PUL BER OGLUM,EJEÑ BİR ÝYL ÝAŞASYN... .

PUL BER OGLUM,EJEÑ BİR ÝYL ÝAŞASYN... .


Käbäñ ýatyr keselhana-da dertli,
ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn.
Lukman ömrün saklap biläýjek...şertli,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

BiR ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasýa talap edip dur jany,
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Elli müñ dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Puluñy ejeñden sen eziz görme,
ýaýdanma perzendim,boýnuñy burma,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Ulaldypdy seni yssy mähirläp,
Beýgeldiñ han bolduñ şäherde ýerläp,
"Rak"-a uçrap käbäñ hol ýatyr derläp,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez,
Karz alsam üzmäge ömrümem ýetmez,
BiR ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Ynha otuz ýyldyr öýden gaýdanyñ,
Bizi ýeke goýduñ,etmän aýdanym,
Wahh dert tapaýdy-da ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiýamyza iýdik,ýyrtyjak geýnip,
Ummasyz pul tapman öñüñde eglip,
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn.

Diýdi oğul "mende pul barmy näme",
Münýän Mercedesiñ altmyş müñ däne,
Maşyna dözenin dözmedi jana,
ýöne bir janam däl Eje ol Käbe,
Gynanýan pul söýmek owrülýär däbe,
Atañ bu haýyşy uçdy asmana,
"Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn."

Real wakalara esaslanyp.
Kerim Hally.
6 лайков 145 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
16 фев 2022, 10:59
Ýaňy mekdepden boşadym, 98-nji ýyl gelin kursdaşym biraz durmuşy barada gürrüň berdi, kakasy aradan çykypdy ýakynda, "kakam elmydama içýärdi, pul berilmese diňe sögip ptyrýardy, berseňem ýene arak içýärdi, aýtýardyk däde beýtmäý" diýip aglap gürrüň berdi, ejeme bir zat bolmasyn diýýär daşary ýurtda eken, intek hiç zat üýşüremzok 3 ýyl boldy diýip. Umuman iki tarapdan biri kem bolsada gaty agyr ekendä, agym gelip gitdi
Şamuhammet
16 фев 2022, 11:12
Meňem ejem şeý diýip pullanýar, janlary sag bolsun ??????