Hormat goýulan biri bolmak üçin etmeli zatlaryňyz

Içinde ýaşaýan toplumumyzyň beýleki kişileri tarapyndan hormat goýulmak ruhumyza wajyp bolan zatlaryň biridir. Eger hormat goýulmaýan bolsa onda ol ruh doýanok we käbir meseleler döräp bilýär. Bu ýazgyda beýleki adamlara özüňe nädip hormat goýdurmalydygy barada käbir emellere degip geçeliň.

1. Belli etme
Hormat goýulmagyny isleýän bolsaň ilki bilen muny bildirmezligiň gerek. Hormat arzuwyny belli etmeli däl, gizlemeli. Eger hormat isleýändigiňi belli etseň, töweregiňe "maňa hormat goý, menem hasapla, menden gork" şeklinde hereketlerde bolsaň, adamlar belki senden wezipe we kär boýunça ýüzüňe sylag bilen bakarlar, ýöne arka tarapda seniň hormata mätäçdigiňi we belki ejiz bir ynsandygyňy gürrüň edip durarlar. Şo sebäpli näme bolsa bolsun, hormat meselesinde açlyk çekýändigiňi, mätäçdigiňi töweregiňdäkilere belli etmejek bolmaly, we uly, ýogyn garşylyklar bermegiň hem mätäçdigiňi görkezip biler. Mundan gaçmak gerek.

2. Öwünmek
Eger sen özüňi öwýän bolsaň, "men şeýle ynanyljak adam, men dogruçyl adam, men şeýle, eýle" diýip öz reklamaňy edip başlan badyňa töweregiňdäki adamlar şübhä düşerler, sebäbi kişiler bir zadyň reklamasyny görseler onuň bir boşlygy ýapmak üçin edilýändigini aňýarlar, şo sebäpli orta ynamsyzlyk çykýar. Eger çyndanam dogruçyl biri bolsaň, ynanyljak biri bolsaň, durmuşda belli başarjaňlyklaryň bar bolsa muny sözli şekilde dälde hereketleriň bilen belli etmeli. Dogruçyldygyňy wagt bilen belli etmeli, duruşyň, hereketleriň bilen belli etmeli. Eger her giren ýeriňde "men şeýle, beýle" diýip dursaň, ynsanlaryň ýüzünde sähelçe ýylgyryş döräp biler, bil munyň manysy seni çynlakaý hasaplanoklardyr. Ynsanyň göni özüni aňlatmagy ters netije berýändir. Ýöne sen edýän degişmeleriňden başlap geýýän geýimleriňe, köpçülikdäki hereketleriňe, edýän gürrüňiňe görä özüňi sazlasaň we bulara üns berseň bu şekiliň seni düşündirer, we bu aýdan zatlaryň yzygiderli gaýtalanýandygy üçin adamlarda ynam döreder. Hormat goýuljak ýerde bir başarjaňlyga eýe bolsaň onda diýýärler "bu adam doly, bu adam hormat goýuljak adam", ýöne özüňi öwüp "men eýle, men ökde, men gaty gowy" diýip ýörseň, ynsanlar diýer "bu ejiz", gülerler arkaňdan. Näme etýäň, göni aýdaňokda yzygiderli hereketleriň bilen aýtýaň. Biraz sabyrly bol.

3. Her islenen zady etmek
Käwagt hormat ýada söýgi mätäçligimizi doldurmak üçin ynsanlaryň her islänini edýän bolmagymyz ahmal, ýöne bu göni ters netije berer. Eger sen adamlaryň her diýýän zadyny etýän bolsaň eden zatlaryň eýleki adamlar tarapyndan hiç netije görmez, bu ýerde sorag berip bilersiňiz "nädip beýle men olara ýagşylyk etýän" diýip, ýöne hijem beýle däl, ynsanyň şeýle bir tarapy bar, aňsat bolan zat, derrew edilen zat, "bu muny gaty aňsat etdi, çünki gaty wajyp zat däl" diýer, ýöne sen arka tarapynda munyň üçin gaty köp iş etdiň, özüňe zyýan etdiň, garşy tarapdaky bolsa "aý Wladmy ?, aý ol hemme zady edýär aslynda-da" şeklinde pikir eder. Bu hemme kişä ýagşylyk etme diýildigi däl, elbetde gowy adam bolup bilersiň, ýöne hemme kişä etmeli däl, hak edene we garşylyk berene edilmeli käwagt, çünki durmuşda hemme zadam az-owlak garşylykly bolmaly. Hem etýän zadyňda kynçylyk çekýän bolsaň muny garşy tarapdaky bir şekilde bildirmegiň gerek, "seret şuny etýän, seniň üçin etýän, we nähili kyndygyny gör", ýagny bir şekilde eden zadyňy satmak gerek, hawwa muny aýtmak birhiliräk ýöne gynansakda ýaşaýan wahşy kapitalizm dünýämizde ynsanlar şeýle öňe gitýär, şeýdip ol köpçüliklerden saýlanýar. Birazajyk satmagyňdan zyýan gelmez.

