Öñküler deý oýnamaýar çagalar
Öňküler deý oýnamaýar çagalar,
Eşdilmez köçeden jagyl-jugulam.
Hany öňki çagalaryň bazary?!
Hany öňki köçedäki şagalaň,
Gün dogandan ýarym oýa-ukuly,
Gumak ýoldan çybygyny at edip,
Derýa tarap haýdap barýan çagalar?!
Hany, gülki, gaty-gaty gepleşip,
Süýr günortan ýüzün ýatyp çägede,
Saýa etmek ýylgyn bilen peşmegi?!
Hany birek-birek bilen jetleşip,
O kenara ýüzüp geçmek islegi?!
Gonjy myžžyk bolan ädikde urnup,
Hany gyşyň jana ýakmaz aýazy?!
Hany Gar adamyň käşirden burny,
Nirde onuň başgabydyr taýagy?!
Hany suwa böwet gurmak islegi,
Baharyň demine ezilen jala
Ýapgytda joýa dek goýanda yzy?!
Hany gülälegiň sansyz gunçasy,
Hany oýnalmaly «ogulmy-gyzmy?»
Nirde Günüň ýaşaryny gysganyp,
Onuň ertir dogmagyna gyssanyp,
Öýli-öýňe ýadaw halda dagama?!
...Ýa meniň göwnüme, ýa-da bilmedim,
Öňküler deý oýnamaýar çagalar.
Allanur ÇARYÝEW.
Eşdilmez köçeden jagyl-jugulam.
Hany öňki çagalaryň bazary?!
Hany öňki köçedäki şagalaň,
Gün dogandan ýarym oýa-ukuly,
Gumak ýoldan çybygyny at edip,
Derýa tarap haýdap barýan çagalar?!
Hany, gülki, gaty-gaty gepleşip,
Süýr günortan ýüzün ýatyp çägede,
Saýa etmek ýylgyn bilen peşmegi?!
Hany birek-birek bilen jetleşip,
O kenara ýüzüp geçmek islegi?!
Gonjy myžžyk bolan ädikde urnup,
Hany gyşyň jana ýakmaz aýazy?!
Hany Gar adamyň käşirden burny,
Nirde onuň başgabydyr taýagy?!
Hany suwa böwet gurmak islegi,
Baharyň demine ezilen jala
Ýapgytda joýa dek goýanda yzy?!
Hany gülälegiň sansyz gunçasy,
Hany oýnalmaly «ogulmy-gyzmy?»
Nirde Günüň ýaşaryny gysganyp,
Onuň ertir dogmagyna gyssanyp,
Öýli-öýňe ýadaw halda dagama?!
...Ýa meniň göwnüme, ýa-da bilmedim,
Öňküler deý oýnamaýar çagalar.
Allanur ÇARYÝEW.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.