Ýalaňaç uklamak

Has sagdyn bolmak üçin ýalaňaç ýatmak kellä gelmeýän bolup biler, emma beýle etmegiň peýdalary az däl. Bularyň käbirlerini öň eşiden bolmagyňyz mümkin, käbirleri bolsa sizi geň galdyryp biler.

1. Tiz uka gitmek
Sowamak bedeniňize ýatmaly wagtyň bolandygyny habar berýär, şonuň üçin eşikleriňi çykaryp bedeniň temperaturasyny aşak düşürmek tiz uklamagyňyza kömek edip bilýär.

2. Ukynyň hiliniň gowy bolmagy
Ýatýan otagyň ideal temperaturasy 15-19°C. Milli Saglyk Institutlary tarapyndan 2012-de geçirilen barlagda ýatýan otagyň temperaturasynyň uklamakda iň esasy faktorlaryň biridigi anyklandy.

Eger otag juda yssy ýa-da juda sowuk bolsa, ukynyň düýş görülýän etaby riskde bolýar, ýagny gowy uky alyp bolmaýar.

3. Derini sagdyn saklaýar
Kiçiräk bir barlagda erbet ukynyň deridäki ýarany gowulaşdyrmagyny çäklendirip-çäklendirmeýändigine seredildi. Gelnen netijä görä, ukyňy gowy almak deriňe peýdaly bolup, ýaralary çalt gowulaşdyrýar, sebäbi, aýdylyp geçilişi ýaly, ýalaňaç ýatsaň ukyň hili gowy bolýar.

4. Stres we aladany azaldýar
Erbet ukynyň stres derejäňe täsir edýänligi hemmä belli. Barlaglar hem erbet ukynyň depressiýa we hatda öz janyňa kast etmekdäki riskiň artyşy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

5. Daýanmagyň öňüni alýar
21.000 adamyň gatnaşmagynda, 3 ýyllap dowam eden bir barlag, erbet uky agramyň artmagy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini görkezdi. 5 sagat ýa-da ondan az uklan adamlaryň daýanma ähtimallygy has ýokarydy.

Ýalaňaç ýatmagyň daýanmagyň öňüni almakda edýän kömegi bolsa, bedeniňi gije sowugrak saklamak kaloriýa ýakmak ukybyny artdyrýar.

6. Ýürek keselleriniň we 2-nji görnüş süýji keseliniň riskiniň az bolmagy
2010-da 1455 adamyň 6 ýyldan gowrak maglumaty gözden geçirilen barlagda, az uky bilen süýji keseliniň baglanyşyklydygyny görkezdi, ol hem ýürek keseliniň riskini artdyrýar.

7. Zenanlar üçin waginal saglygy artdyrmagy
Dar ýa-da derli içki eşikler waginal hamyrma ýokançlygynyň riskini artdyrýar, sebäbi hamyrma ýyly, çygly ýerlerde ösmegi halaýar.

8. Erkekleriň öndürijiligini artdyrmagy
Ýakynda geçirilen 656 erkegiň barlagynda, dar içki eşik bilen az spermli bolmagyň baglanyşygy bardygy görkezildi.

Ýalaňaç ýatmak sperm saglygy üçin testikullar optimal temperaturada saklamak üçin gowy.

9. Özüňe hormaty artdyrmagy
Bir barlagda ýalaňaç wagt geçirmegiň özüňe hormaty artdyrýandygyny görkezdi.

10. Gatnaşygyňy ösdürmegi
Bir barlag, ýetişenleriň arasynda deriden-derä kontaktynyň bolmagynyň oksitosiniň bölünip çykarylmagyny ýola goýýandygyny görkezdi.

Doly ýalaňaç ýatmasaňyz hem, gije gat-gat geýinmän ýatsaňyz saglygyňyza peýdasy bolar.

Çeşme: www.healthline.com
5 лайков 980 просмотров
41комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
26 дек 2021, 14:08
Agam name
Salamaleykum
Nury
26 дек 2021, 14:19
Men eşiksiz ýatýan
Nury
26 дек 2021, 14:20
Sebäbi men jansaglygmy gowy görýän
Jelil
Автор 26 дек 2021, 14:21
Miss_minnosh,
Waleykim gowmy jigim
Jelil
Автор 26 дек 2021, 14:22
Tiko,
Malades ))
Biohimik
26 дек 2021, 14:26
Oran dogrydar icki geyim sol sanda dar bolmadyk bolsa hem kop wagtlap cykarylmadyk bolsa oran zyyanly kop keseller bn bir hatarda warikosele erkek we ayallarda doreyar
Biohimik
26 дек 2021, 14:27
Menayalanac yatamok yone nocnoy esiklemmi geymesem hic rahat yatmayan
- Dani
26 дек 2021, 14:28
Eee way my siz yalanac yatyp ?
Jelil
Автор 26 дек 2021, 14:35
- Dani,
Dushunmedim
Biohimik
26 дек 2021, 14:38
**Ýalaňaç ýatmak sperm saglygy üçin testikullar optimal temperaturada saklamak üçin gowy.***
Sulam gaty dogry sebabi tohumlyklaryñ tempraturasy beden tempraturadan pes bolyar sebabi guyrukly bedenjiklerimiz gyzgynlykda helak bolyarlar yada aktiwliligi peselyar.
Cynlygyny bilmek ucin eliñizi oz tempraturañyza getiriñ. We palasiya edip barlap gorayiñ))))
Ogulşirin Bayramowa
26 дек 2021, 14:38
Цитата: Mister X
- Dani,
Dushunmedim

Samsyķmy siz diyyä.
Bu saytda samsyķ sözi yazsaň çykanok.