4. Serhetleriň bolsun
Hormatly adamlaryň esasy aýratynlygy durmuşda belli bir duruşy we düzgünleriniň bolmagydyr. Käbir wagtlarda bu adamlaryňam durmuşynda bähbit çekeleşigi döräp biler, käbir ynsanyň aralarynda kararsyz galyp bilerler, ýöne töwerekdäkilerden bitarap şekilde şeýle diýýär "dosdum meniň şeýle bir düzgünim bar, mundan asla dönmerin", soň sen başda çemeleşýäň, dändirjek bolýaň ýöne ol "ýok meniň serhedim şu ýerde gutarýar, men saňa iň köp şeýle berip bilerin, men saňa iň köp şeýle kömek berip bilerin, has artykmajy meniň bölegime girer, menem bölegime girilmegini halamok" diýýär. Ilki başda gaharlanarsyň, öýkelärsiň, "maňa nädip muny edip bilýäň" diýersiň, ýöne soňra hormat goýmana başlarsyň. Diýeli indi sen onuň ýerinde, öz düzgünleriň bar, we garşyňdaky elmydama şol düzgünleri ýykjak bolar, eger sen "aý borla öýkelemesin, birden bir zat bolaýmasyn" diýseň, bir bakarsyň hemme kişäde ornaşypsyň, sebäbi eýleki adamlary ýitirmekden gorkýaň. Şeýle serhetler goýaňda, ynsanlar bilen araňa bir uzaklygy goýaňda ilki başda saňa gaharlansalaram soňra üns bermäne, hormat goýmana başlarlar. Şo sebäpli gyzyl çyzgylaryň bolsun.

5. Pespälli bolan bolmak
Pespällilik diýen zadymyz gadymy kitaplarda galan zat. Häzirki döwürde belli bir derejedäki adamyň ýanynda "estagfirullah" diýsek onda ol adam dogry düşüner we "bu adam doly" diýip pikir eder. Eger sen bu sözi akyly ýerinde bolmaýan ýeňles adamlaryň ýanynda aýtsaň "Wladmy, ol nämä düşünýär", görýäňizmi, seniň pespälliligiňi seniň derejäňdir öýtdi, seni şonuň bilen masgaralajak boldy. Öňkilerimiziň aýdyşy ýaly "Jahyla pespälli bolma, hakykydyr öýder". Şuwagt bir dosdymam şeýle, has dogrusy gaty danasyraýar. "Alla kuwwat bersin", "Alla razy bolsun" şeklinde, bolar-bolgusyz nakyl aýdan bolýar, we ynanyň şeýle bir ýigrenilýär welin ony bilenogam.

6. Diňe ötünç soramak
Käbir adamlar sähelçe bir zat bolsada ötünç sorarlar, ýöne diňe ötünç soramak saňa hiç zat gazandyrmaz. Elbetde bu gowy zat, ýöne sen muny durman diňe etýän bolsaň adamlaryň aňyna şeýle bir gizlin habar goýberýäň, "men şu dünýäde artykmaç" ine şeýle ýagdaýda garşyňdaky saňa nädip hormat goýsun ? Her ýerde we biderek ýere diňe ötünç sorama, elbetde etmeli, ýöne wajyp ýerde, we ýerinde aýtmaly.

7. Dik durmak
Eger adamlaryň ýanynda gaty wajyp we uly bir zady gürrüň berip durkaň, özüňem egrem-bugram bolup, eplenip ejizje şekilde dursaň garşyňdaka "men gaty ejiz, men senden gaty pesde" ýaly manylary berersiňiz. Aýdanlaryňyz näçe ulam bolsa garşyňyzdaky ilki bilen beden diliňize seretýär. Eger şeýle bolsa aýdan zadyňada üns bermezler we hormatyň döküler.  Şo sebäpli gürläňde biraz hereketleriň bilenem aýtmaly, beý diýilse atletikadaky ýaly aýlanybam durmaly däl, umuman adaty şekilde, bedeniň bilenem durşuňy, 100-de 100% şol ýerdedigiňi görkezmeli.

