Wanga we onun aýdanlary 2018-5079 ýyllar aralygy???

Wanga we onun aýdanlary 2018-5079 ýyllar aralygy

Wanga dünýä belli bilgiç we önden görüji.

Wangeliýa (Wanga) Pandewa Guçherowa 1911-nji ýylda Makedoniýanyn Strumiçha şäherçesinde dünýä inýär. Gyzjagazyn üç ýaşy dolanda ejesi aradan çykýar. 12 ýaşly Wanga öz ýaşaýan şäherçesinin töweregindäki meýdanda gezip ýörkä aýylganyç ahy-tupan turýar, şol zerarly-da onun gözi gapylýar. Ony hiçhili tebip, lukman bejerip bilmeýär. 1939-njy ýylda Wanga erbet sowuklaýar. Şonda onun ömri gylyñ üstünde galýar. 1941-nji ýylda Wanganyñ adatdan daşa ukyplary we bilgiçligi ýüze çykýar.

Wanga orta asyrda ýaşap geçen Nostradamus ýaly nirde nähili wakalary boljagyny önünden aýdýar, goşun gullugyna alynjak erkek kişilerin atlaryny,
olary uruşdan sag-aman geljegini ýa-da uruşda öljegini aydypdyr. Onun önden görüji şöhraty dumly duşy ýaýraýar. Yüzlerçe adam Wanganyň ýanyna haray isläp gelýär. Wanga betbagtçylyga uçranlara kömek edipdir. Ol her dürli keselleri hatda bejerip bolmajak kesellerden hem gutarypdyr. Islendik adam öz derdini onun bilen paýlaşyp bilýärdi. Ol hiç haçan hiçkime yok diymez eken.

1941-1945-nji ýyllar aralygynda ondan haray isläp ýarym miloyondan gowrak adam gelipdir. Wanga tä keselläp tapdan düşýänçä adam kabul etmesini goýmandyr. Wanga dünýä ýurtlary barada köp zatlary bilipdir yöne olar barada kön dil yarmandyr...

XX-nji asyryn in görnikli we takyk jogabyny tapýan weli Wanga-nyñ wekillik eden sözlerini sizin dykgatynyza ýetirýärin:

2018-nji ýylda: Dünýänin deržawasy Hytaý bolar. Ösüp barýan ekspluatirlenen döwletler ekspluatator bolar;

2023-nji ýylda: Yerin orbitasy bir azrak üytgär; 2025-nji ýylda: Yewropada entegem millet azlykda galar;

2028-nji ýylda: Energiýanyň täze çesmesini taparlar (mümkin termoyader reaksiýasy esasynda bolup geçer. Açlyk bir azrak ýitmek bilen bolar. Kosmiki gämisi bilen Wenera planetasyna uçarlar;

2033-nji ýylda: Polýar buzluklary erär. Dünýä
okeanynyn suw möçberi galar;

2043-nji ýylda: Dünýä ekonomikasy gülläp ugrar. Yewropada musulmanlar hökümdarlyk ederler;

2046-njy ýylda: Bedenin ähli organlaryny ösdürüp bilerler we bedeni bejereniñden çalşanyñ amatly bolar;

2066-pix vido: ABS-Jory musulmonloryõ Rimine täze

2043-nji ýylda: Dünýä ekonomikasy gülläp ugrar.
Yewropada musulmanlar hökümdarlyk ederler;

2046-njy ýylda: Bedenin ähli organlaryny ösdürüp
bilerler we bedeni bejereniñden çalşanyn amatly bolar;

2066-njy ýylda: ABŞ-lary musulmanlaryn Rimine täze ýaragy klimatiki yarag ulanmak bilen erbet sowuk howa dörär;

2076-njy ýylda: Klassyz jemgyyet dörär (kommunizm);

2084-nji ýylda: Tebigat dikeldiler;

2088-nji ýylda: Täze kesel, ýagny birnäçe sekundyn
içinde adamyn bedeni garrar;

2097-nji ýylda: Çalt garramaklygy ýenerler;

2100-nji ýylda: Emeli gün hemrasy ýerin garanky-gije tarapyny ýagtyldyp biler;

2111-nji ýylda: Adamlar kiborg bolarlar (ýagny içki organlar mikrocipe öwrilip robota öwrüler); 2123-nji ýylda: Kiçi döwletlerin arasynda uruş turar,
uly döwletler gatyşmaz;

