Gumdan tapylan ýürek / Gülnäziň depderinden
Gum gyzydym.
Gulpaklyja çagadym,
Garaköli telpeklije çagadym,
Aýaklary çepiklije çagadym,
Bar oýunjagym gurjak bilen çägedi.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Bäş oýnama ýakyn oglan-gyzdyk biz.
Burny sümüklije,
Tüňňüjik bile,
Eli sürpeklije,
Atanýazdyk biz.
Jübsi aşyklyja,
Ezizjikdik biz,
Eli gurjaklyja,
Ogulhallydyk...
Özümizem üýtgeşik bir zat däldik,
Şol aşyklar, şol gurjaklar ýalydyk,
Baladyk.
Oglanlar altydy,
Bizem on birdik.
Oglanlaň üstünden handyk-emirdik,
Uzyn günläp, bir-birimiz gemirdik,
Aradynda çala asgynlaýsagam,
"Eje-e, eje-e!" diýip, zowladybirdik.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Gyzdan ýetmezçilik çekiljek däldi,
Ejemiň bälçiräp, aýdyşy ýaly:
"Gyz gözläp, Ahaly söküljek däldi,
Ýigit başyna bir sahypjemaldy.
Gaýta bäşijigi artybam galjak,
Olaram kyrk-kyrkdan üwäp boljakdy.
Aşgabatla dagy çatyp bolsa-ha,
Otly görmäge-de, sebäp boljakdy".
Ejemiň diýýänniň ugrunda ýardy:
Otlyny görmedik gumlylar kändi,
Şeýdip, garyndaşlyk açaýsaň weli,
Otlyny her günde görmek mümkindi...
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Gatyşyp, oýnardyk topy, topazy,
Hiç haçan, hiç haçan bolmandy bizde,
Oglanlar topary,
Gyzlar topary.
Gatyşyp, oýnardyk,
"Görüpgaçdyny",
Gatyşyp, oýanardyk,
"Eşekmündini",
Tüňňüjigem bizi münse, münendir,
Ýöne bizem kän münüpdik, Tüňňüni.
O neresse karamçyldy hemişe,
Şonça-da tiz-tizden "eşekçi" bordy.
Ýöne onuň ady Tüňňi bolsa-da,
Örän rahatja arkasy bardy.
Gyzlar bolup, sylardyk biz Ezizi,
Gylygy-da özi ýaly ezizdi.
Ýöne weli, onuň birje ýetmezi,
Gaharynynyň gelişi, çeninden tizdi...
Karamam etdirmez,
Karamam etmez,
Karam edäýseňem gaharlanardy,
Bu gylygyna onuň ýetmezi däl-de,
Artyklygam diýsek, dogry bolardy.
...On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezenim,
On alty ýaşymda Ezizim boldy,
"Haram tula, ylga guýyň başyna,
Han-ha, kel toklusyn toplap daşyna,
Maňkasyn akdyryp,
Eziziň geldi".
Diýip, meni çakýanlaram tapyldy,
Ýok, ýok, çakýanlar däl,
Çakýan tapyldy =
Dokuz öýli, on dört daýzaň içinden,
Ala-böle, ýeke çykýan tapyldy.
Bibisoltan diýen içýan tapyldy.
Zaýalap ýörensoň ne gözel ady,
Hiç kim onuň dogry adyn tutmazdy,
Iň ýörgünli ady Bibişeýtandy,
Gündiz oturmazdy,
Gije ýatmazdy.
Babanyň aýdanny, Ata gowşuryp,
Atanyň aýdanny, Baba gowşyrdy.
Ikisinem bir-birine ýabşyryp,
Ol obaly Annabibä gowşyrdy.
Annabibiňkiňem üstüne goşup,
Aňyrýanyndaky oba gowşyrdy,
Ol obanyň gybatynam getirip,
Ýene aňyrdaky guýa ýetirdi.
Haýwanlara dil bitmänne müň şükür,
Ýogsa, duýan sözün sygra ýetirip,
Sygryň jogabynam guýa ýetirdi,
Mallaň başyna-da bela getirdi.
Temen üçin düýe ýaly gep ýasap,
Pil dek, gep ýasardy -
iňňejik üçin.
Ýuwunmany-ardynmanam bilmezdi,
Ýüzünde ýal ýardy, müň güjük üçin.
...Meniň bilen jetliginiň seýäbi -
Dilän eken meni,
Tüňňüjik üçin.
"Bäh, Bibi jan, gijä galdyň azajyk,
Biri bilen halaşyp ýör gyzymyz,
Ýogsa dagy, siziň ýaly ýer tapsak,
Başga ýere çekdirjekmi gyzy biz.
Kejebeläp, eltip berjek özümiz!"
Diýip, ejem hem-ä ony oýnanmyş,
Hemem, oňa sypaýçylyk edenmiş.
"Toba! Toba!
Müsmünsokar tulajyk,
Bulam indi, gum ýurdunam bulajak!"
Diýip, öýden hababaýlap gidenmiş,
Şodur, şodur, gyrýagysy men boldum.
Meni görse, pytylasy tutuldy,
Depä çyksam, sapan bolup, atyldy.
Pese düşsem, gapan bolup, atyldy,
"Ýeri, näme, kakaň seniň ejeňi,
Söýgi bilen alypmyşmy, ýerçeken?
Tahyr bolmaz, Eziz ýaly baýguşdan,
Zöhre bolmaz sen tetelli serçeden!
Gum içinde söýgi bolmaz, akmak gyz!..."
Towky bolup, indi meniň başymdan,
Suwa gitsem -Gargap galdy yzymdan,
Suwdan gelsem - Garga boldy daşymda.
Nirä barsam, "gak-gagyny" gönderdi,
Ne içerde, ne daşarda gün berdi...
...Ýöne weli, meniň üçin şo günler,
Iň bagtly, iň ajaýyp günlerdi...
On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezipdim,
On alty ýaşymda Ezizim diýdim,
Hiç kim ony diýdirmedi "diý" diýip,
Birden duýman durkam, öz-özüm diýdim.
On bäş ýyllap, Gülnäz diýip, gezipdi,
Ol hem on altyda
Gülnäzim diýdi.
Hiç kim ony diýdirmedi "diý" diýip,
Ol hem meniň ýaly öz-özi diýdi.
Ime, şeýdip, şeýle bolduk ötäýdik,
Näme bolanny özümizem duýmadyk,
Bir seretsek, asyl, öňküligmiz däl,
Biri-birimize garap, doýmadyk.
Oýnumyzam asyl, öňküligi däl,
Nähilidir, başgaçarak oýnadyk.
Ilki duşuşygmyz şeýleräk boldy,
Bolan zady boldy diýmegem gerek:
Ak çägäň üstünde uklap ýatyrka,
Duşdum, Ezizime,
Duşdum, bir gezek,
Şeýle bir parahat, uklap ýatyrdy,
Ony oýarmaga it-guşam dözmez.
Ак чаган устунде уклап ятырка
Ak depeli, ak şyrdagyň etegin,
Öpüpdir, şar-gara kirpikli gözler,
"Eşek öldürenje" sowjak şemala,
Gyzarypdyr tegelejik gulagy.
Çözülipdir, çep aýagnyň dolagy,
Özüm dolap, özüm daňyp bererdim,
Bolan bolsam, şeýle ýigdiň çolugy,
Tä ölünçäm, onuň bakýan sürüsin,
Ukla, dynç al!" diýip, bakardym özüm...
Ak çägede, ak sazagyň düýbünde,
Irkilipdir, ak şypdakly Ezizim,
Bir oýansa, garşysynda men durun,
Tisgindi, taýagy elinden gaçdy.
Düýşümi, huşumy düşünip bilmän,
Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy.
Gözlerini açdy, ýene-de ýumdy.
Soň gözlerini açdymy ýa açmady,
-Onçasyny häzir aýdyp biljek däl,
Ýöne eýýäm, Gülnäz ondan daşdady.
Bir salymdan "Gülnä-äz, Gülnäzim!" diýip,
Zaryn sesi ýetdi, meniň yzymdan...
Gara saçlam "Dolan yzyňa!" diýip,
Çyrpynjyrap, aslyşsa-da, dyzymdan,
Her örümin bir elimde tokgalap,
Öýmüze ýetenmi duýman galdym men.
Şo bolup ýörşüme häzirem haýran,
ýok, ona şo wagtam, haýran galdym men.
Sebäp diýseň, illeň aýdyşy ýaly,
Haýasyzlaň hasabynda däldim men.
"Aýnaň gyzy-bälçik" diýýänler kändi,
"Aýnaň gyzy - alçak" diýýänler kändi,
"Haýasyz" diýýäne duşmaklyk kyndy,
ýöne weli, meniň bu bolup ýörşüm,
Haýasyzlyk çägine-de ýakyndy.
"Ýeri, bir ýigidi söýdüň, taň etdiň,
Arzyny gaçyryp, ýörmegiň näme?
Söýýän bolsa, özi gelsin, halatsyn,
Özüňi üstüne sürmegiň näme?"
Diýip, öz ýanymdan özüm utanyp,
Gyzardym, agardym, boz-ýaz boldum men.
(Goýberen hatany salanda ýada,
Ýanynda hiç kişi bolmaýanda-da,
Ýüzüň gyzarýanny şonda bildim men).
Gözümi ýumsam-da, irkiljek bolup,
Beýnim öz erkini bermedi uka,
On alty ýaşyma ýetip, ýetmäkäm,
Bu neneň hekaýat, bu neneň waka?!
(Ýa-da, haýa-şerim paýlanan wagty,
Men naçara ondan ýetmedimikä?)
Dogrudanam, şeýle haýasyzmykam,
Aslynda nämekä, haýa diýlen zat?
Ejemjanyň gürrüň berşi boýunça,
Haýa - adamdan soň, dünýä inen zat,
Bir mahal şeýle bir döwür bolanmyş,
Haýasyz bolanmyş, dünýäň gyzlary,
Bolmanmyşyn, çigit ýaly näzleri,
Haýsy ýigit gözlerine ýarasa,
Ilki bilen alyşarmyş özleri,
Alla bu ahwala dep-gaza bolup,
Haýa diýen zady inderenmişin,
Şeýdip, bütin dünýäň gelin-gyzlaryn,
Uly bir beladan dyndaranmyşyn.
Şondan soň gyzlaryň özi lak atman,
Ýigitler öňürti başlanmyş söze...
Hawa, bu rowaýat, ajap rowaýat,
Utanç iň birinji bezegdir bize.
Hawa, bu hekaýat - Täsin hekaýat,
Ony ýaňsylamak, ýüregimde ýok,
Ýigitleň boýnundan aslyşyp ýören,
Beýle gyzlar tutuş,
Garagumda ýok.
Ýöne weli, söýülýänni bilensoň,
Ilki bilen gyzam duýduryp biler,
Parhy nämemişin, ikisem bolar,
(Käte gyz duýdurar, käte-de oglan,
Näme bir-birinden pesmişmi olar?).
Şeýdip, öz-özüme teselli berip,
Daňyň öň ýanynda gitdim men uka...
On alty ýaşymdan ýetip-ýetmänkäm,
Bu neneň ahwalat, bu niçik waka?...
On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezenim,
Şeýtdi-de, kem-kemden Ezizim boldy.
"Haram, tula, ylga gyýyň başyna,
Han-ha, maňkalyja Eziziň geldi!..."
Diýip, obamyzyň Bibişeýtany,
Sanjardy böwrümden "iňňesi" bilen,
...Bir gün selin ýygyp ýören wagtymdy,
Gabat geldim onuň Tüňňüsi bilen.
Bir garry ojaryň, garry töňňesin,
Urýar, depýär, döwjek bolýa, bolanok,
Läliksiräp, ösen "ejem oguljyk"
Bir çüýrüň töňňä-de hötde gelenok.
(Gujagna bir gyzy salaýanda-da,
Nädip oňarjagyn men-ä bilemok).
Beletdim men o tetelli ojara,
Omurar ýörerdim, çep elim bilen,
Ýygan selinlermi bir ýere toplap,
Bogmaga oturdym, ol selin bilen.
Onýança-da maňa gözi düşdü-de,
Töňňäni herrelip, gürrelip depdi.
Töňňe-de serrelse, serreldi weli,
Özi ondan beter, serrelip gitdi.
Mahal-mahal, seniň bolgusyz zada,
Gülküň tutýar weli, goýjak miltim ýok,
Agzyňy tutsaňam, etjek zadyň ýok,
Burnuňy tutsaňam, etjek zadyň ýok.
Gülesim gelse-de, gülmejek bolup,
Dodagymy dişläp, başagaýdym men,
Hojam juwazçyny ýadyma salyp,
Dogrusy, gülkümi zordan goýdum men...
"Biderek bir zada gülküň tutanda,
Şoň adyn tutaýgyn!" diýerdi ejem.
(Bütün ömürboýy birje gezek hem,
Ýylgyrman ötenmiş, juwazçy Hojam),
Garaz, eýtdim-beýtdim, gülkümi goýdum,
Onýança-da geldi, ýaňky nägehan:
_ Armaweri, Gülnäz!
Senmidiň asyl?
- Hawa, mendim. Özüň arma, Tüňňi han!
-Näme ýygyp ýörsüň?
-Ojarjyk ýygýan.
- O nähili ojar?
Munyň-a selin.
-Bilýän bolsaň, onda näme soraýaň?
- Aý, ýöne.., oýundan soraýdym, gülüm!
- O nähili "Gülüň" bolýamyşym men?
- Hany, ugra şundan, haramyň biri.
-Kimiň haramdygyn, kimiň däldigin,
Görüpjik ýörüs biz, üç aýdan bäri.
-Nämäni görýärsiň, haram, ýer çeken?
- Eziz bilen edýän, işiňi götýän,
Owkaladyp duran döşüni görýän,
Dodak sorup duran dişiňi görýän,
Birje haýyşymy kabul etmeseň,
Äleme jar edip, işiňi görýän.
Meniň haýyşjygym, ýekeje haýyş!
-Diýdi-de, ýüzüme ýylgyryp bakdy.
Şonda gaharny ýuwutmadyk bolsa,
Gülnäz ap-aňsatja gandar boljakdy.
Şo mahala çenli,
Ezizim bile,
Alty-ýedi gezek görüpdik weli,
Tenime degmeg-ä beýlede dursun,
Heniz eşigme-de degmändi eli...
-O nähili haýyşmyşyn, Tüňňi han,
Bizden bitjek ýumuş bolsa, eşdeli!
-Eşitseň, sen gyzy söýenim üçin,
Ugruňda üç ýyllap, köýenim üçin,
"Dünýäde Gülnäzden başgany söýsem,
Erkek bolmadygym" diýenim üçin,
Şujagaz adamsyz, jolaja ýerde,
Alma ýaňagyňdan bir posajyk ber.
Ýogsa-da şu ýerden, hool guýa çenli,
Adyňy wejera edişimi gör!...
-Tüňňi jan, wejera etmeseň bolýar.
Soňky dörän zatdyr, posa diýen zat,
Ähli gerek zadyň bir posa bolsa,
Gülnäziň ýanynda o zatlar aňsat,
ýöne weli, Eziz duýaýmaz ýaly,
Ýuwaşyrak ogşaweri, Zaluwat!
Diýdim weli, dodagymyň ýanyna,
Uzap gaýtdy, bir kiçijek dodajyk,
"Ynha, saňa posa gara, türşejik,
Ynha, saňa posa haramzadajyk",
Diýip, çep elimiň arkasy bile,
Agzynyň üstüne ýelmedim weli,
Ýygan selinimi alyp bolýançam,
Dodagnyň içine girmedi dili.
Birdenem, hasyrdap, ýerinden turup,
Ölerine tarap, ýazzyny berdi.
Gaçanyny bulut bilen ýel görüp,
Gonanyny Gülnäz bilen gol gördi.
(Şol alan posasy ýeterlik boldy,
Gaýdyp, posa dilemedi ýer çeken).
Onýança-da, ak depäniň üstünden,
Ak şyrdagyn bulaýlady, bir çopan.
Men bärden ylgadym,
Çopan aňyrdan,
-Iki tarapdan-da gerildi gujak,
...Sazagyň düýbüne düşeldi çabyt,
Ak çägäň üstünde ýazyldy saçak.
