Estoniýaly aýallar, rus esgerleriniň Ukrainada aýallara eden jynsy zorlugyny protest etdiler

Ukrainada hasabata alynan köpçülikleýin jynsy taýdan zorlugyň sany köpelýär. Bu mesele şuwagt BMG-nyňam öňünde dur. Ýarag bilen haýbat atmak ýa-da öldürmek haýbaty bilen edilen bu jynsy zorlamalar sebäpli Estoniýada protest hereketleri geçirildi.
AFP mediýasyna interwýu beren bir Ukrainaly aýal, dükana zat almana baranynda, dükanyň eýesiniň özüni Russiýa esgerlerine görkezendigini, we rus esgerleriniň oňa Nasi partizany diýip, bir jaýa getirip özüni kösändigini aýtdy. Iki sany çagasynyň bardygyny aýdan aýal, "biri-birlerine gezek sende diýmekden başga hiç zat gürlemediler" diýdi. Sözlerini aglap aýtýan aýal, äriniň Donbasda wezipeli esgerdigini hem aýtdy. Intek hiç hili psihologik kömek almandyr we diňe AFP mediýasyna birinji gezek dile getiripdir. Psihologiýasynyň bozulandygyny aýdan aýal, "ýaşamak islämok" diýip aýtdy.
Kiýew häkimiýeti hem bu meselede köp hasabat alýandyklaryny bildirdi. Ýene bir wakada bolsa, rus esgerleri ejesi bilen 17 ýaşly gyzyny kösäpdir. Intek wakalaryň mundanam köpdügi, bilinmän ýatan ençeme jynsy zorluk wakasynyň bardygy aýdylýar.
Estoniýada aýallar, rus esgerleriniň Ukraina aýallaryna eden zalymçylygyna garşy protest hereketleri geçirdi. Bir topar aýal, Russiýa ilçi binasynyň öňünde, elleri daňylgy we kellesi gara mata bilen örtülgi, bilden aşagy ýalaňaç şekilde duryp Russiýa garşy sözler aýtdy. Estoniýaly aýallar "Russiýa we Putin režimini goldaýanlar genosid etmek bilen deň derejelidir" diýdi.
1 лайков 455 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Brodyaqa
15 апр 2022, 00:23
Fake cilimkesh
Maksat
15 апр 2022, 00:31
Biri, ikisi ýa-da üçüsi fake-dyr. Ýöne içinde hökman çynlary bardyr.
Brodyaqa
15 апр 2022, 00:37
Keaip_begcon,
bor
Maksat
15 апр 2022, 00:38
TonyMontana,
Profil surat nädip goýulýarka?!
Brodyaqa
15 апр 2022, 00:41
Keaip_begcon,
nikin ustune basyan Profil sazla giryan/choose file basyp suraty saylayan ashakda ugrat diyip durana basyan bolly
OrazMuhammet Aşyrow
15 апр 2022, 00:48
Bu habaryň çeşmesi nämekä?
Juda dawaly mowzugy gozgapdyr. Bu ruslary ýamanlamagyň täze usuly bolsa gerek. Putiniň goşuny beýle hereket etmez. Bu ýazylan zatlar hiç bir akyla syganoga, ruslar bu derejä ýetmekleri mümkin däl.
Maksat
15 апр 2022, 00:49
TonyMontana,
Minnetdar
Maksat
15 апр 2022, 00:54
mrokas,
Bolup biler ýöne arkaýyn bol hiç goşunam beýle ak ýürekli däldir. Meselem erkekleriň 100-de 85-i rus esgerleriniň ýerine bolsa şeýderdi. Sebäbi gizlinligiň güýji diýip bir zat bar. Galybersede esger olar, aýlap hatda ýyllap hiç zat görmedik. Onsaň sen beýle anyk gürlemegin. Russiýada wapşe köp beýle ýagdaý gaýta. Näme Rus esgerleriniň gudratly tarapy barmy beýle hormat goýduňyz welin ? Meselem Yrak bilen Amerika urşanda Amerikada etdi, Yragam ençeme Amerikan ýa-da daşary ýurt zenanyny şeýtdi. Iň bolmanda sen özüňe ynanýaňmy ? Uruş psihologiýasy barada köp zat okana meňzäňzok.
