Alymlar ilkinji gezek adamyň ganynda mikroplastik tapdylar



Niderlandlardaky Amsterdamyň Erkin Uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen soňky gözlegiň netijeleri internet ulgamynda peýda boldy. Olar adamlaryň ganynda mikroplastik tapdylar – gözegçilikleriň taryhynda ilkinji gezek.





Bu gözleglerde has geň galdyryjy zat, üýtgeşik bölejikleriň synag edilen adamlaryň 80%-de tapylmagydyr. Şol bir wagtyň özünde, analiz üçin donorlar doly sagdyn ýagdaýda bolan näbelli gatnaşyjylaryň arasyndan saýlandy.





Hünärmenleriň sözlerine, olar, mikroplastikanyň adam bedenine nähili täsir edýändigini entäk bilenoklar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, onuň adam öýjüklerine zeper we zyýan ýetirýändigini, laboratoriýa şertlerinde kesgitlenendigini bellediler.





Soňky gözlegleriň netijesine görä mikroplastikanyň eritrositleriň daşky membranalaryna ýapyşyp biljekdigini we şeýlelik bilen kislorod daşamak mümkinçiligini çäklendirýändigini ýatladýarys.



3 лайков 88 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
27 апр 2022, 05:57
Gowy maglumat? Çeşmesini nireden alanyňy ýazaýsaň!
La Star
27 апр 2022, 08:46
Jeksparro,newashgabat.com