Oturdyk. Dünýäniň gürrüňin etdik,
Tüňňüniň, töňňäniň gürrüňün etdik,
Ýuwaş-ýuwaş bir-birege ýakynlap,
Bir pynhan ädimiň işigne ýetdik.
Оturdyk, Dünýäniñ gürrüñin etdik,
Emma şondan aňryk ädimläp bilmän,
Men Ezize bakdym, ol maňa bakdy,
Göwnüme bolmasa, Eziz şo mahal,
Şol ädimi ätläýse-de boljakdy...
Emma şondan аñryk адимлап билман,
Bu sözleri aýyp görmäň, Gülnäzden,
Ýüregimden çykýan sözler, bu sözler,
Ýigit jaý pursady elden giderse,
Käte-käte geň görýärler gözeller.
Şeýle sypaýydy, şeýle agrasdy,
Kyndy onuň üçin, kyndy ol ädim.
"ýigit çendenaşa agras bolsa-da,
Gaty gowy boljak däl-ow" diýýädim.
(ýöne weli, şeýle häsýeti üçin,
Nämüçindir, hasam beter söýýädim)
Gyzlaryň köpüsi alçagy söýýär,
(Söýmeseňem, söýdürýär alçak).
Ýöne weli, ýeňles bilen alçagyň,
Parhyny bilinçä, gowurak boljak,
Kä gyzlaryň alçak diýip, tutany,
Alçak däl, kilçigiň baryp ýatany.
Ýok, joralar, beýdip, gatyşdyrmalyň,
Her bir ýylgyrjaklap, habar gatany,
Agraslar bir gezek ýylgyrar weli,
Açylar agzynda, ýüz ýylyň ýazy.
Ýöne weli, ýylgyrýança agraslar,
Bir azajyk düýrükdürýär, kä gyzy,
Düýrükmäň, darykmaň,
Howlukmaň, gyzlar!
Ýiti ýagtyň aldawyna gitmäň siz!
"Gyz gerek - tiz gerek" diýilşi ýaly,
"Ýigit gerek, basym gerek" etmäň, siz!
Sabyrsyz söýgüniň häziri bolmaz,
Kanagat isleýär, söýgüniň ýoly...
Otyr ynha, gapdalymda Ezizim,
Otyr ol henizem öňküsi ýaly,
Aramyz henizem, ýekeje garyş,
Birden ýaňky garyş bir serä geldi.
Sereden barmaga, barmakdan gyla,
Ondan soňky bolsa, hemmä-de belli...
Şondan soň, şeýlebir ajap ýylgyrdy,
Elbetde, maňa çyn, size-de ýalan,
Ýylgyrdy, ol tutuş göwresi bilen,
Dodagy, gulagy - hemmesi bilen.
Göýä gumuň içi ýagtylyp gitdi,
Ilerisi bilen gaýrasy bilen,
Sazagy, çetisi, selini, sözeni,
Guzaýy, güneýi - dünýesi bilen.
Şol mahal on ýedi ýaşyndaky gyz,
(Häzir otuz ýaşyň duşundaky gyz),
Şo mahala çenlem, şo günden bärem,
Şeýle ajap zada duşamok heniz.
Hiç kim onuň ýaly ýylgyryp bilmez,
Ol dünýäde ýeke-täk bir ýylgyryş,
Onýança-da bir ses çykdy, gaýradan,
Aralygmyz ýene boldy, bir garyş.
"Uruş..,Uruş!..."
Ala gopgun turuzyp,
Ýetip gelýär, obamyzyň şeýtany.
Biz bolsak, dünýäden bihabar oglan,
Çykarypdyk ondan, başgarak many.
- Ýaňky "posa dadyp" giden Tüňňüjik,
Küşgüripdir ejesini - diýdim men.
Ynhajykka, muny-da bir dadyryp,
Posalaryň süýjüsini - diýdim men.
Gandyraryn gijesini - diýdim men.
Bibişeýtan bolsa, tüweleý ýaly,
"Uruş.., Uruş!.." diýip, geçdi-de gitdi.
(Göz açyp, ýumýançak, o guýa ýetdi).
Men Eziziň gözlerine seretdim,
Eziz meniň gözlerime seretdi.
Emma weli, gözlermiziň içinde,
Üýtgeşik bir gorky-howsala ýokdy.
Çägäň üstündäki "uruşdan" başga,
"Eşek mündi", "Görüp gaçdydan" başga,
Uruş-sögüş bardyr, öýdülenokdy.
"Eger, ertir uruş turaýsa..." diýip,
Mekdepde kämahal aýdym aýdardyk,
Ýöne weli, uruş turaýanda-da,
Üç-dört günde gutarýandyr öýderdik.
Şol uruşyň doglanny buşlap,
Bibişeýtan geçip gitdi, ýel ýaly,
"Nämäniň uruşy, niräniň urşy?",
Çözjegem bolmandyk şeýle sowaly.
Bir-biregiň gözlerine garapdyk,
Görünmändi, üýtgeşik bir howsala,
- O nähili uruşmyşyn, Ezizim?
- Uruş borm-aý,
Gülnäzim, goýsana!..
Ýene birden lowrdapdy göreçler,
Ýene gaýtalandy, öňki ýylgyryş,
Göýä ýeňiş bilen tamamlanypdy,
Dünýädäki ýaňy başlanan uruş.
Ýaňja aralygmyz bolanda garyş -
Müň menzile ýetdi, aralygymyz,
Şo mahal kelllä bir getiripmidik,
Munuň ýaly zalym, aýralygy biz?!
Ýap-ýaňy dälmidi, gumuň içini,
Uly bir desterhan etsem diýýänim,
"Eziz Çerkez ogly - baş çopan" diýip,
Şol ýygnakda yglan etsem diýýänim.
Emma gum içinde etjek ýygnagym,
Tokaýlaň içinde edildi yglan,
Dünýäde baş çopan etjek oglanym,
Dakyndy egnine gyrmyzy pogon
Eý, sen Ezizimi äkiden düýe,
Eý, sen Ezizimi äkiden wagon,
Ýene müňläp-müňläp, ezizler bile,
Getir meniň Ezizimi sag-aman!
Kyrk ikinji ýyldy,
Gyşyň bagrydy.
Asman göýä, köpük saçýan bugrady,
Agamyň deregin tutan ejem jan,
Düýe bakyp, hallan atan, ejem jan,
Elli ýaşyn beýläk atan ejem jan,
Ikindinler öýden çykyp ugrady.
Beýle giçläp, nireligne ugrady?
Guýyň ýandan gaýralygna ugrady,
Ak inişden geçdi-de,
Iki depäň aralygna ugrady.
Ak inişden aňyrlygna aşsa-da,
Ak inişde onuň galmady yzy,
Nädip yzy galsyn, ýerden ýokarda,
Metr ýarymlykda barýarka özi?!
Ýakdyň sen, eje jan, ýakdyň Gülnäzi.
Şu wagta çen, elli ýaşyň içinde,
Arkan ýatyp ýöräpmidiň, eje jan?
Elmydam gözleriň gara ýerdedi,
Ýokarlygna garapmydyň, eje jan?
Wah, sen ozalynda, dörän mahalyň,
Ölmek üçin döräpmidiň, eje jan,
Heý, eje-de ölmek üçin dörärmi,
Aslynda nämekä, eje diýlen zat?!
Şol günler aklyma gelşine görä,
Ejeler ömürlik dünýä inen zat,
"Bir mahal ejesiz galaryn" diýip,
Ýatsam-tursam gelermidi kelläme?
Kämahal kelläme geläýende-de,
Beýle bolar öýdüpmidim, men näme?
Ejem mydam gezip ýörjek ýalydy,
Örän arkaýyndym, ejemden ýaňa.
Galmajak ýalydym, ejemden soňa,
Syrkawlamda - gapdalymda oturjak,
Ölen wagtym gujagynda göterjek,
Ugran wagtym, ses - arymy ýetirjek,
Diňe ejem bolup, görnerdi maňa.
Meniň kakamy-da on ýyl şondan öň,
Şo tarapa äkidipdir, şo tabyt.
Ýöne weli, ölüm bilen ölümiň,
Arasynda köp bor eken tapawut.
Goýun bakyp ýörkä, çölüň içinde,
Heläklänmiş ony Paýty galtaman,
Bir aý geçenden soň, guýyň içinden,
Tapanmyşlar, agzy bozuk haltadan.
Ine şeýdip, sekiz ýaşly Gülnäzjik,
Mahrum bolýa, syh-syh murtly atadan,
Ýöne syh-syh murtly atanyň,
(Düşmezinden ozal, Paýtyň goluna),
Gyran galtamany bir galtamandan,
Ýetýärmişin, murtunyň her gylyna.
Süýji janyň armanlyja köýse-de,
Aryň köýmänine guwanýan, kyblam!
Ynha, bu gün şol atamyň ýanyna,
Käbämem göterip, ugrady obam.
Onuň bilen hoşlaşyp hem bilmedim,
Düýe gaýtarmaga gidipdim şonda,
Agam öz kärini bize tabşyryp,
Maýkopdan çykypdy, ýylyň başynda.
Şondan bäri, biziň başymyzdady,
Elli köşek bilen, altmyş bäş düýe,
Oglunyň deregne çopandy ene,
Dogannyň deregne çopandy uýa.
Aýagymy süýräp, depeden depä,
Taýagymy süýräp, ýapydan ýapa,
Bir menzilden düýeleri gaýtaryp,
Doňňaradaş bolup, ýetipdim gapa.
Ojagyň başynda, ejemiň ýanda,
Çaý içip, elimi çoýjakdym weli,
Eýýäm haçan men, elimden beterräk,
Sowan eken, käbäm ejemiň eli...
Soňky gezek ellerini sypalap,
Hoşlaşsyn ejesi öz gyzy bilen,
Eý, sen ejem janyň dirilik wagty,
Dolan, bir sagatlyk yzyňa dolan!
Bir mahallar, bir namazhon diwana,
Ikindi namazyn geçiren wagty,
"Eý, sen Günüm, ýaňadan dog!" diýip,
Dyza çöküp, edenmişin tagaty.
Oňa rehim edip, ýaňy batan Gün,
Ýaňadandan çykanmyşyn yzyna,
Eý, sen şol diwana rehim eden Gün!
Rehim etjek dälmi, çopan gyzyna?
Şeýdip, ýamaşgandan doganmyşyň sen,
Bir gezejik namaz, synna üçin,
Indi näme dogup, biljek dälmi sen,
Ene üçin, tutuş bir dünýä üçin?
Köp ýalbardym, Gün yzyna çykmady...
Hoşlaşman gitdi ol öz gyzy bilen,
"Jan, eje jan... menem gitjek eje jan!
Durr, eje!" ylgadym oň yzy bilen.
Emma meni uzak ylgatmadylar,
Garsa gujaklady, iki sany gol,
"Waý..." diýip, ýykyldym, garyň üstüne,
Soňuny bilemok. Bar bilýänim şol...
...Ejem jandan aýra salan garlak gün,
Şondan bäri saňa düşenok synym,
Ynha, indi niçe ýylyň içidir,
Henizem gar görsem, dyglaýar inim.
Gar ýaganda, gömülerdi ýolumyz,
Gar ýaganda goýunlarmyz buýardy,
Ejem şonda: "Nähili zat ýagsa-da,
Şeýle uzak ýagmawersin!" diýerdi.
Ýa-da gahar edip, onuň sözüne,
Dargursaklyk edip, aldyňmy sen ar?
Jany ýanan taňrysyna gargarmyş,
Wah, gar, ak gar, sende näme günä bar?!
Ejemiň üstüniň gumy solmanka,
Ýene öňki taýak, ýene öňki kär,
On sekiz ýaşyna ýetmedik Gülnäz,
Boldy birden öýünde jogapkär
Ejem bilen bakan düýelerimiz,
Galdy birden men ýalňyzyň başyna,
Gara saçym gum süpürdi tomsuna,
Gara saçym gum süpürdi gyşyna.
Göýäki diýersiň, on sekiz ýaşda,
Otuz ýaşly ýaly, ulalfym birden,
Eger wagty gelip, üstüne düşse,
Kän zady göterjek ekeni gerden.
Ejemiň üstüniň gumy solmanka,
Doýurdy Gülnäzi Doýduk gelnejem,
"Ylgabergin, diýen ugruma baka,
Seni maňa ynan, tabşyrdy ejeň".
Buýurdy ol, baldyzyna buýurdy,
Buýrany hiç, igenç bilen maýyrdy,
"Hajymelik ýaly köp iýýäň" diýip,
Bir hepdeläp, saçagynam aýyrdy.
Ikinji hepdede özi utanyp,
Goşdy saçagyny ýene-de Doýduk,
Bir güýç maňa medet bermedik bolsa,
Doýdugyň elinde, bolardym goýduk.
Ol medetkär - Ezizimdi, Ezizim,
Ol medetkär - şondan gelen iki hat,
Biri beýnä- ganat,
Biri - ýürege.
Ikisi birigse, göwräme ganat.
Üçünjiň deregne özi geläýse,
Bolardy ol tutuş dünýäme ganat.
Hatyň birinjisi - Donuň ýanyndan,
Ikinjisi - Wolgaň boýundan geldi,
Birinjiden toýa gireni belli,
Ikinjiden toýdan çykany belli,
Toýdan çykan adam gelmezmi öýe,
Ýa-da gitdimikä, ýene bir toýa?! ...
"Buşluk, buşluk, Gülnäz, Eziziň geldi!"
Diýseler bererdim, bir guwa düýe,
Saçakda nanyň ýok, ketekde towguň,
Düýäni nireden aljak sen, Gülnäz?
Beýle günde bir düýäni dagyny,
Gyzyndan gysganar durarmy kolhoz?
Şunuň ýaly, süýji arzuwlar bilen,
Selpedim men, gum içinde selpedim.
Meniň Ezizimiň bir dosty bardy.
Her egni bir gaýanyň, bir bölegidi.
Dünýäde guwanjy Aýbölegidi,
Sähra gelinleriniň gülälegidi.
Eziziň şol dosty (Rejebalymyz),
Megerem, bagyrtlan rus garyny,
Ýar deregne gar gujaklap ýatyrka,
Ol gerçegiň "Ýarym" diýýän "ýaryny",
Bir goja sazagyň kölegesinde,
Şehitli depäniň ýapynda gördüm.
Maňa şeýle hukuk berilen bolsa,
Şonda ikisinem şehit ederdim,
Belki, maňa şolar ýaly hukugyň,
Berilmäni bähbit bolandyr, bähbit.
Ýöne weli, şeýle hukugym bolsa,
Ilki bilen ýasap, goşaja şehit,
Gözlesemem onsoň, gözlärdim bähbit.
Mukaddes Söýgüniň harlanmagyna,
Hemmämizem deň günäkär, joralar!
Onuň üçin diňe erkeklerden däl,
Bizdenem, bizdenem jogap sorarlar.
Gatyşyp oýnardyk "Görüpgaçdyny",
Gatyşyp oýnardyk, topy-topazy.
Başda-da aýdypdym, bolmandy bizde,
Oglanlar topary,
Gyzlar topary.
Emma kyrk birinjiň ýanar iýuny,
Bölüp gitdi bizi iki topara,
Selbili topary - çölde galdyryp,
Gerçekli topary - sürdi tokaýa.
"Görüp gaçylmaly" oýun gutaryp,
"Görüp topulmaly" oýun başlandy...
Şondan bäri iki iýun gutaryp,
Ýurdumda üçünji iýun başlandy.
Soradym iýundan:
"Görmediňmi sen,
Nirede gezip ýör, Ezizim, agam?"
Emma tomus jogap bermeden geçen,
Göwnüň üçin diýip, gymyldanogam.
Şeýle bir dymykdy tomusyň başy,
Sazaklaň püri-de yrgyldanokdy.
Uruş eýýäm tamamam bolsa,
Ezizler Berlini alanam bolsa,
Kim bilýä, dünýäden habarmyz ýokdy.
Kimde-kim kolhoza azyga gitse,
Şol hem getirerdi, gazýet-žurnaly.