Maksat
15 апр 2022, 00:55
mrokas,
Pelsepe tarapdan seretmäňde real tarapdan seredip görmegiňizi maslahat berýärin.
Mümkin
15 апр 2022, 01:08
Parahatçylyk döwri,uruş döwri näme üçin hemişe iñ uly ýitgini çekýänler zenanlar bolýarka?!
Zenan bolmak şonsuzam ýeterlik kyn dälmikä birem üstesine bu birehimlikler...
Näme üçin? Näme üçin? Näme üçin?...
Brodyaqa
15 апр 2022, 01:11
Mümkin,
watana komek ucin ))
Mümkin
15 апр 2022, 01:13
TonyMontana,
Ynanyñ,bu degşiljek tema däl :((
Brodyaqa
15 апр 2022, 01:16
Mümkin,
Ol esekde yukum yok yykylsa habarym yok
Maksat
15 апр 2022, 01:17
Mümkin,
Käbir ösmedik zehinler sebäpli toplumyň şu meselesi boş dur gynansakda. Arabystanda, Eýranda, Owganystanda, Päkistanda we başga ençeme döwletlerde zenanlar gaty kynçylyk çekýärler we iň ýönekeýje haklaram berilenok özlerine. Bu bizi hem gaty gynandyrýar we käbir wakalar bizi ýaralaýar. Her meselede zenany kiçi düşürjek bolýanlaryň köpdügini inkär edip bilmerin. Taryhdan bäri gelýän mesele bolany üçin, ynsanlyk biraz medeniýetleşdi diýjek welin bu wakalary görüp intägem köp zadyň düýbünden nädogrydygyna göz ýetirýäris. Ýöne beý diýsek erkekleriňem meselesi az diýmek haksyzlyk bolar. Gurluşykda işleýänler, gara der bolup maşgalasyna seretýänler, kakalarymyzyň kynçylyk bilen gazanan pullary we halalja derleri. Ukrainada we ençeme ýerde watanyny goramak üçin aýalyny, gyzyny parahat watana gowuşdyrmak üçin eline ýarag alan ýigitler. Umuman aýdanymyzda iki tarapyňam meselesi, kynçylyklary az däl we esasy zenanlarda. Bu zatlary bahanalar bilen ýapmaly dälde, görmezçilikden gelmeli dälde birazam bolsa ýitgi getirýän, parahatçylygy bozýan uruşlaryň durmagyny islemeli.
Maksat
15 апр 2022, 01:21
mrokas,
Men Buçada edilen gyrgynçylygyň fake-dygyna (däl bolmagy ahmal) belki ynanyp bilerin. Ýöne temadaky bu meseläniň fake-dygyna ynanyp bilmerin.
Mümkin
15 апр 2022, 01:27
Keaip_begcon,
Şeýledir elbetde.Ýöne zenanlaryñ durmuşyndaky jynsy zorlukdan bärdäki erkekler tarapyndan aýdylýan edepsiz sözleriñ we edilýän edepsiz hereketleriñ psihikada goýýan şikesleriniñem añsat-añsat öwezini dolup bolanok.Günde-günaşa köçede,münen ulagymyzda,giden ýerimizde biz bu edepsizlikleri başdan geçirýäs.Onsoñ, zorlamany göz öñüne-de getirip bilemok.
Käşgä,şol erkekleriñ ynsap-ahlak we empatiýa duýgulary nebsiniñ öñüne geçip bilse...
