*****


Ýokarky suratda Diana Douns we onuň üç sany perzendi. Häzir bolsa diňe ikisi diri.
Emma wakanyň ortasyndan başlamalyň.
Diana dört doganyň iň ulusydy. Ýaşlygyndan kejir we lälik bolup ulaldy. Soňra ata-enesiniň göwnemedik ýigidi Stiwen Dauns bilen duşuşyp başlady. Olaryň gatnaşygy ýygjamlaşypdy. Ahyry durmuşam gurdylar.

Diana Stiweni aldaýardy we mundan başga-da pul meselesinde tiz-tizden gohlaşýardylar. Özara gatnaşygyň şeýledigine seretmezden olaryň iki perzendi bolupdy. Birnäçe aý geçensoň Diana üçünji çaga garaşýardy (göwreli). Stiwen çaga ondan däldigini bilýärdi,ýöne ol barybir Diana bilen galmagy karar etdi.
1980 ýylda olar aýrylşdylar.

Diana bu gezek Robert "Nik" Kniskerboskerini söýdi. Emma onuň "ýok" jogabyndan gazaplandy we şu jenaýata el urdy. 1983 ýyl 19 maý güni gije sagat 10 larda ol ulagyny togtatdy.

Ulagda çagalaryna birnäçe gezek ok atdy, soňra öz goltugyndan atdy. Soňra ol ulaga münüp hassahana bardy.

Diana galyň sakgally ogry olary nähili atandygny polisiýa aýdyp berýär. Polisiýa onuň hereketlerini şüwheli hasaplaýar: okuň Diananyň ýüregine dälde oňurgasyna degendigne hem-de onuň özüni tutuşynyň gaty parahatdygyna şuwhelenýärler.

Ýöne,iň ygtybarly deliller onuň gyzlarynyň birinden anyklanyldy. Hüjümden soň Kristi (gyzy) birnäçe aý gepläp bilmedi,emma ejesi otagyna girende özüni tutuşy üýtgeýärdi. Ahyry ol gepläp başlady we derňewçilere hemme zady aýdyp berdi. Öz gyzynyň şaýat durmagyndan soň,1984 ýyl 17 iýunda sud Diana Dousy ähli aýyplamalarda günäli diýip tapdy.

Ol häzirem türmede,emma diri galan çagalary eneleriniň olara edenlerini unudanoklar.


*Surat köpdi weli,skaçat etdim papkadan tapyp bolmady.
4 лайков 147 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 апр 2022, 21:17
Bu aýallardan her tüýslüsi çykar.
My life
27 апр 2022, 21:27
Toba,das edewersin. Herhili adam bar yashap yorseñ.
Maksat
28 апр 2022, 00:01
Bäh manýak diýýäler türkler şular ýala, türkmenem diýýäýmeli zatlary medeniýetleşdirip bärik ýazyp bolanok.