ÝYLAN SAÇLY AÝAL: MEDUZA



ÝYLAN SAÇLY AÝAL: MEDUZA

Gadymy Rim şahyry Publiý Owidiý Nazonyñ (b.e.öñ 43-nji ý.doglan - miladynyñ 17/18-nji ý. aradan çykan) suratlandyrmagyna görä hudaý Afinanyñ ruhanylarynyñ biri bolan Meduza (grek mifologiýasynda gözüne seredeni daşa öwrüp taşlaýandygyna ynanylan ýylan saçly, ýiti dişli, urkaçy jandar) ilkibaşda görenleri jadylap biljek derejede owadan gyzmyşyn. Deñiz hudaýy Poseýdon ony gören badyna aşyk bolupmyşyn. Poseýdon Meduza bolan söýgüsine çydam edip bilmändir. Günlerde bir gün ol söýgülisi Afinanyñ ýanyna gizlinlik bilen gelip gidýän ybadathanasynda Meduzany zorlaýar. Afina Poseýdonyñ bu etmişiniñ garşysynda özüni kemsidilen hasap edýär. Onuñ bu kemsinme duýgusy soñabaka öte gabanjañlyga, has soñra çäksiz gahar-gazaba öwrülýär. Ol Meduzany iñ aýylganç görnüşde jezalandyrmagy niýetine düwüpdir we ýaş gyzyñ saçlaryny ýylana öwrüp taşlapdyr. Mundan soñ Meduza şeýle bir betnyşanlaşýar welin, onuñ gözüne gözi düşenler şobada doññaradaşa öwrülipdir. Şonuñ üçin gadymy döwürde belent binalary we aýratyn maksatly ýerleri gözden-dilden, her dürli bela-beterden goramak üçin Meduzanyñ şekli we suratlary çekilipdir.

■ Legendar Meduza

Meduza grek mifologiýasynda gözüne seredeni daşa öwrüp taşlaýandygyna ynanylýan ýylan saçly, ýiti saññy dişli, urkaçy jandara berilen atdyr. Ol Gorgon doganlaryñ arasynda ýeke-täk başy ölümli bolanydyr. Şonuñ üçin onuñ ölümi adam kowmunyñ gahrymany Perseýiñ elinden bolupdyr. Perseý Graýyñ beren aýnasy bilen Meduza seredip bilipdir we daşa öwrülmänkä onuñ kellesini kesip taşlapdyr. Başga bir çeşmede bolsa Germesden alan oragy we Afinadan alan aýnasy ýa-da galkany bilen ony öldürendigi aýdylýar. Meduzanyñ kellesi kesilende onuñ boýnundan deñze syçran iki damja gandan Hrisaor we Pegas doglanmyşyn. Başga bir hekaýatda Meduzanyñ boýnundan pürkülip çykan ganyñ her damjasyndan bir ýylan çykandygy gür berilýär.
Perseý Meduzanyñ kellesini Afina getirip beripdir. Afina ony galkanynyñ öñüne ýerleşdiripdir. Iki damja ganyny bolsa patyşa Erihtonä berýär. Bu iki damja gandan biri zäher, ikinjisi bolsa zähere garşy antiwirusdyr. Meduzanyñ şekili çekilen binalaryñ biri Didima Apollon ybadathanasynyñ howlusynda girelgäniñ sag gapdalynda bar. Ýene iki sanysy bolsa Türkiýäniñ Stambul şäherinde ätiýaçlyk suw saklanýan Ýerebatan (Цицтерна Базилика, türkçe: Yerebatan Sarnıcı) sardobasynda bardyr. Ýerebatan sardobasyndaky iki Meduza kellesinden biri başaşak bakdyrylyp çekilen, beýlekisi oña ýanaşyk direg sütünine çekilipdir.

■ Mifologiýadan Osmanla çenli...

1456-njy ýylda Osmanly soltany Fatih Mehmet bilen duşuşyk geçirmek üçin Wenesiýadan ýörite delegasiýa gelipdir. Soltan olar bilen gepleşik geçirmegi wezirine tabşyrypdyr. Duşuşygyñ maksady Ýerebatan sardobasynda galan hazyna bilen baglanyşyklydyr. Emma wenesiýalylar hazynanyñ ýerini aýtmakdan saklanypdyr. Olar hazynanyñ anyk salgysyny diñe soltana mälim etjekdiklerini aýdyp, soltanyñ özlerini kabul etmegini talap edipdir. Soltan toparyñ bir wekili bilen görüşmegi müwessa bilenden soñ, topardan biri patyşanyñ huzuryna çykypdyr we Ýerebatan sardobasynda ýerleşen ýörite ýasalan gabyryñ içindäki jesediñ özlerine berilmegini towakga edipdie. Fatih Mehmediñ bu görlahady açmaga rugsat berendigi ýa bermändigi hakynda anyk maglumat ýogam bolsa, bu syrly wakanyñ ýumagy Soltan Abdylhamyt II-ä çenli uzaýar.
Soltan Abdylhamyt Han bu mesele bilen içgin gyzyklanypdyr we gabyrdaky tabydy açyp görmegi makul hasaplapdyr. Gözlegleriñ netijesinde tabyt tapylypdyr. Hut soltanyñ öz gözüniñ alnynda birnäçe tonna agramdaky tabydyñ gapagy açylypdyr. Tabyt açylanda ol ýerde duranlaryñ depe saçyny üýşendiren gorkunç jandary görüpdirler. Görlahatda adamyñ kellesine çalymdaş towlam-towlam bolup ýatan mähnet ýylan kimin, mumyýalanan, ýöne çüýremäge başlan jandar bar eken. Soltan Abdylhamyt Han dessine görlahadyñ gorag astyna alynmagyny we onuñ içindäki jandar barada hiç kime gürrüñ bermezligi tabşyrypdyr. Tabyt açylanam bolsa içindäki jandar gizlenipdir. Bu gorkunç jandaryñ nämedigini bilmek üçin daşary ýurtly alymlar çagyrylypdyr. Jesedi içgin öwrenen biologyñ jany bokurdagyna gelipdir we şeýle netijenama ýazypdyr:

"Çüýremäge başlan bu döwpisint, kellesi adam kellesine çalymdaş, ýylan ýaly towlanyp ýatan mahluk, megerem, dinozawrlar eýýamyndan galan äpet ýylan ýa-da ýylana meñzeş bir jandar bolmaly..."

Bu boýunça ýene bir bellemeli zat bar, olam görlahadyñ ýerini we syryny bilýän paganistik sektanyñ ençeme asyr bäri ol ýerde dabaraly dini dessurlary ýerine ýetirmegidir. Sekta öz agzalarna görlahat baradaky syry ol ýerde ýatan jesede yşarat edip bildirýärdi. Boş tabyt Fatih metjidiniñ howlusynda dabaraly ýagdaýda gömlüpdir. Soltan Abdylhamyt Hanyñ ýörite görkezmesi bilen tabydyñ suraty çekilip şol döwrüñ “Resimli Gazeta” gazetinde çap edilipdir. Mundan soñ tabydyñ näme bolandygyny we nirede goýlandygyny hiç kim bilenok.




Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
1 лайков 299 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.