Dolanyp gelýänçä, äwmezek düýe,
Her säher atardyk kyrk gezek paly.
Ahyry çözüler palan ykbaly,
Düýe-poçtolýona gözümiz düşer,
"Äsemmikäm ýa-da ätmesemmikäm?"
Diýip, gelýän göwrä gözümiz düşer.
Bir put gazýet bilen, näçe sany hat,
Gütüläp, Gülnäziň öňüne düşer.
Gazýete ýazýanam, meniň özümdim,
Ony paýlaýanam ýene-de özüm.
- Buşlugyňa bir tahýaň bar, Gülnäzim!
- Buşlugyňa bir düýäň bar, Gülnäzim!
Ene bary, gelin bary, gyz bary,
Gülnäziň daşyna hümerdir, hümer.
"Hat bar!" diýseň, müň bir damar tarsyldar,
Emma sandyrýandyr, başga bir damar,
Gynançmy, söýünçmi - niçiksi habar,
Ýazylar, çekiler gorky damary.
Hat diýen zat - ýarylmadyk bir garpyz,
Ýarýançaň bildirmez, şodur ýamany,
Her bukja, her möhre eliň degende,
Göýä bomba bolup, ýaryljak ýaly.
- Buşluk, Jemal, buşluk, saňa bir hat bar!
Ol hat arkanlygna ýykdy Jemaly,
- Buşluk, Göwher, buşluk, saňa iki hat bar!
Göwheriň ýüzüne çaýyldy göwher.
Biri doganyňdan, biri ýaryňdan,
Öwser indi, ýüzi neneňsi öwser?!
Sekiz aý ýörän, sekiz bukja hat,
Bäş gelini güldürdi, üç gelni ýykdy.
Ezizimiň mähri siňen gökje hat,
Çykdy, çykdy, meniň ýadymdan çykdy.
Tutuş bir gijeläp, ýadymdan çykdy,
Bir ýyl, bäş hepdeläp, garaşan hatym.
Ýylyň dört paslyndan - tomusdan, güýzden,
Ýazdan gyşdan diläp, soraşan hatym,
Uzyn gije üç joramy gujaklap,
Aglap çykdym. Ertirden soň okadym...
Bukjanyň içinden gökje hat çykdy,
Ýüzünden üç ogşap, ylgadym çöle,
(Nämüçindir, şunuň ýaly pursatda,
Adam ýer gözleýär, çoladan çola?!).
Düýeleri ak inişden aşyryp,
Bäş sagat gürleşdim Ezizim bile,
"...Gülnäzim, şu günler imi-salalyk,
Oboronda bolýas, ýagdaýlar ýagşy".
Waladaý galasynyň tokaýlygynda,
Şahyr bilen bagşy diňleýäs, bagşy,
Seliger kolleriniň kenarynda,
Üç sagat ýaňlandy, Türkmeniň sazy.
Üç sagat ýaňlandy, bagşyň owazy.
Birden ýöne patefondyr öýdäýme,
Edil Sahy bagşyň özü-le, özi.
Biziň "Oglan bagşy" diýip ýörenmiz,
Bir garyş sakally adam ekeni.
Soň görüp otursak, gyşyň başynda,
Aşgabatdan çykyp, gaýdan ekeni,
Onlap-onlap, ýer kümeleň içinde,
Ýarym ýyllap, aýdym aýdan ekeni.
Şondan bäri sakal syrmadan geçen,
Derin süpürmäge degmändir eli,
Muny gürrüň beren bagşyň dili däl,
Ýanyndaky alçak, şahyryň dili.
Şahyryň adyna Gara diýdiler,
Soň görüp otursak -
Gara Seýitli,
"Äýnekliň adyny sora!" diýdiler,
Sorap görsem, olam
Rehmet Seýitli.
Şahyrlar bir sagat goşgy okady,
Bagşy hem on sagat aýdym aýytdy.
Onýança-da ýer kümäniň diwary,
Tozan turzup, aşaklygna gaýytdy.
Beýle ýanymyza düşdi snarýad,
Ýene-de hüjüme başlady wagşy,
Ine, şondan bäri, iki hepdedir,
Saz edýär tokaýda, başga bir "bagşy".
Şol "bagşynyň" sesin sem etmek üçin,
Seniň Eziziňem girdi hüjüme...
Şu haty okopda ýazdym, Gülnäzim,
Ýary özüňedir, ýary ejeme!
Ejeme okap ber, bagşyly ýerin,
Başga ýerin diňe, okagyn özüň,
Arkaýyn bol, ýeňiş bilen bararyn,
Haty ýazan - kiçi seržant Eziziň".
Uly çopan, kiçi seržant Ezizim,
Gutly bolsun, täze dakylan adyň!
Kiçisi bar bolsa, ulusam bardyr,
Oňa-da ýetjegiňe Gülnäz şaýadyň...
Wah, onsoňam, gürrüň ululykdamy,
Ulusy, kiçisi bormy soldatyň?
Kimde-kim duşmany köp gyryp bilse,
Şo dälmi dünýäde iň uly soldat?!
Onuň şeýledigine her günde okýan,
Gazýetim, žurnalym, kitabym şaýat.
Özüm bolsam, soldatlaryň hersine,
Her günde dakardym, täzeçe bir at.
On faşist gyrana, "On" adyn dakyp,
Ellisin gyrana dakardym, "Elli".
(Ýöne weli, at dakýanlaň özüne,
Bu zatlar Gülnäzden gowurak belli).
Mäläň, aýdym aýdyň, goýun-geçiler,
Bu gün öňki çopanmňyzdan hat geldi,
Bu gün siziň hemraňyzdan hat geldi,
Ygşyldan sazaklar, çeti-selinler.
Ynha, ýene siziň gujaklarňyza,
Ýary bilen seýle çykar gelinler,
Darykma ýüregim, giň tut özüňi,
Seniň Eziziňden hat geldi bu gün!..
Dilim şu sözleri gaýtalasa-da,
Pynhan howsaladan doludy göwün:
"Eziziň ýatyrka okuň astynda,
Nädip sen arkaýyn bolarsyň, Gülnäz".
Şol hüjümden çykdymyka sag aman?
Şony kimden, niçik bilersiň, Gülnäz?
Geçipdir ol haty ýazaly bäri,
Ýarym fewral bilen, mart, aprel, maý...
Nirede, nirede Gülnäziň ýary?
Bir ýerde bar bolsaň, jogap ber, Hudaý!"
Garadym asmana, jogap gelmedi.
Irkildim arkamy sazaga diräp...
Bir oýansam, taýak salym beýlämden,
Tüňňi geçip barýa, aýagyn süýräp,
Günleň howsalaly dogýan günleri,
Aneli goşhalta bogýan günleri,
Dokuz öýli guýymyzyň başyndan,
Powestka barynyň ýagýan günleri,
Tüňňimiz bir ýere bolupdy gaýyp.
Şonda nirededir, bir ýerde taýyp,
Düýeden ýykylyp, bolanmyş maýyp...
Dünýäniň ýüzünde müňkürlik gursun.
Müňkürlik- dünýäde ýek görýän zadym.
Emma onuň şeýdip, ýykylandygna,
Ynanmaýadym men, ynanmaýadym.
"Bilgeşleýin ýykylandyr" diýýädim.
Ynanjak bolsam-da, bolanokdy hiç.
Şindem ynanamok,
Soňam ynanman,
Meniň üçin gaçypdy ol ynamdan.
"Ynanjaňlyk gowy bormuş, Gülnäzim!"
Diýen sözi kän eşdipdim enemden,
Eneleň sözüniň sadagasy men,
Olaryň gepiniň bolmaz yrýasy.
Ýöne weli, ynanjaňlyk akylyn,
Ejeme öwreden kimiň dünýäsi?
Mollalaryň, işanlaryň dünýäsi,
Ili çürkäp, ýaşanlaryň dünýäsi.
Her aýdylan söze ynanyp ýörmek,
Ejemjanyň däl-de, şolaň mirasy.
Bu sözleri gaty görme ejejan!
Gyzyla gaplaryn, her bir aklyňy!
Doga edenleriň her bir nakylyny,
Emma ynanmaklyk ýakymlam bolsa,
Käte şübhelenmek hasam ýakymly.
Hawa, şeýdip, taýak salym beýlämden,
Bogazna sygdygyna zowladyp, "Bibä",
Gyşyk geýip, meniň tiken tahýamy,
Tüňňi geçip gitdi, gaýraky oba.
Mätäçligiň etdirmejek zady ýok,
Mätäçlik haýwana, ynsana bela,
Ol tahýany ýogalmaznyň öň ýany,
Ejem çalyşypdy, bir çanak sülä.
"Wah, eje jan kime satsaň sat weli,
Şolara bir satma!" diýip, aglapdym.
Başga kişä satyp bolmajagyny,
Ejem naňa aýdandan soň, aňlapdym.
Dokuz öýli guýymyzyň başynda,
Ýokdy şondan başga,
erkek göbekli,
(Wah, onuňam göbekligi bar bolsun,
Ozalynda gowşak düwlen göbekdi).
"Ak gaýmaly" kelle göçdi-de gitdi,
"Aç gujagňy, doňdum, Bibijan" diýýä.
Deň-duşlary bolsa, gar bagyrtlap,
"Ýa-ha ölüm" diýip, ýa-da "jan" diýip,
Yzyndan seredip, ýumrugmy düwdüm.
Süýem barmagymdan geçdi bir çişim,
Düýäniň yzynda selpäp ýörsem-de,
Başymdan agdykdy,
Başga-da işim.
Tomsuna saýalap, salkyn sazagy,
Oda bagrym gerip, arly gyşyna,
Gyzyl jorap bilen gyzyl ellikden,
Ellisin ýollapdym, Gyzyl Goşuna.
Üşän wagtym çoýunýanym ojardy,
Yssylamda saýawanym ojardy,
Gum içinde şol güýç bolmadyk bolsa,
Çişim jorabymdan ýere gaçardy.
Urşuň dört ýylynda bizi penalan,
Ojar atamyzyň, gurban başyna!
Häzirem üstüme saýasyn saçyp,
Meňzäp, kakam janyň sakgaldaşyna,
Otyr parasatly gojaman sazak.
Ýalňyz syrdaşym ol niçe ýyl bäri...
Ýaglygymyň üstünde şygyrdap ýatyr,
Içi gowurgaly gazýetiň biri,
Hem gowurga iýýän, hem jorap örýän,
Hemem göz gezdirýän guýguç gazýete.
Ikinji sahypaň aşak başynda,
Gözüm düşdi, ýedi gyzly surata,
Siňe ýaksam, ýedisi-de tanyş ýüz,
(Ortaky gyz bolsa, has beter tanyş).
Mundan bir aý ozal, ýazyň başynda,
Bir sagat guýupdy, öýlänçi ýagyş,
Şonda bir äýnekli, süllümbaý bolup,
Ikindinaralar düşüpdi guýa.
- A-gyz ol-a surat aljak diýýämiş!
- Kimiň suratyny? -
- Biziň-le!
- Utanyp gaçypdy, gyzlaryň biri,
Kümä bukulypdy, ýene ýir gelin.
Ertesi gün ak çägäniň üstünde,
Bir akja apparat gysyldy telim,
Edil özi: dört gyz bilen üç gelin,
Jorap örüp otyr, ekizler ýaly.
Ýedi joranyň hem alyn saçlaryn,
Maňlaýa döküpdir çölüň şemaly,
(Ýok, alty diýeli, ýedi diýmäli)
Aýbölekdi, ýedi joranyň biri...
Indi ol meň üçin kömür bölegi,
Munuň ýaly bägülleriň ýanynda,
Oturdyp bilmerin onuň ýalagy,
"Indi aramyzda işiň ýok" diýip,
Derrew ony ýyrtyp, taşladym çetden...
Başga-da bir gözläp ýören zadymy,
Tapdym ýaňky gowurgaly gazýetden,
"Gazetiň içine gowurga guýsaň,
Artýan borly setirleňem lezzeti"
Diýip, öz-özüme özüm ýylgyryp,
Gowurgasyn döküp, açdym gazýeti.
"AÝAL-GYZLAR, WATAN SIZE ÝÜZLENÝÄR!"
(Mowzugy şeýledi, ýokar başynda)
"Siziň doganlarňyz, siziň ýarlarňyz,
Gulluk edýär, iň bir uly goşunda,
Şol atalar, şol doganlar, şol ýarlar,
Duşmany hinine sürüp barýarlar,
Siziň ellerňizden çykan elligi,
Geýen eller, çat- maňlaýdan urýarlar.
Siziň eliňizden çykan joraby,
Geýen aýaklaryň - ädimi batly,
Siziň eliňizden çykan dolagy,
Dolanan injikleň süňki polatdan.
Siziň eliňizden çykan eşigi,
Geýen göwreleriň - hamy galkandan...
Front iki ýylda bir million jübüt,
Ellik-jorap aldy, türkmen halkyndan.
Şol ellikleň, şol joraplaň içinden,
Çogup çykan gyzgyn Günüň ýalkymy,
Buzlary bugardyp, gary gaýnadyp,
Ýeňişe ýetirdi, Wolga polkuny.
Şonda sizi million gezek ýatlandyr,
Aýagy gor ýaly, bir million ýigit..."
Ýöne weli, iki ýylyň içinde,
Azyrak dälmikä, bir million jübüt?
Türkmeniň gyşyna döz gelip bilmän,
Iki ýylda ýakdyň ýüz düýe ojar,
Wolganyň boýunda, ýalazy çölde,
Ezizleriň güni neneňsi geçer?
Mugallymyň Orsýet gyşy hakynda,
Aýdan sözlerini unutma, Gülnäz!
Jany sag, sybyrgaý, sen ýaly gyzdan,
On ellik, kyrk jorap, azdyr entek, az.
Bahana agtaryp, zeýrenmegin sen,
Boýagyň ýoklugna, ýüňüň ýoklugna,
Ýüň tapmasaň, çöple, çöpleň başyndan,
Boýag tapmasaňam, öräý aklygna.
Iki günläp çöple, üç günläp egir,
Altynjy günde-de, bir jorap taýyn,
Ine, onsoň Watan ýüzlenmesine,
Her hepdäň başynda bir jorap taýyn.
"Ýüň ýok" diýip, ýatma, Aýbölek ýaly,
Egriber, oruber, onuňam paýyn,
Watana "Ylalyp oňalmadyk" däl,
Watana ulalman, oňalan gerek.
Ýöne her zatdyr-ki "beklilik" bilen,
Gülnäz birazajyk öwrendiklidi,
Emma weli, onuň,
Minneti bile öwrenişmek maňa, degerdi agyr...
Bir agyz söz bilen onuň kimligin,
Takyklap gidipdiň, eý, gara bagyr,
"Bu gelnimiz mydam özüni biler,
Kişiniň janynyň gaýgysyn etmez"
Ejemiň zarynlap, aýdan sözleri,
Beýnimden aýrylmaz, gulakdan gitmez,
Bu sözleri ýogalmaznyň öň ýanda,
Maňlaýymdan ogşap, aýdypdy ejem,
Sypaýçylykdanmy, başga zatdanmy,
Entegem bärräkden gaýdypsyň, eje!
Kişiniň janynyň gaýgysy nire,
Malynyň janyna bela getirjek,
Düýe janaweri oňa ynansaň,
Ýaryn maýyp etjek, ýaryn ýitirjek.
On günde bir gezek, meniň deregme,
Gitse-de ýaýkyldap, düýe bakmaga,
Giç galsa ikindin sürüp, getirer,
Ýene Gülnäz gider, suwa ýakmaga.
Emma janawerler suw içýän däkdir,
Pyşgyryp-da ýüzün sowar howadan,
Men baksam bäş howa içýän düýeler,
Ol baksa, ganýandyr, iki gowadan.
Käte bolsa, gaýtarmaga ýaltanyp,
Düýeleri gabap, goluň içinde,
Sereder otyrdy, malyň daşyndan,
Emma bihabardyr, malyň içinden...
Minnetli çöregi bir günläp iýsem,
Iki günläp iýmän,
Geçerdim gyşy,
Gyşyň gopgunyny geçirdim diýsem,
Başlandy başga bir gopgunyň başy.