8. Gaty ýakyn bolma
Eger gatnaşyklaryň gaty wajyp däl bolsa, meselem iş ýeridir, wagtlaýyn tanyşlykdyr, wagtlaýyn gatnaşykdyr, şeýle ýagdaýlarda adamlar bilen has ýakyn bolmak dogry däl. Elbetde ýakyn dosduň bolmaly, ýöne sen iş ýerine girýäň we 2 aýlyk bir wagt bolupdyr, derrew aýtma hemme zady. Elbetde bu ýerden dostlyk çykyp biler, ýöne gele-gelmäne hemme zady aýtsaň garşy tarap saňa hormatyny ýitirmäne başlaýar. Arasynda ol biraz sowuklygy gorap bilmek seniň hormatyňy dowam etdirer.

9. Köp gürlemek
Iň soňky aýtjak zadymyzam köp gürlemezlik. Bu hormatyňy gaty depeleýän zatlardan biri. Aýtjak zatlaryňyz az sözler bilen, az şekilde düşündirjek bol. Ýöne sen 5 minutlyk zady 50 minutda aýtsaň, garşyňdakyny ýadadarsyň we hormatyňy peseldersiň. Meselem aňsat bir tema bar bolsa sen ony düşündirmäne çemeleşýäň, geregi ýok, käwagt sowuk ýagdaýda galsyn, dagalan şekilde galsyn käwagt, hemme zadyňy düzeltmäne mätäç däl sen, hemme zady netijä baglamak gerek däl, käwagt bir zady sowuklykda goýmak saňa hormaty artdyrar. Ýöne käbir adamlar sähel bir zat bolsada, çekeleşik bolsada derrew ýaraşyga baglamak islär. Ýöne garşyňdaky ýaraşmana taýyn däl bolsa özüňi pida edersiň. Seňem saklanýan derejäň bar oňam, belki garşyňdaky ilkinji ädimi äder, bulam seniň hormatyňy artdyrjak zatlaryň biridir.
5 лайков 581 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:21
Sizem etýäňizmi şeýle hereketleri, ýada gaýtalan tanyşlaryňyz barmy şular ýaly
Ejegyz.
17 фев 2022, 20:27
brawo Gowy mowzuk , men adamlara(ýakynlaryma) "ýok" diýip bilemok cilimkesh
Bagul_Atayeva
17 фев 2022, 20:36
Wlad, köp sagbol kitaplar üçin.
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 20:47
Biderek zatlara garşy bagyşla soramak bolanok diyipsiňä şoň gapdalyna biderek "Sag bolsuny " köp aydyanlaram goş. Biziň mekdepde öňden oglan gelyän bolsa yzynda gyz bar bolsa şoňa gapyny açyp beryäler adat yaly bolup galypdyr. Özlerinden uly synpdaky oglan bolsa-da gyzlar "Sag boluň Yhlas aga sag boluň Hangeldi aga ya sag boluň pylan aga" diyişip tyrjayyp 32sini görkezip gidyärler welin nerwi oyna wara. Käbir gyzlar gurlemän geçip gidyärler
Ejegyz.
17 фев 2022, 20:47
Bagul_Atayeva,

Maňam ugradaýyňda şo kitaplary, please
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 20:48
oynaya*
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:50
Цитата: Ejegyz
brawo Gowy mowzuk , men adamlara(ýakynlaryma) "ýok" diýip bilemok cilimkesh

Şol gowy däldä, edil ýakynlaryňa bolmasada käbir kişä diýmek seni adamlardan saýlandyrýar. Diýip bilmeseň kesgitleme bilen oňarsaň bolar, meselem "ýok, işim bar aýyplaşma"
Hiayres
17 фев 2022, 20:52
Awtory kim muň?!
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:53
Nairobi,
Onuňam görnüşi bar soň açaryn, umuman gaty hoşniýetli boljak bolmak pespälli diýişim ýaly bolýar şu ýerdäki ýaly, gaty ýigrenýärler köp adam bildirmesede, sujuk hem diýilýär bulara
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:54
Hiayres,
Psiholog Beýhan Budak, Haluk Tatar, edebi tankyt wideolary we öz okanlarymdanam goşdum
Hiayres
17 фев 2022, 20:56
Wlad,
Dost özüňden goşan ýerleriň göze dürtülip durda.))
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 20:57
Şo sebäpli gürläňde biraz hereketleriň bilenem aýtmaly, beý diýilse atletikadaky ýaly aýlanybam durmaly däl, umuman adaty şekilde, bedeniň bilenem durşuňy, 100-de 100% şol ýerdedigiňi görkezmeli.

