Gun guyclinki gowurga dislinki

Salam gowymy ýagdaylarnyz menin bu mowzugyma kimin nahili garajagyny bilemok yaramasa onunden bagyslan.gurrunim kanun isgarleri barada .Elbetde hemmesi beyle daldir.
Gurrune baslasam yoldasym su mat tussagda 3 ay boldy saklayarlar ne ha sud edyaler ne belli bir gurrun diyyaler .ilki ilkiler saklayan yerinde iyip icgi berilmeyan eken her nahar gecirenin 100 manat.bir ay bari saklayan yerlerinde gecirsen 600tmt manat.galyn gorguli gunde gunasa bunca puly nirden aljak.
Tussagdalygynyn sebabi bolsa ogurluk dogursuny diysem yoldasymy yazgaramok adam pahyr bir zatdan gun gormeli bolar iki caga men ozi ustesine kwartira 6 7 mln aylyk bn nadip gun gorjek .gun guyclinki gowurga dislinki bolup gitdi hazir.kanuna dayanarsynam kanun gorayjysa 3 mln diyse kime ynanjak.kursa munmekden gora dusmek kynyrak sebabi dusmek bar dusmek bar.abray bn dusup bilsen o basga zat.onunden bagyslan.
6 лайков 487 просмотров
36комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
25 фев 2022, 03:39
gowy bolar hemme zat alada etme uyam
Waleryanka
25 фев 2022, 04:12
1-njiden ýazgyň gaty düşnüksiz.Hat sowadyň gaty pesligi bildirýär,bagyşla weli.
2- njiden ekläp bilmejek çagaňyzy dogrup ,soňam beýdip ogurluga ýüz urmak dogrumy seniňçe?
3-njieen hemmäňize sorag:Şu biziň halkymyz jaý,normalno aýlyk günlükli iş, ulag ýaly zerur meseleleriini çözüp, soňundan çaga edinmegi haçan öwrenerkä?
Waleryanka
25 фев 2022, 04:43
Men düşünýän.Biz türkmenler öýmüze gelin gelen gününden başlap diňe çagaň gürrüňini edýäris. "Ejeň kakaň bizi taýýarja jaýly etmäge , normalny aýlykly işe ýerleşdirmäge ýagdaýy ýok.Gel bizem hem bulara hem özümize gowy bolar ýaly ilki bilen şu problemlary bir birýüzli edip, soň çaga edineli " diýseň ýoldaşyň düşüner.Soň ýuwaşlyk bilen gaýynlaryňa aýtsaň ....(yaman erbet janygyp bir zatlar düşündirip oturan smaýlik ýok ekendä bärde))
Waleryanka
25 фев 2022, 04:54
Kanun goraýjylaryň alýan parasy barada eken ýazgyň.(ilki düşünmändirin)
Özüň aýdyp otyrsyň-a "adam pahyr bir zat edip gün görmeli" diýip.Biri para alyp gün görer, biri ogurlyk edip..
Gulicka
25 фев 2022, 06:37
Ay Alla Sabyr bersin. Gecmejek zat yokdur.
Keyik
Автор 25 фев 2022, 07:31
1njidena shukur oyumiz bar 2 men kanun onunde gunalidir yone men yazgaramok 3 yoldasymy goybersinler diyemok 3 ay bari saklayalar sud edenoklar4kanun isgari bolup para alsa
Bolya sizinki dogry
Keyik
Автор 25 фев 2022, 07:35
In barkisi bir diplomly yada diplomsyz ise girjek bolsanam hokman para bermeli.Barly tanys bilisli masgalalar un mesele yokdur.
Suleyman
25 фев 2022, 07:37
Etseň, egniň b.n çekmeli...
Bu ýerde hojalygyňy, gün-güzeranyňy, çagalaryňy bahana etme. Etme diýilen zatlary etseň Allatagala "şeýle" adamlary başyňa musallat eder. Hasapsyz zat ýok.
Şonuň üçin Türkmen aganyň gowy sözi bardyr "Azdyrmasyn, azana-da duçar etmesin"diýip.

Adam birazajyk kanagatly bolmaly. Gün-güzeran üçin dagy el egrilik etmek gaty utanç zat. Aç ölýän ýok.

Siz (ýagny ýoldaşyň) ogurlyk edýärkäler düşünmediňizmi, öz çagam diýip, ogurlygyň içinde näçe çagalaryň hakynyň gidýänligine?! Eger ogurlanan emläk döwletiň zady bolsa, onda tutuş halkyň hakyny iýdigiň bolýar. Döwletiň zadyny ogurlamak - adam öldürmekdenem beter.

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanan bolsa onda ýene güýçli statýanyň içine düşer. Onça wagt saklanylýan bolsa ýa hemmesini boýun alýan däldir ýa-da entägem "sepi" açylyp gidip oturandyr. Şol işiň fundamentine çenli hemme şärik bolanlary bilmek üçin saklanylýar. On günde, bir aýda bitýän iş däl. Ýoldaşyňky ýaly müň sany delo ýatyr otaýda.


