Hikmetli gürrüň...

Bir adam Hezreti Alynyň öýüniñ gapysyny kakyp dileg edýär.
Hezreti Aly ýanynda oýnap ýören iki ogluna:
- Baryñ, ejeñizdäki alty dirhemi getiriň - diýýär.

Hezreti Alynyň sözlerini eşiden Patma:
- Ol puly un satyn almak uçin goýduk ahyryn - diýýär.

Hezreti Aly:
- Allatagalanyñ çäksiz baýlygyndan umyt etmän, sadaka çykarmaýan adamyň imany güýçsüz bolýandyr - diýýär we alty dirhemi-de dileg bilen gelen adama berip göýberýär.

Şol gün bir adam düýe satmak üçin Hezreti Alynyň ýanyna gelyär. Hezreti Aly onuñ düýesini bir ýüz kyrk dirhem berip satyn alýar we şol günüň özünde hyrydar tapyp, satyn alan düýesini iki ýüz dirheme satýar. Ol gazanan altmyş dirhemini Patma eltip berýär. Patma Hezreti Alydan:
- Bu näme? - diyip sorayar.

Onda Hezreti Aly:
- Bu Allatagalanyň seniñ kakaña beren sözi, ýagny kimde-kim gowy, haýyr iş etse, oña şol eden haýyr işi üçin on esse ýa-da şonuñ ýaly haýyr gaýdyp gelyändir - diyýär.
4 лайков 148 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nejisje
14 янв 2022, 14:38
Gowja mowzuk hihi
GuljemilE
14 янв 2022, 14:43
Like
Kalp doctory
14 янв 2022, 14:53
Tasirli yagdy komek bermekden gacma diyyada
Liwerpul_fc
14 янв 2022, 15:36
Bir çeti dine baryp direýän tema açaňyzda azajygam bolsa oýlanşyň how. Şular ýaly "boş"hekaýalar sebäpli ateistlere gülki bolup ýörüs. Bu hekaýany "zehini aşyp-çaşyp,akyly kellesine sygman gulagyndan akyp duran" ýazyjysumagyň ýazanlygy köre hasa bolup dur. Häzir ateistiň biri gelip "ýeri Alynyň (Alla ondan razy bolsun) ýaňy bary-ýogy alty dirhemi bardy'la, soň ol düýä 140 dirhem puly nireden aldy. Bu ýerde hemme zat aýdyň,ýagny Aly gysganç bolan. Eger şeýle bolmadyk bolsa puly bolubam,una goýan alty dirhemimi berdim saňa diýmezdi. Onsoň Yslam diýnine nähili ynanmak bolar" diýse,köpüňiziň pikiriňiziň şol tarapa üýtgejekdigi duraga ýasna. Şonuň üçin agzalar, din barada bir zatlar paýlaşsaňyz anyk çeşmelerden alynandygyna üns beriň. Din gaty inçe mesele,başarsaňyza şol meselä doly bilimiňiz bolmasa goşulmaň. Öwreniň,öwretjek bolmaň.
Biohimik
14 янв 2022, 18:29
Liwerpul_fc,
Din diyseler derrew ynanylyar sol sebapdenem uytgesik terrorcy dinler dorap baryarda.
ESSALAMUNALEÝKUM
14 янв 2022, 19:15
Цитата: Liwerpul_fc
Bir çeti dine baryp direýän tema açaňyzda azajygam bolsa oýlanşyň how. Şular ýaly "boş"hekaýalar sebäpli ateistlere gülki bolup ýörüs. Bu hekaýany "zehini aşyp-çaşyp,akyly kellesine sygman gulagyndan akyp duran" ýazyjysumagyň ýazanlygy köre hasa bolup dur. Häzir ateistiň biri gelip "ýeri Alynyň (Alla ondan razy bolsun) ýaňy bary-ýogy alty dirhemi bardy'la, soň ol düýä 140 dirhem puly nireden aldy. Bu ýerde hemme zat aýdyň,ýagny Aly gysganç bolan. Eger şeýle bolmadyk bolsa puly bolubam,una goýan alty dirhemimi berdim saňa diýmezdi. Onsoň Yslam diýnine nähili ynanmak bolar" diýse,köpüňiziň pikiriňiziň şol tarapa üýtgejekdigi duraga ýasna. Şonuň üçin agzalar, din barada bir zatlar paýlaşsaňyz anyk çeşmelerden alynandygyna üns beriň. Din gaty inçe mesele,başarsaňyza şol meselä doly bilimiňiz bolmasa goşulmaň. Öwreniň,öwretjek bolmaň.

muň aýtýanam dogryrak ýöne muň asly başga zat