Yygnalan yazgylar.

In beyige cykmak ucin hem in pesden baslamak gerekdir.
Ahli zadyn in mohum nokady olaryn baslangyjydyr.
Hickim gecmishe gidip tazeden baslap bilmez,yone shu gun bashlap taze geljek yazyp biler.
Bagta garashmaly dal de,ona yetmek uchin irginsiz goreshmeli.
Owadan gorkli bolmak bagtly bolmak daldir.
Mumkincilik hem kate oz ozunde doranok.
Her adam durmushda oz basharnygyna gora payyny alyandyr.
Bagtyn dowamlylygy wagt bilen olcelmeyar.
Hemme adamyn birayakdan gowy bolup bilmejekdigi hakyndaky pikiri hich wagt yadyndan cykharma.
2 лайков 112 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Lachin
28 фев 2022, 02:50
Her garaýşyň arkasynda bir pikir, her gijäniň arkasynda bolsa bir gündiz bardyr.
Her ýoklukdan bir barlyga, her päsgelçilikden bir mümkinçilige ýol açyp bilersiňiz.
Kynçylyklarňyzdan ders almagy başaryň. Işsizlik-güýçsizlikdir, mätäçlikdir, açlykdyr,
dertlilikdir, terk edilişdir, çäresizlikdir, ejir çekdirmek we ejir çekmekdir. Hiç kim işsiz
galmak islemez emma galaýanyňda-da çäresini gözlemek zerurdyr.
Aristotel
Lachin
28 фев 2022, 02:54
Robin Gud we Konfutsi
Meniň çagalyk gahrymanym “baýlardan ogurlap, garyplara paýlan” Robin Guddy.
Onuň ýerinde bolmak isleýärdim. Uniwersitetde hukuk dersini okanymda ogurlygyň
jenaýatdygyna göz ýetirdim. Bu gezek aklymda Konfutsiniň meşhur “balygy tutup
bermäň, balyk tutmagy öwrediň!” pähimi has täsir galdyrdy.
Bir gün hyýalymda Konfutsiniň paýhasy bilen Robin Gudyň ugurtapyjylygyny
birleşdirdim. Näme etmelidigim şondan soňra aýan boldy.
Meniň wezipäm:
Meşhur adamlaryň nähili meşhurlyk gazananyny öwrenmek we ol maglumatlary
toplap, seminarlaryň we kitabyň üsti bilen üstünlik gazanmak isleýänleriň dykgatyna
ýetirmek.
Bu ugurda meşhur adamlaryň az hem bolsa sanyny köpeltmek isledim.
“Üstünligiň syrlary” atly kitabyň beýleki kitaplardan artykmaçlygy:bu kitap
üstünligiň syrlary we hekaýalary bilen üstünlik idealogiýasyny goraýar.
Lachin
28 фев 2022, 02:57
Durmuş – bu bir synagdyr
Durmuş – bir synagdyr. Başdan aýak bir synag. Eger-de durmuş hakyky bolan
bolsady, nirä gitmelidigimiz we näme etmelidigimiz hakynda takyk bir maglumat
aýdylardy. Haçan-da bu pikir aklymda peýda bolanda gereginden artykmaç
aladalanmazlygyň gerekdigi ýadyma düşýär. Çünki, artykmaç aladalanmak – öz-özüňi
bir ýandan tüketmäge başlamakdyr.
Durmuşda ähli duş gelýän päsgelçiliklere bir synag ýa-da synaglar toplumy
hökmünde garalanda garşyňa çykýan päsgelçilikleri - kämilleşmegimiz üçin bir pursat
diýip pikir etmäge başlarsyňyz. Elmydama başarmak mümkinçiligiňiz bardyr.
Öz üstüňizde bir tejribe geçirmegi başararmysyňyz? Şu wagt ýetginjeklik
ýyllaryňyzda bir kiçijek aglak çagaňyz ýa-da siziň üstüňizden basýan başlygyňyz bar
diýip pikir edeliň. Bu ýagdaýa “Kynçylyk däl-de”, syna hökmünde garaň we özüňize bu
ugurda dürli soraglar beriň:
- Bu ýagdaý näme sebäpli diňe maňa gabat gelýär? Onuň sebäbi näme we men bu
päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin näme etmeli? Maňa bu ýagdaýy synag hökmünde göz
öňüne getirmek mümkinmi?
Bu tejribäni özüňizde geçirmegi başaranyňyzda şertleriň üýtgeýändigine göz ýetirip
bilersiňiz. Şuny ýatdan çykarmaň!


- Päsgelçilikleriňize synag hökmünde garaň! Çünki, bu başarmagyň
zerur şertidir.
Hanguly
28 фев 2022, 07:33
"In beyige cykmak ucin hem in pesden baslamak gerekdir."

Şuňa düşünmeýän saýtdaşlarymyzam bar gynansak-da.
Margarita
28 фев 2022, 09:09
Dogry aýdylan setirler.