdüm, hemme garabasanlaryňy men aldym sen rahat ýat ezizim. *** dagdan gaçsam ýapyşyp galjak şaham bolsañ, ölmekden däl seni ynjytmakdan(döwmekden) gorkaryn... *** i̇ñ agyr işçi men, gün 24 sagat seni pikirlenýän. *** guýrukly ýyldyzlar bardyr dünýä ýetmiş ýylda bir gezek gelerler. adamlar ony durmuşy boýunça bir gezek görerler ýa-da görmezler. men gördüm; olam sensiň ezizim... ***ýüregim birneme öldir meniň bukalgalarda aglamakdan we reňki birneme solandyr gurasyn diýip birnäçe gezek güne sermekden. ***aramyzdaky uçurymlar näçe daş bolsa-bolsun, soňsuzlyga giden her ýolda adyňy ýazdym, haýsy ýoldan geçseň geç seni söýýänimi okarsyň... ***bir ýagmyr damjasy seni söýýänimi tassyklaýan bolsa we sen maňa seni näçe köp söýýänimi sorajak bolsaň ezizim ynan her gün ýagyş ýagardy. ***gözleriň derýa, kirpikleriň köprü bolsa men üstüňden geçýärkäm ýüpleri gopsa we düşjek ýerim dodaklaryň bolsa!!! ***bir gün durmyşyň hemme gözelliklerinden gaçyp sessiz-sedasyz ölüme gitmek isleseň ýanyma gel, saňa sensiz ýaşamagyň sensiz bolmagyň ölüm bolýandygyny görkezeýin. ***gözleň gözlerime deg-se, tupan turar aglardym, haçan-da hoşlaşma wagty gelse, içimdäki gülleriň boýny buruk bir zaman galaryn şo bolşuma näme-de bolsa soňra gideniňi aňaryn içimdäki güller aglar men aglaryn. ***haçan-da tutsam elleriňi gözlerimiň öňünde pasyllar geçer haçan-da gözleriň gözlerime degse asmandan bir ýyldyz düşer. *** deňizi içemde merjenler gapjady bokurdagyma, gara uran balyk ýaly çyrpynýan! *** ýaňagyňa düşen gar bölejigi eräpjik dodaklaryňa gelende we şol bir damja sowujagy biri bilen paýlaşmak isleseň ýüzüňi şemala öwür, şol ýerdedirin. *** men bir minut däl, bir sekunt däl, sekundyň onda biriçe söý... bir ýyl däl, on ýyl däl müň ýyl şat bolaryn. ***gözleri bilen gözleriňe göz goýanyň, gözlem bilen gözlerini oýaryn, gözleriňi gözlerden ägä, gözleň gözlerime gerek. *** ýarty tolkunly bolmaly däl deňiz, ýa durmaly ýa-da joşmaly, ýa girmeli gylyç soňuna çenli tene, ýa-da gynyndan hiç çykmaly däl, ýarty ýürek bermeli däl söýen soňunda söýmejek bolsa, onda-da ýarym dodagam hiç öpmejek bolsa!... *** onuň gözelligini herkim görýän bolsa, ol mençe az owadandyr, herkim bilýän bolsa, ol mençe hiç gözel däldir. onuň gözelligini diňe men görýän bolsam bu söýgüdir. onuň gözelligini diňe men bilýän bolsam bu yşkdyr. hiçkim bilmeýän bolsa, bu ýalňyzlykdyr. *** kimsesizem dostumam duşmanymam! görünmez men jismimem ýok keşbimem dil dökdürmen, ýeke bogun meň adym, gonalgam göwün diýlen ýer meniň, adymam söýgi̇! ***söýgi dünýäniň iň gowy bagty bilen iň çuň gaýgy-gussasyndan ýaradylandyr. ***saňa iň köp mätäç boldugym şu wagt gel! ýaşamak bolsaňam gel, ölmek bolsaňam gel!.. ***dertsiz doga sowukdyr dertlikä edilen doga koňülden gopar ***bu ýetilmejek söýgümize nokat goýma, saňa gujagymy doldurup otur getirdim,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,,, ***saňa şerap hödürlejek, iç ýöne serhoş bolma, saňa bir gül berjek, ysga ýöne guratma, saňa ýüregimi goparyp berjek, söý emma ynjytma!... ***mawylary geýer bulut bolaryn, ýaşyllar geýer bahar bolaryn, görersiň