Maksat
15 апр 2022, 01:44
Mümkin,
Biziňem şolar ýaly zatlardan psihikamyz bozulýar. Her gezek şolar ýaly bil aşagy temalar ýa-da sözler agzalsa akyla ýerinde bolan adamyň psihikasyna gaty erbet täsir edýär we menem gaty ýigrenýän. Şu saýtda-da öňä bardy şeýleler şuwagt bilemok welin. Diýjek bolýanym gynansagam bu wakalar gaty köp. Munyň üçin kanunyň ýiti bolmagy gerek. Begenýän döwletimizde bu hereketlere jeza uly we kanunlar ýiti ýöreýär.
Maksat
15 апр 2022, 01:50
Mümkin,
Gaty kyn ýagdaý zenan üçin bu, galybersede hökman jynsyýet meselesi däl, millionlarça zenan maşgala we çagalar döwletini terk etdi, bulam aňsat zat däl biz bärde ýazaýýarys welin. Olaram baran ýurtlarynda kynçylyk çekýärler sebäbi eýýäm olar nätanyş. Meselem Germaniýada Ukrainaly bir zenan maşgala uruşdan gaçyp biriniň öýüne sygynýar. Ýöne öýdäki bir erkek ol zenana ýene gynansakda şeýle zat isleýär ýöne zenan edenok, olam öýünden kowýar. Ýagny bu zatlar oýun ediljek zat däl we gaty psihologik zeperleri bar munyň aňa we düşünjä. Onsaň bu ýerde Russiýa hakly dawada uruşýar we ş.m zatlar diýip, Russiýany goldap zehinsizdigiňizi belli etmegiňize gerek ýokmyka diýýärin.
Maksat
15 апр 2022, 01:55
Ýene bellemeli zat bolsa Russiýanyň bu herekedini görmezçilikden gelip urşy goldaýan zenanlar bar. Bulam gynandyryjy
Mümkin
15 апр 2022, 07:19
Keaip_begcon,
Kanunlar berk ýöne,biziñ haýamyz ondanam berk.Diýjek bolýanym,"Pylan hili oglan maña bir ýoknasyz söz diýdi,ýoknasyz hereket etdi"diýip dahylly işgäre aýdyp bileñok.Ol-a ol,utanjyñdan öz ejeñe,joraña aýdyp bileñok...
My life
15 апр 2022, 09:01
Yer yuzunde niçeme zalymlyklar bolup gecyandir,kopusinden habarymyzam yok. Garaz ynandyryjy yagdaylar kop.?
My life
15 апр 2022, 11:07
*gynandyryjy diyjekdim
Maksat
15 апр 2022, 11:28
Mümkin,
Ol eýýäm gyzyň özüne bagly zat. Aýtmagy gerek hökman, aýtmasa ejizligi sebäpli köp zat ýitirer we unudyp bilmez. Işärden, hukuk işgärlerinden (polisiýa) utanmagyňa gerek ýok. Ejeňe aýtmagyňda-da mesele ýok, edil beýle bolsaňyz "ultra" utanjaňlyk serhedine girersiňiz we bulam ejizlik we sam.syklyk. Menä şu döwürde edil beýle utanjaň, we ejiz gyz bardyr öýdemok.
Maksat
15 апр 2022, 11:29
My life,
Hawa dogry aýtdyň, biziň bilmeýän, halyň aşagynda hapa bolşy ýaly galdyryp görseň ençeme hapa we tozan bardyr. Olary arassalamasaň gün geçdikçe köpelýär.
Maksat
15 апр 2022, 11:31
Elif,
Owganystandaky aýallar üçin gaty kyn bu ýagdaý, Owganystanda aýal bolmak iň kyn zat. Gaty erbet bolup geçýän zatlar. Intek kiçijek gyz çagalara okamak bolanok, şo sebäpli ene-atasy gizlin şekilde bilim almagy üçin ýeriň aşagyndaky mekdeplerde we ş.m ýerlerde bilim alýarlar.
Mümkin
15 апр 2022, 13:58
Keaip_begcon,
Men şo :))
Biohimik
15 апр 2022, 18:59
Fake maglumat bu