2125-nji ýylda: Wengriyada kosmosdan signal geler.
(Wanga barada ýatlarlar);

2130-njy ýylda: Suwun aşagynda ýaşaýyş dörederler (inoplaneta jandarlary maslahat bererler);

2164-nji ýylda: Haýwanlary ýarym adama öwurerler;

2167-nji ýylda: Täze din dörär;

2170-nji ýylda: gurakçylyk bolar;

2183-nji ýylda: Marsa gidip ýaşap yören adamlar, ýer planeta deržawasyndan garaşsyzlyk talap ederler. (Bir wagt ABŞ Angliyadan şeýdip garaşsyz bolypdy);

2187-nji ýylda: 2-nji ägirt uly wulkany duzuryp bilerler;

2195-nji ýylda: Deñiz asty ýaşaýjylara azyk-iýmitden energiyadan üpjün ediler;

2196-njy ýylda: Aziýatlar bilen ýewropeýlar garym gatym bolarlar;

2201-njy ýylda: Günde termoyader prosesi peselip, ýer erbet sowap ugrar;

2221-nji ýyldo: Älemde başga jandarlary gözläp yören adamlar her hili zada kontaklanyp erbet ýagdaýa duşarlar

2226-njy ýylda: Kosmiki gämisi yere erbet kesel
getirýär;

2262-nji ýylda: Planetalary orbitasy üýtgäp ugraýar.
Marsa howp kametasy abanyar;

2271-nji ýylda: Üýtgän fiziki konstantalar täzeden
hasaplanýar;

2291-nji ýylda: Gün öçüp başlaýar. Ony ýakjak bolup
çalşarlar;

2296-njy ýylda: Günde kuwwatly ýagtylma peýda bolar, dartylma guýji üýtgär. Köne sputnikler we kosmiki gämiler yere gaçyp ugrarlar;

2299-njy ýylda: Fransiýada - Yslama garşy partizan urşy başlar;

2302-nji ýylda: Älemin täze syrlarlary we kanunlary açylar;

2304-nji ýylda: Ayyn syry açylar; 2341-nji ýylda: Kosmosdan ýere bir zat howp abanýar;

2371-nji ýylda: Gaty erbet hiç bir görilmedik açlyk peýda bolýar;

2378-nji ýylda: Täze ösüp barýän milletin döremegi;

2480-nji ýylda: 2-nji emeli gün biri-biri bilen çaknysyp
yerde ýaryp gije dörär;

3005-nji ýylda: Marsda uruş dörär planetalaryn trayektiýasy üýtgär;

3010-njy ýylda: Aýa uly kometa gaçyp ýer gurşagynda tozan bilen das gurşap alar; 3797-nji ýylda: Şu ýylda ýerde ähli janly jandarlar we ösimlikler ölip yitip giderler we adam ýyldyzlaryn bir planetasynda mesgen tutmagy başaryp bilerler;

3803-nji ýylda: Täze planetanyñ klimaty adamlary tasir etýär;

3805-nji ýylda: Resurs üçin urş çykýar. Adamlaryn ýarysy ýok bolýar;

3815-nji ýylda: Uruş tamamlanýar; 3854-nji ýylda: Adamlar yyrtyjy ýaly bolarlar;

3871-nji ýylda: Täze pygamber adamlara ruhu gymmatlyklary aýtýar; 3874-nji ýylda: Täze pygamber adamlar tarapyndan gollanylýar. Täze ybadathanalar gurulýar.

3878-nji ýylda: Başga planetalylar taze ybadathana
bilen birlikde adamlara unudylan ylymy öwreder;

4302-nji ýylea: Planetada täze şäherler salynar. Täze dinin dolandyryjylary bilim we tehnalogiýanyn ösüşini tizleşdirer;

4304-nji ýylda: Hemme hassalyklaryň ýeňmäniň ýoly tapylýar;

4308-nji ýylda: Mutasion netijesinde adamzat ahyry beynisinin 34%- den köp bölegini işletmäne başlaýar. Erbetlik we näletlilik komptlary düýbinden pozulýar;

4509-njy ýylda: Tañry bilen tanyşmak. Adamzat tanry bilen aragatnaşygyň ösuşiniň derejesine ýetýär;

4599-njy ýylda: Adamzat ölümsizligi tapyar;

4674-nji ýylda: Adamzat medeniyet ösişinin duralgasyna ýetýär. Başga planetada ýaşaýan adamlaryň sany 340 milliarda barýar. Başga planeta bilen gatnaşyk başlaýar.