Bamyň senem yitdiňä?
Nury
26 дек 2021, 14:41
Цитата: - Dani
Eee way my siz yalanac yatyp ?

Gözegiňe gelýämi ?
- Dani
26 дек 2021, 14:47
Цитата: Tiko
Цитата: - Dani
Eee way my siz yalanac yatyp ?

Gözegiňe gelýämi ?

Yok.ondada saglyga peydalymyšyn esiksiz yatmak diyp turkmencilikde yalanac yatmarsyña?
- Dani
26 дек 2021, 14:48
Цитата: biohimik.
**Ýalaňaç ýatmak sperm saglygy üçin testikullar optimal temperaturada saklamak üçin gowy.***
Sulam gaty dogry sebabi tohumlyklaryñ tempraturasy beden tempraturadan pes bolyar sebabi guyrukly bedenjiklerimiz gyzgynlykda helak bolyarlar yada aktiwliligi peselyar.
Cynlygyny bilmek ucin eliñizi oz tempraturañyza getiriñ. We palasiya edip barlap gorayiñ))))

Guyuw norm zat yazma bomy. (1-nji gijedir oytmediñ?)
- Dani
26 дек 2021, 14:49
biohimik.,
Sen barde yalanac yatmak saglyga peydaly diyen bolyañ welin SEN ŠEYLE YATYAÑSYÑDA ONDA????
- Dani
26 дек 2021, 14:49
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
Цитата: Mister X
- Dani,
Dushunmedim

Samsyķmy siz diyyä.
Bu saytda samsyķ sözi yazsaň çykanok.

Bamyň senem yitdiňä?

++++
Ýury
26 дек 2021, 14:55
Paşdi sased bamyñ....
Aradaky mesele üçin bagyşla....- Dani,
Ýury
26 дек 2021, 14:56
aglaya ......
Biohimik
26 дек 2021, 14:56
Цитата: - Dani
biohimik.,
Sen barde yalanac yatmak saglyga peydaly diyen bolyañ welin SEN ŠEYLE YATYAÑSYÑDA ONDA????

Doly okada ilki meniñ yazanlarymy men nocnoy pizamada yatyan diydim yalanac yatamok yone peydaly diydim gyyuwww jana moya
#динара.
26 дек 2021, 15:08
Цитата: Mister X
Miss_minnosh,
Waleykim gowmy jigim

Gowy sizi gozledim welin tapyp bilmedimda
Aýnur
26 дек 2021, 15:10
Gyşyň guni peydaly diyip bolmazmyka diyyän
Nury
26 дек 2021, 15:10
Gelşiksiz zady ýok öýde ýeke özüň ýalaňaç ýatsaň bolýandyra. Kim görüp dur ?
Aýnur
26 дек 2021, 15:11
Suratdaky gyz hezil edip yatyrey)
Ýury
26 дек 2021, 15:15
Senä ýatyrsyñ gapydanam biri gelýä ejeñ ýa kakañ....
popkorn

bahaber
Nury
26 дек 2021, 15:18
Цитата: Mona Songz
Suratdaky gyz hezil edip yatyrey)

Mende näme üçin ol surat açanokka
Ýury
26 дек 2021, 15:22
Yskaçat et açýa.....
Tiko,
Maksat
26 дек 2021, 15:22
Ýarym ýalaňaç ýatmak gowy däl meň pikirimçe, ýataňdada hemme ýeriň örtülgi bolsunlaý.
Nury
26 дек 2021, 15:36
Bolmanam çüw ýalaňaç ýatmak däl how ýalaňaç diýilse şol gözegiňe gelýä içki eşikli ýatylýa
Biohimik
26 дек 2021, 15:41
Цитата: Bayker
Ýarym ýalaňaç ýatmak gowy däl meň pikirimçe, ýataňdada hemme ýeriň örtülgi bolsunlaý.

Peydasam bar oyuñ yyljayk bolsa yone gysyn guni dasary yadyña dusubem useyaña menä yalanac yatamok sonun ucin
Maksat
26 дек 2021, 15:55
Цитата: biohimik.
Цитата: Bayker
Ýarym ýalaňaç ýatmak gowy däl meň pikirimçe, ýataňdada hemme ýeriň örtülgi bolsunlaý.

Peydasam bar oyuñ yyljayk bolsa yone gysyn guni dasary yadyña dusubem useyaña menä yalanac yatamok sonun ucin

Ýatmaýan bolsaň ýatasyňam gelmez menä şeýle gyşy tomsy türsik maýkaly ýatyp bilemok ýöne ogullam ýatasy gelýä, öýlenäýmeseler menem ýatyrmajak bolaryn, ýarym ýalaňaç türkmene gelişmezlaý ýöne herkimde bir düşünje bar biohimik menem öz pikirimi ýazdym