Üç aýlap, öýmüzde bişen çöregiň,
Içiniň üç putluk çöpi bar eken,
(Gelnejemiz saýlap-seçip özüne,
Tapan eken Tüňňi diýen köpeken).
- Taýyn bolup otur!
Gelnaljyň gelýär!
Ýassynlar berildi, bäş sözlük buýruk.
Onýança-da gapymyzyň agzynda,
Göründi üç sany bezemen börük.
Ýalpyldady, egme yzyna egme,
Waňňyrdady, düwme üstüne düwme.
(Frontda gezip ýör, iliň şaý-sepi,
Bularyňky weli, beýledi beýle).
Süýnüp-sarkyp, öýe girdi üç aýal,
Üçüsi-de bir-birinden ilgezik,
Birisinde - altyn gaşly bilezik,
Kümüş köken on ýüzük.
- Alnyň-bagtyň açyk bolsun, Gülnäzim!
(Başym sypalady, bilezikli el).
- Bize-de ýetirsin, Allanyň özi!
(Maňlaýyna ýetdi, on ýüzükli el).
Birdenem gök kürtäň gaty açylyp,
Ermeliň elinde şowyrdap gitdi,
Şol şowurdyň owazyna goşulyp,
Kökenli on ýüzük şagyrdap gitdi.
Ermeli üstüme atdy kürtäni,
Bilezikli çekdi, işige tarap,
Törümden soguryp, demir çarşagym,
Göneldi tagmalyň döşüne tarap,
Şol bada diň-arkan gaýtmadyk bolsa,
Basjakdym tenine, ýene bir tagma.
Onýança-da, açyk duran gapydan,
Dazlap çykdy, egme yzyna egme,
Şowurdady, guýruk yzyna guýruk,
Şagyrdady, düwme yzyna düwme.
Biriniň aýagnyň sandygy bitaý,
Biriniň başynyň kürtesi çöwre,
Joralar, döwrümiz bize mynasyp,
Biz käte mynasyp, bolamzok döwre.
Käte görýän, görmesemem eşidýän,
Bola-bola gelýär, şuň ýaly waka,
Emma şol wakadan başyny alyp,
Çykmaýanlar döwre mynasypmyka?!
Atam ýaly müňläp-müňläp atalar,
Özün dogratdyrdy, bu döwür üçin,
Eneler perzendin, gyzlar söýgüsin,
Oda ugratdylar, bu döwür üçin.
Ejemiň kämähal aýdyşy ýaly,
Döwür bolan däldir, bu döwür ýaly,
Emma käbir gyzlaň, erkin goraýşy,
Sakçy ýaly däl-de,
Müjewür ýaly.
Ýok, biz merhum dünýäň müjewüri däl,
Ölmejek bir dünýäň eýeleri biz.
Faşistleň öňünde gaýşaryp duran,
Köşekgöz Zoýalaň uýalary biz.
Olar dag dek durunp, okuň öňünde,
Şo ýerde gaýşarlyp, jan berýän wagty,
Kä gyzlar bu ýerde aşak ýapyrlyp,
Özün kürtä busup, batyrýar bagty.
Enäniň-atanyň göwnüne degmek,
Agyr işdir, menem oňa düşünýän,
Ýöne weli, gyzlarmyzyň içinde,
Ýok ahyry, enesinden ýaşynýan.
Göni aýdyň: "Men-ä pylany bile,
Pylan watdan bäri,
şeýleräkdirin..."
Şonda-da ýok diýip, eňegne tutsa,
Oň ýaly eneden beýleräk duruň!
Alybersin, ýüzden-ýüzden atgulak,
Sanabersin, kyrkdan-kyrkdan serpaýy,
Atgulak üýşdükçe seniň gulagyň,
Bolsun gaýta atyň gulagy ýaly.
Düwmeliler daşyňyza üýşende,
Ýöne ýumrugňyzy düwüp oturmaň!
Çabyt, kürte başyňyza düşende,
Egnňiz gözýaşa ýuwup oturmaň!
Edil olaň görejine seredip,
Dalnaman beriň siz petigulusyn!
Bir beladan aman gutuldym diýsem,
Üç aýdan soň gördüm, belaň ulusyn.
Ezizim ýanymdan gideli bäri,
Iki ýyldyr, sekiz aýyň içinde,
Onuň ýaly howpa sataşmandym men.
Kyrk dördünji ýylda, maýyň üçünde,
Daýaw, garagyçak bir ýigit bilen,
Galdym, bir garaňky jaýyň içinde.
(Aýy, güni bile, sagady bile,
Ýatda galar eken, onuň ýaly gün)
Ermeli börügin geýip gelnejem,
Dakyndy üstünden ala ýaglygyn.
- Tuwak ejäň gelni gaýdyp gelenmiş,
Senem derrew geýin, Gülnäzim - diýdi.
- Ozalam müň gezek aýdypdym size,
Özüm saýlap, özüm öýlenjek - diýip.
(Dişin çalgylady, öýlenjek ýigit),
- Häzir biziň üçin ganyn döküp ýör,
Bu oturan gyza öýlenjek ýigit.
Siz bolsa aldawa saldyňyz muny,
Munam, menem dyzady, ol daşary,
Emma hyrsyz atasynyň elinde,
Şatyrdady ýaňky ýigdiň goşary.
Doýduk kyrk müýnümi gurt edenden soň,
Sen muny sypdyrar öýtmegin diri...
Bir gyzy gujagna dakylandan soň,
Indikiň nämemiş...
heleýiň biri!
- Diýdi-de, dulugna bir şapbat çalyp,
Ogluny üstüme südürläp itdi.
Ýigit meň üstüme gaýtmajak bolup,
Bir garyş beýlämden büdüräp gitdi.
Tigirlenip gitdi, pyşbaga çaýnek,
Düňderildi, içi ýarmaly soky.
"Senden ýigit bormy, diýmäýin diýsem..."
Şarkyldap, daşyndan ýapyldy gapy.
(Ýene-de topuldym, işige tarap,
Onýança daşyndan çaldylar gulpy).
Menden ýaňa arkaýyn bol, Gülnäz gyz!
(Ýigit bir bökende alkymma geldi),
Kime garaşýanyň, kimi söýýäniň,
Maňa özüňdenem beterräk belli.
Egnimiň üstünde şu kelle durka,
Men saňa barmagam batyryp bilmen,
Öz söwer dostumyň söýgülsin alyp,
Bu ýerde gaýşaryp, oturyp bilmen.
Эгнимин устунде шу келле дурка,
"Ondan soň özüme "men erkek" diýip,
Bu akja şyrdagy göterip bilmen,
Eziz Çerkez seniň söýgüliň bolsa,
Geldi Ýowşan ynha, doganym, Gülnäz!...
Dostüna wepadar beýle ýigidiň,
Aýagynyň astynda togalan, Gülnäz,
Kellesi bigelşik, maňlaýlak oglan,
Göýä, gözlerime perişdä döndi.
Iki alyn dişi aňňalak oglan,
Agzy lagly-göwher, kümüşlä döndi,
Ortarada "şaman odun" ýakamda,
Howany aňkadan, nebitiň ysy,
Birden-kä gül ysyna öwrülip,
Şol ysa goşuldy, ýigidiň ysy.
"Onda men gideýin!"
Topuldym gapa.
Rugsat bolsa, baryşyma depjekdim.
Bir gapyjyk dagy name ýanymda,
Her dikesin, gulak ýaly etjekdim.
(Bolmanda-da, el urulsa şeýtjekdim),
- Dur, dur, Gülnäz!
Ýigit meni saklady.
(Üstünden towusdy, dökülen çaýyň).
Seni hopba edip äkitmäge-de,
Doganyň häzir öznde taýyn.
Ýöne Gülnäz, entek azajyk otur,
Oýlanşyp göreli başga bir taýyn.
Aýbogdaşyn gurup, jaýlaşdy Geldi.
"Otur, uýam, otur!"
Menem oturdym.
(Gözi gorkan adam özüňe belli,
Henizem azajyk howatyrlydym).
Diýdi ol: "Öýňüze äkitsem seni,
Ýene bir gün topa salar gelnejeň.
Manadyny sanar, ýene kyrk-kyrkdan,
Haladyňy ýene sanar elliden.
Urşuň-dawaň bolsa, entek-entekler,
Haçan gutarjagy belli däl, uýam,
Ondan bärde ýene birine çatsa,
Hemme duşjak ýigit, Geldi däl, uýam!
Onsoňam, kakamyň gapyň agzynda,
Uçuryp, ardynyp, ýörşüne seret,
Pulun köýdürenden aryn köýdürer,
Onuň häsýetine belet men, belet.
Häzir öýden çykyp, ugraberdigmiz,
Beýle gylyklydan hiç zat geň däldir,
Iň gowsy, edil gözlerne basyp,
Rahat oturybersek, şolam bir ýoldur.
Dogan okaşsaňam, taýyn men, taýyn,
Gapy ýykyşsaňam, taýyn men, taýyn,
Sen meniň doganym, şu günden bäýläk,
Haýsysyn saýlasaň, men şoňa kaýyl.
Ine, gözel göwnüň, iki çatyryk:
Biri dawaly, birem dawasyz ýol bar.
Ýöne welin, dawasyzyn saýlasaň,
Bir aýdan soň gelip, özleri ýalbar.
Hut özleri seni düýä mündürip,
Hut özleri gaýtararlar yzyňa.
Ine, onsoň, näçe ýyllap garaşsaň,
Garaşyber, uýam, öz Eziziňe.
Häziriň özünde Ezize bolsa,
Ýazaly şeýle bir gülşükli haty..."
Ýazdyk, Geldi bilen, daňdana çenli,
Gelşiksiz zat hakda,
Gelşikli haty...
Dogrudy, gapydan çykaýamda-da,
Ýaňkyň gazabyna düşjegim hakdy.
Ol gazapdan aman sypaýamda-da,
Ýene bir gazaba duşjagym hakdy.
(Mekirleri özündenem beterräk,
Mekirlige salyp, ýeňmek boljakdy).
... Şol bir aýda biziň bolşumyz ýaly,
Bolup bilmez dogan bilenem doganam.
Ýene aýdýan, Gülnäz, beýle doganyň,
Tä ölýänçäň aýagyna togalan.
Köpüräk dogulsun, şoň ýalak oglan,
Emma käbir oglan başga biriniň,
Söýen gyzyn satyn alyp, mal bile,
Ertir ýene adam eşigin geýip,
Ýöräp barýar, seň bilen bir ýol bile.
Şo teyelli oglany hem, gyzy hem,
Öz ýanymdan deň görýärin nol bile.
Olarda ne ýürek, ne-de öýken bar,
Ikisi-de diňe täleýiň guly.
Biri ejesiniň "akylly" gyzy,
Biri ejesiniň "ýakymly" ogly.
"Akyllysy" - kime berseler kaýyl,
"Ýakymlysy"- kimi berseler jaýyl,
Ine, size iki sany köp goýun,
Ikisi-de nirä sürseler taýyn.
Beýle enäň nadanlygna sözüm ýok,
Nadan ol. Gyzy hem - nalajedeýin.
Ýöne ol gyz bolup, şoň ýaly bolsa,
Onuň erkek bolup, şeýledigine,
Nalaç edeýin!
...Ýaňky ýaly haty ýazyp, Ezize,
Iki dogan bolup, okadyk telim.
"Ýaşkom" gazýetinden ýasaldy bukja.
"Beýle-de bir hyrsyz, betgelşik oglan,
Bor eken-ow..." diýerdim, men içimden.
Gelşik diýen zadyň nirededigin,
Kyrk gün bäri, indi görýän, adamlar!
Siziň her haýsyňyz daş ýüzüňizden,
Göräýmäge - aýdylmadyk aýdymlar.
Emma siz aýdylyp başlan wagtyňyz,
Baş perdeler, boş perdeler saýlanýar.
Baş perdeden - gyşam ýaza aýlanýar,
Boş perdeden - ýazam gyşa aýlanýar.
Eý sen, bir mahalky bigelşik oglan,
Geç sen meniň bu betgelşik günämi,
Şoň ýaly gelşiksiz oglanlar bilen,
Dolduryň, eneler,
Bütin dünýäni!
Kyrkynjy gün gök gapynyň agzynda,
Gök düýäniň üstüne çaldylar ýürek,
Ýüregiň içine girende, Gülnäz,
Gürsüldedi, ýürek içinde ýürek.
Gaýtaryjy idip gitdi düýäni,
Sadabyň Gülnäzi idişi ýaly.
Mytdyl-mytdyl edip, gitdi düýämiz,
Şol kyrk günde meniň edişim ýaly.
Öňümize düşüp, gaýşarlyp barýar.
Guşagy boş gynly gaýynatamyz,
(Söýgi diýen zady şol gyna salyp,
Agzyny dykmaga taýyn atamyz).
"Sag-aman bar, sag-aman gel, Gülnäz jan!"
Elin bulap galdy, gaýyn enemiz.
(Şu gaýşyp barýanyň gynyna duşup,
Aýagam, ýüregem maýyp enemiz).
"Sag-aman barsa-a bararys weli,
Sag-aman gelmeg-ä kyn düşse gerek!"
Bir öňe, bir yza çaýkanyp barýar,
Içi tylla bilen, Gülnäzli ýürek.
Düýämizi dartyp barýan pyýada,
Ýolup barýar, burunlygyň buýlusyn,
Şemal şowurdadyp, düýeballygy,
Ykjadýar matalaň kyrk bäş hilisin.
Ejem bir gün Gurt guýsuna äkidip,
Bu şowurdap barýan düýebaşlygy,
Deregne keramat dek goltuklap,
Geçiripdi iki günlük aşlygy.
Her bir gyrkyndysyn gözüme oýkap,
Gepläp bilmän, ýetipdirin öýläne,
Dört-bäş hünji kirpigime düzüldi,
Üzülmänkä siňip gitdi öýmäme.
Hemmejesi öz dakanja seçegmiz,
Ählijesi öz gyrkanja matamyz..
Kem-kemden gowşadyp, duýan owçaryň,
Gaňryldy yzyna gaýyn atamyz:
"Öýle namazam-a bolup barýandyr"
"Bilemizok" diýdik, yşarat bile,
"Delim" diýdimi ýa,
"Teýim" diýdimi,
Suw-sölsüz kylynýan bir täret bile.
Hol beýlede, ak çägäniň üstünde,
Owaz bilen ýaşlady ol öýlesin,
(Şu ejize ganym gylygyň bile,
Ikindi neýlesin, öýle neýlesin!".
Olam gitdi, bizem düýeden düşdük,
Ýoluň çep ýüzünde -okaldy öýle,
Ýoluň sag ýüzünde - çykyldy seýle.
Çep tarapda azlyk, sagda-da köplük -
Azlyga horlatmak bolarmy beýle?!
Ýok, ýok, özümizi horlatmarys biz,
Jebir görkezeris, jebir deregne! ...
Tylla bir elimi elinde oýnap,
Uludan dem alyp, basdy ýüregne.
- Sen oňardyň, sen gutuldyň, Gülnäz jan...
Ynha, men.., ömürlik atyldym oda.
Çatyldym şol öýde oturan zada...
"Näme, näme?!"
Elimdäki gülleri,
Mynçganymy duýmandyryn, şo bada.
- Meniňem özümiň söýýänim bardy.
Ynha, indi...
Aşak seretdi Tylla.
Goýun gözleriniň kirpiklerinden,
Eräp gaýtdy, kümüş gatyşyk tylla.
"Şoňa gowuşmasaň, razy däldirin!"
Diýipler ýalbardym, Alla.
— Meнинем озумин соййаним барды.
Ýöne öz-özüňi gorap bilmeseň,
Sen ýalydan daş bor eken, Alla-da.
Gözi ýaşly hiç kime-de gerek däl...
Geçen geçdi... aý, Gülnäz jan, bolýa-da!".
Diýip, Tylla aslyşdy-da boýnumdan,
Her gözümden taýly gezek ogşady.
Bu üýtgeşik öpüşleriň sebäbin,
Eşidemde onki süňňüm gowşady.
