Men-menlik
Derek agajynyň düýbünden kädi gögerip çykypdyr. Wagtyň geçmegi bilen kädi pazyl ýaýradyp, baldaklary bilen derege çyrmaşyp ugrapdyr. Gün nuruny saçyp, ýagyş-ýagmyr irginsiz guýup duransoň, kädi çyrmaşyp ösmegine dowam edipdir. Şeýdbibem onuň boýy deregiň boýuna ýetipdir.
Günlerde bir gün kädi saklanyp bilmän derekden sorapdyr:
– Agaç dost, saňa şu wagtky boýuňa ýetmek üçin näçe ýyl gerek boldy?
Derek:
– On ýyl – diýip, jogap beripdir.
– Bä, walla, on ýylmy? – diýip, kädi kikir-kikir edip gülüpdir. Şonda onuň sarymtyl güljagazlary ýuwaşja galgap gidipdir – Men welin, iki aýyň içinde seniň boýuňa ýetäýdim, görsene muny!
Derek artykmaç zat diýmän, diňe «Dogry» diýip oňaýypdyr.
Şunlukda aý aýlanyp, günler geçipdir. Güýzüň çapgyn şemaly hem öwsüp başlapdyr. Kädi rejäniň düzüw däldigini aňypdyr. Sebäbi ol ilkibada üşäpdir, soňra bolsa ýapraklaryny döküpdir. Onsoň, aýaz hasam güýjäpdir. Kädiniň halys ysgyny galmandyr, ol özüniň ýuwaşlyk bilen aşak sypyrylyp gaýdýandygyny görüpdir-de:
– Maňa näme bolýar, agaç dost? – diýip, derege sorapdyr.
– Guraýarsyň!
Kädi:
– Men name üçin guraýarkam? – diýip, naýynjar seslenipdir. Onsoň, derek oňa şeýle jogap beripdir:
– Meniň on ýylda ýeten ýerime iki aýda ýetjek bolanyň üçin.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.