*****

*bir gyzyň iň näzijek ýaşy 0-2 aralygyndadyr, soňra gürlemegi öwrenýärler.

*gyzlara düşünmersiňiz. o sumka onça zat nähili sygýar şoňa düşünseňem bolar.

*lakly dyrnaklaryny surata çekip, onu-da imo profiline goýýan gyzlardan soramak isleýän: näme edeýin, üfläýinmi?

*20 sany gyzyň hemmesi 1 ýere seretýän bolsa ýa skidka bardyr ýa-da men geçip barýandyryn :D

*öňki söýgülim meni gabandyrmak üçin täze söýgülisi bilen düşen suratyny maňa ugratdy. menem kakasyna ugratdym, biraz ol gabansyn

*hemme oglanlar bir diýen sözüň; hytaýda bir gyzyň söýgülisini ýitireninden soňra çykandyr diýen çaklamam bar.

*gyzlaryň futbol oýnamaýandygynyň sebäbi, meýdançada 11 sanysynyň birmeňzeş eşik geýip bilmejegedir

*15 sm ökjeli gyz ýykylman ýöreýän bolsa yşk ajysyndan soňam ýykylmaz

*bir gyza hiç haçan "1min gepleme" diýme. dodaklaryň ýapylanda gaty owadan bolýaň diýiň. biraz akylly boluň oglanlar

*gyzlar näme isleýär diýen soragy 100 gyza sorap bilmedik. sebäbi 1nji gyz häzirem dowam edýar.

*ulalamda gonamçylykda garawul boljak. ahyr şo wagta gelersiň sen *bir zat etmek islesem çäresini, islemesem bahanasyny taparyn , problema edemok

*belki saňa nahar berip bilmerin ýöne seň bilen bilelikde açlykdan ölerin *ideal adam gapa aýagy bilen deper elbetde. sebäbi elinde gül bilen şekolad bardyr

*ondan sms'e garaşmagam şobir zat, awtobus duralgasynda gämä garaşmagam şobir zat

*söýgülim ýok diýip gynanmaň, bolsa-da gynanarsynyň. *adagly wagtyňda büdreseň "waheý janym, gowumyň" bolýar, öýleneňden soňra "gözüň körmi, öňüňe seret" bolýar.

*seniň islenendaki temalaryňy okaýşym ýaly sapaklarymy okan bolsa bu wagta çenli men professor bolardym.

*"dünýäde 1 erkek galsa seň ýüzüňe seretmen" diýen gyza "beýle bolsa men seň ýüzüňe serederinmi" diýdim, gyp-gyzyl boldy.

*aý bara şu dinozawrlaryň nesili gutardy "ejeň oglumy, kakaň oglumy" diýýän daýzalaryň nesili gutarmady.

*mugallymym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, problemany çözüň diýdi. menem elime matany alyp tagtany süpürdim. problema çözüldi

*düýn ejemiň ýanyna köpräk oturdym. ejem "näme internetiň işlänokmy" diýdi. aý ejemjan ýagdaýyma gowy düşünýar.

bellik: blogy halamasan goni gecip gidiber @Jeksparro kellami agyrtmada
11 лайков 249 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
23 апр 2022, 05:06
*ulalamda gonamçylykda garawul boljak. ahyr şo wagta gelersiň sen *bir zat etmek islesem çäresini, islemesem bahanasyny taparyn , problema edemok

Şuña düşünmedim.
Garabufer
23 апр 2022, 05:30
Gūrlemezlik ,zenanyñ boynundaky zynjyryñ klony ,
Arman bu klony hic zenan dakynanokda diyyãr biri kinoda
Garabufer
23 апр 2022, 05:32
Hoja hojayew

Aylyk gelen gūni gara dag
Aylyk gutaran gūni gara tūmmek

Bolyañ diyyãdi
Garabufer
23 апр 2022, 05:34
Gelniñ

Sakalyñ össe , ile masgara etdiñ syrsana diyer ,
Syryp duranyñy görsede , damagñy caldyñ boldy edây diyer


Diyýãdi bir wäşi
DonMaxx
Автор 23 апр 2022, 05:46
Mümkin,
dogrysyny aytsam yazan zatlammy ozimem okamok copy paste cilimkesh
Bentner
23 апр 2022, 05:50
*düýn ejemiň ýanyna köpräk oturdym. ejem "näme internetiň işlänokmy" diýdi. aý ejemjan ýagdaýyma gowy düşünýar.
Лично озумде болды шу случай :))
3нджи лике менден болсун+
Hiayress
23 апр 2022, 08:23
"Seniň islenendaki temalaryňy okaýşym ýaly sapaklarymy okan bolsa bu wagta çenli men professor bolardym."

??
????_????
23 апр 2022, 12:33
*mugallymym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, problemany çözüň diýdi. menem elime matany alyp tagtany süpürdim. problema çözüldi
? Like
S❤
23 апр 2022, 13:41
7njem menden bir iki sanysyndan galany ahlisi gowy