Gulpaklyja çagadym,
Garaköli telpeklije çagadym,
Aýaklary çepiklije çagadym,
Bar oýunjagym gurjak bilen çägedi.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Bäş oýnama ýakyn oglan-gyzdyk biz.
Burny sümüklije,
Tüňňüjik bile,
Eli sürpeklije,
Atanýazdyk biz.
Jübsi aşyklyja,
Ezizjikdik biz,
Eli gurjaklyja,
Ogulhallydyk...
Özümizem üýtgeşik bir zat däldik,
Şol aşyklar, şol gurjaklar ýalydyk,
Baladyk.
Oglanlar altydy,
Bizem on birdik.
Oglanlaň üstünden handyk-emirdik,
Uzyn günläp, bir-birimiz gemirdik,
Aradynda çala asgynlaýsagam,
"Eje-e, eje-e!" diýip, zowladybirdik.
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Gyzdan ýetmezçilik çekiljek däldi,
Ejemiň bälçiräp, aýdyşy ýaly:
"Gyz gözläp, Ahaly söküljek däldi,
Ýigit başyna bir sahypjemaldy.
Gaýta bäşijigi artybam galjak,
Olaram kyrk-kyrkdan üwäp boljakdy.
Aşgabatla dagy çatyp bolsa-ha,
Otly görmäge-de, sebäp boljakdy".
Ejemiň diýýänniň ugrunda ýardy:
Otlyny görmedik gumlylar kändi,
Şeýdip, garyndaşlyk açaýsaň weli,
Otlyny her günde görmek mümkindi...
Dokuz öýli bir guýynyň başynda,
Gatyşyp, oýnardyk topy, topazy,
Hiç haçan, hiç haçan bolmandy bizde,
Oglanlar topary,
Gyzlar topary.
Gatyşyp, oýnardyk,
"Görüpgaçdyny",
Gatyşyp, oýanardyk,
"Eşekmündini",
Tüňňüjigem bizi münse, münendir,
Ýöne bizem kän münüpdik, Tüňňüni.
O neresse karamçyldy hemişe,
Şonça-da tiz-tizden "eşekçi" bordy.
Ýöne onuň ady Tüňňi bolsa-da,
Örän rahatja arkasy bardy.
Gyzlar bolup, sylardyk biz Ezizi,
Gylygy-da özi ýaly ezizdi.
Ýöne weli, onuň birje ýetmezi,
Gaharynynyň gelişi, çeninden tizdi...
Karamam etdirmez,
Karamam etmez,
Karam edäýseňem gaharlanardy,
Bu gylygyna onuň ýetmezi däl-de,
Artyklygam diýsek, dogry bolardy.
...On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezenim,
On alty ýaşymda Ezizim boldy,
"Haram tula, ylga guýyň başyna,
Han-ha, kel toklusyn toplap daşyna,
Maňkasyn akdyryp,
Eziziň geldi".
Diýip, meni çakýanlaram tapyldy,
Ýok, ýok, çakýanlar däl,
Çakýan tapyldy =
Dokuz öýli, on dört daýzaň içinden,
Ala-böle, ýeke çykýan tapyldy.
Bibisoltan diýen içýan tapyldy.
Zaýalap ýörensoň ne gözel ady,
Hiç kim onuň dogry adyn tutmazdy,
Iň ýörgünli ady Bibişeýtandy,
Gündiz oturmazdy,
Gije ýatmazdy.
Babanyň aýdanny, Ata gowşuryp,
Atanyň aýdanny, Baba gowşyrdy.
Ikisinem bir-birine ýabşyryp,
Ol obaly Annabibä gowşyrdy.
Annabibiňkiňem üstüne goşup,
Aňyrýanyndaky oba gowşyrdy,
Ol obanyň gybatynam getirip,
Ýene aňyrdaky guýa ýetirdi.
Haýwanlara dil bitmänne müň şükür,
Ýogsa, duýan sözün sygra ýetirip,
Sygryň jogabynam guýa ýetirdi,
Mallaň başyna-da bela getirdi.
Temen üçin düýe ýaly gep ýasap,
Pil dek, gep ýasardy -
iňňejik üçin.
Ýuwunmany-ardynmanam bilmezdi,
Ýüzünde ýal ýardy, müň güjük üçin.
...Meniň bilen jetliginiň seýäbi -
Dilän eken meni,
Tüňňüjik üçin.
"Bäh, Bibi jan, gijä galdyň azajyk,
Biri bilen halaşyp ýör gyzymyz,
Ýogsa dagy, siziň ýaly ýer tapsak,
Başga ýere çekdirjekmi gyzy biz.
Kejebeläp, eltip berjek özümiz!"
Diýip, ejem hem-ä ony oýnanmyş,
Hemem, oňa sypaýçylyk edenmiş.
"Toba! Toba!
Müsmünsokar tulajyk,
Bulam indi, gum ýurdunam bulajak!"
Diýip, öýden hababaýlap gidenmiş,
Şodur, şodur, gyrýagysy men boldum.
Meni görse, pytylasy tutuldy,
Depä çyksam, sapan bolup, atyldy.
Pese düşsem, gapan bolup, atyldy,
"Ýeri, näme, kakaň seniň ejeňi,
Söýgi bilen alypmyşmy, ýerçeken?
Tahyr bolmaz, Eziz ýaly baýguşdan,
Zöhre bolmaz sen tetelli serçeden!
Gum içinde söýgi bolmaz, akmak gyz!..."
Towky bolup, indi meniň başymdan,
Suwa gitsem -Gargap galdy yzymdan,
Suwdan gelsem - Garga boldy daşymda.
Nirä barsam, "gak-gagyny" gönderdi,
Ne içerde, ne daşarda gün berdi...
...Ýöne weli, meniň üçin şo günler,
Iň bagtly, iň ajaýyp günlerdi...
On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezipdim,
On alty ýaşymda Ezizim diýdim,
Hiç kim ony diýdirmedi "diý" diýip,
Birden duýman durkam, öz-özüm diýdim.
On bäş ýyllap, Gülnäz diýip, gezipdi,
Ol hem on altyda
Gülnäzim diýdi.
Hiç kim ony diýdirmedi "diý" diýip,
Ol hem meniň ýaly öz-özi diýdi.
Ime, şeýdip, şeýle bolduk ötäýdik,
Näme bolanny özümizem duýmadyk,
Bir seretsek, asyl, öňküligmiz däl,
Biri-birimize garap, doýmadyk.
Oýnumyzam asyl, öňküligi däl,
Nähilidir, başgaçarak oýnadyk.
Ilki duşuşygmyz şeýleräk boldy,
Bolan zady boldy diýmegem gerek:
Ak çägäň üstünde uklap ýatyrka,
Duşdum, Ezizime,
Duşdum, bir gezek,
Şeýle bir parahat, uklap ýatyrdy,
Ony oýarmaga it-guşam dözmez.
Ак чаган устунде уклап ятырка
Ak depeli, ak şyrdagyň etegin,
Öpüpdir, şar-gara kirpikli gözler,
"Eşek öldürenje" sowjak şemala,
Gyzarypdyr tegelejik gulagy.
Çözülipdir, çep aýagnyň dolagy,
Özüm dolap, özüm daňyp bererdim,
Bolan bolsam, şeýle ýigdiň çolugy,
Tä ölünçäm, onuň bakýan sürüsin,
Ukla, dynç al!" diýip, bakardym özüm...
Ak çägede, ak sazagyň düýbünde,
Irkilipdir, ak şypdakly Ezizim,
Bir oýansa, garşysynda men durun,
Tisgindi, taýagy elinden gaçdy.
Düýşümi, huşumy düşünip bilmän,
Gözlerini ýumdy, ýene-de açdy.
Gözlerini açdy, ýene-de ýumdy.
Soň gözlerini açdymy ýa açmady,
-Onçasyny häzir aýdyp biljek däl,
Ýöne eýýäm, Gülnäz ondan daşdady.
Bir salymdan "Gülnä-äz, Gülnäzim!" diýip,
Zaryn sesi ýetdi, meniň yzymdan...
Gara saçlam "Dolan yzyňa!" diýip,
Çyrpynjyrap, aslyşsa-da, dyzymdan,
Her örümin bir elimde tokgalap,
Öýmüze ýetenmi duýman galdym men.
Şo bolup ýörşüme häzirem haýran,
ýok, ona şo wagtam, haýran galdym men.
Sebäp diýseň, illeň aýdyşy ýaly,
Haýasyzlaň hasabynda däldim men.
"Aýnaň gyzy-bälçik" diýýänler kändi,
"Aýnaň gyzy - alçak" diýýänler kändi,
"Haýasyz" diýýäne duşmaklyk kyndy,
ýöne weli, meniň bu bolup ýörşüm,
Haýasyzlyk çägine-de ýakyndy.
"Ýeri, bir ýigidi söýdüň, taň etdiň,
Arzyny gaçyryp, ýörmegiň näme?
Söýýän bolsa, özi gelsin, halatsyn,
Özüňi üstüne sürmegiň näme?"
Diýip, öz ýanymdan özüm utanyp,
Gyzardym, agardym, boz-ýaz boldum men.
(Goýberen hatany salanda ýada,
Ýanynda hiç kişi bolmaýanda-da,
Ýüzüň gyzarýanny şonda bildim men).
Gözümi ýumsam-da, irkiljek bolup,
Beýnim öz erkini bermedi uka,
On alty ýaşyma ýetip, ýetmäkäm,
Bu neneň hekaýat, bu neneň waka?!
(Ýa-da, haýa-şerim paýlanan wagty,
Men naçara ondan ýetmedimikä?)
Dogrudanam, şeýle haýasyzmykam,
Aslynda nämekä, haýa diýlen zat?
Ejemjanyň gürrüň berşi boýunça,
Haýa - adamdan soň, dünýä inen zat,
Bir mahal şeýle bir döwür bolanmyş,
Haýasyz bolanmyş, dünýäň gyzlary,
Bolmanmyşyn, çigit ýaly näzleri,
Haýsy ýigit gözlerine ýarasa,
Ilki bilen alyşarmyş özleri,
Alla bu ahwala dep-gaza bolup,
Haýa diýen zady inderenmişin,
Şeýdip, bütin dünýäň gelin-gyzlaryn,
Uly bir beladan dyndaranmyşyn.
Şondan soň gyzlaryň özi lak atman,
Ýigitler öňürti başlanmyş söze...
Hawa, bu rowaýat, ajap rowaýat,
Utanç iň birinji bezegdir bize.
Hawa, bu hekaýat - Täsin hekaýat,
Ony ýaňsylamak, ýüregimde ýok,
Ýigitleň boýnundan aslyşyp ýören,
Beýle gyzlar tutuş,
Garagumda ýok.
Ýöne weli, söýülýänni bilensoň,
Ilki bilen gyzam duýduryp biler,
Parhy nämemişin, ikisem bolar,
(Käte gyz duýdurar, käte-de oglan,
Näme bir-birinden pesmişmi olar?).
Şeýdip, öz-özüme teselli berip,
Daňyň öň ýanynda gitdim men uka...
On alty ýaşymdan ýetip-ýetmänkäm,
Bu neneň ahwalat, bu niçik waka?...
On bäş ýyllap, Eziz diýip, gezenim,
Şeýtdi-de, kem-kemden Ezizim boldy.
"Haram, tula, ylga gyýyň başyna,
Han-ha, maňkalyja Eziziň geldi!..."
Diýip, obamyzyň Bibişeýtany,
Sanjardy böwrümden "iňňesi" bilen,
...Bir gün selin ýygyp ýören wagtymdy,
Gabat geldim onuň Tüňňüsi bilen.
Bir garry ojaryň, garry töňňesin,
Urýar, depýär, döwjek bolýa, bolanok,
Läliksiräp, ösen "ejem oguljyk"
Bir çüýrüň töňňä-de hötde gelenok.
(Gujagna bir gyzy salaýanda-da,
Nädip oňarjagyn men-ä bilemok).
Beletdim men o tetelli ojara,
Omurar ýörerdim, çep elim bilen,
Ýygan selinlermi bir ýere toplap,
Bogmaga oturdym, ol selin bilen.
Onýança-da maňa gözi düşdü-de,
Töňňäni herrelip, gürrelip depdi.
Töňňe-de serrelse, serreldi weli,
Özi ondan beter, serrelip gitdi.
Mahal-mahal, seniň bolgusyz zada,
Gülküň tutýar weli, goýjak miltim ýok,
Agzyňy tutsaňam, etjek zadyň ýok,
Burnuňy tutsaňam, etjek zadyň ýok.
Gülesim gelse-de, gülmejek bolup,
Dodagymy dişläp, başagaýdym men,
Hojam juwazçyny ýadyma salyp,
Dogrusy, gülkümi zordan goýdum men...
"Biderek bir zada gülküň tutanda,
Şoň adyn tutaýgyn!" diýerdi ejem.
(Bütün ömürboýy birje gezek hem,
Ýylgyrman ötenmiş, juwazçy Hojam),
Garaz, eýtdim-beýtdim, gülkümi goýdum,
Onýança-da geldi, ýaňky nägehan:
_ Armaweri, Gülnäz!
Senmidiň asyl?
- Hawa, mendim. Özüň arma, Tüňňi han!
-Näme ýygyp ýörsüň?
-Ojarjyk ýygýan.
- O nähili ojar?
Munyň-a selin.
-Bilýän bolsaň, onda näme soraýaň?
- Aý, ýöne.., oýundan soraýdym, gülüm!
- O nähili "Gülüň" bolýamyşym men?
- Hany, ugra şundan, haramyň biri.
-Kimiň haramdygyn, kimiň däldigin,
Görüpjik ýörüs biz, üç aýdan bäri.
-Nämäni görýärsiň, haram, ýer çeken?
- Eziz bilen edýän, işiňi götýän,
Owkaladyp duran döşüni görýän,
Dodak sorup duran dişiňi görýän,
Birje haýyşymy kabul etmeseň,
Äleme jar edip, işiňi görýän.
Meniň haýyşjygym, ýekeje haýyş!
-Diýdi-de, ýüzüme ýylgyryp bakdy.
Şonda gaharny ýuwutmadyk bolsa,
Gülnäz ap-aňsatja gandar boljakdy.
Şo mahala çenli,
Ezizim bile,
Alty-ýedi gezek görüpdik weli,
Tenime degmeg-ä beýlede dursun,
Heniz eşigme-de degmändi eli...
-O nähili haýyşmyşyn, Tüňňi han,
Bizden bitjek ýumuş bolsa, eşdeli!
-Eşitseň, sen gyzy söýenim üçin,
Ugruňda üç ýyllap, köýenim üçin,
"Dünýäde Gülnäzden başgany söýsem,
Erkek bolmadygym" diýenim üçin,
Şujagaz adamsyz, jolaja ýerde,
Alma ýaňagyňdan bir posajyk ber.
Ýogsa-da şu ýerden, hool guýa çenli,
Adyňy wejera edişimi gör!...
-Tüňňi jan, wejera etmeseň bolýar.
Soňky dörän zatdyr, posa diýen zat,
Ähli gerek zadyň bir posa bolsa,
Gülnäziň ýanynda o zatlar aňsat,
ýöne weli, Eziz duýaýmaz ýaly,
Ýuwaşyrak ogşaweri, Zaluwat!
Diýdim weli, dodagymyň ýanyna,
Uzap gaýtdy, bir kiçijek dodajyk,
"Ynha, saňa posa gara, türşejik,
Ynha, saňa posa haramzadajyk",
Diýip, çep elimiň arkasy bile,
Agzynyň üstüne ýelmedim weli,
Ýygan selinimi alyp bolýançam,
Dodagnyň içine girmedi dili.
Birdenem, hasyrdap, ýerinden turup,
Ölerine tarap, ýazzyny berdi.
Gaçanyny bulut bilen ýel görüp,
Gonanyny Gülnäz bilen gol gördi.
(Şol alan posasy ýeterlik boldy,
Gaýdyp, posa dilemedi ýer çeken).
Onýança-da, ak depäniň üstünden,
Ak şyrdagyn bulaýlady, bir çopan.
