Her döwür bir döwür

" Her döwür bir döwür bolar ekeni" diýilýäni dogry zat. Biziň ene-atalarymyz " Biz çagakak pylan zat edýädik pylan hilidik indikiler borda..." diýişýäler ýa-da biziň gabat gelmedik zadymyzy göräýseler dagy " Waý çagakam iýýän zatlam ýa oýnan zatlam bular bilmeýä" diýýäler.
Inni bizem ulalýas welin biziň çagakak oýnan, iýen zatlarmyzam ýitip barýa. Meselem: 20 teňňelik suhariler, mohakolar, mekgejöwen kukruzlar, sakgyçly çupa-çupslar. Ýa-da oýunlardan jambu, bukyldym, orta durdym... ýaly zatlary täze nesiliň oýnap ýörenine menä gabat gelemok " Haý çagalar borda biziň döwrümizde welin..." hihi hihi hihi
8 лайков 301 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
27 фев 2022, 21:43
Horaz süýjüni unudypsyň.
Serdar
27 фев 2022, 21:44
Nirvana,
Ol altyn asyryñ çagasy.
Telwas
27 фев 2022, 21:44
Jambu nähili oýun?
Orta durdym diýýäniň, ýalyk goýdumyka? :)
Hiayress
27 фев 2022, 21:45
Pagta morožna hany?!))
Telwas
27 фев 2022, 21:46
Dolanan kagyza çigit guýup satylýardy…
Bentner
27 фев 2022, 21:48
Doň sok hem bar
Ony yone altyn asyryň nesilleri bilmez)
doctor
27 фев 2022, 21:50
wii Hany in gowy zady undupsuna hosh wagt:)
Telwas
27 фев 2022, 21:50
Atlary tapawutly bolaýmasa. Bukuldyma biz “Gizlenpeçek” diýýärdik.
Kowalaşdy, ördek awçy, ýüp bökme, depme, 5 daş, aşyk..
Hiayress
27 фев 2022, 21:50
Kiçikäm oýnan oýunlarym: aşyk, arakgapy, nakleýka, futbol, kowalaşdy, gizlenpeçek, para, ähedem-dessem, aýterek-günterek, top atdy, çopan taýak, eşek-eşek, kart, tel. we komp. oýunlary, suwda kowalaşdy, baýdak aldy, ýadyma düşenleri şular.))
Telwas
27 фев 2022, 21:51
Цитата: Bendtner
Doň sok hem bar
Ony yone altyn asyryň nesilleri bilmez)

Doňdurylyp satylýardymy kiçijek ak gapyrjakda.
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 21:53
Duzuwli oyunam oynamandyrynay çagakam cilimkesh
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 21:54
Цитата: Nirvana
Jambu nähili oýun?
Orta durdym diýýäniň, ýalyk goýdumyka? :)

Jambu: bölünmeli tegelek çyzýaň içinede şipirleri goýýaň eşşi bolanam şol şipirleri dagadýa başgalaram gaçýa biri eşşiň ünsini bölýa başgasam şol dagadylan şipirleri düzjek bolmaly düzäýse ýenede öňki adam eşşi bolmaly
Telwas
27 фев 2022, 21:54
Цитата: Hiayress
Kiçikäm oýnan oýunlarym: aşyk, arakgapy, nakleýka, futbol, kowalaşdy, gizlenpeçek, para, ähedem-dessem, aýterek-günterek, top atdy, çopan taýak, eşek-eşek, kart, tel. we komp. oýunlary, suwda kowalaşdy, baýdak aldy, ýadyma düşenleri şular.))

Nakleýka üýşürilýärdi. Eliňede ýelmenýärdi :)
Uzak gün goşa-goşadan sakgyç çeýnäp jigilermize berilýärdi.
Arakgapy nähili oýun?
Çopan taýak bolanda gapyrjaklary dikip taýagy zyňmakmy?
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 21:54
Цитата: Hiayress
Pagta morožna hany?!))

wiý howwa olam bar sanasaň zat känlaý
Ahmet
27 фев 2022, 21:55
Dondur-achdyny yatdan chykardynyz oydyan:)
Ahmet
27 фев 2022, 21:56
Biza banka gapagam oynayardykk:)))
Telwas
27 фев 2022, 21:57
Menem köp oýun oýnamadym. Jambu oýny ilkinji gezek eşitýän. :)
Düşündirişiňe minnetdar @ýüreksözi.
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 21:57
aýdýana sanasaň zat kän sanap soňunada çykyp bolmaýa inniki nesil düşünmeýä bu zatlara
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 21:58
klassigem oýnalýady, gyzlar bilýandir rezinkada bardy bir döwür
Ahmet
27 фев 2022, 21:59
Nakleykalar dagyn, suratyna gora satylyardam))
Hiayress
27 фев 2022, 22:00
Nirvana,
Arakgapy banka gapaklaryny gezekleşip biri-birine urup kim beýleki ýüzüne çöwürmeli. Çopan taýak doly düzgünleri ýadyma düşenek welin tegelek çyzyp, taýagy taýak bilen urup tegelekden daşlaşdyrmaly, birem tegelegiň içine taýagy taýak bilen girizmäne çalyşýardy öýtýän.
Hiayress
27 фев 2022, 22:02
Mekdepde arakesmede kožik bilen gazly (ýada ýupiden ýasalan) suw içseň bäş ýyldyzly retoranda iýip-içen ýaly bolýadyk.))
Telwas
27 фев 2022, 22:05
Limanat bardy. Ýupi hem diýilýärdi.
Telwas
27 фев 2022, 22:05
Цитата: Hiayress
Nirvana,
Arakgapy banka gapaklaryny gezekleşip biri-birine urup kim beýleki ýüzüne çöwürmeli. Çopan taýak doly düzgünleri ýadyma düşenek welin tegelek çyzyp, taýagy taýak bilen urup tegelekden daşlaşdyrmaly, birem tegelegiň içine taýagy taýak bilen girizmäne çalyşýardy öýtýän.

Arakgapy- tanyş. Beýlekini bilemokdym.
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 22:06
Цитата: Hiayress
Mekdepde arakesmede kožik bilen gazly (ýada ýupiden ýasalan) suw içseň bäş ýyldyzly retoranda iýip-içen ýaly bolýadyk.))

aýtmasana şony içsek napitik içen ýaly bolýady
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 22:08
göz daňdam oýnalýadaý ýada " gazlar gazlaram" oýnalýady
Leyli Amanowa
27 фев 2022, 22:16
Towo siz haysy döwruň çagalary?
Hiayress
27 фев 2022, 22:18
Цитата: Nairobi
Towo siz haysy döwruň çagalary?


Atam döwrüniň. :D
Telwas
27 фев 2022, 22:18
90-njy ýyllaryň çagasy men we Hiayress. Beýlekileri bilemok.
ýüreksözi
Автор 27 фев 2022, 22:19
Цитата: Nairobi
Towo siz haysy döwruň çagalary?

menä hemme döwre degişli barsynam başdan geçirdim