Dünýädäki geň-taňsy wakalar /2
ÇALT ÝÖREÝÄN ADAM
Norwegiýaly Erens Menseni dünýä boýunça iň çalt ýöreýän adam diýip berk we ynamly aýdyp boljak. Oňa müňkür boljak kişilere bary-ýogy iki maglumaty habar bersek ýeterlikmikä diýýäris. Ine olar: ol on dört günde Parižden Moskwa çenli aralygy pyýada ýöräp geçdi. Stambuldan Kalkutta çenli baryp we ondan yzyna gaýtmak üçin (8856 kilometrlik ýol) oňa bary-ýogy elli dokuz gün gerek boldy.
DIŞE DEREKDIŞ
Rod Aýlanda diýen şäherde ýaşaýan amerikaly Saýmon Leksington agyrýan dişini gopartmak maksady bilen diş wraçyna ýüz tutdy. Emma diş wraçy onuň agyrýan dişini däl-de, sagdyn dişini goparan bolsa nätjek. S.Leksington diş wraçynyň işine başdansowma çemeleşenligi üçin ony suda berdi. S.Leksington onuň garşysyna 1859-njy ýylda kabul edilen we häzirki wagtda-da hereket edýän kanun esasynda çäre görülmegini talap etdi. Şol kanun esasynda bolsa kesel dişe derek sagdyn dişi goparandygy üçin wraçyň hem dişiniň goparylmaly dygy göz öňüne tutulýar.
KITAP OKDAN GORAÝJY
Kwebek uniwersitetiniň studenti Iw Loran uniwersitetiň kitaphanasynyň okyjylar zalynda işleýärdi. Ol kitaplara gyzyklanmak bilen daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara ünsem bermeýärdi. Onuň özüniň aýtmagy na görä, birdenkä-de ýüregi howlap başlaýar. Ol kitapdan ünsüni sowup, başyny galdyrýar. Şol wagt hem Iw özüne çenelip duran sapançany görýär. Ol aňk-taňk bolýar. Emma Iw çaltlyk bilen özüni ele alýar we kitabyny ýüzüne tutýar. Edil şoňa garaşyp duran ýaly, yzly-yzyna sapançadan ok atylýar. Ýöne Iwiň hudaý diýen ýeri bar ekeni, XX asyrda neşir edilen galyň kitap studenti atylan okdan goraýar. Ok atan näkes bolsa şol ýerde ele salnypdyr.
GEPLEÝÄN PITI
Ýaponiýanyň firmalarynyň biri «gepleýän» önümleri öndürip başlady. Bu ýerde gürrüň çylşyrymly bolmadyk elektron enjam oturdylan piti we gazanjyk barada barýar. Haçanda pitidäki suw gaýnap başlanda, piti adamyň sesi bilen (elbetde, öndürýänler ýaponlylar bolanlygy sebäpli olar häzirlikçe diňe ýapon dilinde «gürleýärler») «Hanym, suw gaýnady» diýip, ýuwaşjadan habar berýär.Egerde öý bikesi oňa gulak gabartmasa ýa-da eşitmese, onda ol sözler batly ses bilen gaýtalanýar. Eger şonda-da öý bikesi oňa parhsyz bolsa, onda pitidäki suw dökülip başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de sirenanyň batly signaly ýaňlanýar, Täze gaba ilat arasynda uly isleg bildirilýändigini gürrüň berýärler.
AÝNA IÝMELIMI ÝA-DA ÇÖREK?!
Angliýanyň Solsberi şäheriniň ýaşaýjysy Pol Greýin üýtgeşik adam hökmünde tanalýar. Onuň beýlekilerden tapawudy – seýrek duş gelýän güýmenjesi bar. P.Greýin aýnany we aýnadan edilen önümleri gemirýär we çeýneýär. Ol häzir ýigrimi üç ýaşynda, bu başarnyga eýe bolýança oňa birnäçe ýyllaryň gerek bolandygyny ýatlap geçmegimiz gerek.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.