Men bärden ylgadym,
Çopan aňyrdan,
-Iki tarapdan-da gerildi gujak,
...Sazagyň düýbüne düşeldi çabyt,
Ak çägäň üstünde ýazyldy saçak.
Oturdyk. Dünýäniň gürrüňin etdik,
Tüňňüniň, töňňäniň gürrüňün etdik,
Ýuwaş-ýuwaş bir-birege ýakynlap,
Bir pynhan ädimiň işigne ýetdik.
Оturdyk, Dünýäniñ gürrüñin etdik,
Emma şondan aňryk ädimläp bilmän,
Men Ezize bakdym, ol maňa bakdy,
Göwnüme bolmasa, Eziz şo mahal,
Şol ädimi ätläýse-de boljakdy...
Emma şondan аñryk адимлап билман,
Bu sözleri aýyp görmäň, Gülnäzden,
Ýüregimden çykýan sözler, bu sözler,
Ýigit jaý pursady elden giderse,
Käte-käte geň görýärler gözeller.
Şeýle sypaýydy, şeýle agrasdy,
Kyndy onuň üçin, kyndy ol ädim.
"ýigit çendenaşa agras bolsa-da,
Gaty gowy boljak däl-ow" diýýädim.
(ýöne weli, şeýle häsýeti üçin,
Nämüçindir, hasam beter söýýädim)
Gyzlaryň köpüsi alçagy söýýär,
(Söýmeseňem, söýdürýär alçak).
Ýöne weli, ýeňles bilen alçagyň,
Parhyny bilinçä, gowurak boljak,
Kä gyzlaryň alçak diýip, tutany,
Alçak däl, kilçigiň baryp ýatany.
Ýok, joralar, beýdip, gatyşdyrmalyň,
Her bir ýylgyrjaklap, habar gatany,
Agraslar bir gezek ýylgyrar weli,
Açylar agzynda, ýüz ýylyň ýazy.
Ýöne weli, ýylgyrýança agraslar,
Bir azajyk düýrükdürýär, kä gyzy,
Düýrükmäň, darykmaň,
Howlukmaň, gyzlar!
Ýiti ýagtyň aldawyna gitmäň siz!
"Gyz gerek - tiz gerek" diýilşi ýaly,
"Ýigit gerek, basym gerek" etmäň, siz!
Sabyrsyz söýgüniň häziri bolmaz,
Kanagat isleýär, söýgüniň ýoly...
Otyr ynha, gapdalymda Ezizim,
Otyr ol henizem öňküsi ýaly,
Aramyz henizem, ýekeje garyş,
Birden ýaňky garyş bir serä geldi.
Sereden barmaga, barmakdan gyla,
Ondan soňky bolsa, hemmä-de belli...
Şondan soň, şeýlebir ajap ýylgyrdy,
Elbetde, maňa çyn, size-de ýalan,
Ýylgyrdy, ol tutuş göwresi bilen,
Dodagy, gulagy - hemmesi bilen.
Göýä gumuň içi ýagtylyp gitdi,
Ilerisi bilen gaýrasy bilen,
Sazagy, çetisi, selini, sözeni,
Guzaýy, güneýi - dünýesi bilen.
Şol mahal on ýedi ýaşyndaky gyz,
(Häzir otuz ýaşyň duşundaky gyz),
Şo mahala çenlem, şo günden bärem,
Şeýle ajap zada duşamok heniz.
Hiç kim onuň ýaly ýylgyryp bilmez,
Ol dünýäde ýeke-täk bir ýylgyryş,
Onýança-da bir ses çykdy, gaýradan,
Aralygmyz ýene boldy, bir garyş.
"Uruş..,Uruş!..."
Ala gopgun turuzyp,
Ýetip gelýär, obamyzyň şeýtany.
Biz bolsak, dünýäden bihabar oglan,
Çykarypdyk ondan, başgarak many.
- Ýaňky "posa dadyp" giden Tüňňüjik,
Küşgüripdir ejesini - diýdim men.
Ynhajykka, muny-da bir dadyryp,
Posalaryň süýjüsini - diýdim men.
Gandyraryn gijesini - diýdim men.
Bibişeýtan bolsa, tüweleý ýaly,
"Uruş.., Uruş!.." diýip, geçdi-de gitdi.
(Göz açyp, ýumýançak, o guýa ýetdi).
Men Eziziň gözlerine seretdim,
Eziz meniň gözlerime seretdi.
Emma weli, gözlermiziň içinde,
Üýtgeşik bir gorky-howsala ýokdy.
Çägäň üstündäki "uruşdan" başga,
"Eşek mündi", "Görüp gaçdydan" başga,
Uruş-sögüş bardyr, öýdülenokdy.
"Eger, ertir uruş turaýsa..." diýip,
Mekdepde kämahal aýdym aýdardyk,
Ýöne weli, uruş turaýanda-da,
Üç-dört günde gutarýandyr öýderdik.
Şol uruşyň doglanny buşlap,
Bibişeýtan geçip gitdi, ýel ýaly,
"Nämäniň uruşy, niräniň urşy?",
Çözjegem bolmandyk şeýle sowaly.
Bir-biregiň gözlerine garapdyk,
Görünmändi, üýtgeşik bir howsala,
- O nähili uruşmyşyn, Ezizim?
- Uruş borm-aý,
Gülnäzim, goýsana!..
Ýene birden lowrdapdy göreçler,
Ýene gaýtalandy, öňki ýylgyryş,
Göýä ýeňiş bilen tamamlanypdy,
Dünýädäki ýaňy başlanan uruş.
Ýaňja aralygmyz bolanda garyş -
Müň menzile ýetdi, aralygymyz,
Şo mahal kelllä bir getiripmidik,
Munuň ýaly zalym, aýralygy biz?!
Ýap-ýaňy dälmidi, gumuň içini,
Uly bir desterhan etsem diýýänim,
"Eziz Çerkez ogly - baş çopan" diýip,
Şol ýygnakda yglan etsem diýýänim.
Emma gum içinde etjek ýygnagym,
Tokaýlaň içinde edildi yglan,
Dünýäde baş çopan etjek oglanym,
Dakyndy egnine gyrmyzy pogon
Eý, sen Ezizimi äkiden düýe,
Eý, sen Ezizimi äkiden wagon,
Ýene müňläp-müňläp, ezizler bile,
Getir meniň Ezizimi sag-aman!
Kyrk ikinji ýyldy,
Gyşyň bagrydy.
Asman göýä, köpük saçýan bugrady,
Agamyň deregin tutan ejem jan,
Düýe bakyp, hallan atan, ejem jan,
Elli ýaşyn beýläk atan ejem jan,
Ikindinler öýden çykyp ugrady.
Beýle giçläp, nireligne ugrady?
Guýyň ýandan gaýralygna ugrady,
Ak inişden geçdi-de,
Iki depäň aralygna ugrady.
Ak inişden aňyrlygna aşsa-da,
Ak inişde onuň galmady yzy,
Nädip yzy galsyn, ýerden ýokarda,
Metr ýarymlykda barýarka özi?!
Ýakdyň sen, eje jan, ýakdyň Gülnäzi.
Şu wagta çen, elli ýaşyň içinde,
Arkan ýatyp ýöräpmidiň, eje jan?
Elmydam gözleriň gara ýerdedi,
Ýokarlygna garapmydyň, eje jan?
Wah, sen ozalynda, dörän mahalyň,
Ölmek üçin döräpmidiň, eje jan,
Heý, eje-de ölmek üçin dörärmi,
Aslynda nämekä, eje diýlen zat?!
Şol günler aklyma gelşine görä,
Ejeler ömürlik dünýä inen zat,
"Bir mahal ejesiz galaryn" diýip,
Ýatsam-tursam gelermidi kelläme?
Kämahal kelläme geläýende-de,
Beýle bolar öýdüpmidim, men näme?
Ejem mydam gezip ýörjek ýalydy,
Örän arkaýyndym, ejemden ýaňa.
Galmajak ýalydym, ejemden soňa,
Syrkawlamda - gapdalymda oturjak,
Ölen wagtym gujagynda göterjek,
Ugran wagtym, ses - arymy ýetirjek,
Diňe ejem bolup, görnerdi maňa.
Meniň kakamy-da on ýyl şondan öň,
Şo tarapa äkidipdir, şo tabyt.
Ýöne weli, ölüm bilen ölümiň,
Arasynda köp bor eken tapawut.
Goýun bakyp ýörkä, çölüň içinde,
Heläklänmiş ony Paýty galtaman,
Bir aý geçenden soň, guýyň içinden,
Tapanmyşlar, agzy bozuk haltadan.
Ine şeýdip, sekiz ýaşly Gülnäzjik,
Mahrum bolýa, syh-syh murtly atadan,
Ýöne syh-syh murtly atanyň,
(Düşmezinden ozal, Paýtyň goluna),
Gyran galtamany bir galtamandan,
Ýetýärmişin, murtunyň her gylyna.
Süýji janyň armanlyja köýse-de,
Aryň köýmänine guwanýan, kyblam!
Ynha, bu gün şol atamyň ýanyna,
Käbämem göterip, ugrady obam.
Onuň bilen hoşlaşyp hem bilmedim,
Düýe gaýtarmaga gidipdim şonda,
Agam öz kärini bize tabşyryp,
Maýkopdan çykypdy, ýylyň başynda.
Şondan bäri, biziň başymyzdady,
Elli köşek bilen, altmyş bäş düýe,
Oglunyň deregne çopandy ene,
Dogannyň deregne çopandy uýa.
Aýagymy süýräp, depeden depä,
Taýagymy süýräp, ýapydan ýapa,
Bir menzilden düýeleri gaýtaryp,
Doňňaradaş bolup, ýetipdim gapa.
Ojagyň başynda, ejemiň ýanda,
Çaý içip, elimi çoýjakdym weli,
Eýýäm haçan men, elimden beterräk,
Sowan eken, käbäm ejemiň eli...
Soňky gezek ellerini sypalap,
Hoşlaşsyn ejesi öz gyzy bilen,
Eý, sen ejem janyň dirilik wagty,
Dolan, bir sagatlyk yzyňa dolan!
Bir mahallar, bir namazhon diwana,
Ikindi namazyn geçiren wagty,
"Eý, sen Günüm, ýaňadan dog!" diýip,
Dyza çöküp, edenmişin tagaty.
Oňa rehim edip, ýaňy batan Gün,
Ýaňadandan çykanmyşyn yzyna,
Eý, sen şol diwana rehim eden Gün!
Rehim etjek dälmi, çopan gyzyna?
Şeýdip, ýamaşgandan doganmyşyň sen,
Bir gezejik namaz, synna üçin,
Indi näme dogup, biljek dälmi sen,
Ene üçin, tutuş bir dünýä üçin?
Köp ýalbardym, Gün yzyna çykmady...
Hoşlaşman gitdi ol öz gyzy bilen,
"Jan, eje jan... menem gitjek eje jan!
Durr, eje!" ylgadym oň yzy bilen.
Emma meni uzak ylgatmadylar,
Garsa gujaklady, iki sany gol,
"Waý..." diýip, ýykyldym, garyň üstüne,
Soňuny bilemok. Bar bilýänim şol...
...Ejem jandan aýra salan garlak gün,
Şondan bäri saňa düşenok synym,
Ynha, indi niçe ýylyň içidir,
Henizem gar görsem, dyglaýar inim.
Gar ýaganda, gömülerdi ýolumyz,
Gar ýaganda goýunlarmyz buýardy,
Ejem şonda: "Nähili zat ýagsa-da,
Şeýle uzak ýagmawersin!" diýerdi.
Ýa-da gahar edip, onuň sözüne,
Dargursaklyk edip, aldyňmy sen ar?
Jany ýanan taňrysyna gargarmyş,
Wah, gar, ak gar, sende näme günä bar?!
Ejemiň üstüniň gumy solmanka,
Ýene öňki taýak, ýene öňki kär,
On sekiz ýaşyna ýetmedik Gülnäz,
Boldy birden öýünde jogapkär
Ejem bilen bakan düýelerimiz,
Galdy birden men ýalňyzyň başyna,
Gara saçym gum süpürdi tomsuna,
Gara saçym gum süpürdi gyşyna.
Göýäki diýersiň, on sekiz ýaşda,
Otuz ýaşly ýaly, ulalfym birden,
Eger wagty gelip, üstüne düşse,
Kän zady göterjek ekeni gerden.
Ejemiň üstüniň gumy solmanka,
Doýurdy Gülnäzi Doýduk gelnejem,
"Ylgabergin, diýen ugruma baka,
Seni maňa ynan, tabşyrdy ejeň".
Buýurdy ol, baldyzyna buýurdy,
Buýrany hiç, igenç bilen maýyrdy,
"Hajymelik ýaly köp iýýäň" diýip,
Bir hepdeläp, saçagynam aýyrdy.
Ikinji hepdede özi utanyp,
Goşdy saçagyny ýene-de Doýduk,
Bir güýç maňa medet bermedik bolsa,
Doýdugyň elinde, bolardym goýduk.
Ol medetkär - Ezizimdi, Ezizim,
Ol medetkär - şondan gelen iki hat,
Biri beýnä- ganat,
Biri - ýürege.
Ikisi birigse, göwräme ganat.
Üçünjiň deregne özi geläýse,
Bolardy ol tutuş dünýäme ganat.
Hatyň birinjisi - Donuň ýanyndan,
Ikinjisi - Wolgaň boýundan geldi,
Birinjiden toýa gireni belli,
Ikinjiden toýdan çykany belli,
Toýdan çykan adam gelmezmi öýe,
Ýa-da gitdimikä, ýene bir toýa?! ...
"Buşluk, buşluk, Gülnäz, Eziziň geldi!"
Diýseler bererdim, bir guwa düýe,
Saçakda nanyň ýok, ketekde towguň,
Düýäni nireden aljak sen, Gülnäz?
Beýle günde bir düýäni dagyny,
Gyzyndan gysganar durarmy kolhoz?
Şunuň ýaly, süýji arzuwlar bilen,
Selpedim men, gum içinde selpedim.
Meniň Ezizimiň bir dosty bardy.
Her egni bir gaýanyň, bir bölegidi.
Dünýäde guwanjy Aýbölegidi,
Sähra gelinleriniň gülälegidi.
Eziziň şol dosty (Rejebalymyz),
Megerem, bagyrtlan rus garyny,
Ýar deregne gar gujaklap ýatyrka,
Ol gerçegiň "Ýarym" diýýän "ýaryny",
Bir goja sazagyň kölegesinde,
Şehitli depäniň ýapynda gördüm.
Maňa şeýle hukuk berilen bolsa,
Şonda ikisinem şehit ederdim,
Belki, maňa şolar ýaly hukugyň,
Berilmäni bähbit bolandyr, bähbit.
Ýöne weli, şeýle hukugym bolsa,
Ilki bilen ýasap, goşaja şehit,
Gözlesemem onsoň, gözlärdim bähbit.
Mukaddes Söýgüniň harlanmagyna,
Hemmämizem deň günäkär, joralar!
Onuň üçin diňe erkeklerden däl,
Bizdenem, bizdenem jogap sorarlar.
Gatyşyp oýnardyk "Görüpgaçdyny",
Gatyşyp oýnardyk, topy-topazy.
Başda-da aýdypdym, bolmandy bizde,
Oglanlar topary,
Gyzlar topary.
Emma kyrk birinjiň ýanar iýuny,
Bölüp gitdi bizi iki topara,
Selbili topary - çölde galdyryp,
Gerçekli topary - sürdi tokaýa.
"Görüp gaçylmaly" oýun gutaryp,
"Görüp topulmaly" oýun başlandy...
Şondan bäri iki iýun gutaryp,
Ýurdumda üçünji iýun başlandy.
Soradym iýundan:
"Görmediňmi sen,
Nirede gezip ýör, Ezizim, agam?"
Emma tomus jogap bermeden geçen,
Göwnüň üçin diýip, gymyldanogam.
Şeýle bir dymykdy tomusyň başy,
Sazaklaň püri-de yrgyldanokdy.
Uruş eýýäm tamamam bolsa,
Ezizler Berlini alanam bolsa,
Kim bilýä, dünýäden habarmyz ýokdy.
Kimde-kim kolhoza azyga gitse,
Şol hem getirerdi, gazýet-žurnaly.