Derdiňi gozgan bolsam bagyşlarsyňyz.
Organ işgärleriniň meselesi bolsa, ol eýýäm aýratyn gürrüň...
Suleyman
25 фев 2022, 07:44
10 gün mundan öň dosdumy alyp gidipdirler. Etrap prokuroryň orunbasarydy. Habarymam ýok. Öýüne barsam ejesi, aýaly aglap otyr "bizem bilemizok" diýip. Menem bilip bilmedim sebäbini. Diňe saklanýan ýerine nahar äkitdim, naharyň barýan-barmaýanynam blmk. Adaty adamlaryňky ýaly hem däl, ondan habar aljak bolsaň.
Düzgün bozjak oglan däldi ýöne....
Waleryanka
25 фев 2022, 07:48
Ýokarda "üstesine kwartira" diýipsiň-ä.Bu "kwartirant ýaşaýas" diýdigiň dälmi?Men şeýle düşündim.
Keyik
Автор 25 фев 2022, 07:57
Basga welayatdan asg gelip isleyas kwartirada.yoldasymam on ogurluk edip yoren adam daldi Haram yokmaya bilyan yone tizirak bellisi edilmedi diyjek bolyan.
seyis
25 фев 2022, 08:07
Ginirak bolun gecmejek zat yok ac bolyandyr diyme so yerdede bir dowum gara corek bn bulamak beryaler. Sud yetisyan daldir sud ederler. Uzak oturmaz. Birinji amnisyada chykar on yedi yyl bari oturanlar bar. Ogry jumri ilchilik chykyp dur.
Atsyzatly
25 фев 2022, 08:40
"Soňum gelenden öňüm gelsin" diýilýär, belki soňy haýyra sowar. Şonuň üçin köp gynanyp, özüňizi sussupeslige aldyryp alňasap ýörmäň, sudam bolar az salym oturyp, eden işine ökünip, aklyna aýlanyp gelerem. Geçdigi bolsun.
Atsyzatly
25 фев 2022, 08:49
Sudy süýndirmeklik, gorkuzmaklyk ýene şu tipdäki dürli-dürli basyşlar para-puryja almak üçin edilýän oýunlardyr, bu birwagtky hanyň nökerleri adaty adamlary urup, uranlary üçin hak (töleg) soraýyşlary ýalydyr, puluňyzyň ýoklugyny ýada indi bermejekdigiňize gözleri ýeten wagtlara haýal etmän işi geçirip ýaparlar.
Keyik
Автор 25 фев 2022, 08:49
Sag bolun aýdanynyz gelsin.
Atsyzatly
25 фев 2022, 09:00
Waleryanka,

"1-njiden ýazgyň gaty düşnüksiz.Hat sowadyň gaty pesligi bildirýär,bagyşla weli."

Sen indi gramatikanyň kanunlaryny ýada dogry söz düzümlerini düzüp bilýäniň üçin özüňi sowatly hasap etýäňmi?

"2- njiden ekläp bilmejek çagaňyzy dogrup ,soňam beýdip ogurluga ýüz urmak dogrumy seniňçe?"

Sen ertir näme boljagyny bilýäňmi? "Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar" diýilýär, olaram çagaly bolmak islänlerinde çagalaryny açlykdan gyrmak islän däldirler. Eger gün-güzeran aýlamak hemişe kyn bolsa adamlar çaga diýilýän zadyň mährini görmän ötmelimi? (Tupoý)

"3-njieen hemmäňize sorag:Şu biziň halkymyz jaý,normalno aýlyk günlükli iş, ulag ýaly zerur meseleleriini çözüp, soňundan çaga edinmegi haçan öwrenerkä?"

Egerde şu sananlaryňy berjaý edip, soňra çaga edinmeli bolsa, halkym diýip agzyňy dolduryp aýtýaň sözüň ýigrimi ýyla ýeter ýetmez ykbaly bar.
Atsyzatly
25 фев 2022, 09:05
"Kanun goraýjylaryň alýan parasy barada eken ýazgyň.(ilki düşünmändirin)
Özüň aýdyp otyrsyň-a "adam pahyr bir zat edip gün görmeli" diýip.Biri para alyp gün görer, biri ogurlyk edip.."