birgün aklar geýer seniň bolaryn. ***mydam meni hiçkim söýenok diýerdiň! usullyk bilen ýüregiňe girip “men” diýmek islärin. ***alla güýji erkege gözelligi zenana beripdir, haýran galaýmaly her zady ýeňen güýç gözellige ýeňlipdir. ***bulutlara tabşyrdym hasratymy, şemallar bilen iberdim söýgümi, ýagyşlar ýagdyrdym gözýaşlarym bilen kiçije periler iberdim seni ogşamaga! geldilermi? ***agzyň ýalan aýdyp biler ýöne gözler asla durmuşda hiçbirzat ilkinji söýgüň ýerini tutup bilmez, adam söýse-de ol ilkinji söýgi hiç unydylmaz. ***i̇lkinji söýgüň ilkinji ýatlamasy ýatdan asla çykmaz. maňa şeýle bir hat ýaz welin söýenim, açyp açmankam duýaýyn ysyňy, söýgi öwüssün altyn çaýlan saçyňda, sesiň ýüzümi şemal bilen tapsyn, maňa şeýle bir hat ýaz welin söýenim, gelsin meni iň goýu zulumda tapsyn, maňa şeýle bir hat ýaz welin barsyn ölümüm bolsun. *** hasratyň öldürdi meni! i̇ndi gijeler çäresiz, gijeler sensiz, bir ogşaýyşdan has ýyljajyk indi ýagmyr damjasy gelip gonar dodaklaryma sessiz, sensiz aýdypmydym hasratyň öldürdi meni hiç sebäpsiz. ***uçurymyň kenarynda-da bolsaň ýörite durmuşa gahar bolsun diýip ýylgyr. ***güller aýtsyn saňa bolan söýgümi, güller aýtsyn ýalňyzlygyny çäresizligimi, ýuwaş-ýuwaş ereýän ýüregimi güller aýtsyn men aýdyp bilmedim güller aýtsyn. © şu gün seni düýnden köp ertirden az söýjek. © bir sen bar dünýämde maňa düşünýän, birem söýmek bar içimde gyzgynlygyňa ýanan, söý! şeýle bir söý welin galmasyn bir damja-da ulumsylyk, ulumsylygyň başlan ýerinde söýgi gazap bolar. © söýülmäge laýyk bolan, diňe söýmesini bilendir. © sen çölde açan bir gül bolan bolsadyň, ynan seni guratmamak üçin gözýaşym bilen suwlardym. © gaýgylaryň kenarýakalaryndaky aýak yzlary ýaly dowamsyz, bagtyň ummanlar ýaly çuň bolsun © ýüregim aglamak isleýär ýazmak bahana. batan gün, garaşan dogan günümiz ýaly tesellimiz bolsun. © söýmändim hiçkimi seni söýşüm ýaly, çekmedim hiçkimden senden çekenim ýaly. © söýgüň bilen sararyp soljak derejede, söýgüň bilen bagtyýar boljak dereje, ugruňa janymy berjek dereje-de söýýän diýsem, ynanarmyň. © arzuwa çümüp gitmen men sebäbi ýeke arzuwym sensiň meň! hiçzat islemerin men sebäbi ýeke islegim sensi̇ň meň. © men her öýjügi gara boýanan bir bilmeje! çözmäge çalyşdykça içimde ýitip gidersiň. © söýen adamlaryma gaharlanyp bilerdim, eger söýgi maňa mylakatly bolmany öwretmesedi. © ýaşan hiç zadyma puşman däl, gaharym ýaşap bilmediklerime. © ýa bolşuň ýaly görün ýa-da gözüme görünme! © sowuk ýürekden ýumşak söz çykmaz. © senden başga hiç zady ýok men, senden başga hemme zady bolanlara gynanaryn. © kiçikäm şokolad üçin aglardym, indi bolsa seniň üçin. © i̇ndi bulutlara ýazýan hasratymy, ýagyş ýaganda düşünersiň nä dereje küýsänimi. © seret gözlerime gaşlarym eredi, bak ellerime ellerim çüredi, seret ýüregime ýüregim garrady, seret günlerçe mata bilen sarapdyň meni, maňa seret tükendi bitdi.... *&* ýetdi bul gaýgy öldürdi meni, soňum boldy soňky bakyşym janyma belki yarym senem su towereklerde mana garasyansyn belki bir gun menem birini soyerin !!!
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.