Dolanyp gelýänçä, äwmezek düýe,
Her säher atardyk kyrk gezek paly.
Ahyry çözüler palan ykbaly,
Düýe-poçtolýona gözümiz düşer,
"Äsemmikäm ýa-da ätmesemmikäm?"
Diýip, gelýän göwrä gözümiz düşer.
Bir put gazýet bilen, näçe sany hat,
Gütüläp, Gülnäziň öňüne düşer.
Gazýete ýazýanam, meniň özümdim,
Ony paýlaýanam ýene-de özüm.
- Buşlugyňa bir tahýaň bar, Gülnäzim!
- Buşlugyňa bir düýäň bar, Gülnäzim!
Ene bary, gelin bary, gyz bary,
Gülnäziň daşyna hümerdir, hümer.
"Hat bar!" diýseň, müň bir damar tarsyldar,
Emma sandyrýandyr, başga bir damar,
Gynançmy, söýünçmi - niçiksi habar,
Ýazylar, çekiler gorky damary.
Hat diýen zat - ýarylmadyk bir garpyz,
Ýarýançaň bildirmez, şodur ýamany,
Her bukja, her möhre eliň degende,
Göýä bomba bolup, ýaryljak ýaly.
- Buşluk, Jemal, buşluk, saňa bir hat bar!
Ol hat arkanlygna ýykdy Jemaly,
- Buşluk, Göwher, buşluk, saňa iki hat bar!
Göwheriň ýüzüne çaýyldy göwher.
Biri doganyňdan, biri ýaryňdan,
Öwser indi, ýüzi neneňsi öwser?!
Sekiz aý ýörän, sekiz bukja hat,
Bäş gelini güldürdi, üç gelni ýykdy.
Ezizimiň mähri siňen gökje hat,
Çykdy, çykdy, meniň ýadymdan çykdy.
Tutuş bir gijeläp, ýadymdan çykdy,
Bir ýyl, bäş hepdeläp, garaşan hatym.
Ýylyň dört paslyndan - tomusdan, güýzden,
Ýazdan gyşdan diläp, soraşan hatym,
Uzyn gije üç joramy gujaklap,
Aglap çykdym. Ertirden soň okadym...
Bukjanyň içinden gökje hat çykdy,
Ýüzünden üç ogşap, ylgadym çöle,
(Nämüçindir, şunuň ýaly pursatda,
Adam ýer gözleýär, çoladan çola?!).
Düýeleri ak inişden aşyryp,
Bäş sagat gürleşdim Ezizim bile,
"...Gülnäzim, şu günler imi-salalyk,
Oboronda bolýas, ýagdaýlar ýagşy".
Waladaý galasynyň tokaýlygynda,
Şahyr bilen bagşy diňleýäs, bagşy,
Seliger kolleriniň kenarynda,
Üç sagat ýaňlandy, Türkmeniň sazy.
Üç sagat ýaňlandy, bagşyň owazy.
Birden ýöne patefondyr öýdäýme,
Edil Sahy bagşyň özü-le, özi.
Biziň "Oglan bagşy" diýip ýörenmiz,
Bir garyş sakally adam ekeni.
Soň görüp otursak, gyşyň başynda,
Aşgabatdan çykyp, gaýdan ekeni,
Onlap-onlap, ýer kümeleň içinde,
Ýarym ýyllap, aýdym aýdan ekeni.
Şondan bäri sakal syrmadan geçen,
Derin süpürmäge degmändir eli,
Muny gürrüň beren bagşyň dili däl,
Ýanyndaky alçak, şahyryň dili.
Şahyryň adyna Gara diýdiler,
Soň görüp otursak -
Gara Seýitli,
"Äýnekliň adyny sora!" diýdiler,
Sorap görsem, olam
Rehmet Seýitli.
Şahyrlar bir sagat goşgy okady,
Bagşy hem on sagat aýdym aýytdy.
Onýança-da ýer kümäniň diwary,
Tozan turzup, aşaklygna gaýytdy.
Beýle ýanymyza düşdi snarýad,
Ýene-de hüjüme başlady wagşy,
Ine, şondan bäri, iki hepdedir,
Saz edýär tokaýda, başga bir "bagşy".
Şol "bagşynyň" sesin sem etmek üçin,
Seniň Eziziňem girdi hüjüme...
Şu haty okopda ýazdym, Gülnäzim,
Ýary özüňedir, ýary ejeme!
Ejeme okap ber, bagşyly ýerin,
Başga ýerin diňe, okagyn özüň,
Arkaýyn bol, ýeňiş bilen bararyn,
Haty ýazan - kiçi seržant Eziziň".
Uly çopan, kiçi seržant Ezizim,
Gutly bolsun, täze dakylan adyň!
Kiçisi bar bolsa, ulusam bardyr,
Oňa-da ýetjegiňe Gülnäz şaýadyň...
Wah, onsoňam, gürrüň ululykdamy,
Ulusy, kiçisi bormy soldatyň?
Kimde-kim duşmany köp gyryp bilse,
Şo dälmi dünýäde iň uly soldat?!
Onuň şeýledigine her günde okýan,
Gazýetim, žurnalym, kitabym şaýat.
Özüm bolsam, soldatlaryň hersine,
Her günde dakardym, täzeçe bir at.
On faşist gyrana, "On" adyn dakyp,
Ellisin gyrana dakardym, "Elli".
(Ýöne weli, at dakýanlaň özüne,
Bu zatlar Gülnäzden gowurak belli).
Mäläň, aýdym aýdyň, goýun-geçiler,
Bu gün öňki çopanmňyzdan hat geldi,
Bu gün siziň hemraňyzdan hat geldi,
Ygşyldan sazaklar, çeti-selinler.
Ynha, ýene siziň gujaklarňyza,
Ýary bilen seýle çykar gelinler,
Darykma ýüregim, giň tut özüňi,
Seniň Eziziňden hat geldi bu gün!..
Dilim şu sözleri gaýtalasa-da,
Pynhan howsaladan doludy göwün:
"Eziziň ýatyrka okuň astynda,
Nädip sen arkaýyn bolarsyň, Gülnäz".
Şol hüjümden çykdymyka sag aman?
Şony kimden, niçik bilersiň, Gülnäz?
Geçipdir ol haty ýazaly bäri,
Ýarym fewral bilen, mart, aprel, maý...
Nirede, nirede Gülnäziň ýary?
Bir ýerde bar bolsaň, jogap ber, Hudaý!"
Garadym asmana, jogap gelmedi.
Irkildim arkamy sazaga diräp...
Bir oýansam, taýak salym beýlämden,
Tüňňi geçip barýa, aýagyn süýräp,
Günleň howsalaly dogýan günleri,
Aneli goşhalta bogýan günleri,
Dokuz öýli guýymyzyň başyndan,
Powestka barynyň ýagýan günleri,
Tüňňimiz bir ýere bolupdy gaýyp.
Şonda nirededir, bir ýerde taýyp,
Düýeden ýykylyp, bolanmyş maýyp...
Dünýäniň ýüzünde müňkürlik gursun.
Müňkürlik- dünýäde ýek görýän zadym.
Emma onuň şeýdip, ýykylandygna,
Ynanmaýadym men, ynanmaýadym.
"Bilgeşleýin ýykylandyr" diýýädim.
Ynanjak bolsam-da, bolanokdy hiç.
Şindem ynanamok,
Soňam ynanman,
Meniň üçin gaçypdy ol ynamdan.
"Ynanjaňlyk gowy bormuş, Gülnäzim!"
Diýen sözi kän eşdipdim enemden,
Eneleň sözüniň sadagasy men,
Olaryň gepiniň bolmaz yrýasy.
Ýöne weli, ynanjaňlyk akylyn,
Ejeme öwreden kimiň dünýäsi?
Mollalaryň, işanlaryň dünýäsi,
Ili çürkäp, ýaşanlaryň dünýäsi.
Her aýdylan söze ynanyp ýörmek,
Ejemjanyň däl-de, şolaň mirasy.
Bu sözleri gaty görme ejejan!
Gyzyla gaplaryn, her bir aklyňy!
Doga edenleriň her bir nakylyny,
Emma ynanmaklyk ýakymlam bolsa,
Käte şübhelenmek hasam ýakymly.
Hawa, şeýdip, taýak salym beýlämden,
Bogazna sygdygyna zowladyp, "Bibä",
Gyşyk geýip, meniň tiken tahýamy,
Tüňňi geçip gitdi, gaýraky oba.
Mätäçligiň etdirmejek zady ýok,
Mätäçlik haýwana, ynsana bela,
Ol tahýany ýogalmaznyň öň ýany,
Ejem çalyşypdy, bir çanak sülä.
"Wah, eje jan kime satsaň sat weli,
Şolara bir satma!" diýip, aglapdym.
Başga kişä satyp bolmajagyny,
Ejem naňa aýdandan soň, aňlapdym.
Dokuz öýli guýymyzyň başynda,
Ýokdy şondan başga,
erkek göbekli,
(Wah, onuňam göbekligi bar bolsun,
Ozalynda gowşak düwlen göbekdi).
"Ak gaýmaly" kelle göçdi-de gitdi,
"Aç gujagňy, doňdum, Bibijan" diýýä.
Deň-duşlary bolsa, gar bagyrtlap,
"Ýa-ha ölüm" diýip, ýa-da "jan" diýip,
Yzyndan seredip, ýumrugmy düwdüm.
Süýem barmagymdan geçdi bir çişim,
Düýäniň yzynda selpäp ýörsem-de,
Başymdan agdykdy,
Başga-da işim.
Tomsuna saýalap, salkyn sazagy,
Oda bagrym gerip, arly gyşyna,
Gyzyl jorap bilen gyzyl ellikden,
Ellisin ýollapdym, Gyzyl Goşuna.
Üşän wagtym çoýunýanym ojardy,
Yssylamda saýawanym ojardy,
Gum içinde şol güýç bolmadyk bolsa,
Çişim jorabymdan ýere gaçardy.
Urşuň dört ýylynda bizi penalan,
Ojar atamyzyň, gurban başyna!
Häzirem üstüme saýasyn saçyp,
Meňzäp, kakam janyň sakgaldaşyna,
Otyr parasatly gojaman sazak.
Ýalňyz syrdaşym ol niçe ýyl bäri...
Ýaglygymyň üstünde şygyrdap ýatyr,
Içi gowurgaly gazýetiň biri,
Hem gowurga iýýän, hem jorap örýän,
Hemem göz gezdirýän guýguç gazýete.
Ikinji sahypaň aşak başynda,
Gözüm düşdi, ýedi gyzly surata,
Siňe ýaksam, ýedisi-de tanyş ýüz,
(Ortaky gyz bolsa, has beter tanyş).
Mundan bir aý ozal, ýazyň başynda,
Bir sagat guýupdy, öýlänçi ýagyş,
Şonda bir äýnekli, süllümbaý bolup,
Ikindinaralar düşüpdi guýa.
- A-gyz ol-a surat aljak diýýämiş!
- Kimiň suratyny? -
- Biziň-le!
- Utanyp gaçypdy, gyzlaryň biri,
Kümä bukulypdy, ýene ýir gelin.
Ertesi gün ak çägäniň üstünde,
Bir akja apparat gysyldy telim,
Edil özi: dört gyz bilen üç gelin,
Jorap örüp otyr, ekizler ýaly.
Ýedi joranyň hem alyn saçlaryn,
Maňlaýa döküpdir çölüň şemaly,
(Ýok, alty diýeli, ýedi diýmäli)
Aýbölekdi, ýedi joranyň biri...
Indi ol meň üçin kömür bölegi,
Munuň ýaly bägülleriň ýanynda,
Oturdyp bilmerin onuň ýalagy,
"Indi aramyzda işiň ýok" diýip,
Derrew ony ýyrtyp, taşladym çetden...
Başga-da bir gözläp ýören zadymy,
Tapdym ýaňky gowurgaly gazýetden,
"Gazetiň içine gowurga guýsaň,
Artýan borly setirleňem lezzeti"
Diýip, öz-özüme özüm ýylgyryp,
Gowurgasyn döküp, açdym gazýeti.
"AÝAL-GYZLAR, WATAN SIZE ÝÜZLENÝÄR!"
(Mowzugy şeýledi, ýokar başynda)
"Siziň doganlarňyz, siziň ýarlarňyz,
Gulluk edýär, iň bir uly goşunda,
Şol atalar, şol doganlar, şol ýarlar,
Duşmany hinine sürüp barýarlar,
Siziň ellerňizden çykan elligi,
Geýen eller, çat- maňlaýdan urýarlar.
Siziň eliňizden çykan joraby,
Geýen aýaklaryň - ädimi batly,
Siziň eliňizden çykan dolagy,
Dolanan injikleň süňki polatdan.
Siziň eliňizden çykan eşigi,
Geýen göwreleriň - hamy galkandan...
Front iki ýylda bir million jübüt,
Ellik-jorap aldy, türkmen halkyndan.
Şol ellikleň, şol joraplaň içinden,
Çogup çykan gyzgyn Günüň ýalkymy,
Buzlary bugardyp, gary gaýnadyp,
Ýeňişe ýetirdi, Wolga polkuny.
Şonda sizi million gezek ýatlandyr,
Aýagy gor ýaly, bir million ýigit..."
Ýöne weli, iki ýylyň içinde,
Azyrak dälmikä, bir million jübüt?
Türkmeniň gyşyna döz gelip bilmän,
Iki ýylda ýakdyň ýüz düýe ojar,
Wolganyň boýunda, ýalazy çölde,
Ezizleriň güni neneňsi geçer?
Mugallymyň Orsýet gyşy hakynda,
Aýdan sözlerini unutma, Gülnäz!
Jany sag, sybyrgaý, sen ýaly gyzdan,
On ellik, kyrk jorap, azdyr entek, az.
Bahana agtaryp, zeýrenmegin sen,
Boýagyň ýoklugna, ýüňüň ýoklugna,
Ýüň tapmasaň, çöple, çöpleň başyndan,
Boýag tapmasaňam, öräý aklygna.
Iki günläp çöple, üç günläp egir,
Altynjy günde-de, bir jorap taýyn,
Ine, onsoň Watan ýüzlenmesine,
Her hepdäň başynda bir jorap taýyn.
"Ýüň ýok" diýip, ýatma, Aýbölek ýaly,
Egriber, oruber, onuňam paýyn,
Watana "Ylalyp oňalmadyk" däl,
Watana ulalman, oňalan gerek.
Ýöne her zatdyr-ki "beklilik" bilen,
Gülnäz birazajyk öwrendiklidi,
Emma weli, onuň,
Minneti bile öwrenişmek maňa, degerdi agyr...
Bir agyz söz bilen onuň kimligin,
Takyklap gidipdiň, eý, gara bagyr,
"Bu gelnimiz mydam özüni biler,
Kişiniň janynyň gaýgysyn etmez"
Ejemiň zarynlap, aýdan sözleri,
Beýnimden aýrylmaz, gulakdan gitmez,
Bu sözleri ýogalmaznyň öň ýanda,
Maňlaýymdan ogşap, aýdypdy ejem,
Sypaýçylykdanmy, başga zatdanmy,
Entegem bärräkden gaýdypsyň, eje!
Kişiniň janynyň gaýgysy nire,
Malynyň janyna bela getirjek,
Düýe janaweri oňa ynansaň,
Ýaryn maýyp etjek, ýaryn ýitirjek.
On günde bir gezek, meniň deregme,
Gitse-de ýaýkyldap, düýe bakmaga,
Giç galsa ikindin sürüp, getirer,
Ýene Gülnäz gider, suwa ýakmaga.
Emma janawerler suw içýän däkdir,
Pyşgyryp-da ýüzün sowar howadan,
Men baksam bäş howa içýän düýeler,
Ol baksa, ganýandyr, iki gowadan.
Käte bolsa, gaýtarmaga ýaltanyp,
Düýeleri gabap, goluň içinde,
Sereder otyrdy, malyň daşyndan,
Emma bihabardyr, malyň içinden...
Minnetli çöregi bir günläp iýsem,
Iki günläp iýmän,
Geçerdim gyşy,
Gyşyň gopgunyny geçirdim diýsem,
Başlandy başga bir gopgunyň başy.