Biri alaçsyzlykdan, çagalaryny aç gyrmazlyk üçin ogurlyk edip, mertlerçe günämi çekjek, sud etsinler diýýär, birem oturan wezipesinden peýdalanyp, mesligine çydaman, garyp-gasarlaryň soňkuja pulyny, çagalarynyň agzyndaky iýjegini alyp, mesligene çydaman kanundan gaçyp haram işini dowam etýär.
seyis
25 фев 2022, 09:10
Atsyzatly,
Dusunjeli adam bir bashga âr ayal bolup nâdip caga dogurman gezmelika diyibem men sorayyn yokarky agzadan. @walaryanka siz gyzmy oglanmy bilemok eger gyz bolsanyz bir bendan bagtyny yatyrarsynyz.
seyis
25 фев 2022, 09:15
Цитата: Waleryanka
Men düşünýän.Biz türkmenler öýmüze gelin gelen gününden başlap diňe çagaň gürrüňini edýäris. "Ejeň kakaň bizi taýýarja jaýly etmäge , normalny aýlykly işe ýerleşdirmäge ýagdaýy ýok.Gel bizem hem bulara hem özümize gowy bolar ýaly ilki bilen şu problemlary bir birýüzli edip, soň çaga edineli " diýseň ýoldaşyň düşüner.Soň ýuwaşlyk bilen gaýynlaryňa aýtsaň ....(yaman erbet janygyp bir zatlar düşündirip oturan smaýlik ýok ekendä bärde))

Ine men nika gyssady oylendim diyeli nadip caga edinman ya cagasyz onmaly gelin bn ayry yashamalymy bashga bir pryomy barmy owredayseniz bilyan bolsanyz!!!???
Waleryanka
25 фев 2022, 09:45
Hiiiýh işim gaýdypdyr-a atuw
Waleryanka
25 фев 2022, 09:48
Şool özümde ýok akyly satyp, dilimden bela galyp ýörşümdä meň gaharly Menem bir adam bolarmykam goja
Waleryanka
25 фев 2022, 09:49
*bir gün
Keyik
Автор 25 фев 2022, 09:50
Galybersede hazirki wagtda oy almak masyn edinmek kopler ucin kyn mesele nalamok gunume sukur edyan.
Elbetde guycli masgalar ucin bu zatlarda kyncylyk yok.
Hany hemme is bn upjun edilip zatlar elyeterli bolsa kim etjek ogurluk
Ozum ise giremde 25 mln bn girdim ise cagalany sadiga berjek bolsanam para
Oz welayatymyzdada islar yaly zawot fabrik yok
Waleryanka
25 фев 2022, 09:55
Men şeýle düşündim.Bular toý edipdirle,eýle beýle ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlara biparh garap güpür tapyr iki sany çaga edinipdirler.Soň maşgalada näsazlyk ýüze çykyp ( gelin gaýyn, elti gelin oňşuksyzlygy) kwartira çykypdyrlar.Bu ýerdede başyny çarap bilmän ogurluga ýüz urup, indem özüni aklajak bolýandyr öýtdüm.(Edil şuwagt meniň hemme zadyň anygyna ýetmän ,akyl satyp , indem özümi aklajak bolşum ýaly)
noname
25 фев 2022, 10:02
,,Ogluñ bolup ogra gülme gyzyñ bolup lola gülme'' diyipdirler.
Hiayress
25 фев 2022, 10:17
Waleryanka,
Aňyňda bolup geçýän her bir adekwatnyý bolmadyk pikirleriňi ýada subýektiw garaýyşlaryňy kyn güne düşüp iň bolman hoş söze (ýagdaýyna düşünme) mätäç bolan naçar maşgalanyň üstüne bir indirme. Başarsaň kömek et, ýogsada söz bilen bolsada goltgyla, derdini ýeňletmäne çalyş. "Gülme goňşuňa geler başyňa" diýilýär, bu zatlaram diňe bir adamyň başynda durýan zat däl.
Garabufer
25 фев 2022, 11:07
Gowy gūnler öñdedir
Waleryanka
25 фев 2022, 12:17
Цитата: seyis
Atsyzatly,
Dusunjeli adam bir bashga âr ayal bolup nâdip caga dogurman gezmelika diyibem men sorayyn yokarky agzadan. @walaryanka siz gyzmy oglanmy bilemok eger gyz bolsanyz bir bendan bagtyny yatyrarsynyz.

Şu soňky sözlemiňizi has açyklap aýdyp beriň.Eger çagä hakynda diýenlerim sebäpli şeý diýen bolsaňyz jogap şeýle:Men liçno çaga meselesine ynjyk seredýän we serederin hem.Deň duşlarynyň arasynda kemsinmän we umuman sagdynja kemala gelmegi üçin, ukyp başarnygyna görä bilim almagy üçin şert döredip bilmejek çagany dogurmagyň geregi ýok.
Waleryanka
25 фев 2022, 12:21
Hiç çaga edinmeli däl diýemok.Bir çaga edinmeli we saglyk, finans ýagdaýlaryňy düzedip soň ikinji üçünjileri planlamaly.Muň üçin ýoldaşyň bagty ýatasy ýok.
Waleryanka
25 фев 2022, 12:26
Başga wagt elime popkorn alyp gelip akyllyja bolup, uruşlara tomaşa edip oturaýmam bardy.Bu gün özüm " tomaşa" boljak öýdýän blog