5076-njy ýylda: Älem jahanyn araçägi tapylýar. Aññarsynda näme bardygy bilinmeyär;

5078-nji ýylda: Alem jahanyñ araçagini geçmek karary kabul edilýär. Yöne adamlaryñ 40% muña garşy!

5079-njy ýylda: Ahyr zaman.
0 лайков 3 981 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
senagul
03 фев 2022, 14:54
Hemme zada göz ýetirensoň tep-tekiz bolýan eken. Mundan soň ýaşamagam gorkunç bulary okap. Bir gyrajykda durup seredip dursaňda şular bolýamyka???
Döwlet Şöhradow
03 фев 2022, 16:30
"Syrly wakalar" -da okapdym...Gaty täsin we geň galdyryjy wakalar.
Hiayres
03 фев 2022, 17:10
Wanga ýada mistik, öňdengörüji, ekstrasens, palçy, ruh, jyn, arwah, albassy, ýuwha diýen ýaly düşünjeler biziň medenýetimizde geçen asyryň 90-njy we bu asyryň başlarynda has ýörgünli boldy. Öwülýäň deňinden gije geçmezlik, ikindin ara kir suw dökmezlik, gönortan ýada ikindin akar ýabyň kenaryna ýeke özüň barmazlyk ýaly. Garaz, ynam sistemasy (sosialistik ideýa) synan, ýöne ynanmaklygy endik halkyň ynama mätäçliginden dörän ýada täzeden möwç alan düşünjeler.
Hiayres
03 фев 2022, 17:16
Wanganyň gözüniň kör boluşy hakynda köpçülige ýaýylýan maglumatlaram we bilgiçligem ýalan. Gözi kör gyzjagaz beýniň näçe dereje işleýänligini, termoýaderny prosesleri, emeli hemralary, asman giňişligindäki beýleki jisimler we olaryň strukturasy ýada yslam dininiň özeni, geçmişi ýada geljegi barada nireden bilsin.
Hiayres
03 фев 2022, 17:35
Ýokardakylara göz aýlap ylmy fantastika bilen iş salyşýan ýada gyzyklanýan adamyň, geljek barada şahsy oýlanmalaryň netijesidigini görüp bolýar. Ýöne logika taýdan ýerine düşenlerem kän, düşmediklerem ýada dawalylaram. Näme diýseňem absolýut geljek diýilýän zat ýok. Şonuň üçinem ony öňünden dogry görüp bolmaýar. Ol diňe şu günki gün ýerine ýetirilýän işler we alynýar netijeler bilen tebigy hadysalaryň utgaşmagy esasynda gurnalýar.
Gokhan Durdyyew
03 фев 2022, 18:34
Bah uytgeshik zatlar . hayran galdym
Hanguly
03 фев 2022, 18:47
Ýalan zatlara haýran galmagyňyzyň peýdasy ýok
Gokhan Durdyyew
03 фев 2022, 18:59
Wlad, mumkin yalan bolmagy
Serdar
Автор 03 фев 2022, 19:09
Haýran galdyrýan ýeri şular gazetlerdede çap edildi.
Çynmy ýalandygy barada plan diýjekdal.
Hanguly
03 фев 2022, 19:19
Seri,
Bu kişiniň meşhur bolmasynyň sebäbi şolda, gaty ulaltdylar
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:26
Käbir zatlar bolýar, özüň döretýäň, ýalanlygyny bilýäň, ýöne hemmeler ynanyp başlaýar welin dogrydanam çynmykaraý diýip galýaň.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:29
"2018-nji ýylda: Dünýänin deržawasy Hytaý bolar. Ösüp barýan ekspluatirlenen döwletler ekspluatator bolar"

Hawa, şu wagt Hytaý dünýäniň ägirt uly güýji, ýöne ýeke däl. ABŞ, Ýewropa birleşigi we Russiýada bar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:35
"2023-nji ýylda: Yerin orbitasy bir azrak üytgär"

Wanga döwründe-de ýeriň okunyň hereket etýänligi fiziklere bellidi.