Üç aýlap, öýmüzde bişen çöregiň,
Içiniň üç putluk çöpi bar eken,
(Gelnejemiz saýlap-seçip özüne,
Tapan eken Tüňňi diýen köpeken).
- Taýyn bolup otur!
Gelnaljyň gelýär!
Ýassynlar berildi, bäş sözlük buýruk.
Onýança-da gapymyzyň agzynda,
Göründi üç sany bezemen börük.
Ýalpyldady, egme yzyna egme,
Waňňyrdady, düwme üstüne düwme.
(Frontda gezip ýör, iliň şaý-sepi,
Bularyňky weli, beýledi beýle).
Süýnüp-sarkyp, öýe girdi üç aýal,
Üçüsi-de bir-birinden ilgezik,
Birisinde - altyn gaşly bilezik,
Kümüş köken on ýüzük.
- Alnyň-bagtyň açyk bolsun, Gülnäzim!
(Başym sypalady, bilezikli el).
- Bize-de ýetirsin, Allanyň özi!
(Maňlaýyna ýetdi, on ýüzükli el).
Birdenem gök kürtäň gaty açylyp,
Ermeliň elinde şowyrdap gitdi,
Şol şowurdyň owazyna goşulyp,
Kökenli on ýüzük şagyrdap gitdi.
Ermeli üstüme atdy kürtäni,
Bilezikli çekdi, işige tarap,
Törümden soguryp, demir çarşagym,
Göneldi tagmalyň döşüne tarap,
Şol bada diň-arkan gaýtmadyk bolsa,
Basjakdym tenine, ýene bir tagma.
Onýança-da, açyk duran gapydan,
Dazlap çykdy, egme yzyna egme,
Şowurdady, guýruk yzyna guýruk,
Şagyrdady, düwme yzyna düwme.
Biriniň aýagnyň sandygy bitaý,
Biriniň başynyň kürtesi çöwre,
Joralar, döwrümiz bize mynasyp,
Biz käte mynasyp, bolamzok döwre.
Käte görýän, görmesemem eşidýän,
Bola-bola gelýär, şuň ýaly waka,
Emma şol wakadan başyny alyp,
Çykmaýanlar döwre mynasypmyka?!
Atam ýaly müňläp-müňläp atalar,
Özün dogratdyrdy, bu döwür üçin,
Eneler perzendin, gyzlar söýgüsin,
Oda ugratdylar, bu döwür üçin.
Ejemiň kämähal aýdyşy ýaly,
Döwür bolan däldir, bu döwür ýaly,
Emma käbir gyzlaň, erkin goraýşy,
Sakçy ýaly däl-de,
Müjewür ýaly.
Ýok, biz merhum dünýäň müjewüri däl,
Ölmejek bir dünýäň eýeleri biz.
Faşistleň öňünde gaýşaryp duran,
Köşekgöz Zoýalaň uýalary biz.
Olar dag dek durunp, okuň öňünde,
Şo ýerde gaýşarlyp, jan berýän wagty,
Kä gyzlar bu ýerde aşak ýapyrlyp,
Özün kürtä busup, batyrýar bagty.
Enäniň-atanyň göwnüne degmek,
Agyr işdir, menem oňa düşünýän,
Ýöne weli, gyzlarmyzyň içinde,
Ýok ahyry, enesinden ýaşynýan.
Göni aýdyň: "Men-ä pylany bile,
Pylan watdan bäri,
şeýleräkdirin..."
Şonda-da ýok diýip, eňegne tutsa,
Oň ýaly eneden beýleräk duruň!
Alybersin, ýüzden-ýüzden atgulak,
Sanabersin, kyrkdan-kyrkdan serpaýy,
Atgulak üýşdükçe seniň gulagyň,
Bolsun gaýta atyň gulagy ýaly.
Düwmeliler daşyňyza üýşende,
Ýöne ýumrugňyzy düwüp oturmaň!
Çabyt, kürte başyňyza düşende,
Egnňiz gözýaşa ýuwup oturmaň!
Edil olaň görejine seredip,
Dalnaman beriň siz petigulusyn!
Bir beladan aman gutuldym diýsem,
Üç aýdan soň gördüm, belaň ulusyn.
Ezizim ýanymdan gideli bäri,
Iki ýyldyr, sekiz aýyň içinde,
Onuň ýaly howpa sataşmandym men.
Kyrk dördünji ýylda, maýyň üçünde,
Daýaw, garagyçak bir ýigit bilen,
Galdym, bir garaňky jaýyň içinde.
(Aýy, güni bile, sagady bile,
Ýatda galar eken, onuň ýaly gün)
Ermeli börügin geýip gelnejem,
Dakyndy üstünden ala ýaglygyn.
- Tuwak ejäň gelni gaýdyp gelenmiş,
Senem derrew geýin, Gülnäzim - diýdi.
- Ozalam müň gezek aýdypdym size,
Özüm saýlap, özüm öýlenjek - diýip.
(Dişin çalgylady, öýlenjek ýigit),
- Häzir biziň üçin ganyn döküp ýör,
Bu oturan gyza öýlenjek ýigit.
Siz bolsa aldawa saldyňyz muny,
Munam, menem dyzady, ol daşary,
Emma hyrsyz atasynyň elinde,
Şatyrdady ýaňky ýigdiň goşary.
Doýduk kyrk müýnümi gurt edenden soň,
Sen muny sypdyrar öýtmegin diri...
Bir gyzy gujagna dakylandan soň,
Indikiň nämemiş...
heleýiň biri!
- Diýdi-de, dulugna bir şapbat çalyp,
Ogluny üstüme südürläp itdi.
Ýigit meň üstüme gaýtmajak bolup,
Bir garyş beýlämden büdüräp gitdi.
Tigirlenip gitdi, pyşbaga çaýnek,
Düňderildi, içi ýarmaly soky.
"Senden ýigit bormy, diýmäýin diýsem..."
Şarkyldap, daşyndan ýapyldy gapy.
(Ýene-de topuldym, işige tarap,
Onýança daşyndan çaldylar gulpy).
Menden ýaňa arkaýyn bol, Gülnäz gyz!
(Ýigit bir bökende alkymma geldi),
Kime garaşýanyň, kimi söýýäniň,
Maňa özüňdenem beterräk belli.
Egnimiň üstünde şu kelle durka,
Men saňa barmagam batyryp bilmen,
Öz söwer dostumyň söýgülsin alyp,
Bu ýerde gaýşaryp, oturyp bilmen.
Эгнимин устунде шу келле дурка,
"Ondan soň özüme "men erkek" diýip,
Bu akja şyrdagy göterip bilmen,
Eziz Çerkez seniň söýgüliň bolsa,
Geldi Ýowşan ynha, doganym, Gülnäz!...
Dostüna wepadar beýle ýigidiň,
Aýagynyň astynda togalan, Gülnäz,
Kellesi bigelşik, maňlaýlak oglan,
Göýä, gözlerime perişdä döndi.
Iki alyn dişi aňňalak oglan,
Agzy lagly-göwher, kümüşlä döndi,
Ortarada "şaman odun" ýakamda,
Howany aňkadan, nebitiň ysy,
Birden-kä gül ysyna öwrülip,
Şol ysa goşuldy, ýigidiň ysy.
"Onda men gideýin!"
Topuldym gapa.
Rugsat bolsa, baryşyma depjekdim.
Bir gapyjyk dagy name ýanymda,
Her dikesin, gulak ýaly etjekdim.
(Bolmanda-da, el urulsa şeýtjekdim),
- Dur, dur, Gülnäz!
Ýigit meni saklady.
(Üstünden towusdy, dökülen çaýyň).
Seni hopba edip äkitmäge-de,
Doganyň häzir öznde taýyn.
Ýöne Gülnäz, entek azajyk otur,
Oýlanşyp göreli başga bir taýyn.
Aýbogdaşyn gurup, jaýlaşdy Geldi.
"Otur, uýam, otur!"
Menem oturdym.
(Gözi gorkan adam özüňe belli,
Henizem azajyk howatyrlydym).
Diýdi ol: "Öýňüze äkitsem seni,
Ýene bir gün topa salar gelnejeň.
Manadyny sanar, ýene kyrk-kyrkdan,
Haladyňy ýene sanar elliden.
Urşuň-dawaň bolsa, entek-entekler,
Haçan gutarjagy belli däl, uýam,
Ondan bärde ýene birine çatsa,
Hemme duşjak ýigit, Geldi däl, uýam!
Onsoňam, kakamyň gapyň agzynda,
Uçuryp, ardynyp, ýörşüne seret,
Pulun köýdürenden aryn köýdürer,
Onuň häsýetine belet men, belet.
Häzir öýden çykyp, ugraberdigmiz,
Beýle gylyklydan hiç zat geň däldir,
Iň gowsy, edil gözlerne basyp,
Rahat oturybersek, şolam bir ýoldur.
Dogan okaşsaňam, taýyn men, taýyn,
Gapy ýykyşsaňam, taýyn men, taýyn,
Sen meniň doganym, şu günden bäýläk,
Haýsysyn saýlasaň, men şoňa kaýyl.
Ine, gözel göwnüň, iki çatyryk:
Biri dawaly, birem dawasyz ýol bar.
Ýöne welin, dawasyzyn saýlasaň,
Bir aýdan soň gelip, özleri ýalbar.
Hut özleri seni düýä mündürip,
Hut özleri gaýtararlar yzyňa.
Ine, onsoň, näçe ýyllap garaşsaň,
Garaşyber, uýam, öz Eziziňe.
Häziriň özünde Ezize bolsa,
Ýazaly şeýle bir gülşükli haty..."
Ýazdyk, Geldi bilen, daňdana çenli,
Gelşiksiz zat hakda,
Gelşikli haty...
Dogrudy, gapydan çykaýamda-da,
Ýaňkyň gazabyna düşjegim hakdy.
Ol gazapdan aman sypaýamda-da,
Ýene bir gazaba duşjagym hakdy.
(Mekirleri özündenem beterräk,
Mekirlige salyp, ýeňmek boljakdy).
... Şol bir aýda biziň bolşumyz ýaly,
Bolup bilmez dogan bilenem doganam.
Ýene aýdýan, Gülnäz, beýle doganyň,
Tä ölýänçäň aýagyna togalan.
Köpüräk dogulsun, şoň ýalak oglan,
Emma käbir oglan başga biriniň,
Söýen gyzyn satyn alyp, mal bile,
Ertir ýene adam eşigin geýip,
Ýöräp barýar, seň bilen bir ýol bile.
Şo teyelli oglany hem, gyzy hem,
Öz ýanymdan deň görýärin nol bile.
Olarda ne ýürek, ne-de öýken bar,
Ikisi-de diňe täleýiň guly.
Biri ejesiniň "akylly" gyzy,
Biri ejesiniň "ýakymly" ogly.
"Akyllysy" - kime berseler kaýyl,
"Ýakymlysy"- kimi berseler jaýyl,
Ine, size iki sany köp goýun,
Ikisi-de nirä sürseler taýyn.
Beýle enäň nadanlygna sözüm ýok,
Nadan ol. Gyzy hem - nalajedeýin.
Ýöne ol gyz bolup, şoň ýaly bolsa,
Onuň erkek bolup, şeýledigine,
Nalaç edeýin!
...Ýaňky ýaly haty ýazyp, Ezize,
Iki dogan bolup, okadyk telim.
"Ýaşkom" gazýetinden ýasaldy bukja.
"Beýle-de bir hyrsyz, betgelşik oglan,
Bor eken-ow..." diýerdim, men içimden.
Gelşik diýen zadyň nirededigin,
Kyrk gün bäri, indi görýän, adamlar!
Siziň her haýsyňyz daş ýüzüňizden,
Göräýmäge - aýdylmadyk aýdymlar.
Emma siz aýdylyp başlan wagtyňyz,
Baş perdeler, boş perdeler saýlanýar.
Baş perdeden - gyşam ýaza aýlanýar,
Boş perdeden - ýazam gyşa aýlanýar.
Eý sen, bir mahalky bigelşik oglan,
Geç sen meniň bu betgelşik günämi,
Şoň ýaly gelşiksiz oglanlar bilen,
Dolduryň, eneler,
Bütin dünýäni!
Kyrkynjy gün gök gapynyň agzynda,
Gök düýäniň üstüne çaldylar ýürek,
Ýüregiň içine girende, Gülnäz,
Gürsüldedi, ýürek içinde ýürek.
Gaýtaryjy idip gitdi düýäni,
Sadabyň Gülnäzi idişi ýaly.
Mytdyl-mytdyl edip, gitdi düýämiz,
Şol kyrk günde meniň edişim ýaly.
Öňümize düşüp, gaýşarlyp barýar.
Guşagy boş gynly gaýynatamyz,
(Söýgi diýen zady şol gyna salyp,
Agzyny dykmaga taýyn atamyz).
"Sag-aman bar, sag-aman gel, Gülnäz jan!"
Elin bulap galdy, gaýyn enemiz.
(Şu gaýşyp barýanyň gynyna duşup,
Aýagam, ýüregem maýyp enemiz).
"Sag-aman barsa-a bararys weli,
Sag-aman gelmeg-ä kyn düşse gerek!"
Bir öňe, bir yza çaýkanyp barýar,
Içi tylla bilen, Gülnäzli ýürek.
Düýämizi dartyp barýan pyýada,
Ýolup barýar, burunlygyň buýlusyn,
Şemal şowurdadyp, düýeballygy,
Ykjadýar matalaň kyrk bäş hilisin.
Ejem bir gün Gurt guýsuna äkidip,
Bu şowurdap barýan düýebaşlygy,
Deregne keramat dek goltuklap,
Geçiripdi iki günlük aşlygy.
Her bir gyrkyndysyn gözüme oýkap,
Gepläp bilmän, ýetipdirin öýläne,
Dört-bäş hünji kirpigime düzüldi,
Üzülmänkä siňip gitdi öýmäme.
Hemmejesi öz dakanja seçegmiz,
Ählijesi öz gyrkanja matamyz..
Kem-kemden gowşadyp, duýan owçaryň,
Gaňryldy yzyna gaýyn atamyz:
"Öýle namazam-a bolup barýandyr"
"Bilemizok" diýdik, yşarat bile,
"Delim" diýdimi ýa,
"Teýim" diýdimi,
Suw-sölsüz kylynýan bir täret bile.
Hol beýlede, ak çägäniň üstünde,
Owaz bilen ýaşlady ol öýlesin,
(Şu ejize ganym gylygyň bile,
Ikindi neýlesin, öýle neýlesin!".
Olam gitdi, bizem düýeden düşdük,
Ýoluň çep ýüzünde -okaldy öýle,
Ýoluň sag ýüzünde - çykyldy seýle.
Çep tarapda azlyk, sagda-da köplük -
Azlyga horlatmak bolarmy beýle?!
Ýok, ýok, özümizi horlatmarys biz,
Jebir görkezeris, jebir deregne! ...
Tylla bir elimi elinde oýnap,
Uludan dem alyp, basdy ýüregne.
- Sen oňardyň, sen gutuldyň, Gülnäz jan...
Ynha, men.., ömürlik atyldym oda.
Çatyldym şol öýde oturan zada...
"Näme, näme?!"
Elimdäki gülleri,
Mynçganymy duýmandyryn, şo bada.
- Meniňem özümiň söýýänim bardy.
Ynha, indi...
Aşak seretdi Tylla.
Goýun gözleriniň kirpiklerinden,
Eräp gaýtdy, kümüş gatyşyk tylla.
"Şoňa gowuşmasaň, razy däldirin!"
Diýipler ýalbardym, Alla.
— Meнинем озумин соййаним барды.
Ýöne öz-özüňi gorap bilmeseň,
Sen ýalydan daş bor eken, Alla-da.
Gözi ýaşly hiç kime-de gerek däl...
Geçen geçdi... aý, Gülnäz jan, bolýa-da!".
Diýip, Tylla aslyşdy-da boýnumdan,
Her gözümden taýly gezek ogşady.
Bu üýtgeşik öpüşleriň sebäbin,
Eşidemde onki süňňüm gowşady.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.