Gosgy (G.Ezizow)

Örän aýdyň hem çun bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.

Beýle bolsa kimkä menin geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?

Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
Özüm bolup menden gizlin okýandyr.
Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
Menligine ajy gözýaş dökýändir.

Eger aşyk bolsa, söýmediklerme
Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
Öz päkligi bilen maňa duşmandyr.

Eger daýhan bolsa toprakdan alyp,
Oňa bermeýänme tutýandyr için,
Hem onuň bir oňat dilegi bardyr
Topraga bir tohum atarym üçin.

Indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,
Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
Depämden seredip goýmaýar meni.

Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,
Çyn söz üçin özüm ederin gurban.
Ýazaryn, söýerin, tohum seperin.
Razy bolar
Şahyr,
Aşyk hem Daýhan.

Ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny
Inkär eden — meni öper bu ýerim,
Müň ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr.
Aşyk, daýhan bolup dowam ederin.

Yzyma seretsem, bir giden umman,
Öňüme seretsem, bir giden umman.
Geçmişiň önüňde uly bergim bar.
Geljegiň öňünde uly bergim bar.
4 лайков 102 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.