"2025-nji ýylda: Yewropada entegem millet azlykda galar"

"Millet" sözi nädogry. Ilaty sany az bolmaly. Ýöne, onda-da Ýewropanyň ilat sany az däl. Ýewropanyň köp döwletlerinde ilat sany daşyndan gelýän migratlaryň hasabyna bir artýar, öz ýerli ilatam artyşda. Gaýtyp, ine bizde ilat sany kemelýär. Maşgala gurnap ilat sanymyzy artdyrmaly ýaş ýetginjekler eklenç ýada gowy durmuş üçin daşary ýurda gitýäler. Bu gidişene gitse ýene 50-60 ýyldan Türkmenistandaky türkmenlere ýitme howpam abanar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:41
"Kosmiki gämisi bilen Wenera planetasyna uçarlar"

2028-nji ýylda 100/100 Wenera planetasyna uçmazlar. Iň bolman emeli robotlaram ugratmazlar. Sebäbi, Wenera adamlaryň ýaşamagy üçin uýgun planeta däl. Biziň gün sistemamyzda, Mars bilen Ýupiteriň hemrasy "Ýewropada" ýaşamaklyk mümkin diýip çaklanýar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:46
"2033-nji ýylda: Polýar buzluklary erär. Dünýä okeanynyn suw möçberi galar"

Polýar buzluklary, D.G buzly ummanda-da, Antraktida-da onsuzam ereýär we ummanyň suw derejesi az-owlak ýokarlanýar. Bu hadysa öňem şeýledi, şu wagtam. Ýöne 2033-nji ýyla çenli iki polýaryňam buzlary eräp gutarmaz, asla boljak zat däl. Ýöne bar şeýle bolaýanda-da, iki polýaryň buzlary eräp gutaraýanda-da, ummanlaryň suwy birnäçe metr ýokarlanyp, bütin dünýä ýüzüni birnäçe metrlik suw alar. Daglyk we beýik düzlüklerden başga ýerde gury ýer galmaz.
Gokhan Durdyyew
03 фев 2022, 19:49
Tebigy robotlaram barmyAtsyzatly,
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:53
"2043-nji ýylda: Dünýä ekonomikasy gülläp ugrar. Yewropada musulmanlar hökümdarlyk ederler"

Bütin dünýä ykdysadyýetiniň gowulaşjagyny ykdysadyýetçiler we syýasatçylar hem tassyklaýar. Ýöne 2050-2060-nji ýyllardan soň diýip çaklaýarlar. 2040-nji ýyla çenli dünýä ýüzünde düýpli özgerlişikler bolmaly we ýer ýüzündäki ilat san azalmaly. Ýokardaky bellenen senelerde bolsa adamzadyň täze döwrüniň, öňkilere meňzemeýän täze sistamasynyň we tehnologiýalarynyň başlangyjy başlamaly diýip çaklaýarlar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:55
"2043-nji ýylda: Dünýä ekonomikasy gülläp ugrar. Yewropada musulmanlar hökümdarlyk ederler"

Hä, din hakynda aýtmandyryn. Şu asyr antik döwürlerde döredilen ähli dinleriň soňky asyry boljak.
Atsyzatly
03 фев 2022, 19:56
Demeter,
Цитата: Demeter
Tebigy robotlaram barmyAtsyzatly,


"Tebigy robot" sözüni nirden okadyňaý?! Görkezsene menem okaýyn.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:01
"2046-njy ýylda: Bedenin ähli organlaryny ösdürüp bilerler we bedeni bejereniñden çalşanyñ amatly bolar;"

Emeli organlar: Ýürek, el, aýak, süňk, myşsalar we emeli ösdürilen bagyr bu wagtlaram bar. Ýöne känbir amatly däl,
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:06
"2066-njy ýylda: ABŞ-lary musulmanlaryn Rimine täze ýaragy klimatiki yarag ulanmak bilen erbet sowuk howa dörär"

Klimat ýaraglary şu wagtam bar. Ýöne gizlin. Arada habarlaryň birinde tomsuň jokrama yssysynda BAE emeli ýagyş ýagdyrypdyrlar ýada Russiýada 9-nji maýda Ýeňiş güni üçin geçilýän paratda ygally howanyň bolmazlygy üçin ulanýarlar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:12
"2100-nji ýylda: Emeli gün hemrasy ýerin garanky-gije tarapyny ýagtyldyp biler"