men göni gözuniň içine seredip gurleşyän kim bilen gurleşsemem garaz utanç-haya yoklay menne ?
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:58
Hiayres,
Özümdem goşdum diýdigim öz kellämden çykaran zatlarym däl dosdum arkaýyn bol
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 20:59
Nairobi,
Gowyda şol, yňňa-myňňa bolanda-na gowudyr. Göz köp duýgulary paş edýär, şo sebäpli gaty wajyp ýer göz gatnaşygy gurmak
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 21:00
Wlad,
hawa aljyradyba bolya garşyňdakyny arbuz
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:02
Nairobi,
Nädip beýle häsýetli bolduň ? Bilesim gelýärdä
Ejegyz.
17 фев 2022, 21:03
Nairobi,
Senden korkulur))
Ejegyz.
17 фев 2022, 21:03
Wlad,
Dogry, minnetdar !
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 21:03
Wlad,
nähili häsiyetli?
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:04
Nairobi,
Aýdyşyň ýaly çekinmezlik
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 21:04
Ejegyz,
adam iyemok-la diňe ganyny soryan
Ejegyz.
17 фев 2022, 21:04
Nairobi,
cilimkesh
Hiayres
17 фев 2022, 21:06
Mowzugy okamadym. @Blesk agzanyň aýdyşy ýaly boýnuňa almagam mertlik. Ýöne adyny okadym we birnäçe soraglarym peýda boldy:
1) Hormat näme?!
2) Näme üçin hormat goýdurmaly?!
3) Näme üçin hormat goýmaly?!
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:08
Hiayres,
Hormat garşyňdaka bolan sylag dosdum, saňa bolan haýranlygyny duýgulary bilen belli etmesi. Hormat goýdurmak we goýmak jemgyýetçilikde wajyp zatlaryň biri
Leyli Amanowa
17 фев 2022, 21:10
Wlad,
Užasnyy geçmişim sebäpli bolup biler
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:13
Nairobi,
Düşündim
Hiayres
17 фев 2022, 21:16
"Hormat garşyňdaka bolan sylag dosdum, saňa bolan haýranlygyny duýgulary bilen belli etmesi."

Ýagny haýranlygyny diýeňde bir owadan zenana duşup, şonuň owadanlygyna haýran galsam, şol meň şoňa hormat goýdygym bolýarmy?! Birem haýranlygyny duýgulary bilen belli etmesi diýipsiň welin, "hiih" edip haýran galyp uludan dem alanlarynda duýgulary bilen hormat goýýanyny beýan etdigi bolýarmy?!
Hiayres
17 фев 2022, 21:21
"Hormat goýdurmak we goýmak jemgyýetçilikde wajyp zatlaryň biri"

Birem "hormat goýdurmak we goýmak jemgyýetde wajyp" diýipsiň welin, bu wajyplyk ykdysady taýdanmy, medeni taýdanmy, edebi taýdanmy, ylmy taýdanmy, ýa ýene başga bir zat esasyndan... Has açyklap bilmersiňmi?!
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:22
Hiayres,
Temany okamadyk, bir ýaş gyzyň goşgusyna "manysyz" diýilmegini goldaýan, hormatyň nämedigini sorap soňam akyl testi geçjek bolýan birinden başgq zada garaşamokdym. Tema degişli sorag ber dosdum
Hanguly
Автор 17 фев 2022, 21:23
Цитата: Hiayres
"Hormat goýdurmak we goýmak jemgyýetçilikde wajyp zatlaryň biri"

Birem "hormat goýdurmak we goýmak jemgyýetde wajyp" diýipsiň welin, bu wajyplyk ykdysady taýdanmy, medeni taýdanmy, edebi taýdanmy, ylmy taýdanmy, ýa ýene başga bir zat esasyndan... Has açyklap bilmersiňmi?!

Dosdum sen kelläň ýerindemi ? Näme diýýäniňi bilýäňmi özüň ? Temadan çykma gaýtalap aýtýan