Ýere emeli gün hemrasyny nämeden we näme maksat bilen döretmeli?! Ýerde ýaşaýan ähli zat (adamlar, haýwanlar, ösümlikler) gije-gündüze uýgunlaşan. Eger gijäni aýyrsaň, bu düýbünden janly organizimleriň strukturasyny, häsiýetini üýtgedäýmese, birem adam pisihikasy üçinem ýaramly bolar öýdemok. Şonuň üçin döretmiklikden zerurlyk göremok we döredilerem öýdemok.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:20
"2123-nji ýylda: Kiçi döwletlerin arasynda uruş turar, uly döwletler gatyşmaz; "

Uruş elmydam bar. Taryha göz aýlasaň uruşsyz asyr ýokdur. Geçmişiň bize öwreden bu ýaramaz endigini ýeňip geçmek üçinem ýeke ýüzýyllyk ýeter öýdemok. Uruş sözüniň özi bolsa, uraşam bolar. "Uruş" sözüniň özi kod, uruşmaklygy ündeýän. Uly döwletleriň uruşmazlygy bolsa, bu wagtky uly döwletlerde atom ýadrolary, uran, wodorod bombalarynyň barlygy. Eger olar urşa goşulsa, ýeňilmezlik üçin ellerinde bar bolan ähli ýaraglary ulanmaly bolar, bu bolsa dünýäniň soňuny, ahyrzamany ýakynladar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:29
"2125-nji ýylda: Wengriyada kosmosdan signal geler. (Wanga barada ýatlarlar);"

Eger asman giňişliginden ses geläýsede näme üçin Wengriýa bolmaly?! Dünýäde asman giňişligini öwrenýän öňdebaryjy laboratoraýalara gelmeli ahyryn. Wengriýada mistik bir dagyň barlygy we şol dagda gelmişekleriň bazasynyň bolup biljegi hakda bir toslama bolmaly. Ýadyma düşýar. Bu-da şol toslamada ugur alnyp aýdylan bolmalyda. Birem "Wanga barada ýatlarlar" bu-da bir toslama. Ýagny häzirki günüň adamlarynyň psihikasyndan ugur alnyp aýdylan toslama. Ýüz ýyl bizden soňky ýaşajak nesil düýbünden başga düşünjeli bolar. XX asyryň toslamaçysyna gulak gabartmaz.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:33
"2130-njy ýylda: Suwun aşagynda ýaşaýyş dörederler (inoplaneta jandarlary maslahat bererler)"

Hadi ýa, gelmişekler maslahat berjekmiş. Maslahat bermeseler hamala häzirki döwür adamzat bilmeýämiş umman içinde suw astynda ýaşamaklygy. Int.den gözletseňiz şu barada birnäçe proýektlaram bolmaly.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:35
"2164-nji ýylda: Haýwanlary ýarym adama öwurerler"

Şu-la maňada gyzykly, haýwanlaryň beýnisiniň näme sebäpli ösmeýäni we näme sebäpli informasiýany saklap bilmeýäni. Belki jogabam bardyr. Int. sahypasyndan gözläp görmeli.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:38
"2196-njy ýylda: Aziýatlar bilen ýewropeýlar garym gatym bolarlar"

Hamala bu proses şu wagt dowam etmeýän ýaly. Ýöne, hawa, milli medeni araçäklendirmelerimiz bar. Olam, şu asyryň içinde belli bir derejede aradan aýyrylar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:40
"2201-njy ýylda: Günde termoyader prosesi peselip, ýer erbet sowap ugrar;"

Alymlaryň aýtmagyna görä gün birnäçe million ýyllap öz nuruny saçar.
Atsyzatly
03 фев 2022, 20:44
"5076-njy ýylda: Älem jahanyn araçägi tapylýar. Aññarsynda näme bardygy bilinmeyär;"

Şu - maňa iň gyzykly bolan çaklama. Älem giňişliginiň soňy ýok bolaýmasa. Ýöne özümem asman giňişliginiň üstüne çykyp seretmek islärdim.))

Aý borda, galanlaram şular ýaly ylmy fantastika bilen gyzyklanýan adamyň çaklamalary.
Atsyzatly
03 фев 2022, 21:19
Hä, ýene bir goşmaça maglumat. Geljek, şu günden gönezlik alýar. Şu gün adamzat nesili nämeleriň üstünde çalyşýan, isleýän we maksat edinýän bolsa, geljegem belli bir derejede şeýle bolar. Häzirki adamzat nesliniň öňde barajylary bolsa, adamzat nesliniň aň, ruhy, fiziki we psihiki taýdan degenerasiýa etdirmek we hindilerdäki ýaly jemgyýet gatlagyny (kastalary) gurmak bilen meşgullanýar.